PDF - kitabi
Transcrição
PDF - kitabi
NIL ANDERSON GANDALY DÖWÝÄNÇI Originally published as: THE BONDAGE BREAKER Copyright © 2000 by Neil T. Anderson Published by Harvest House Publishers Eugene, Oregon 97402 © 2009 for the Turkmen edition. All rights reserved. Used by permission of Harvest House Publishers Uzak garaşylan erkinlik Birnäçe ýyl mundan öň men Günorta Kaliforniýanyň ybadathanalarynyň birinde „Täze asyr“ hereketi barada wagyz bilen çykyş etdim. Öz çykyşymda resul Pawlusyň meşhur gürrüňinden söz açdym: „Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner… aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar“ (1 Timot. 4:1‑2). Wagyzlar gutarandan soň, birnäçe adam meniň ýanyma geldi. Olar şeýtan ruhlarynyň döredýän ruhy gatnaşyklary barada has içgin soramak isleýärdiler. Men soraglara jogap berýärkäm, birnäçe adam zalyň ortasynda bir gyzy köşeşdirmäge jan edýärdiler, ol gyz ýygnak gutaraly bäri aglaýardy. Ahyrsoňy ybadathana gullukçylarynyň biri töweregime üýşen märekäniň arasyndan geçip, näme bolup geçýändigini görmegimi haýyş etdi. Ol gyzyň horkuldap aglap oturşyna, onuň: „Ol maňa düşüner“ diýýän sözlerini eşitdim, ol muny köp gezek gaýtalady. Biz ony ybadathana ofisleriniň birine äkidip, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşmäge mümkinçilik döretmegi karar etdik. Ol ýerde gyz ahyry köşeşdi, biz indiki hepde onuň meniň ýanyma gelip, özüniň ähli betbagtlyklary barada jikme-jik gürrüň bermegi hakynda ylalaşdyk. Haçanda Nensi bir hepdeden meniň ýanyma gelende, onuň ýüzi täze dyrnalyp, pers-ala edilendi. – Men özüme hiç zat edip bilemok. Men ýüzümi öz islegime garaşsyz dyrnaýaryn – diýip, ol boýun aldy. Nensi özüniň çagalygynyň taryhyny gürrüň berdi, muny bagtly diýip atlandyrmak mümkin däldi. Onuň kakasy rehimsiz, gaharjaň adam bolup, maşgala agzalaryna el götermekden çekinmeýärdi. Nensiniň garry enesi bolsa özüni jadygöý hasaplapdyr. 4 Gandaly döwýänçi – Haçanda men üç ýaşymy dolduranymda, meni goragçy-ruhlara tabşyrdylar, olar maňa ýolbaşçylyk edip, nähili hereket etmelidigini we näme geplemelidigini aýdýardylar – diýip, Nensi gürrüň berdi. – Men mesihileriň mekdebine gatnap başlamazymdan öň, goragçy-ruhlaryň maňa zyýan getirip biljekdigi hakynda kelläme hem gelmändi. Men muny her niçik bolsa-da öz-özünden bolýan zat hökmünde kabul etdim. Men bu gorkulary kakam bilen paýlaşan badyma, ol gazap donuny geýip, meni ýençdi. Soňra men oňa gaýdyp başga soraglar bermedim. Nensi öz-özüňi terbiýelemek ruhlardan halas edýär diýen netijä geldi we yhlas bilen okamaga başlady. Mekdepde ýokary synpda okaýarka, ol Mesihi özüniň Rebbi we Halasgäri hökmünde kabul etdi. Emma goragçy-ruhlar ony taşlap gitmegiň deregine, ruhy taýdan heläk etmek hereketleri bilen dowam edýärdiler. Mekdepden soň ol özüne has köp terbiýe almak islegi bilen deňiz goşunynyň aýallar bölümine okuwa tabşyrdy we ýetişigi boýunça derrew ilkinjileriň hatarynda bolmagy başardy. Onuň öz içinde göreş alyp barýandygyny, dartgynly içki duýgularyny nähili güýç bilen saklaýandygyny hiç kim bilmeýärdi. Iň soňunda Nensiniň nerw sistemasy bozuldy we ony ätiýaçlyk üçin işden çykardylar. Içki gapmagarşylyklar oňa indi köp ýyl bäri ejir çekdirýärdi, şeýle hem bu mesele hiç çözülenokdy. Hut şunuň ýaly agyr ýagdaýda Nensi ybadathana geldi, men hem ol ýerde ýalançy-ruhlar barada wagyz etdim. – Ahyrsoňy, men özüme düşünýän adama duşdum – diýen Nensiniň sesi gözýaşdan ýaňa sandyrady. – Siz öz goragçy-ruhlaryňyzdan halas bolmak isleýärsiňizmi? – diýip, men soradym. Ara uzak arakesme düşdi. – Siz näme olaryň meni ömürlik taşlajakdyklaryna kepilnama berip bilýäňizmi? Öýe baranymda, men ýene olaryň hökümdarlygy astynda bolmarynmy? – Siz olardan halas bolarsyňyz – diýip, men ony ynandyrdym. Bir sagatdan soň, ruhlar Nensiden çykdylar, ol zynjyrdan boşamak bilen ybadathana gullukçylaryny gujaklady, çünki muny öň hiç haçan bilmändi. – Indi men öýüme arkaýyn myhman hem çagyryp bilerin – diýip, ol şatlyk bilen gygyrdy. Uzak garaşylan erkinlik 5 Gara güýçler – biziň dünýämiziň hakykatydyr Nensiniň başdan geçirenleri adatdan daşary ýagdaý däl, esasan hem bu mesihi dünýäsi üçin has duş gelýän ýagdaý. Ýigrimi ýyllyk ruhanyçylyk gullugymda, seminarlarda, wagyzlarymda we mesihilik boýunça maslahatçy bolup işlän döwrümde şunuň ýaly şeýtan güýçlerinden ejir çekýän adamlara köp duş geldim, bu gapdaldan seredýän adama geň görünýän bolmagy mümkin. Reb meni gulluga çagyrmazdan öň, men aerokosmiki senagatynda inžener bolup işledim. Mesihi hökmünde men erbet güýçlere-de, okkultizme-de, ezoterika taglymatyna-da aýratyn bir üns bermedim. Emma men hemişe Injilde gara güýçler barada aýdylýanlara ynanmaklyga ýykgyn edýärdim, ýogsam bu ylmy taýdan gapma-garşylyk hem döredýärdi. Hut ýigrimi ýyl mundan öň, Reb Nensi ýaly şeýtan täsiriniň pidasy bolan adamlary meniň ýanyma getirdi. Men erbet häsiýetleri zerarly we samsyk pikirlerine çolaşan hem öz hereketlerine gözegçilik edip bilmeýändikleri üçin, mesihi ösüşleri togtap galan mesihiler bilen duşuşyp başladym. Men gullugymyň ilkibaşlarynda köp ýalňyşlar goýberendigimi boýun almalydyryn, hemme zat gaty bir düzüw bolmady, emma barybir meniň kömegim hakyky miwelerini berdi. Gullugymyň ilkinji ýyllary, umumylykda alanyňda, mesihileriň şeýtana we onuň goşunyna garşy göreşe we ruhy ýesirlige düşen adamlara kömek etmeklige deň derejede erbet taýýardyklaryny görkezdi. Mesihilik kämilligi we gara güýçleriň hökümdarlygy astynda bolmazlyk Okaýan döwrüm hem gullukda wagtym men päk ahlakly hem ýeňişli mesihilik durmuşynyň kepilligi iki nukdaýnazara dogry düşünmekden ybaratdyr diýen netijä geldim. Birinjisi – kämillik nukdaýnazary. Efeslilerde Pawlus biziň imanda ösmegimiziň zerurdygyny ýazýar; „Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetmeli“ (Efesliler 4:11). Hudaý biziň Mesihde ösmegimiz üçin „ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady“ bize bagyş etdi (2 Petrus 1:3). Başga bir tarapdan, şeýtan biziň özümiziň Mesihde kimdigimizi we nämä eýedigimizi bilmezligimiz üçin ähli zady edýär. Kämillige ýetmek üçin ilki bilen biz gara güýçleriň üstünden ýeňiş gazanmalydyrys, çünki „biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, 6 Gandaly döwýänçi hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy“ (Efesliler 6:12). „Tümlügiň üstünden gazanylan ýeňiş“ atly başga bir kitabymda men Mesihde iman boýunça durmuş we ösüş barada gürrüň berýärin. Şeýle hem şeýtanyň usulyny, mesihä mesihilik durmuşda ýaşamagyna päsgel berýän maksadyny beýan etdim. Mesihde öz şahsyýetimiziň berk häsiýetlerini açyp görkezmek bilen, men iman boýunça nähili ýaşamalydygy, Mukaddes Ruha laýyklykda nähili hereket etmelidigi, aňyňy täzelemek, duýgularyňy gönükdirmek, aýratyn hem ynamyň we bagyşlamagyň üsti bilen duýgy täsirinden nähili halas bolmalydygy hakda anyk ugurlar berýärin. Men „Tümlügiň üstünden gazanylan ýeňiş“ atly kitabymy şu eliňizdäki kitap bilen birlikde okamagyňyzy çyn ýürekden maslahat berýärin. Ýeňişli mesihilik durmuşynyň beýleki kepilligi – mesihiniň azat lygydyr. Bu tema tutuş kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Pawlusyň ýazyşy ýaly, „… Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň“ (Galat. 5:1). Şu sözlerden görnüşi ýaly, Hudaý biziň diňe bir azat bolmagymyzy islemän, eýsem bu azatlygy ýitirmegiň howpludygyny hem duýdurýar. Mesihe ynanmazdan öň, biz günäniň guludyk, emma Hudaýyň Oglunyň haçda bitiren işi arkaly, indi günä biziň üstümizden höküm sürmeýär. Şeýtan mesihilere eýeçilik hukugyny ýitirdi. Ol ýeňildi, emma ähli güýji bilen bizi yzymyza yrmaga synanyşýar. Siziň mesihilik durmuşyňyzy ýok etmek üçin oňa siziň günä bilen göreşde şowsuzlyklara baglanan öz geçmişiňiziň ýesiridigiňize ynandyrmagy başartmaly. Bu ýalan, emma siz entek hem muňa ynansaňyz, Mesihdäki hakyky azatlygy duýup bilmersiňiz, ýogsam imanyňyz boýunça muny edindiňiz. Men kämillige birbada ýetmek mümkin diýip hasap etmeýärin, emma halas bolmagyň birbada gelýändigine berk ynanýaryn. Men müňlerçe adamy hakykat taglymatynyň halas edendigini gördüm. Şeýtan ýalançylygyndan halas bolan adam imanda şeýle çalt ösýär. Siziň öňüňizde ýatan bu kitapda men ruhy gapma-garşylyklaryň tebiga tyny we olary çözmegiň ýoluny görkezmäge çalyşdym. Birinji bölümde siz iman boýunça Mesihde nähili azatlyga, goraga we hökümdarlyga eýedigiňiz hakynda gürrüň edilýär. Ikinji bölümde men şeýtan güýçleriniň (doly hakykat!) täsirine düşmek howpy barada duýdurýaryn, çünki olar sizi aldaw ýoly bilen halas bolmakdan mahrum etmek isleýärler. Üçünji bölümde halas bolmak üçin Mesihe barýan ýol suratlandyrylýar. Munuň kömegi bilen islendik aldaw torundan halas bolup bilersiňiz diýip çyn ýürekden umyt edýärin. Uzak garaşylan erkinlik 7 Ruhy ýesirlik bilen halas bolmagyň arasyndaky gapma-garşylyk hakynda ähli zady doly şowly bolan adam tarapyndan ýazylan aşakdaky hatda suratlandyrylýar. Ol Nensiden tapawutlylykda, ähli zady oňuna bolupdyr: işi, maşgalasy we ybadathana durmuşy. Muňa garamazdan ol halas bolmadyk eken. Hormatly Nil, Men düşündirip bolmaýan „psihiki häsiýetili“ hüjümlere sezewar bolandygym üçin siziň bilen duşuşdym. Meniň duýgularymyň durnuksyzlygynyň sebäbi degnama degýär, mümkin bu çagaly gymdaky gaýgy-aladalar: çagalygymda men gorkunç kinolar gördüm, spiritik seanslarda oýnadym we ş.m. „Jadygöýüň gany“ atly kinony görenimde, hakykatdan hem garaňky dünýäden meniňkä myhmanlaryň geljegine garaşandygym ýadymda. Meniň kakamyň durnuksyz häsiýeti bardy, ol muny gahar ody bilen beýan ederdi. Özüňi goramagyň instinktiw serişdesi hökmünde mende dymmaklyk has uly orun tutdy, men duýgularymy özümde saklaýardym. Ähli gapmagarşylyk ýagdaýlarda meniň diňe özüm günäkär ýalydym. Ähli ýetmezçiliklerim we şowsuzlyklarym sebäpli özüme günä ýüklemek bilen, men ulalanymda hem öz pikirimi üýtgetmedim. Onsoň men Mesihi öz Rebbim we Halasgärim hökmünde kabul etdim. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ruhda ösýändigime gara mazdan, men kalbymda hiç doly rahatlygy duýup bilemokdym. Menden has uzakda hem juda rehimsiz görünýän Hudaý bilen meniň gatnaşygyma degişli şübheler hemişe meni yzarlaýardylar. Maňa dileg etmek, Injili okamak, wagyzlary diňlemek agyr düşýärdi. Durmuş meselesinde çynlakaý şübheler emele geldi. Gijeler gorkunç düýşler görüp, sowuk der basyp oýanýardym. Mesihde erkinligi men diňe siziň bilen bile dileg eden wagtymyz gazandym. Men Hudaýyň rehimsiz däldigine, biparh garamaýandygyna düşündim, tersine, Ony her bir üstünligime begenip, söýýän Ata hökmünde göz öňüne getirdim. Nesil boýunça maňa ata-babalarymdan galan şeýtan täsirinden dileg üsti bilen halas bolanymda, men şeýle ajaýyp ýeňilligi duýdum. Indi men Hudaýyň Sözüni okanymda, öňküden has oňat düşünýärin. Reb bilen meniň gatnaşygym düýbünden üýtgedi, 8 Gandaly döwýänçi durmuşa akyl ýetirmek has täsirli boldy. Siziň bilen duşuşanym dan soň, men bir gezek hem gorkunç düýş görmedim. Nil, meniň pikirimçe, entek hem şeýtan güýjüniň täsirinden nädip halas bolmalydygyny bilmän, „ümsüm gaýgy-hasratda“ ýaşaýan köp mesihiler bar. Eger ondan men halas bolan bolsam, beýlekileriň hem halas boljakdyklaryna ynanýaryn! Sizi çyn ýürekden hormatlamak bilen, Etrabyň hökümet mekdepleriniň işlerini dolandyryjysy Mümkin siz hem „ümsüm gaýgy-hasratda“ ýaşaýansyňyz? Mümkin sizi hem gorky, gahar, kemsidilme, erbet gylyklar gaplandyr? Siz birhili düşnüksiz sesler eşidýärsiňizmi? Siz günäli häsiýetiňizi üýtgedip bileňizokmy? Islendik ruhy kynçylyk, şeýtan täsiriniň netijesi diýip tassyklamak islemeýärin. Emma siz gara güýçleriň ýesiri bolýarsyňyz diýen ynam bar, sebäbi olardan gelýän howpa üns bermediňiz. Biz Mukaddes Ýazgydan Mesihiň şeýtan täsirinden doly azatlygy söz berýändigini bilýäris. Muňa Nensiniň, etrap dolandyryjysynyň, başga-da bu kitabyň sahypalarynda okajak köp adamlaryň ykbaly tassyklama bolup durýar. Iň esasy zat, garaňkylykdan doly ýeňiş gazanyp, siziň halas bolmagyňyzyň kepilnamasy Bolan bar: Gandaly Döwýän – Isa Mesihdir. 1 GANDALY DÖW ÝÄNÇI Umytdan düşmäň! 1 Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 80-nji ýyllaryň ahyrynda maňa çuň ruhy, aň-huşy we duýgy krizisi bilen ejir çekýän bir ýaş mesihi gyzyna maslahat bermek başartdy. Bir gezek meniň bilen nobatdaky duşuşygyndan öň, ol Hudaýa hat ýazypdyr (ol aşakda berlen). On minut geçenden soň, ol özüne kast etmeklige synanyşypdyr, emma bagtyna, bu şowsuz gutarypdyr. Mähriban Hudaý! Sen nirede? Näme üçin Sen ähli zady görübem maňa kömek etmeýärsiň? Meniň üçin ýaman erbet, Seniň üçin bolsa parhy ýok. Sen meniň ejir çekmegimi bes etsediň ýa-da meni öldürsediň. Men Seni söýýärin, ýöne Sen şeýle bir alyslarda. Men Saňa ynanmaly, ýöne men Seni görmeýärin, eşitmeýärin hem duýmaýaryn. Tersine, olary eşidýärin we duýýaryn. Olar bu ýerde. Men Seniň bardygyňy bilýärin, ýöne häzir Saňa garanda, meniň üçin olar has hakykat. Haýyş edýän, hiç bolmanda birini maňa ynanar ýaly et! Näme üçin Sen meniň gaýgy-hasratymy bes etmegi islemeýärsiň? Rebbim, Saňa ýalbarýan! Eger Sen meni söýýän bolsaň, maňa ölmäge rugsat ber. Azaşan goýun Soňky ýigrimi ýylyň içinde özüni şu aýal ýaly duýýan ýüzlerçe mesihä duşdum. Olaryň köpüsi öz janlaryna kast etmäge synanyşmandyklary dogry, emma şunuň ýaly etmegi köpüsi niýet etdi. Olaryň hemmesi diýen ýaly içki sesleriň (hatda „olar“) bardygyny boýun aldylar, olar bularyň üstünden gülüp, bizar etdiler, günäkärlediler, synaga Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 11 saldylar, gorkuzdylar. Men köplenç öz ýanyma maslahata gelmekçi bolýan adamlara içki sesiň muny etmezlige „yrýandyklaryny“ duýdurýaryn, menlik ýöňkemede pikirler peýda bolýar. („Men gitmek islemeýärin“; „Men munuň ýaly etmäge eýýäm synanyşdym, ýöne maňa kömek etmedi“ we ş.m). Bir adam maňa şeýle ýazdy: „Her gezek men siziň bilen gepleşmäge synanyşanymda ýa-da şeýle gürrüň barada ýönekeý pikir edenimde, nähilidir bir hili täze görnüş emele gelýär. Men öz içimde siziň bilen gepleşmegimi gadagan edip gygyrýan sesleri eşidýärin. Bu içki göreşe çydamagyň nähili agyrdygy üçin, men hatda özüme kast etmek barada pikir etdim. Maňa kömek ediň!“. Beýleki mesihiler ses babatda şikaýat etmeýärler, ýöne hakyky mesihi durmuşy düýbünden mümkin däl zat bolup, kellesinde bulambujarlykdan ejir çekýärler. Dileg edýän wagtynda olar birdenkä gündelik işler barada pikir etmäge başlaýarlar, olar Injil ýa-da mesihi kitaplaryny okaýan wagtlary pikirlerini birnäçe minutdan artyk jemläp bilmeýärler. Rebbe haýsam bolsa bir ýol bilen gulluk etmek mümkinçiligini alandan soň, olar sustupes bolmaga başlaýarlar. „Men ýeterlik güýçli mesihi däl“; „Men Injili erbet bilýärin“; „Edil öňki ýaly meniň kelläme erbet pikirler gelýär“; „Mende ruhy peşgeşler gaty az“, şunuň ýaly pikir ýöretmeler olara rahatlyk bermeýär. Olar mesihi durmuşyny şatlykly hem netijeli geçirip, Mesihde yzly-yzyna ýeňiş gazanmagyň deregine, durmuşda zordan ýöräp, Isanyň gelmegine çenli iň soňky güýçleri bilen „ýetmäge“ çalyşýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna köplenç biziň özümiz günäkär, emma munuň sebäbi şeýtan güýçleri bolup biler. Men ýüzlerçe adamyň şeýle güýçleriň täsirinden halas bolandygyny bilýärin. Ruhy ýesirligiň esasyna degişli ýoldan çykmaklygyň giň ýaýran ugry Içki ses nireden peýda bolýar? Özüňi ýazgarmagyň we pikirleriňde bulaşyklygyň gözbaşy nämede? Maslahatçy hökmünde gullugymyň ilkibaşlarynda, edil bu soraglaryň dogry jogaplaryny bilmeýändigim üçin, köplenç şowsuzlyga uçraýardym. Soňra maňa olary gözläp tapmak başartdy. Mümkin siz hem häzir mesihä doly halas bolmagy gazanmaga päsgel berýän ýalňyş düşünjelere duçar bolansyňyz? Bu düşünjelere ser salalyň. 12 Gandaly döwýänçi 1. Mesihiň ýerdäki durmuşynda arwah-jynlar örän aktiw hereket etdiler, emma häzirki zaman dünýäsinde olaryň hereketi diýseň gowşady. Şunuň ýaly garaýşy bar bolan mesihileriň hakykatyň gözüne seretmegi karar etmändiklerini aýdyp bolar. Hudaýyň Sözi hem, dünýäniň hakykylygy hem şeýtanyň biziň döwrümizde hem ýokary aktiwdigi hakda şaýatlyk edýär. Täze Ähtde mesihileriň munuň bilen göreşjekdikleri gönümel aýdylýar „Çünki biziň söweşimiz… hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr“ (Efesl. 6:12). Bu hatda resul Pawlus ruhy lybasy jikme-jik beýan edýär, onuň kömegi bilen biz özümizi „şeýtanyň otly oklaryndan“ goramaly (13‑17 aýatlar). Pawlus Ikinji Korintoslylarda mesihileriň Hudaýyň bilimine garşy aýaga galanlar bilen söweşýändiklerini belläp geçýär (2 Korintos. 10:3‑5). Eger gara güýçler indi mesihileriň üstüne hüjüm etmeýän bolsa, onda näme üçin Pawlus olar hakda ýazýar we olar bilen söweşmeklige çagyrýar? Biziň eramyzyň birinji asyrynda Pawlusyň güýçler we häkimiýetler hakda ýazanlary biziň günlerimizde hem, ýagny ýigrimi birinji asyryň bosagasyndada öz aktuallygyny ýitirenok. Muny „Täze Asyr“ hereketiniň, satanizmiň we okkultizmiň meşhurlygy hem tassyklaýar. Hudaýyň halkynyň gara ruhy güýçler bilen söweşi – bu diňe bir mesihiligiň birinji asyrynda täsin hadysa bolman, eýsem häzirki zamanyň talaby hem bolup durýar. Garaňkylyk patyşalygy şu günki günde hem bar, şeýtan bolsa öňküsi ýaly biziň durmuşymyzy bela-betere öwürmek isleýär. Ol Isa Mesihde iman boýunça bize degişli bolan güýç hem şatlyk hukugymyzdan mahrum etmek isleýär. Bizde saýlamaga çykalga ýok, biz gara güýçler bilen söweşmeklige sezewar bolýarys. Biziň ýeke-täk çözüp biljek zadymyz, bu söweşiň nä derejede çynlakaý boljakdygydyr. Emma men muny duýdurmaga borçludyryn: garaňkylyk patyşalygynyň güýjüni çynlakaý kabul etmedik, iru-giç özüniň biparh bolandygy üçin tölemeli bolar. 2. Biziň psihiki keseller diýip atlandyrýanymyzy irki ybadathana arwah-jyn eýelän diýýärdi. Bir lukman maslahatçy arwah-jyndan ejir çekýän mesihi hakda şeýle diýdi: „Onuň keseliniň gara güýçler bilen hiç hili dahyly ýok. Ol paranoidal şizofreniýa keselinden ejir çekýär“. Dünýewi psihologiýa tarapynda bolmak – bu keselleriň hakyky sebäbini açmagy aňlatmaýar. Paranoýa, şizofreniýa, psihoz we ş.m. ýaly terminler, diňe daşky alamatlar bolup durýan atlardyr. Emma bu alamatlary näme ýüze çykarýar? Newrologiki ýa-da gormonal bozulmalarmy, ýa-da himiki disbalansmy? Lukmançylyk Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 13 tarapyndan bu problemalary barlamagyň gerekdigi gürrüňsizdir, emma analizler hiç zady aýan etmese, onda bu problema – psihiki tarapdandyr. Psihologiýa siz haýsy ugry saýlaýarsyňyz: Injilmi ýa-da dünýewi? Näme üçin diňe az adam bu problemalar esasan ruhy taýdan diýip hasaplaýar? Dünýewi psihologlaryň dünýägaraýşy materialistik akyl ýetiriş bilen çäklenýändigi geň däldir, olar psihiki kesellere diňe hakyky ylmy düşündiriş berýärler. Olaryň dünýägaraýşyna Hudaý, hasam – arwahjynlar girmeýär. Hatda köp mesihiler bolup geçýän zatlara berlen ylmy düşündirişden ýüz öwürseler-de, özleriniň psihiki keselleriniň sebäplerinde has hem psihologlara ynanýarlar. Ruhy problemalardaky häzirki ylmy barlaglar nädogry däl-de, doly däl. Olar ruhy dünýäniň adama edýän täsirini nazara almaýarlar, sebäbi häzirki barlag usullary bilen Hudaýy hem, şeýtany hem äşgär edip bolmaýar. 3. Käbir ýüz öwürmelerde psihiki häsiýetler bar, emma käbirleri – ruhudyr. Şunuň ýaly garaýyş adamyň kalby bilen ruhunyň arasynda araçäk bardygyny çak edýärler, emma bu bütinleý beýle däl. Psihika degişli bolmadyk içki ýüz öwürmeklik ýok, sebäbi bularyň islendigi biziň aňymyzy, duýgymyzy we erkimizi özüne çekýändir. Şuňa meňzeşlikde, ruhy kynçylygy bolmadyk kynçylyk ýok. Biziň Hudaýyň huzuryndan halas bolup ýa-da Hudaýyň ruhy ýaragyny (lybasyny) özümizden arkaýyn zyňyp biljek pursatymyz ýok. Häzir fiziki hakykata göz ýetirmezden halas bolmak gullugy bilen ruhy aspektlerini äsgermezden psihoterapewtiki gullugynyň arasynda çäk goýmak maksady bar. Fuller Injil seminarlary boýunça Hoş habar mekdebiniň mugallymy d-r Pol Haýbert şeýle tassyklaýar: „Tä mesihiler «Hudaý täsin hakykat bilen çäklendirilen, hakyky durmuş bolsa özbaşdak ylmy kanunlar boýunça ýaşaýar» diýen düşünjä esaslanan dünýäniň suratyny kabul edýänçäler, mesihilik has hem dünýewi bolar“.1 Eger siz Hudaýyň bu dünýäde adamyň kynçylyklaryna täsir edýändigi hakyndaky pikir bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, onda siziň ortaça dünýä akyl ýetirişiňiz kämil bolmaz, iň ýokary derejesindäki akyl ýetirişiňiz bolsa, hakykatyň çyn keşbini güýçli ýoýar. 4. Arwah-jynlar mesihilere kär etmeýär. Häzirki zaman Hoş habarçylarynyň arasynda has giň ýaýran düşünje mesihiler arwah-jynlaryň häzirki tabynçylygynda bolmagy mümkin däldiginden ybaratdyr. Hatda adamda arwah-jyn bar diýen yşarat hem duýdansyz täsir edijiligi ýüze çykarýar: 14 Gandaly döwýänçi „Ýok, mümkin däl! Men — mesihi ahyryn“. Barlagda ruhy ýüz öwürmeklige garanda, kynçylyga şunuň ýaly ýalan düşünmekden has zyýanly zat ýok. Eger şeýtan ybadathana çozuş etmäge ukypsyz bolsa, onda näme üçin bizi Hudaýyň ýaragyny dakynyp, şeýtana garşy durmaklyga, ynamda durup, hüşgär bolmaklyga çagyrýarlar? Eger şeýtan bize hiç hili erbetlik edip bilmeýän bolsa, onda näme üçin Pawlus gara güýçler bilen biziň gatnaşygymyzy göreş hökmünde, gapmagarşylyk hökmünde beýan edýär? Pozisiýanyň iň gowşak ýeri hem duşmanyň güýjüne baha berip bilmezlikdir. Biziň „şeýtanyň otly oklaryna“ gowşaklygymyz hakyndaky gürrüň kitabyň ikinji bölüminde beýan edilýär. 5. Arwah-jyn täsiri diňe iň soňky tapawutly häsiýetlerde ýa-da agyr günäler edilende ýüze çykýar. Lukanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynda suratlandyrylyşy ýaly, şu günki günlerde hem jyny bar adamlara duşmak bolýar, emma arwah-jyn täsirinden ejir çekýän köp mesihiler ýuwaş adaty durmuşda ýaşaýarlar. Munuň bilen olar özara gatnaşykda we şahsy häsiýetde çekip-çydap bolmajak kynçylygy başdan geçirýärler. Adaty düşünjä görä, diňe ganhoryň nobatdaky adam öldürmesinde we jyns was-waslygy hereketinde şeýtan bar diýlip hasaplanýandygy üçin, bu mesihiler özlerinde bir zadyň „näsazdygy“ babatda aňk-taňk bolup ýaşaýarlar. Şeýtanyň iň esasy we iň güýçli ýaragy – ýalançylykdyr. Pawlus: „Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär. Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar diýip duýdurýar (2 Korintos. 11:14, 15). Bütewilik hökmündäki ybadathananyň täsirliligine päsgel berýänler sany kän bolmadyk däli-diwana adamlar däl-de, „gowy“ mesihileriň durmuşyna şeýtanyň ýalan ornaşmasydyr. Meniň ruhy gapmagarşylyga bagyşlanan seminaryma gatnaşan bir mesihi psihoterapewt şuny boýun aldy: „Men siziň seminaryňyza gatnaşmazdan öň, hiç haçan durmuşda şeýtanyň bardygynyň subutnamasyny görmändim. Öz syrkawlarymyň ýanyna dolanyp, olaryň üçden ikisiniň şeýtan tarapyndan aldanandygyna we şol sebäpli olaryň kynçylyklary çekýändiklerine göz ýetirdim. Baryndan beter hem özümiň-de aldanandygyma düşündim!“. 6. Mukaddes güýjüň kömegi bilen ruhy ýesirlikden azatlyga çykyp bolar. Ruhy azatlygy güýjüň kömegi bilen däl-de, hakykatyň kömegi bilen gazanyp bolar. Şeýtan – ýalançy, ol ähli güýji bilen toslama adyny Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 15 saklamaga çalyşýar. Hudaýyň Sözüniň hakykaty onuň ýalançylygyny paş edýär, onuň arwah-jyn ýaranlary bolsa yşykdan gaçýan tarakanlar ýaly dargaýarlar. Şeýtanyň güýji – ýalançylykda, şonuň üçin hem şol pursat ol hakykat bilen sataşanda, şeýtanyň pyrryldagynyň soňuna çykylýar. Çagalykda men kakamyň fermasynda ýaşadym. Biziň goňşymyz bardy, biz (kakam, doganym we men) onuň işlerine kömekleşýärdik. Fermerde kiçijik ýarak güjük bardy, men ondan öler ýaly gorkýardym. Haçanda ol bizi wowwuldap üýrüp, üstümize zyňyp, garşy alanynda, kakam bilen doganym öz ýerlerinde butnaman durýardylar, men bolsa gaçmaga başlaýardym. Güjügiň kimiň yzyndan ylgaýandygyny bilmek kyn däldi. Onuň kowalamagyndan halas bolmak üçin men ýük maşynymyzyň üstüne çykýardym, ol bolsa ýerden maňa üýrüp durardy. Özümiň näçe ýol bersem, şonça-da bu „ýyrtyjynyň“ elinde bolýandygyma, menden başga hemmeler düşünýärdiler. Güjügiň meni maşynyň üstüne zyňmaga güýji ýokdy, men özüme bolan ynamyň güýjüne görä ol ýere özümi zyňýardym. Güjük meniň aňymy, duýgularymy, erkimi we fiziki güýjümi ulanýardy, sebäbi meni gorky gaplap alýardy. Ahyrsoňy, ajaýyp günleriň birinde men maşyndan ýere düşdüm we güjük tarapa kiçijik bir daşy zyňdym. Ol ýazzyny berdi! Şeýtan hem şu galmagal turuzýan güjüge meňzeýär. Ol adamlary aldaw ýoly bilen Hudaýa garanda özünden has köp gorkmaklaryny mejbur edýär. Onuň güýji – ýalançylygynda, onuň özi – ýalanyň atasy (Ýahýa 8:44), bütin dünýäni azdyrýan (Ylham 12:9). Netijede bolsa ýalançylygyndan ýaňa bütin dünýäniň onuň goly astyndadygyny bilýäris (1 Ýahýa 5:19). Ol Mesihiň beren peşgeşini sizden alyp bilmeýär, emma ol sizi ýalan görkezmeler bilen yryp bilse, onda siz köp wagtyňyzy „maşynyň üstünde“ ýitirmekden gaçyp bilmersiňiz. Onuň täsirinden halas bolmak üçin güýç ulanmak gerek däl. Şeýtany hakykat ýeňýär. Hudaýyň Sözüne ynanyň, ony wagyz ediň, onuň esasynda hereket ediň. Şeýlelik bilen siz şeýtanyň niýetlerini ýok edersiňiz. Muňa düşünmeklik meniň ruhy soraglar boýunça maslahatçy hökmündäki işimi düýpgöter üýtgetdi. Öňler jyn uran adam bilen duşuşanymda, güýç ulanmaga dyrjaşýardym. Müşderi galagoply ýagdaýa düşýärdi, otagdan gaçýardy ýa-da barýan ugruny ýitirýärdi, men bolsa arwahy öz hökümdarlygyma boýun egdirmäge çalyşýardym. Ilki men arwah-jynyň özüni äşgär etmegini mejbur edýärdim, soňra bolsa oňa adamdan çykmagyny buýurýardym. Şeýle usul müşderi üçin örän güýçli we ýakymsyz aladalary emele getirýärdi, mundan başga-da, düzgün boýunça bir seans ýeterlik däldi. 16 Gandaly döwýänçi Mukaddes Ýazgynyň esasyna we öz şahsy tejribäme görä, güýjüň däl-de, hakykatyň halas edýändigine ynandym. Şeýtanyň güýji – ýalançylykda, mesihiniň güýji bolsa özüniň eýe bolan hakykat bilimindedir. Biz güýje däl-de, hakykata yhlas etmeli. Adamyň ruhy ýesirlikden halas bolmagy meniň ruhany ýa-da maslahatçy hökmünde bir zatlar etmegime bagly bolman, eýsem meniň kömegim bilen adamyň özüniň bir zatlar etmegindedir. Gandallar meniň ynamymyň dälde, müşderiniň ynamynyň hereketi astynda döwülýär. Esasy zat – müşderi nämä iman edýär, nämä toba edýär we nämäni bagyşlaýar. Mukaddes Ýazgyda „hakykat“ düşünjesiniň ýuwaş-ýuwaşdan açylyşyna üns beriň: „Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder“ (Ýahýa 8:32). „Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn“ (Ýahýa 14:6). „Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer“ (Ýahýa 16:13). „Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin… Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr“ (Ýahýa 17:15, 17). „Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýiň“ (Efesl. 6:14). „Mahlasy, eý doganlar, dogry, … näme bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň“ (Filipil. 4:8). Irki ybadathanalarda Hudaýyň birinji jezasy juda pajygaly bolupdyr (Res. Işl. 5-baba ser.). Näme sebäpli ony etmeli boldy: azgynçylyk, ogurlyk, ýigrenç sebäplimi? Ýok. Sebäp ýalançylykdady. Hut şonuň üçin hem Petrus Hananýa bilen Safiradan şeýle diýip soraýar: „Hananýa, şeýtanyň «Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al» diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?“ (3‑aýat). Hudaý eger biz şeýtanyň aldawyna ynansak, onuň bilen ýaşajakdygymyzy düşündirdi, mesihi bolsak hem bu bizi döwýär. Şonuň üçin hem biziň «her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir etmegimiz» örän zerurdyr (2 Korin. 10:5). Eger maňa haýsam bolsa bir ybadathana ýa-da başga birleriniň maslahatyna girip, aldaw ýoly bilen gatnaşyjylary ýalan zada ynandyrmak başartsa, onda men olaryň hereketleriň üstünden doly gözegçilik edip bilerin. Şeýtan hem şunuň ýaly hereket edýär. Biziň işimiz – onuň ýalançydygyny paş etmekdir. Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 17 Ýesirlikden halas bolmak Isa bilen şägirtleriň geçiren halas etmek gullugyna garşy çykyşlaryň iň köp ýaýrany bu oňa resullaryň hatlarynda doly ýeterlik çykgytlaryň ýoklugyn dan ybaratdyr. Maňa bu mowzuga başgaça düşündiriş bermäge, şeýtan täsirine duçar bolan bize näme etmelidigini we şunuň ýaly adamlara nähili gulluk etmelidigini aýtmaga rugsat ediň. Mesihiň haçda bitiren işinden öň, şeýtan ruhlarynyň üstünden höküm darlyk diňe Isanyň Özüne we Hudaýyň güýji bilen paýlanan on iki şägirde degişlidi. Emma Golgofdan soň ruhy gapma-garşylyklaryň tebigatyny hemişelik üýtgeden bir zatlar bolup geçdi. Birinjiden, haçdaky ölüm we direliş arkaly Mesih „Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi“ (Kolos. 2:15). Haçdan öň „gökde we ýerde ähli hökümdarlyk“ entek Mesihe degişli däldi. Emma Mattanyň Hoş habaryndan Mesih direlenden soň ony doly alandygyny bilýäris (Matta 28:18). Hajyň kämil güýji bilen şeýtan ýeňildi we kim Mesihde bolsa, onuň üstünden şeýtana hökümdarlyk etmek mahrum edildi. Mesihiň hakykatdaky ýeňşine we şeýtanyň ýeňlendigine ynanmak bilen – duşmanyň azdyrmak hem gorky täsiri ýetmeýän ýola ilkinji ädimimizi ätleýäris. Ikinjiden, Mesihiň ölüminden we direleninden soň, her bir mesihi Onda direlýär we Onuň bilen bile gökde oturýar (Efesliler 2:5, 6). Indi size öz hökümdarlygyňyzdan ulanmak üçin ýene-de birinden soramak gerek däl, Hudaýyň mesh eden Isa Mesihiň eýeleýän ähli hökümdarlygyna siz hem şäriklik edip bilersiňiz. Şeýtana garşy durmak üçin sizden Mesihdäki hökümdarlyga düşünmek we ulanmak talap edilýär. Mesihi hökmünde siz azatlygy Hudaýdan alýarsyňyz. Pawlus bu hakda şeýle ýazýar: „Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin. Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir. Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir“ (Efesliler 1:18‑21). Babyň başynda mysal getiren hatymdaky aýalyň edişi ýaly, şeýtanyň çozuşlary sizi agyr ýagdaýyňyz bilen ylalaşyp, öz-özüň çetleşip gitmek 18 Gandaly döwýänçi islegini döredýär. Isanyň jyn uran adamlary birbada halas edişi ýaly, Hudaýyň gudrat bilen halas etmegi üçin, siz Oňa dileg etmäge başlaýarsyňyz. Emma resullaryň hatlaryny okanyňyzda, Mesihiň haçda bitiren işiniň üsti bilen Onuň sizi eýýäm halas edendigi aýdyň bolýar. Pawlus öz dileginde hut şu Hoş Habary paýlaşýar. Eger siz Mesihiň ýagtylygynda ýaşasaňyz, mundan beýläk garaňkylyga üns bermek hökman däl. Emma öz hökümdarlygyňy ulanyp, şeýtana garşy durmak jogap kärçiligi diňe size bagly bolup durýar. Şeýtana siz garşy durmaly, onuň pyrryldaklaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmeli, öz günäleriňi toba edip, göwnüňize degenleri bagyşlamaly. Halas bolmaklyga ädilen bu ädimler hakda kitabyň üçünji bölüminde gürrüň berilýär. Özüni „azaşan goýun“ atlandyran aýalyň ahyrsoňy Hudaýyň Sözi bilen ylalaşmagy başarandygyny aýtmak gerek. Betbagtlyk hatyny ýazanyna dört ýyl geçenden soň, ol başga bir hat ýazdy, ol birinji hatyň jogabydy. Bu hatda ol Hudaýyň biz hakdaky Mesihde aýan bolan aladalaryna täze garaýşyny beýan edýär. Hat Mukaddes Ýazga esaslandy. Ony okaň, goý, ol kalbyňyzyň garaňkylyk böleklerini nurlandyrýan umyt şöhlesi bolsun. Mähriban azaşan goýnum, Sen Meniň nirededigimi soraýarsyň. Balam, Men seniň bilen we Men hemişe seniň ýanyňda bolaryn, seniň öz-özüň gowşaksyň, emma Mende sen güýç bilen doldurylansyň. Men seni şeýle bir söýýän weli, seniň ölmegiňe ýol berip bilemok. Men saňa şeýle bir golaý, seniň duýýan ähli zatlaryňy duýýaryn. Men saňa nähili agyrdygyny bilýärin, sebäbi Maňa hem agyr. Emma Men seni halas etdim, sen imanda berk durmalysyň. Meniň duşmanlarymdan halas bolmak üçin saňa fiziki ölmek gerek däl, diňe Meniň sende, seniň hem Mende ýaşamagyň üçin, Maňa haça çüýlenmegiň gerek. Men seni hakykat ýoluna ýollaýaryn. Balam, Men seni söýýärin we seni hiç haçan ýeke taşlamaryn, çünki hakykatdan hem sen – Meniňkisiň. Söýgi bilen Hudaý 2 Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. „Kempus Kruseýd for Kraýst“ guramanyň çakylygy boýunça, soňky ýyllarda men Günorta Kaliforniýanyň şäherlerindäki uniwersitetlerinde birnäçe gezek çykyş etdim. Uniwersitetlerde paýlanan çakylyklarda adamlara täsir edýän şeýtan güýçleri baradaky leksiýa gatnaşmak hödürlenýärdi, emma ýygnagyň baş maksady mesihileriň Mesihdäki hökümdarlygy hakynda gürrüň bermekdi. Her bir ýygnakda birnäçe ýüz adamyň gelmegi meni geň galdyrdy, sebäbi olar işsiz entäp ýören däldiler we gyzgyn gürrüňdeşlikde çykyş etmeklige niýetlenen şeýtançylar däldiler (ýöne şonda-da bir gezek şeýtançylar ýygnanyp, gimn aýtdylar), emma köpüsi hakykatdan hem gyzyklanýan adamlardy. Nil Andersonyň okaýandygy üçin meniň leksiýalarymyň meşhurlygyny düşündirip bolanokdy, çünki talyplar meniň kimdigimi bilenokdylar. Mesihiler jynlaryň bardygy ýa-da ýokdugy hakynda pikir edýänçäler, olaryň mesihi däl döwürdeşleri geň galdyryjy oýlanşyksyzlyk bilen ruhy sferany barlamaga okdurylýarlar. Günbatar dünýäsiniň aňynda bir hili üýtgeme bolup geçýär: „Täze asyr“ hereketi örän meşhurlyga eýe boldy, parapsihologiýa ylma deňleşdi, şeýtançylyk medeniýete göni täsir edýär… 60-njy ýyllaryň başynda amerikan kontinentinde gündogar dinleriň ornaşmagy bilen „Täze Asyryň“ syrlylygy güýç ýygnap, 80nji ýyllarda Şerli MakLeýn ýaly meşhur adamlar tarapyndan („Dancing in the dark“, we „Out on a Limb“) ýaýradyldy. Bu gün telewizorda özleriniň ruhy-ýolbaşçylary (arwah-jynlary) bilen öwünýän jadygoýleriň gatnaşmagyndaky tok-şoulary görmek endige öwrüldi diýen ýaly. Emma „Täze asyr“ hereketi käbir adamlarda diňe bir şol pursatdaky gyzyklanma bolman, bu tutuş bir filosofiýa bolup, özüne biznesde we pedagogikada , hatda dindarçylykda ýol açýar. Bu hereketiň ýygnagyna gatnaşyjylara has giň düşünmek maksady bilen, men golaýda iki 20 Gandaly döwýänçi talybymdan muňa gidip görmegini haýyş etdim, ol uniwersitetden iki kwartal aňyrda bolýardy. Oglanlar razylaşdylar, emma binanyň agzynda muňa girmek üçin 65 amerikan dollarynyň gerekdigini bildiler. Olar yzlaryna dolanyp gaýtmak islediler, emma iki sany adam gelip, olara iki petek berdi. „Bulary size mugt bermegimizi aýtdylar“ diýip, olar düşündirdiler. Geň galmak bilen meniň talyplarym petekleri alyp, binanyň içine girdiler. Soňra olar bu ýygnagy geçirýän ýolbaşçynyň adamlara meditasiýany öwredendigini gürrüň berdiler. Ol gatnaşýanlaryň her birinden öz gapdalyndan ruh-öňbaşçysynyň barýandygyny duýmagy sorapdyr. Gönükme şeýle sözler bilen gutarypdyr: „Indi ruh-ýolbaşçydan öz içiňize girmegini soraň“. Bu gürrüňi eşidip, men öz gulaklaryma zordan ynandym: Baýola uniwersitetinden bary-ýogy iki kwartal aňyrda şeýtan adamlaryň kalbyny ýesir alýar! Dünýäniň ikitaraplaýyn şekili Günbatar dünýä bu gün hakykaty iki derejede göz öňüne getirýär. Ýokarky dereje – akyl ýetirip bolmajak dünýä, ruh bilen ornaşan, diniň we mistikanyň üsti bilen tanalýan. Aşaky dereje – material dünýä, duýgy organlarynyň we ylmy barlaglaryň kömegi bilen empirik kabul etmeklikdir. Ikitaraplaýyn ylalaşyk ruhy dünýä bu hakyky dünýä hiç hili täsir etmeýär diýip çaklaýar. Hudaýlygy we psihologiýany birleşdirmäge köp synanyşyklar diňe Hudaýy hem-de heläk bolan we toba eden adamy kabul etmeklige esaslanandyr. Şeýtanyň işi we onuň arwah-jynlary hasaba alynmaýar. Hudaýyň we ruhy güýçleriň akyl ýetirip bolmaýan dünýäsi Din Galýan ortalyk Hakykaty duýgy taýdan kabul edýän tejribeli dünýä Ylym 2a surat Günbatarda kabul edilen bu sekulýar (dünýewi) garaýyş bütin dünýäniň üçden iki ilatynyň hakykata gündogar düşünjesini saklamagy bilen gös-göni garşylykda bolup durýar. Muňa laýyklykda adamyň gündelik Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. 21 durmuşyna ruhy güýçler täsir edýär. Bu adamlar hudaýlaryna parahatlyk gurbanlyklaryny berip, özlerine çekýärler we erbet ruhlary kowmak üçin däp-dessurlary berjaý edýärler. Üçünji dünýäniň ortaça adamy üçin, ylymdaky we tehnikadaky üstünliklere garanda, dini däp-dessurlar we yrymlar uly praktiki ähmiýete eýedir. Günbatar ruhunda terbiýelenen biz gündogara garanda biziň siwilizasiýamyz „has“ ösendigine esaslanyp, gündogar ugry ret etmek isleýäris. Emma Günbatar ýaly, Gündogar hem – Injil dünýägaraýşyny beýan etmeýän dünýä sistemalarydyr. Bu iki derejäniň arasynda d-r Pol Haýbertiň „Ýatdan çykarylan aralyk“ diýip atlandyran – Ýerde hereket edýän ruhy güýçleriň hakyky dünýäsi ýerleşýär. Biz „ýatdan çykarylan aralygy“ öz dünýägaraýşymyza goşmaga borçludyrys. Ikitaraplaýyn dünýägaraýşyň günbatar mesihilerine täsir edýändigini beýan etmek bilen men Di atly ýaş zenan hakynda gürrüň bermekçi, ol bir ruhanynyň gyzydy. Dide ýaýran skleroz keseliniň alamatlary ýüze çykypdyr. Bu hakda eşidip, men Diýe we onuň ene-atasyna çuňňur gynanç bildirip bardym. Maýybyň durmuşynda şatlyk az bolýar. Men Diýiň sagalmagy üçin dileg etmäge başladym, emma oňa ýene başga bir zat etmelidigim baradaky duýgy meni öz erkime goýmady. Birnäçe wagtdan soň maňa Di bilen ikiçäk gürleşmek mümkinçiligi boldy. – Sende keseliň ilkinji alamatlary haçan peýda boldy? – diýip, men gyzyklandym. – Ilkinji ýakymsyz duýgular men Rebbe wepaly bolmak üçin dileg edenimde ýüze çykdy – diýip, Di jogap berdi. – Bu dilegde esasy zat nämedi? – Men biraz gynanýardym, sebäbi men ene-atamyňky ýaly ruhy kämillige ýetip bilmändim. Şol gün men 2-Korintoslylaryň 12-nji baby boýunça dileg etdim, onda Pawlus bedenindäki tiken hakda aýdýar. Pawlus Hudaýyň gudratynyň ejizlikde kämilleşýändigini aýtdy, men hem şol gudratyň özümde peýda bolmagyny isledim. Şonuň üçin hem men Hudaýdan maňa bedenime tiken bermegini soradym. – Sen Hudaýdan bedeniňe tiken bermegini soradyňmy? – diýip, men geň galýandygymy gizlemäge çalyşdym. – Hawa. – A sen onuň nähili tikendigini bilýäňmi? – Mümkin, haýsydyr bir beden keseli, şeýle dälmi? – Onuň anyk nämedigi bize aýdylmaýar, emma muňa garamazdan, 22 Gandaly döwýänçi onuň „şeýtan perişdesidigini“ (2 Korintos. 12:7) anyk bilýäris, ýagny şeýtanyň iberen arwah-jyny. Pawlus ol hakda hiç haçan soramady. Mundan başga hem ol arwah-jyndan halas etmegi üçin Hudaýa üç gezek dileg etdi. Di, meniň göwnüme bolmasa, şeýtan seniň Mukaddes Ýazgydan ulanmadyk dilegiňden peýdalandy we saňa ýaýran skleroz iberdi. Men senden tutanýerlilik bilen haýyş edýän, kesel hakyndaky haýyşyňdan ýüz öwür we şeýtanyň täsirinden halas etmegi üçin Hudaýa dileg et. Di ylalaşdy, biz ikimiz bile dileg etdik. Gowulaşan alamatlar derrew bildirdi. Basym keseliň alamatlary doly gitdi diýen ýalydy we ol adaty durmuşa tarap öwrülmegi başardy. Dogry, birnäçe aýdan olar ýene-de dolandy, bu gezek men onuň bilen şeýtan täsirinden halas bolmagyň proseduralaryny doly geçirmeli boldum, bu hakda kitabyň üçünji bölüminde gürrüň berilýär. Häzir Di doly suratda azat. Atasynyň gyzynyň keseline bolan garaýşy, durmuşy ylym boýunça kabul edýän köp günbatar mesihileriniňki ýaly häsiýete mahsus boldy. „Diýiň keseliniň ruhy sebäpleriniň bardygy hakda men pikir hem etmeýärdim“ – diýip, ol boýun aldy. Şu sebäbe görä, köp adam Diýi şeýtan täsirinden halas bolmak arkaly däl-de, adaty ýol boýunça sagalan hasaplaýar. Ruhy dünýäniň material dünýä täsir edýändigini bize hiç kim öwretmedi, eneden doglalymyz bäri bize munuň tersine aýdýarlar. Köp mesihiler ruhy öz dünýägaraýyşlaryndan düýbünden aýyrýarlar, ýa-da öz durmuşlaryna ony täsir edip bilmeýän hasaplaýarlar. Olar islendik keselleriň alamatlarynyň, şol sanda arwah-jyn uranlaryň hem edil Didäki ýagdaý ýaly özüniň hakyky sebäbi bolmaly öýdýärler. Şeýdip, olar özlerini Hudaýyň güýjünden mahrum edýärler. Maddy we ruhy dünýäniň çatrygyndaky durmuş Mesihilik dünýägaraýşynyň esasynda biziň medeniýetimiz ýa-da şahsy tejribämiz däl-de, Mukaddes Ýazgy dur. Material dünýäde adatdan daşary ruhy güýçleriň hemişe hereket edýändigi Mukaddes Ýazgyda anyk aýdylýar. Mysal üçin, Markusyň Hoş Habarynda ýatlanylýan gutulyşlaryň dörtden bir bölegi – bu jynlary kowmak. Lukanyň Hoş Habarynda Isanyň bir aýalyň içinden «ejizlik ruhuny» kowandygy hakda aýdylýar, onuň keseliniň sebäbi 18 ýyllap içindedi (Luk 13:11, 12). Men şeýtan täsirinden halas bolanyndan soň, edil Di ýaly fiziki keselinden gutulyp giden köp adamlara duş geldim. Keseliň iň köp Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. 23 ýaýran alamaty, meniň duş gelen şu kesellerimdir – bu kelle agyry, baş aýlanmak we umumy ýarawsyzlyk. Ç. Fred Dikason „Arwah-jynyň eýelemegi we mesihilik“ kitabynda arwah-jynyň täsiri astynda ýaýran skleroz keselinden ejir çeken aýal hakynda gürrüň berýär.1 Dikasonyň beýan eden ýagdaýy maňa Di bilen geçiren tejribämi ýatladýar. Ol aýal arwah-jyn täsirinden azat bolandan soň, skleroz keseliniň alamatlary ýok bolupdyr. Birnäçe aýdan soň alamatlar ýene peýda bolanda, ol aýalyň özi ondan baş alyp çykypdyr. Men her bir keselli arwah-jyn bilen bagly diýip aýtmak islämok. Şeýle pikir etmek – dünýäniň hakyky tarapyndan aýrylyp, transsendent oblastyna gitmekdir. Emma men köp mesihileriň fiziki keselinden halas bolup bilmeýändigini, munuň hem sebäbi olaryň keseliniň özeni – ruhy taýdandygyna ynanýaryn. Isa bizi bu „dünýäde“ galdyrdy (Ýahýa 17:11), Ol muny „ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşy“ göreşmegimiz üçin etdi (Efesl. 6:12) – biz şeýle hakykatda ýaşaýarys. Ýerde adatdan daşary güýçler hereket edýär. Material dünýäde ýerleşýändigimize garamazdan biz ruhy söweşe gatnaşýarys. Ruhy we material dünýäniň arasynda hakykatda däl-de, diňe biziň dünýägaraýşymyzda aýdyň araçäk bar. Hudaýsyz ruhlulyk Soňky üç on ýyllykda Günbatarda dünýäde ylmy taýdan öwrenip bolmaýan we duýgy organlarynyň duýup bilmeýän bir zadyň barlygyna düşünip başladylar. Şunuň ýaly düşünjedäki ilkinji garaýyş mesihilere diňe kanagatlanarly bolup görünmegi mümkin, emma materialistik dün ýägaraýyşdaky lapykeç adamlar ornaşan dini formalardan hem köplenç närazy bolýarlar. Mesihe we Onuň ybadathanasyna üns bermegiň deregine, olar parapsihologiýanyň, holistiki medisinanyň, gündogar mis tikanyň we „Täze asyr“ hereketiniň birleşdiren köp sanly kultlaryň häzirki zaman geýmini geýnen okkultizm bilen ruhy boşlugy doldurýarlar. Hudaýa ýüz tutmazdan ruhy zerurlyklary kanagatlandyrmak synagynda hiç hili täzelik bolmaz. Özüniň ýerdäki gullugy wagtynda Mesih hemişe ýahudaçylygyň dünýewi düşünjesi bilen çaknyşdy, bu düşünje Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna bolan ynama däl-de, däp-dessur hormatyna esaslanypdyr. Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Isany Mesih hökmünde kabul etmediler, Onuň – özleriniň ruhy Halasgäridigine ynanmadylar. Olar özleriniň duşmany bu dünýäniň şasy bolup durýan şeýtan däl-de, Rimdir 24 Gandaly döwýänçi öýtdüler. Emma Reb keýsaryň däl-de, şeýtanyň işini ýok etmek üçin geldi (1 Ýahýa 3:8). Haçanda Mukaddes Söz jan – ten bolanda, Ol ruhy we material dünýäni bütewi edip birleşdirdi (Ýahýa 1:14). Bu gün hem, şol zamandaky ýaly, dünýewi dünýägaraýşyň merkezinde ynsanyýet „men“ ýerleşýär. Men mundan näme peýda görýärin? Kim maňa kömek eder? Özüme ýaraýan zady edýärin. Hatda mesihiler hem köplenç şahsy gedemligi we tekepbirligi bilen hereket edýärler. Resul Petrusyň durmuşyndan meşhur bir parça – adamda diňe özüni bilmeklik bilen Mesihiň hatyrasyna özüňden ýüz öwürmekligiň arasyndaky göreşiň ajaýyp nusgasydyr. Ol Isany Mesih we diri Hudaýyň Ogludygyny – esasy mesihiçilik hakykatyny – tassyklanyndan birnäçe minut geçenden soň, garaňkylyk güýçleriniň tarapynda bolýar (Matta 16:13‑23). Haçanda Isa Özüne Iýerusalimde garaşýan ejir çekmeler we ölüm hakda şägirtlerine wagyz edende, „Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykdy“ (22‑aýat). Isa oňa: „Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň“ diýip jogap berdi (23‑aýat). Şeýle wagyz birbada düşnüksiz bolup görner. Emma Halasgäriň sözi Petrusyň bermäge synanyşan maslahatynyň häsiýetini we durkuny doly suratlandyrýar. „Islendik bahany töläp, Özüňi halas et. Ten durmuşyňy halas etmegiň hatyrasyna mesihilik çagyryşy, egoistik bähbitleriň üçin borjuňy gurban et.“ Petrusyň maslahaty şeýtan tarapyndandy, sebäbi şeýtanyň baş maksady – adamlary tekepbirlik isleglerini amala aşyrmak ynsanyýet durmuşynyň maksadydyr diýip ynandyrmakdyr. Ynsan aslynyň duşmany gazaba münüp töhmet atýar: „Ähli adamlar ýüreginiň töründe – tekepbirdirler, her kesi satyn alyp bolýar. Käbiri beýlekä garanda uzagraga gider, emma ahyrsoňunda ählisi Hudaýyň islegini dälde, öz şahsy islegini amala aşyrmagy niýet ederler“. Bu – şeýtanyň ynamy, emma gynansagam köp mesihiler muny öz ýaşaýyş obrazynda berkidýärler. Şeýtana olary öz-özüne gulluk edýärler diýip yrmak başartdy, emma hakykatda olar dünýä, tene we şeýtana gulluk edýärler. Mesihilik dünýägaraýşyň esasynda gumanizm hem däl, özüňe „maňa“ gulluk etmek hem däl-de, başga bir zat ýatyr. Mesihiligiň esasynda – Mesihiň haçdaky gurbanlygy ýatyr. Diňe ol bizi esasy maksady – „ogurlap öldürmek, heläk etmek“ bolanyň gulçulygyndan halas edip biler (Ýahýa 10:10). Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. Mesihilik dünýägaraýşyň esaslary 25 Özüniň „hudaýlar ýaly“ bolup biljekdigi baradaky pikir adamlaryň arasynda ilki Adam atanyň kellesine gelipdir (Gelip çykyş 3:5). Bu şeýtan tarapyndan wagyz edilýän durmuşa dünýewi egoistik gatnaşygynyň özenidir. Adam atanyň sansyz köp nesilleri özleriniň hakyky hudaýlardyklaryna maýyl boldular we ynandylar. Şu günki „Täze Asyr“ hereketi bu pikiri bütin dünýä boýunça wagyz edýär. Muňa garamazdan Injil ýeke-täk Hudaýy, älem-jahany ýaradan Hudaýýaradyjydygyny tassyklaýar. Adam ata we onuň nesilleri hudaýlar däl. Biz Hudaý tarapyndan ýaradyldyk we Onsuz biziň dünýä inmegimiz mümkin däl. Adam ata diňe Hudaý onuň durmuşyna dirilik nepesini üfländen soň direldi. Adam atanyň janly bedeni we ruhy bardy, ýöne munuň bilen ol hudaý däldi. Hudaý Adam ata ýagşa we ýamana göz ýetirýän agajyň miwesinden datsa öljekdigini aýtdy. Şeýtan muňa garşy boldy, Hudaý Adam atany aldaýandygyny, eger gadagan edilen miweden iýse, Adam atanyň öňünde hudaý bolmak mümkinçiliginiň açyljakdygyny aýtdy. Adam ata şeýtana gulak asdy we miweden iýip öldi. Ol ilki fiziki taýdan däl-de, diňe ruhy taýdan öldi. Günä ony Hudaýdan aýra düşürdi we ol jennetden kowuldy. Adam atanyň döwründen bäri bu dünýäde dogulýan her bir adam fiziki taýdan diri, emma ruhy taýdan öli bolýar (Efes 2:1). Hudaýdan aýra düşendigi üçin, adamda durmuş üçin diňe fiziki serişdeler bilen pikir etmek mümkinçiligi bar. Şonuň üçin hem olaryň gözünde hudaýlyk saklanýar, olara tekepbirlik, Ýaradandan garaşsyz bolmak islegi ýolbaşçylyk edýär. „Men maksatlarymy özüm kesgitlärin, gerekli häsiýetlerimi özüm saýlap, özüm kämilleşdirerin we dogry hasaplaýşym ýaly ýaşaryn“ diýip, özüne ynamly adam aýdýar. Haçanda Petrus Isa haçdaky ölüminden ýüz öwürmegi teklip edeninde, ol hem şeýle usul bilen ýolbaşçylyk edipdi. Adamyň hudaýdygy baradaky şeýtanyň pikiri dünýewi dünýägaraýşyň esasynda ýatyr, şol bir wagtyň özünde hem ruhy taýdan halas bolmazlygyň baş sebäbi bolup durýar. Hudaý bolmaga synanyşýan adamyň betbagtlygy onuň munuň üçin ýeterlik güýjüniň ýoklugydyr. Ol başga maksat üçin ýaradylan, onda öz ykbalyny özi kesgitlemäge mümkinçilik ýok. Hatda günäsiz, ruhy taýdan diri Adam ata hem hudaý bolup bilmezdi, eýsem bu dünýä ruhy taýdan öli bolup dogulýanlar hakda näme aýtjak? „Täze Asyr“ hereketiniň wekilleriniň taglymatlaryna garamazdan, adamda hudaý bolmak mümkinçiligi bolmandyr, bolmaýar hem, bolmazam. 26 Gandaly döwýänçi Eger siz bu dünýäniň, teniň we şeýtanyň gulçulygynda ýaşamak islemeseňiz, ilki bilen dünýäniň dünýewi we egoistik garaýyşlaryndan ýüz öwürmeli. Bütin dünýä boýunça şeýtanyň we onuň wekilleriniň wagyz edýän dünýägaraýyşlarynyň deregine Isanyň dünýägaraýşyna orun bermeli, Ol Petrusy tekepbirlikde paş edeninden soň, muny Öz şägirtleri bilen eden söhbetdeşliginde beýan edýär: „Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler? Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer“ (Matta 16:24‑27). Mesihiň sözlerinde mesihilik dünýägaraýşynyň esasyny düzýän alty sany tabşyrygy görmek bolýar. Bularyň üsti bilen şeýtandan we onuň guran dühýä düzgünlerinden halas bolmak isleýänler ýolbaşçylyk etmeli. Haçda gazanylan ýeňşiň nurunda geziň, şonda siz dünýäniň garaňkylygynda ýitmersiňiz. Özüňi inkär et Özüňi inkär etmeklik haýsam bolsa bir ýalkanyşdan ýa-da lezzetden ýüz öwürmek düşünjesi däldir. Eger goýlan maksada ýetmäge päsgel berýän bolsa, islendik talyp, sportsmen ýa-da sektant ol ýa-da başga bir ýakymly işden ýüz öwürýär. Haçanda Isa özüňi inkär etmek barada aýdanda, biziň durmuşymyza Hudaýyň baş bolmagyna päsgel berýän bizdäki „meni“ göz öňünde tutupdy. Isa hiç haçan baş bolmak göreşine gatnaşmady, ol Onda ilkibaşdan bardy. Ol Hudaýyň tagtynda oturýar we merhemet bilen Öz gudratyny biziň bilen paýlaşmagy teklip edýär. Biz özümiziňki däl zatdan, esasan hem öz-özümize hudaý bolmak rolundan ýüz öwürýänçäk, hiç haçan öz-özümiz we Hudaý bilen ýaraşmarys, hiç haçan halas bolmarys. Hudaý bizi garaşly jandar edip ýaratdy we Onuň içimize guýan jany hökümdarlyk etmäge ukyply däl. Şonuň üçin hem biz ýa Hudaýa we Onuň patyşalygyna, ýa-da şeýtana we onuň patyşalygyna gulluk etmeli bolýarys. Özümizi inkär etmek bilen biz ähli zatda Hudaýyň başda bolmalydygyna Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. 27 göz ýetirýäris we Mesihde ruhy taýdan ýaşamaklyga mümkinçilik alýarys. Özüňi inkär etmeklik – ruhy halas bolmagyň iň zerur şertidir. Haçyny alyp, yzyma düşsün Biziň bütin ömrümize götermeli haçymyz – özümiziňki däl-de, Mesihiňkidir. Muňa garamazdan, bu haçyň bize gönüden-göni gatnaşygy bardyr, çünki biz Mesih bilen birlikde haça çüýlendik. Indi biz ýaşaman, eýsem, Mesih bizde ýaşaýar (Galat. 2:20). Haçdaky bitirilen iş biziň günälerimiziň bagyşlanmak mümkinçiligini berdi we biziň ruhy barlygymyzy üýtgetdi. Ölümi bize derek Mesihiň kabul edendigi üçin, biz bagyşlandyk; Onuň bilen bile ölendigimiz sebäpli, biz ölümden halas bolduk. Haçdaky ýeňşiň netijesinde biz aklandyk we mukaddeslendik. Öz haçymyzy alyp, yzyna düşmek, biziň her gün özümize däl-de, Hudaýa degişlidigimize düşünmegimizi aňladýar. Biz Reb Isa Mesihiň gany bilen Hudaý tarapyndan satyn alyndyk (1 Petrus 1:18, 19). Haçyňy almak – biziň şahsyýetimizi fiziki häsiýetler bilen däl-de, Hudaý bilen özara gatnaşygymyz esasynda kesgitlenýändigi hakyndaky hakykaty aňladýar. Biz Hudaýyň çagalary bolýarys (1 Ýahýa 3:1‑3), biziň durmuşymyzyň gözbaşy bolsa – Mesihiň Özüdir (Kol. 3:3, 4). Muňa düşünmek bilen biz şahsy egoistik maksatlar bilen ýaşamagymyzdan el çekýäris we her gün Gökdäki Atamyzyň şatlanmagy üçin hereket etmäge çalyşýarys. Biz özümiziň bolmadyk zadymyz bolmaga dyrjaşmaýarys, gaýtam, özümizde bar zatdan, bizi ahyrky hem hemişelik ýaradan Mesihden kanagatlanýarys. Biz Onuň özümizi aýratyn adamlar edip ýaradandygyny bilýäris. Mesihiň yzyna eýeriň „Meniň“ güýji bilen „menden“ dynmak synanyşygy – biderek çekilen zähmetdir. „Meni“ hiç haçan „men“ kowup bilmeýärin, sebäbi ynsan teni Hudaýa boýun egmän, Oňa degişli ýeri eýelemäge dyrjaşýar. „Menden“ halas bolmak üçin, biz Mukaddes Ruhuň ygtyýarynda bolmalydyrys, resul Pawlus bu hakda şeýle ýazýar: „Çünki biziň ölümli tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz – ýaşaýanlar Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys“. (2 Korintos. 4:11). Mesihi durmuşy kemsidilen hem gaýgyly ýaly görünýär, emma bu beýle däl. Hudaýy bilmek we gulak asyjy goýun ýaly Onuň yzyna 28 Gandaly döwýänçi düşmek hiç zat bilen deňäp bolmajak şatlykdyr (Ýahýa 10:27). Biz Hudaýyň Ruhunyň ygtyýaryndadygymyz üçin, goý, bu bizdäki „meniň“ agyryly ölümi bolsa-da, bu biziň Hudaýyň ogullary bolmak girewimizdir (Riml. 8:14). Biz Hudaýdan aýry ýaşamak üçin ýaradylmadyk. Haçanda biz diňe Oňa garaşly bolanymyzda we Mesihiň yzyna eýerenimizde, „Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini“ (Riml. 12:2) subut eder ýaly doly kämil we erkin bolýarys. Ýokarky durmuş üçin aşaky durmuşyňyzy gurban ediň Eger siz häzirki durmuşyňyzy goramak isleýän bolsaňyz, munuň bilen öz şahsyýetiňizi we wyždan duýgularyňyzy dünýewi ýol bilen amala aşyrsaňyz (öz maksadyňyz hökmünde baýlyga, şöhrata we şuňa meňzeş zatlara kowalaşmak), onda muny (durmuşyňyzy) ýitirersiňiz. Siz bu zatlara bu durmuşyň dowamynda eýelik edip bilýärsiňiz, emma öleniňizden soň olardan ömürlik mahrum bolarsyňyz. Mundan başga-da bu Ýerdäki zatlaryň yzyndan kowalamak bilen Mesihde özüňiziňki boljak köp zady ýitirýärsiňiz. Wagtlaýyn baýlyk bilen çäklenýän adam olardan başga zat almaýar we soňra olary-da ýitirýär. Emma başga dünýäniň baýlygyny gözleseňiz, Hudaý munuň bilen sizi sylaglar. Pawlus şuny göz öňünde tutupdy: „Beden maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr“ (1 Timot. 4:8). Baky ýaşaýyş gazanmak üçin dünýe baýlygynyň lezzetinden geçiň Mukaddes Ruhuň siziň durmuşyňyzda aýan eden miwesini bu dünýäniň haýsy bir maddy baýlygyna çalyşmaga razy bolardyňyzmy? Heýde Mesihe bolan ynamyňyz bilen gazanan söýgiňize, şatlygyňyza, rahatlygyňyza we sabyrlylygyňyza taý bolup biljek zat ýa-da pul baýlygy, ýa-da şöhrat barmyka? Biziň hemmämiz „Ýok“ diýäýmegimiz mümkin. Emma bu jogap biziň gündelik edýän hereketlerimiz bilen gabat gelýärmi? Biz öz güýjümizi, baýlygymyzy hem-de wagtymyzyň köpüsini nämä sarp edýäris? Ebedilik üçinmi ýa-da wagtlaýyn? Hudaýa alkyş aýdyp, Hudaýyň mynasyp ogly bolmagyň deregine köplenç günäli adamzadyň esasy maksady haýwan şatlygy bolup durýar. Isa bu hakda Özüniň wepaly dostlary Merýem we Marta bilen söhbet edipdi (Luka 10:38‑42). Isa Mesihiň myhman bolýan öýüniň eýesi Marta nahar taýýarlaýardy, emma şol bir wagtyň özünde bolsa Merýem Halasgäriň ýanynda oturyp, Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. 29 Ony ünsli diňleýärdi. Haçanda Marta bu dünýäniň aladasy bilen gümra bolup, Merýemi kömekleşmäge çagyranda, Reb ony saklap, Merýemiň ruhy baýlygy saýlandygyny aýtdy. Merýemiň tersine Marta maddy zady ruhy dünýäden ýokarda goýýardy. Adamyň kalbynyň „mendäki“ ýeňşi onuň ruhy dünýäni maddy dünýäden ýokarda goýmaklygyndadyr. Baky ýaşaýyş üçin pany dünýäden geç Mümkin ruhy kämilligiň beýik alamaty geljekki ýalkanyşyň hatyrasyna pany dünýäniň lezzetini inkär etmek ukyby bolup durýar. Ýewreýlere hatda şeýle okaýarys: „Musa ulalanda, Fyrownyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi. Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy“ (Ýewreýler 11:24‑26). Bu dünýäniň gymmatly hasaplaýan zadyna eýe bolandan, Hudaýyň çagalary diýlip atlandyrylmak ebedi gowudyr. Eger biz Mesihiň yzyna eýerenimizde ejir çekmeklige duçar hem bolsak, Hudaýyň bizi ebedi ýaşaýyşda ähli belabeterden halas etjekdigine we wagtlaýyn kynçylyklar üçin tölejekdigine ynanyp bilýäris. Şeýtanyň mesihileri azdyrmakdaky esasy hilesi olaryň hudaýdyklaryny aýtmakdan ybaratdyr. Ruhy ýesirlik siz şeýtanyň hilesine hakykat diýip ynanan pursatyňyzdan başlanýar we şoňa laýyklykda ýaşamaga başlaýarsyňyz. Şeýtan ähli güýji bilen siziň kalbyňyzda Hudaýa degişli orny eýelemäge çalyşýar. Her gezek siz Hudaýyň isleginiň garşysyna hereket edeniňizde, egoistik garaýyşlar bilen ýolbaşçylyk edeniňizde ýa-da ebedilik hem ruhy durmuşyň öňünde wagtlaýyn baýlyga hormat goýanyňyzda bu şeýtana başardýar. Bu dünýä adamyň diňe öz „menligine“ daýanmagyny isleýär, onuň ýüreginde Hudaýyň orun tutmagyna ýol bermeýär, ýogsam kanun boýunça ol Hudaýa degişlidir. Adamyň şeýle niýeti şeýtany begendirýär, sebäbi ol edil şuny ilkibaşdan adamyň ýüreginde ornaşdyrjak bolup dyrjaşdy. 3 Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar Orta ýaşlaryndaky zenan Lidiýanyň sözlerine görä ol hemişe durmuş kynçylygynda ýaşapdyr. Oňa ulular tarapyndan fiziki we ahlak taýdan berlen azarlar onuň çagalygyny zaýalapdyr. Bu ejirli ýatlamalar onda bu durmuşa we özüne bolan ters garaýyş döredipdir. Bu aýal bilen bolan ilkinji söhbetimizden soň mende, onuň özüne berýän bahasyny indi hiç hili gowulaşdyryp bolmaz diýen pikir döredi, sebäbi onuň özüne bolan pikiri şeýle bir garaňkydy we umytsyzdy. Özi hakynda gürrüň berýärkä Lidiýanyň ýüz keşbinde hiç hili duýgy alamatlary ýokdy, emma onuň sesinde welin, çykgynsyz ýagdaý duýulýardy. – Siz kim, Lidiýa? Özüňiz hakda nähili pikir edýärsiňiz? – diýip, men soradym. – Men erbet – diýip, ol durkuny üýtgetmän gaýtalady. – Mende düýbünden ýagşylyga ukyp ýok. Adamlar meniň betbagtlyk getirýändigimi aýdýarlar. Men bu dogrudan hem şeýle diýip pikir edýärin. – Siz erbet aýal däl – diýip, men garşy çykdym. – Hudaýyň çagasy nädip erbet bolup bilýär? Siz özüňizi Hudaýyň çagasy hasaplaýaňyzmy? Lidiýa tassyklap başyny kakdy. Şonda men stoluň üstündäki kagyzy aldym, onda Injilden Isa Mesihdäki mesihileri häsiýetlendirýän aýatlar ýazylandy. (Bu sanaw „Goşmaça kömek“ bölümine girizilen). Men muny Lidiýa uzadyp, şeýle diýdim: – Haýyş edýän, şu ýerde ýazylanlary daşyňyzdan okaň. Goý, bu çykgytlar Mesihde siziň kimdigiňizi ýatlatsyn. Lidiýa sandyraýan barmaklary bilen kagyzy aldy we gyryljak sesi bilen okamaga başlady: – „Siz ýe-ýeriň d-d-duzy…“ Birdenkä ol saklanyp, meniň gözlerime seretdi we ýaňsylamak bilen şeýle diýdi: Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 31 – Ýok, indi… sen ogul! Lidiýa ýaly pida bolanlaryň üsti bilen şeýtanyň aýan edýän ýigrenji şahsyýetini görmek hemişe örän ýakymsyzdyr. Emma men Isanyň adyna dileg etmek bilen hökümdarlygy öz üstüme aldym, sapaklar geçmek bilen Lidiýany ädimme-ädim halas bolmaklyga getirdim. Mesihde özüniň hakykatdan kimdigini görmek oňa başartdy. Rebbiň haçdaky bitiren işine göz ýetirmek bilen onuň öň çeken ejirlerine garanda häzirki şahsyýeti has gowy düzeldi, ol ruhy gandallary döwmek mümkinçiligini aldy we Hudaýyň çagasy hökmünde hakyky barlygyna laýyklykda ýaşamaga başlady. Meniň uzadan kagyzymy eline alanda, ondaky harplaryň ýitendigini ol soň gürrüň berdi. Kagyz jadylymyka? Ýok, ol adaty kagyzdy, tekst hem onda adaty syýa bilen ýazylandy. Emma onuň Lidiýa üçin etjek zady örän wajypdy. Şeýtan ony özüniň erbet hem hiç zada ýarawsyz aýaldygyna yrypdy, emma bu ýalandy. Lidiýanyň Mesihde kimdigi hakyndaky hakykatyň açylmazlygy üçin, şeýtan aýatlaryň okalmagyna çürt-kesik garşy boldy. Ýagtylygyň garaňkylygy ýok edişi ýaly, Hudaýyň hakykatynyň hem onuň aldawynyň üstüni açjakdygyny ol bilýärdi. Şeýtan söweşsiz ýeňilmek islemeýärdi. Mesihiň üsti bilen Hudaýyň siziň üçin eden işine we ol arkaly siziň nämä ýetendigiňize düşünmeklik we kabul etmek, ine, şeýtanyň gandalyndan halas bolmagyň esasy şudur. Biziň ýaşaýyş durmuşymyz gös-göni özümizi nähili bahalandyrýandygymyza baglydyr. Iru-giç her bir adam özi hakda nähili oýlanýandygyna laýyklykda ýaşamaga başlaýar. Biziň özümizi alyp barşymyz, durmuşdaky wakalara garaýşy myz, duýgularymyz, bularyň bary biziň özümize düşünşimiz we kabul edişimiz boýunça kesgitlenilýär. Eger siz özüňizi şeýtanyň alaçsyz pidasy hasaplasaňyz, onda onuň hilegärliginiň ýesirliginde ýaşamaly bolarsyňyz. Eger siz Hudaýyň ebedi söýýändigine we sizi Öz çagasy hökmünde kabul edýändigine ynansaňyz, onda siz Hudaýyň çagasy hökmünde ýaşarsyňyz. Bu bapda men Mesihdäki şahsyýetimiziň käbir möhüm häsiýetleri hakda jikme-jik gürrüň bermekçi. Siziň köpüňiz mümkin bu Injil hakykatyna eýýäm ynanýansyňyz, emma käbirleriňize muny kabul etmek gaty agyr, örän dini bolup görünýän bolmagy ahmal. Muňa garamazdan men bulary ünsli okamagyňyzy haýyş edýän, kitabyň göni praktiki bölümine geçmäň. Aşakda beýan edilen eseriň özeni ruhy ýesirlikden halas bolmagyňyz we Hudaýyň çagasy hökmünde ýaşap başlamagyňyz üçin örän zerurdyr. 32 Gandaly döwýänçi Mesihiniň aýratyn häsiýeti we Mesihdäki kämilligi baradaky mowzuklar örän wajypdygy üçin, men ýene bir gezek sizi muny „Garaňkylygyň üstünden gazanylan ýeňiş“ (Victory over Darkness) atly başga kitabym bilen bile okamaklyga çagyrýaryn. Siz ruhda hem tende dirisiňiz Siziň iki düzümden ybaratdygyňyzy aýtsa bolar: maddylygy we maddy dälligi. Siz fiziki bedene, maddy däl jana we ruha eýesiňiz. Jan pikir etmek, duýmak we saýlamak (aň, duýgy we isleg) ukyby arkaly, ruh bolsa – Hudaý bilen gepleşmek ukyby arkaly kesgitlenilýäýr. Beden jan bilen ruhuň birleşmeginde ýerleşýär, şonuň üçin hem fiziki taýdan janly bolýar. Siz Mesihe iman eden badyňyza, siziň janyňyz we ruhuňyz Hudaý bilen birleşikde ýerleşýär, bu size ruhy durmuşy berýär. Haçanda Hudaý Adamy ýaradanda ol ruhy hem fiziki taýdan diridi. Emma gazanan günäsiniň güýji bilen we onuň netijesinde ruhy ölüme sezewar bolansoň, her bir adam fiziki taýdan diri, ruhy taýdan bolsa öli dogulýar. Mesihe gelmezden öň siz Hudaýdan aýradyňyz, Onuň barlygy we akyl-paýhasy size el ýeterli däldi. Siz öz-özüňizi bir ýere jemlemek bilen Hudaýdan aýry ýaşamagy öwrendiňiz. Hudaýdan şunuň ýaly özboluşly aýry bolmaklyga Mukaddes Ýazgyda dünýewi diýilýär. Haçanda siz ýokardan dogulanyňyzda, siziň janyňyz hem, ruhuňyz hem Hudaý bilen birlikde ýaşaýar, şonda siz ruhda ýaşarsyňyz we günä gazanmazdan öňki Adama meňzeş bolarsyňyz. Efeslilere ýollanan hatda indi siziň Mesihde, Mesihiň sizde boljakdygy üznüksiz aýdylýar. Mesihiň bakydygy üçin, Ondan alan ruhy durmuşyňyz hem bakydyr. Ol eýýäm şu wagt sizde bar! Şeýtan her näçe sizi yryp hileler etse-de, „seni hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn“ diýip, söz beren Isany siziň ýüregiňizden alyp bilmeýär (Ýewreýler 13:5). Siz günälilikden mukaddeslige öwrüldiňiz Siz haçan hem bolsa bir wagt özlerini „günäli adamlar“ atlandyrýan mesihlere duşupmydyňyz? Siz özüňizi günäli atlandyrýarsyňyzmy? Eger siz özüňizi günäli hasaplaýan bolsaňyz, onda gelejekde hem günä edersiňiz. Ýogsa-da, günäliden ýene nämä garaşyp bolar? Siziň mesihi durmuşyňyz Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 33 doly adaty ýagdaýda bolup, mesihi dälleriň durmuşyndan tapawutlanmaz. Gaýgy-hasrat peýda bolar. Şeýtan Hudaýyň we adamlaryň öňündäki siziň günä duýgyňyzy güýçlendirmek üçin mundan peýdalanar, şeýle hem sizi ruhy ýeňlişiň çykalgasyzdygyna ynandyrar. Siz günäňizi toba edip, gelejekde ony gaýtalamazlyga çalyşýarsyňyz, emma siz özüňiziň diňe merhemet boýunça halas bolup, Isanyň ikinji gezek gelmegine garaşýan günälidigiňiz bilen ylalaşsaňyz, bu ýüregiňiziň töründe ýeňlişi aňladyp durar. Eýsem siz şeýle bolmaklyga sezewar edilenmi? Elbetde, ýok! Injildäki mesihiler günäli hasaplanmaýarlar. Olar özlerini merhemet boýunça halas bolan günäli hem hasaplamaýarlar. Olar üçin ulanylýan at başgaça: mukaddesler. Injil mukaddes mesihileriň käwagtlar günä etmekleriniň mümkindigini boýun alýar. Biz halas bolan (aklanan) pursatymyzda mukaddes bolýarys, mukaddeslik biziň her günki tejribämiz (saplan magymyz) bolup durýar. Saplanmak Hudaýyň biziň üçin eden işine we Mesihde özümiziň kimdigimize ynanmagymyzyň netijesinde bolup geçýär. Hudaýyň çagalary bolmaga dyrjaşmak hökman däl – bu biderek sapak, biziň eýýäm olardygymyza ynanmak gerek. Eger tersine bolsa, onda şeýtan üçin sizi Mesihe iman edeniňizden soň özüňiziň öňküden hiç hili tapawudyňyzyň ýokdugyna, siziň Hudaýa hem, adamlara hem gerekli däldigiňize yrmagyň hiç hili kynçylygy ýok. Günäli ýagdaýdan mukaddeslige geçmekdäki düýpli üýtgeşmelere bolan ynamy kabul etmek gerek, bu size her gün günäniň meýline we şeýtanyň çozuşyna garşy durmaga kömek eder. Siz – Hudaýlyk tebigata şäriksiňiz Efeslilere hat kitabynda Pawlus biziň Mesihe iman etmezimizden öňki ýagdaýymyzy suratlandyrýar: „Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz. Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk“ (Efesliler 2:1‑3). Mesihi kabul etmezimizden öň biz tebigatymyz boýunça günälidik, bu günäniň netijesi bolsa ölümdi (Hudaýdan aýra düşmek). Mundan başga-da, biz öz-özümize we şeýtana 34 Gandaly döwýänçi gulluk edýärdik. Emma Hudaýyň bizi halas edýän pursaty biziň aslymyz üýtgedi, şol pursatda biz „Hudaýlyk tebigata şärik“ bolduk (2 Petrus 1:4). Indi siz ten boýunça ýaşaman, Mesihde ornaşýarsyňyz. Öň siz günäli tebigatda bolduňyz, indi bolsa Mesihiň Hudaýlyk tebigatynyň şäriklerisiňiz. Siz – baky dälsiňiz we Hudaý barlygy dälsiňiz, emma Mesihiň Hudaýlyk tebigaty bilen ebedilik birleşen adamsyňyz. Pawlus bu hakda şeýle ýazýar: „Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr“ (2 Korintos. 5:17). Şeýtanyň biziň hiç hili üýtgemändigimize yrmagyna garamazdan, biz Mesihde – düýbünden başgadygymyza berk ynanmalydyrys. Iman etmezimizden öňki ýagdaýymyz Täze Ähtde „köne adam“ (ýagny köne „men“) diýlip atlandyrylýar. Halas bolan wagtymyz Hudaýdan aýra ýaşamaga çalyşýan we şol sebäpli günä edýän bizdäki köne „men“ öldi (Riml. 6:6) we Mesihe meňzeş, Hudaý bilen bile ýaşamaga çalyşýan täzesi peýda boldy (Galat. 2:20). Günä baglydygyňyzy ýok etmek üçin sizdäki köne „men“ ölmelidir. Täze adam bolmak bilen siz günäsiz bolmadyňyz (1 Ýahýa 1:8), emma sizdäki köne „meniň“ Mesih bilen haça çüýlenip, jaýlanandygy üçin, indi siz günä etmeli dälsiňiz (1 Ýahýa 2:1). Siz diňe Hudaýdan aýry hereket etmeli diýip, özbaşdak karary kabul edeniňizde günä edýärsiňiz. Siz teni we günäni ýeňip bilýärsiňiz Günä üçin ölmek bilen siz günäniň guly bolmakdan dyndyňyz, emma bu günäniň siziň üçin ýok bolup gidendigini aňlatmaýar. Günä öňküsi ýaly ýaşaýar, ol güýçli we maýyl ediji, emma onuň hökümdarlygynyň soňuna eýýäm palta uruldy (Riml 8:2). Şeýle hem sizdäki köne „men“, ýagny iman etmeziňizden öň Hudaýdan aýry ýaşamaga dyrjaşýan „men“ hem doly ölenok. Sizde köne endikler, türgenlikler, şahsy mätäçlikleriňi gyzyklandyrýan höwesler galýar. Özüňizdäki köne „meniň“ ýerleşişi ýaly, mundan beýläk siz „tende“ ýerleşmersiňiz, indi siz Mesihdesiňiz. Emma muňa garamazdan entek hem sizde „tene görä ýaşamak“ mümkinçiligi bar (Riml. 8:12, 13), siz Hudaýyň islegi boýunça däl-de, özüňiziň köne egoistik höwesleriňize laýyklykda hereket edýärsiňiz. Tenimizi haça çüýlemek – biziň borjumyzdyr (Riml. 8:13), biz Ruh boýunça hereket edip, onuň üsti bilen muny amala aşyrýarys (Galat. 5:16) we pikirimizi täzelemegine rugsat berýäris (Riml. 12:2). Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 35 Biz günä üçin öli bolsak-da, günä güýçli maýyl etmek bilen biziň indi Mesih üçin däl-de, özi üçin diridigimiz hakynda duýgy döretmegi mümkin. Muňa şeýle garşylyk görkezse bolar: günä baglylykda Mesih hakda näme dogry bolsa, biz hakda hem şol dogrudyr (Riml. 6:1‑11). Hudaý Ata Öz Ogluna „günäli teni kabul etmeklige“ (ýagny, günä bilen gatnaşykda bolmaklyga) ýol berdi, indiden bu ýana geçen, häzirki we geljekdäki – ähli günäler Onuň üstüne atyldy (2 Korintos. 5:21). Ol haça çüýlenende, biziň günälerimiz Ondady. Ol ölümden direlende bolsa, eýýäm Onda günä ýokdy. Haçanda Mesih Atasynyň ýanyna göterilende, Ol günäsizdi. Bu günki gün Ol Atasynyň sag tarapynda oturanda, edil öňküsi ýaly Ol hiç hili günäsiz. Biz hem gökde Mesih bilen bile oturýandygymyz üçin, biz hem günä üçin öldük. Haçanda biz Injilde ähte duş gelsek, ony ynam bilen kabul edýäris. Eger parzlary tapsak, olary berjaý edýäris. Rimlilere hat kitabynyň 6-njy babynyň sözleri: 1‑11 – aýatlar – bular parz däl-de, hökman ynanmaly hakykatdyr. Mesih günä üçin ölüdir, siziň hem Ondadygyňyz üçin, siz hem günä üçin öldüňiz. Eýýäm günä üçin ölüdigiňiz sebäpli, gelejekde siz onuň üçin ölmersiňiz, ýöne siz bu hakykata diňe ynanyp bilersiňiz. Men entek hem öňküleri ýaly günä üçin ölmäge çalyşýan köp mesihilere duşdum, munuň üçin olaryň durmuşy miwesiz hem gaýgyly, çünki olar öň ýerine ýetirilen işi etmäge çalyşýarlar. Rimlilere hat kitabynda (6:1‑11-de) işlikleriň öten zamanda ulanylyşyna üns beriň: Günä etmeklige ölen biz (meniň kursiwim – N. A.), „Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny“ (3‑aýat); Onuň bilen bile ölüme gömlendiris (4‑aýat); Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini bilýäris (6‑aýat); Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr (7‑aýat); Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza hem ynanýarys (8‑aýat). Ähli çykgytlar öten zamandadygy üçin, onda aýdylýan ähli zatlar eýýäm amala aşan. Bize diňe berjaý bolan zatlary ynam bilen kabul etmek galýar. 11‑aýatda biziň günä bilen gatnaşygymyzdaky häsiýetimiz delillen dirilýär: „Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň“. Günäde özüňizi öli duýýaňyzmy ýa-da ýok, bu wajyp däl, esasy zat özüňizi şeýle hasaplaň, çünki bu hakykatdan hem şeýle. Käwagt adamlar biderek pikir edýärler: „Günä üçin ölmek üçin näme etmeli?“ Ýeke-täk etmeli zady Mesih eýýäm Golgofda berjaý 36 Gandaly döwýänçi etdi. Eger biz hakykata ynansak we özümizi günäde öli hasaplasak, onda bu hökman biziň işimizde öz netijesini berer. Emma biz tejribäni ynamdan ýokarda goýsak, onda Mesihiň haçda gazanan azatlygyny hiç haçan doly tanamarys. Eger biz Rimlilere hat kitabynyň 6-babynyň ilkinji aýatlarynda (1‑11 aýatlar) nämä ynanmalydygyny bilen bolsak, onda indiki aýatlarda günä bilen nähili hereket etmelisi aýdyň bolýar. „Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň“ (12, 13‑aýatlar). Günä – bu rehimsiz hökümdar, öz goly astyndakylardan günälini boýun egmegi talap edýär. Siz günä üçin öli, emma öňküňiz ýaly bedeniňizi günä üçin bermek ukybyna eýesiňiz. Bedeniňizi günä gulluk etmäge bermelimi ýa-da dogrulyga, muny özüňiz çözmeli. Şeýtan islendik günäniň ilkinji gözbaşy bolup durýar, bu meselede hiç kime bitaraplyk pozisiýany eýelemäge ýol bermeýär. Aýdalyň, bir ruhany sizden mätäçlere iýmit äkitmek üçin maşynyňyzy ulanmaga rugsat soraýar, edil şol wagty bir jenaýatkär hem banky ýarmak üçin maşynyňyzy soraýar. Siz maşynyňyzy kime bererdiňiz? Sizde bu hakda hiç hili şübhe bolmaly däldir! Bedeniňiziň kime gulluk etmelidigini özüňiz çözmeli: Hudaýamy ýada şeýtana. Şonuň üçin hem Pawlus muny berk aýdyp geçýär: „Eý, doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr“ (Riml. 12:1). Mesihiň günäniň üstünden gazanan ýeňşi arkaly, sizde günäden halas bolmaklyga we onuň guly bolmaklygy bes etmäge doly mümkinçilik bar. Şonuň üçin siz öz ahyry ölmeli bedeniňize günä etmegine ýol bermezlik üçin jogapkärsiňiz. Siz günä hökümdarlygyndan halas bolup bilersiňiz Soňky abzasy okap: „Öz bedeniňiziň günä etmegine ýol bermäň diýip aýtmak aňsat“ diýmegiňiz mümkin. – Iň agyry özüňiň maýyl bolmagyňa ýol bermezlikdir. Men hemişe etmeli däl zady edýärin, etmeli zady bolsa edemok. Emma men günä bilen söweşiň nämedigini gowy bilýärin, sebäbi muňa özüm gatnaşdym. Resul Pawlus Rimlilere hat kitabynda (7:15‑25) Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 37 lapykeçlik duýgusyny beýan edýär, mümkin bu sizde hem bolýandyr. Aşakda men günäniň hökümdarlygyndan halas bolmaklygyň kadalaryny ýazyp beýan edýärin. Meniň söhbetdeşimiň ady Den. Den özünden günäniň zulmuny zyňyp taşlamak üçin ähli mümkinçilikleri edýär. Nil: Den, meniň pikirimçe, Mukaddes Ýazgydan häzir seniň başdan geçirýän kynçylygyňy suratlandyrýan ýerlerine seredip geçeli. „Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin“ (Rimliler 7:15). Bu suratlandyrma siziň üçin gabat gelýärmi? Den: Takyk. Hudaýyň dogry hasaplaýan zadyny men ýürekden ýerine ýetirmek isleýärin, emma kämahal düýbünden tersine edýärin. Nil: Siz mümkin 16‑aýat bilen ylalaşarsyňyz: „Eger-de islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny tassyklaýandyryn“. Den, beýan edilýän ýagdaýa näçe şahsyýet gatnaşýar? Den: Elbetde, diňe bir – „men“. Nil: Bir zatlary etmegi islemek, emma olary edip bilmezlik – bu örän ýakymsyz, şeýle dälmi? Siz bu meseläni çözmäge heý, synanyşdyňyzmy? Den: Käwagt men özümiň mesihidigime hem şübhelenýärin. Başgalarda mesihiçilik boýunça ýaşamak başa barýar, emma mende näme üçindir beýle däl. Men köplenç mesihi durmuşynda ýaşamagyň mümkindigine we Hudaýyň bardygyna ikirjeňlenýärin. Nil: Eger bu ýagdaýa diňe sen we Hudaý gatnaşýan bolsa, onda seniň gowşakdygyň üçin günä ýa Hudaýyň, ýa-da seniň üstüňe ýüklenerdi. Emma 17‑aýatda ýazylana seret: „Ýöne ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir“. Biziň bu ýagdaýymyzda näçe kişi gatnaşýar? Den: Iki, ýöne men hiç zada düşünmeýärin… 38 Gandaly döwýänçi Nil: Onda 18-nji aýady okap göreli, ol bize bu şekili aýdyňlaşdyrmaýarmyka: „Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn“. Den: Maňa bu aýat öňden bäri tanyş. Özümiň hiç zada ýarawsyzdygym bilen ylalaşmak maňa ilkibaşdan aňsatdy. Nil: Emma aýatda bu hakda aýdylmaýar. Hakykatda bolsa munuň tersine aýdylýar. Sizde ýaşaýan siziň özüňiz däl. Eger meniň barmagyma tiken çümen bolsa, onda mende ýaşaýan „erbetlik“ hut şol bolýar, aýatda şu hakda aýdylýar. Emma tiken – men däl. Şeýle hem „ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny“ diýlende, näme hakda gürrüň edilýänine üns ber, hatda meniň tenim bolmasa-da, meniň tenimde ýaşaýar. Eger bu göreşde gatnaşyjylar diňe özümiz diýip pikir etseňiz, onda bize ýeňiş gazanmak mümkin däl. Bu aýatlarda biziň tebigatymyzdan bolmadyk başga biriniň, günä bilen söweşimize gatnaşýan ikinji bir kişi hakda gürrüň edilýär. Görýäňmi, Den, biz dünýä inen badymyza günä üçin jeza çekýäris. Şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň biziň jezalarymyzyň dowam etmegi üçin ähli mümkinçilikleri edýändiklerini ynam bilen aýtsa bolar. Haçanda Hudaý bizi halas edende, şeýtan doly utuldy, emma bu onuň ylalaşandygyny we boýun egendigini aňlatmaýar. Indi ol bizi ähli güýji bilen günäniň hökümdarlygy astynda saklamaga çalyşýar. Şeýle hem onuň teniň üsti bilen hereket edýändigi bize mälimdir, biz halas bolanymyzdan soň hem tenden mahrum bolmadyk. Geliň, munuň yzyny okalyň we bu gapma-garşylygyň nämäni görkezýändigini bileliň. „Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin. Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir. Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar“ (19‑21 aýatlar). Den: siz özüňizde nämäniň ýaşaýandygyny bilýärsiňizmi? Den: Elbetde, günä we erbetlik. Eýsem ol mendäki günä dälmi? Haçanda men günä edenimde, özümi günäli duýýaryn! Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar Nil: Biziň, siziň we meniň – günä edýändigimize hiç hili şübhe ýok, emma biz „günäniň“ özi bolmaýarys. Erbetlik bizde bar, emma bu biziň tebigatymyzyň bir bölegi bolmaýar. Muňa garamazdan Pawlus biziň günälerimizi bagyşlamaýar, öň ol bize ölümli tenimizde günäniň höküm sürmezligi üçin jogapkärçilik hakda ýazypdy (Riml. 6:12). Käwagt sizde şeýle lapykeçlik bolup geçýärmi, nämedir bir zady döwmek ýa-da kimdir birini urmak isleýärsiňizmi? Den: Her gün diýen ýaly! Nil: Haçanda siz köşeşeniňizde, ýene özüňiziň mesihidigiňiz hakda oýlanýarsyňyz, şeýle dälmi? Den: Hut şeýle, men özümiň saklanyp bilmändigime gaty utanýaryn. Nil: Edil şu sikl 22-nji aýatda beýan edilen: „Hudaýyň kanunyn dan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn“. Haçanda biz hakykatda özümiziň kimdigimize laýyklykda hereket etmesek, Hudaý bilen birligimizi bozýandygymyz üçin Mukaddes Ruh derrew bizi paş edýär. Emma basym biziň hakyky tebigatymyz täzeden ýüze çykýar we biz ýene-de Hudaýa tarap gönükdirilýäris. Bu bize äri bilen sögüşen aýaly ýatladýar, ol mundan beýläk äri bilen ýaşamak islemeýär we aýrylyşmaga arza berýär. Soňra sowaýar we köşeşip, şeýle diýýär: „Men ony juda söýýärin we aýrylyşmak islemeýärin, emma başga çykalga ýok“. Bu „içki adamyň“ ýagny hakyky „meniň“ beýan etmegidir. 23-nji aýtda günä bilen tebigatyň söweşi hakda gürrüň edilýär: „Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär“. Eger bu aýata salgylansak, günä bilen söweş nirede bolup geçýär? Den: Aňda, pikirde. Nil: Hut şeýle. Eger şeýtana bu söweşe gatnaşýanyň ýeke-täk özüňizdigine sizi yrmak başartsa, onda siz günä üçin ýazygy ýa öz üstüňize, ýa-da Hudaýa ýüklemeli bolarsyňyz. Muny şeýle 39 40 Gandaly döwýänçi gurnamak mümkin: eger sizi it ýarsa, bu agyry üçin siz kimi günäkärlärdiňiz: özüňizimi ýa-da iti? Den: Iti. Men özümiň günä bilen söweşişim hakda gör kim bilen gepleşmedim, emma maňa hiç kim günäniň it ýaly agyry getirýändigini aýtmady. Nil: Elbetde. Şonuň üçin hem siz özüňizi günäkärleýärsiňiz. Gynansagam, köp mesihiler hemişe özlerini ýazgarýandyklary üçin ruhupes duýýarlar. Netijede olar Hudaýdan aýrylýarlar. Pawlus öz duýgularyny 24-nji aýatda beýan edipdir: „Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?“. Ol „men nähili erbet adam“ diýmeýär-de, „biçäre“ diýýär. Ol heläkçilige sezewar bolýar, sebäbi ol azat däl. Onuň dogry hereket etmeklige synanyşyklary şowsuz gutarýar. Ol: „Bu söweşde nähili ýeňiş gazanmaly?“ diýen soraga düşünmeýär. Munuň jogaby 25-nji aýatda ýerleşýär: „Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin“. Den: Men düşünip başladym öýdýän. Men ähli şowsuzlyklarda diňe özümi günäkärledim, emma Pawlus öz günälerini boýun alsa-da, olar üçin günäni öz üstüne almaýar. Ol günä bilen söweşmäge taýýar, emma olary etmekde özüni günäkärlemeýär. Mundan başga-da, ol günäden üstün çykmaga Isanyň güýç berjekdigine ynanýar. Nil: Siz munuň özenine dogry düşündiňiz. Özüňi ýazgarmagyň hiç hili peýdasy ýok, sebäbi „Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara häzir hiç hili iş kesme ýokdur“ (8:1). Akyl-paýhas ugrundaky söweşiň özenine düşünmek gerek, soňra öz „goşunyňyzyň“ gowşak ýerlerini anyklamaly, çünki munuň üsti bilen günä siziň durmuşyňyza aralaşyp bilýär. Onsoň umytsyz „ýerlerini“ berkitmeli, şeýdip günäden halas bolmaly. Bu Mesihde halas bolmakdyr. Siz öz paýhasyňyz ugrundaky söweşde ýeňiş gazanyp bilersiňiz Rimlilere hat kitabyna salgylansak, baş ruhy söweş aňda bolup geçýär (Riml. 7:23; 8:5‑7). Şoňa görä-de, biz ýeňiş gazanmak islesek, şeýtana aň- Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 41 pikirimizde garşy durmagymyz gerek. Pawlus Ikinji Korintoslylarda şeýle ýazýar: „Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünýewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris“ (2 Korintos. 10:3‑5). Siz Hudaýsyz ýaşan wagtyňyz, siziň aňyňyzda belli bir möçberdäki günäli endikler döredi. Siziň daş-töweregiňiz mesihi däller bilen gurşaldy, olar size Mesihden aýry pikirlenmegi we hereket etmegi öwretdiler, munuň netijesinde hem bu günäli endikler emele geldi. Haçanda siz Mesihe iman edeniňizde, gynansagam, bu endikler ýitip gitmediler, şonuň üçin hem siz sabyrlylyk bilen olardan günbe-günden dynmaly. Bu proses hökman günäniň üstünden ýeňiş getirer. Köne zatlar size hökümdarlyk etmez, çünki siz Mesihde täze mahluksyňyz (2 Korintos. 5:17). Ruhy (günäli) endiklerden halas bolmak prosedurasy hakynda kitabyň üçünji bölüminde beýan edilýär. Siz hemişe diňe Mesihe iman edeniňiz üçin, şeýtanyň kast etmeginden halas bolup bilýändiris öýtmäň. Şeýtan hemişe Hudaý we özüňiz hakyndaky ýalan pikirleri bilen sizi azdyrmaga synanyşar. Siz ähli güýjüňiz bilen oňa garşylyk görkezmelisiňiz; ýogsam siziň özüňizi alyp barşyňyza ol gözegçilik eder. Şeýtan hilegär. Ol gönümel barýan ýoldan gaçýar, sebäbi bu usul diňe örän tejribesiz adamlary azaşdyrmaga ukyply. Öz pikirlerine ynandyrmak üçin ol adamy olaryň diňe oňa ýa-da Hudaýa degişlidigini yrmaga çalyşýar. Şeýtan adamyň öz pikirlerine ynandyrmaga ukyplydygyny Mukaddes Ýazgyda aýdyň görüp bolýar: bu Dawut bilen (1-nji Ýyl ýazgylary 21:1), Ýahuda bilen (Ýahýa 13:2) we Hananýa bilen (Resul. Işl. 5:3) hem şeýle boldy. Şeýtanyň hileli usulyny meniň talyplarymyň biri bilen bolup geçen ýagdaýda görmek bolýar. Jeý meniň ofisime gelip, muny açyk boýun aldy: – D-r Anderson, mende bir näsazlyk bar. – Näme bolýar, Jeý? – Haçanda men okamaga başlanymda, meniň bilen geň zatlar bolup geçýär: men sandyrap başlaýaryn, ellerimiň öz-özi ýokary galýar, gözlerim gamaşýar. Bir söz bilen aýdanyňda okamak düýbünden mümkin däl. – Düşnükli. Maňa Reb bilen gatnaşyklaryň barada gürrüň ber. – Bu babatda mende hemme zat gül ýaly! – diýip, Jeý öwündi. 42 Gandaly döwýänçi – Anyk sen nämäni göz öňünde tutýarsyň? – Mysal üçin günortan nahary wagty gelende, men Hudaýdan nirede naharlanmalydygymy soraýaryn we aňymda naharhananyň adyny eşidýärin, hut şol ýere-de gidýärin. – Seniň ybadathana gatnaýşyň nähili? – Men her dynç güni Rebbiň görkezen ybadathanasyna gidýärin. Soňky üç hepdäniň dynç güni, Ol meniň mormanlaryň ybadathanasyna gitmegimi isledi. Jeý yhlas bilen Hudaýa gulak asmak isledi, emma „her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir etmegiň“ deregine (2 Korintos. 10:5), ol özüniň subýektiw isleglerini Hudaýdan gelýän ýaly kabul etdi. Bu şeýtana onuň durmuşyna aralaşmaga mümkinçilik berdi. Ine, onuň netijesi: Jeý birnäçe wagtlap seminarlarda doly derejede okamak mümkinçiliginden mahrum boldy. Azmaklyk meýlini ilkibaşdan ýatyrmak gerek. Hatda maýyl ediji pikirleri oýlanmak hem gadagan, ýogsam birnäçe wagtdan soň ol size gyzykly bolup görner, ýene birnäçe wagtdan bolsa siz muňa laýyklykda hereket edersiňiz. Günäni gaýtalamak endige öwrülýär, endik bolsa aňda günäli häsiýetleri döredýär, mundan soň siz indi edilen günä garşy durup bilmeýärsiňiz. Azmaklyk we pikiriň üstünden şeýtanyň gözegçiligi hakynda kitabyň ikinji bölüminde has giňden gürrüň ederis. Günäli endikleri ýok etmek üçin näme etmeli? Birinjiden, Injil taglymatlaryna oňat düşünmeli, ikinjiden, tejribeli maslahatçydan kömek soramaly. Käbir günäli endikler arwah-jynyň islegine boýun egmek ýa-da duzagyna düşmek bilen ruhy ýesirlige öwrülýärler. Mundan ejir çekýän adamlar Hudaýyň hakykatynyň üsti bilen şeýtanyň ýalançylygyndan halas bolmaklary gerek. Isa şeýle diýdi: „Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder“ (Ýahýa 8:32). Ruhy ýesirlikden halas bolmagyň ýoly kitabyň üçünji bölüminde beýan edilen. Onuň esasynda Hudaýyň Sözüniň hakykaty bar. Haçanda Tereza maňa kömek sorap ýüz tutanda, onuň arkasynda eýýäm birnäçe gezek özüne kast etmekdäki şowsuz synanyşyklarynyň yzy bardy, ol diýetologiýa klinikalarynda we psihiatriki keselhanalarynda bejergi alypdyr. Halas bolmak işimize biziň bary-ýogy üç sagat wagtymyz gitdi. Takmynan bir aýdan soň men ondan şu haty aldym: Mähriban Nil! Men size geçen aýda bahasyna ýetip bolmajak beren kömegiňiz üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ilkibaşda dilegimizden Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar 43 soň maňa hiç zat üýtgemedik ýaly göründi, onsoň meniň ýagdaýym umuman ruhy sebäpli däldir öýtdüm. Emma men ýalňyşypdyryn. Şol günden başlap mende bir gezek hem özüme zyýan etmek ýa-da zäherli iýmit ulanmak ýaly pikirler bolmady. Meniň üçin beýleki mesihileriň dileg edip başlan pursatyndan (özüme kast etmäge synanyşanymdan soň) özümiň sagalýan dygyma düşündim, ýöne siziň bilen duşuşygym hakykatdan hem meniň durmuşymy üýtgetdi. Bu gün men özümi doly erkin duýýaryn. Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri özüme kast etmäge synanyşmaýaryn. Bu bolsa iň hakyky gudrat! Tereza Kim Mesihde bolsa, ýeňiş hakykatdan hem mümkindigine düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Uruş dowam edýär, emma biz ýeňijiniň tarapynda. Biz Mesihde ýeňiş gazanarys! 4 Günäli perişde bilen göreş Deýzi meniň ilkinji şeýtan täsirinden halas bolmaga kömek edenlerimiň biridi. Bu 60-njy ýyllarda bolupdy, ol 26 ýaşyndady. Deýzi uniwersiteti gutaran badyna, onuň ene-atasy aýrylyşdy, bu onuň psihikasyna güýçli şikes ýetirdi. Geçen bäş ýylyň dowamynda oňa üç gezek paranoidal şizofren diýip diagnoz goýdular. Deýzi mesihidi we maňa kömek sorap ýüz tutdy. Meniň bilen gatnaşyp başlanyna üç hepde geçensoň, ol ahyrsoňy dogumlanyp, ýylanlar hakda gürrüň bermäge başlady. – Haçanda men ýatanymda, meniň düşegimde ýylanlar süýşüp başlaýarlar – diýip, ol boýun aldy. – Şeýle bolup başlanda, sen näme edýärsiň? – Men ejemiň ýanyna ylgaýaryn. Emma men ýeke galanymda, olar hemişe dolanyp gelýärler. – Men saňa näme etmelidigini maslahat bereýin – diýdim. – Indiki sapar olar ýene görünseler, gaty sesiň bilen: „Siziň ýok bolmagyňyzy Isanyň adyndan buýruk berýärin“ diý. – Men muny edip biljek däl, sebäbi men mesihi hökmünde muňa ýeterlik ösmedim – diýip, Deýzi garşy çykdy. – Mesihilik ösmegiň bu ýerde hiç hili ähmiýeti ýok – diýip, men garşy boldum. – Sen Mesihe bolan imanyň arkaly ygtyýarlyga eýesiň. Sen şeýtany edil men ýaly gitmäge mejbur edip bilersiň. Deýzi muny etmeli boljakdygyny göz öňüne getirip, ýüzüni kürşdirdi. – Bolýar, men synanyşyp göreýin – diýip, ol zordan razylaşdy. Bu ýagdaýy men şu wagt oňa sürgi ýagyny içmäge yran ýaly boldum. Deýzi indiki hepdede maňa jaň etdi. Trubkadan onuň şatlykly sesini eşitdim: – Ýylanlar ýitdiler! – Örän gowy! Näme üçin sen maňa şol bada jaň etmediň? – diýip, men soradym. Günäli perişde bilen göreş 45 – Men olar size-de gelip başlar öýdüp gorkdum. Indi men düşünýän, bu bir diňe ýalan zat eken. Birnäçe aýdan Deýzi şeýtan täsirinden bütinleý saplandy we biziň ybadathanamyzyň çagalar ýygnagynda işlemäge başlady. Eger onuň keseli diňe fiziologiki bozulmalar bilen ýüze çykan bolsa, ony bejermekde Isanyň adyndan ýylanlary kowmagyň kömek etmejekdigi aýdyňdy. Emma Deýzi ruhy keselden ejir çekýärdi, muny psihonewrologiýa keselhanasynda adaty bäş ýyllyk bejerginiň netijesiniň ýokdugy doly düşündirýär. Häzirki zaman dünýäde şeýtanyň we onuň arwah-jynlarynyň täsiri hakyndaky gürrüňe doly geçmezden öň, ruhy dünýäniň üstünden size Mesihde berlen hökümdarlygyňyza aýdyň düşünmegiňiz zerurdyr. Resul Ýakup şeýle ýazdy: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Emma siz oňa garşy durmasaňyz, ol gaçmagy pikir hem etmez. Eger siz gorkuda gözüňizi ýumsaňyz we sandyraýan sesiňiz bilen: „Hudaýym, bir zatlar et“ diýseňiz, onda erbet ruhlar munuň bilen saklanmaýarlar. Iman bilen Mesihde eýe bolan ygtyýarlyk düşünjäňize esaslanyp, siz şeýtana garşy berk durmalysyňyz. Mesihiň hökümdarlygynyň alamatlary Isanyň Öz şägirtlerini gulluga nähili taýýarlandygyna üns beriň: „Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady“ (Luka 9:1, 2). Isa şägirtleriniň Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edenlerinde we kesellileri sagaldanlarynda, şeýtan güýçleriniň olara garşy toplanjakdyklaryny bilýärdi. Hut şonuň üçin hem Isa olara arwah-jynlaryň üstünden hökümdarlyk berdi. Soňrak Ol wagyz etmek üçin 70 şägirdini ýollanda, olar şatlykly habar getirdiler: „Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar“ diýdiler (Luka 10:17). Isanyň bu 70 şägirdi öňden ruhy taýdan taýýarlykly bolup, gullukda arwah-jyn güýçlerinde biparh garamaly däldigine düşünýärdiler. Olar arwahlaryň Rebbe gürrüňsiz boýun bolýan dyklaryny görseler-de, olaryň üstündäki öz hökümdarlyklaryna, mümkin, biraz şübhelenendirler. Muňa garamazdan, şägirtler gorkudan üstün çykmagy başardylar we erbet ruhlaryň üstünden ajaýyp ýeňiş gazandylar. Emma welin, Isa olaryň täsin geň galmaklaryny köşeşdirdi: „Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar 46 Gandaly döwýänçi berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň“ (Luka 10:19, 20). Isa ýetmişleri wagyz etmek üçin iberdi, emma olar yzlaryna gelenlerinde diňe arwah-jynlary kowmak hakynda aýtdylar. „Arwah-jynlar bilen göreş – bu iň esasysy diýip pikir etmäň“ diýip, Ol garşylyk görkezdi. „Iň esasy zat, Hudaýyň Patyşalygy, Hudaýa gulluk etmekdir“. Örän möhüm duýduryş. Siz garaňkylyk patyşalygynyň üstünden hökümdarlyk etmegi öwrenýänçäňiz, ruhy azatlyk üçin özüňiz hakda ökde göreşiji bolmak höwesi dörär. Muňa üns bermegiňiz bilen Injilde siz diňe şeýtan hakyndaky taglymaty görüp başlarsyňyz, dünýäde bolsa diňe şeýtan güýçleriniň ýüze çykmagyny görersiňiz. Emma halas bolmak azaşmaklyga düşünmek bilen däl-de, diňe hakykat biliminiň üsti bilen amala aşýar. Eger siz Mesihe iman etmedik bolsaňyz we Hudaýyň çagasy bolmaýan bolsaňyz, onda sizde hiç hili hökümdarlyk bolmazdy. Näme edýändigiňizden öň özüňiziň kimdigiňize düşünmelisiňiz. Ýeňmek hukugy we ukyby Isa Öz şägirtlerine arwah-jynlaryň üstünden hökümdarlyk berşi ýaly, güýç hem berdi. Bu düşünjeleriň arasyndaky tapawut näme? Hökümdarlyk – bu edýän hereketiňe berlen hukuk. Polisiýanyň köçe hereketlerine gözegçilik etmäge hukugy bar, sebäbi hökümdarlyk alamaty üçin – aýratyn ýyldyzjyk dakynýar. Isa hem Öz şägirtlerine hökümdarlyk nyşanyny berdi. Bu – Onuň ady, munuň bilen şägirtler arwah-jynlary kowup bilýärler. Mesihiň şägirtleri bolmak bilen, olaryň ýerde, Gökde ähli ygtyýarlyk Berleniň adyndan hereket etmäge hukuklary bar (Matta 28:18). Başga bir tarapdan güýç – hereketi ýerine ýetirmek üçin ukyp. Sazlaýjynyň hereketi saklamaga hukugy bar, emma onda muny fiziki taýdan etmäge ukyby ýok. Eger ol öz güýjüne daýanyp, ýoly ýapmaga synanyşsa, maşynlar ony kakyp geçer. Emma muny etmäge hukugyňyň ýokdugyna garamazdan, ýoly 10 metrlik beton daşy bilen ýapsaň, hereket doly ýatar. Özüni sylaýan ýolbaşçy özüniň tabynlygyndakylardan berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin şol bir wagtyň özünde güýç hem ygtyýarlyk bermezden olardan jogapkärçilik soramaýar. Isa Öz şägirtleriniň öňünde Hudaýyň Patyşalygyny jar etmek üçin jogapkärçilik goýdy, şol bir wagtyň özünde hem olary erbet ruhlary ýeňmeklik üçin hökümdarlyk we güýç bilen üpjün etdi. Ýogsam arwah-jynlar şägirtlere boýun egmezdiler-de, Günäli perişde bilen göreş 47 Skewanyň ýedi ogluny edişleri ýaly, olary hem gaçyp gitmäge mejbur ederdiler (Res. Işl. 19). Arwah-jynlara garşy ikirjeňlenmek, erbet ruhlaryň özüňizden güýçlidigine ynanmak bilen siz Deýzi ýaly öz mesihi çagyrylyşyňyzda ýeterlik kämil däl ýaly görünmegiňiz mümkin. Hakykat Hudaýyň güýji bolmasa jynlary öz güýjüň bilen ýeňip bolmaýanlygyndan ybarat, siz muny etmäge Mesihde ukyplysyňyz. Ysraýyllar Jalutdan gorkdular we onuň bilen söweşmäge ýürek etmediler. Diňe Dawut batyrlanyp, şeýle diýdi: „Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz piliştli kim bolupdyr?“ (Şamuweliň 1-nji kitaby, 17:26). Dawut piliştliler bilen söweşip, ýeňiş gazandy. Bu oňa nädip başartdy? Ol Hudaý bilen deňäniňde Jalutyň – hiç zatdygyna düşündi, beýleki ysraýyllar Jaluty özleri bilen deňeşdirdiler we gorkudan üstün çykyp bilmediler. Ruhy garşydaşyň bilen duşuşanyňyzda, şuny ýatda saklaň: haçanda siz Isa bilen bolsaňyz, güýç hemişe siziň tarapyňyzdadyr. Adamlar köplenç meniň gara güýçler bilen göreşimdäki üstünliklerim bilimiň, çagyryşyň ýa-da aýratyn şahsy häsiýetleriň üsti bilen düşün dirilýändir öýdýärler. Emma bu düýbünden beýle däl. Kiçijik çaga-da, garry aýal-da ruhy çäklerde edil mendäki ýaly ygtyýarlyga eýedirler. Biz tene däl-de, Mesihe bil baglamalydyrys (Fil. 3:3). Boýun egmegi talap ediň Isanyň ady bilen jynlaryň özlerine boýun egmekleri şägirtler üçin hakyky ylham boldy (Luka 10:17). Grekçe asyl nusgada „boýun egmek“ sözi „hupotasso“ işligi bilen berlen, ol harby terminologiýasy bilen baglanyşykly. Bu işlik esgerleriň öz komandirlerine boýun boluşlary ýaly tabyn bolmagy aňladýar. Mümkin ilkinji şägirtler hem häzirki köp mesihiler ýaly azaşmaklyga ýol berendirler. Biz köplenç Hudaýyň Patyşalygy bilen şeýtanyň patyşalygyny garşylyklaýyn söweşýän iki häkimiýeti göz öňümize getirýäris. Iki patyşalyk hem gaty güýçli, biz bolsa olaryň arasyndaky söweş meýdanynda ýerleşýän ýalydyrys. Şeýle günler bolýar, bir gün Hudaý ýeňýär, bir gün şeýtan. Biz howsala düşüp, kimiň ýeňiş gazanjakdygyny aýdyp bilmeýäris. Wagyz etmekden dolanyp gelen şägirtler zatlaryň hakyky ýagdaýyny görmegi başardylar. Ruhy ygtyýarlyk – ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky ýaryş däl-de, buýruk bermek hukugydyr. Isa ýerde, gökde ähli ygtyýarlyga eýedir (Matta 28:18), şoňa görä şägirtlerine ony Özi 48 Gandaly döwýänçi beren bolsa, biz hem muňa eýediris (Luka 10:17). Biz Isa boýun egýäris, erbet ruhlar bolsa Onuň ady bilen bize boýun egýärler. Olar – ruhy iýerarhiýada aşaky basgançakdyr. Edil täze gelen esgeriň generala gämi hajathanalaryny arassalamagy buýurmaga hukugynyň bar bolşy ýaly, olaryň hem sizi ezmäge şo hili hukugy bardyr. Näme üçin garaňkylyk patyşalygy bu dünýä we mesihileriň durmuşyna şeýle güýçli täsir edip bilýär? Eger gysgaça aýtsak, esasy gürrüň ýalançylykdadyr. Şeýtan Hudaý tarapyndan ýeňlendir we Oňa hakykatda garşy çykyp bilmeýär, emma oňa hakyky ygtyýarlygy edinendigini size ynandyrmak başartsa, özünde aslynda bar bolşy ýaly siziň üstüňizden hökümdarlyk eder! Size garaňkylyk patyşalygynyň üstünden ygtyýarlyk berildi, emma siz muňa ynanmasaňyz, ol sizde bolmaz hem. Men güýçli jyn uran aýal bilen işleýän wagtym, jynlaryň üstünden berlen ygtyýarlygymyzyň hakykatyna göz ýetirdim. Biziň duşuşygymyzyň birinde ol duýdansyz oturgyjyndan turup, haýbat atyp, maňa tarap ýöredi. Munuň örän daýaw aýaldygyny aýtmak gerek, şol pursat men biziň söweşimiziň adamlara garşy däldigine begendim, ýogsam maňa gaty erbet boljakdy. Men garşylyk görkezmäniň fiziki usulyndan peýdalanman, onda ornaşan erbet ruha ýüzlendim (şol wagt aýal özüne-özi gözegçilik etmeýärdi), men Ýahýanyň birinji hatyna (5:18) esaslanyp, şu sözleri aýtdym: „Men Hudaýyň çagasy, şeýtan maňa el gatyp bilmez. Men saňa oturmagy buýurýaryn“. Ol dikilen gazyk ýaly bolup durdy, soň öz ýerine dolandy. Men Mesihdäki öz ygtyýarlygymdan peýdalanman, gorkynyň hereket etmegine ýol beren bolsam, onda fiziki urgudan gaçyp gutulyp bolmazdy. Emma men ygtyýarlyk bilen güýji bolmadyk arwah gozgalaňynyň soňuna nokat goýdum we proseduralaryň üsti bilen bu aýaly gutarnykly halas bolmaklyga getirdim. Bu ýagdaý mesihiniň gorkaklygyna daýanyp, arwahyň salan howpunyň mysalydyr. Biz özümize erk etmek (saklanmaklyk) bilen şeýtana garşy durmalydyrys, bu bolsa Mukaddes Ruhuň miwesi bolup durýar (Galat. 5:23) we Mesihe bolan ynamymyzyň netijesidir. Fiziki garşy durmakdan gaçmalydyrys, sebäbi söweş ýaragymyz – dünýewi däldir (2 Korintos. 10:4). Häzirki zaman dünýäsinde Isanyň ygtyýarlygy we güýji Häzir siz şunuň ýaly pikir edýän bolmagyňyz mümkin: „On iki we ýetmiş şägirdine ygtyýarlygy Isanyň Özi berdi, bu bir iş. Emma bu häzirki Günäli perişde bilen göreş 49 zamanda ýaşaýan biz – başga bir iş. Biz hem hut Mesihiň Özüniň gulluga iberen adamlaryndaky ýaly ruhy ygtyýarlyga dawa edip bilýärismi?“ Gürrüňsiz! Mundan başga-da, Mesihiň ölmegi, direlmegi we göge göterilmegi, onuň netijesinde Mukaddes Ruhuň guýulmagy arkaly hatda iň ilkinji şägirtlere garanda hem has beýik ruhy güýçlere eýediris. Olar Mesih bilen boldular (Mar. 3:14, 15), biz bolsa Mesihde ýaşaýarys. Bu hakda Pawlus efeslileriň ybadathanasyna ýazan hatynyň ilkinji setirlerinde ýazýar. Biziň iman boýunça Mesihe satyn alnandygymyz hakda onuň näçe gezekler aýdandygyna üns beriň (kursiw goşulan): Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun! Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady (3, 4 aýatlar). Bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi. Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda, biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris (6‑8 aýatlar). Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy. Bu taslama görä, wagty dolanda, Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer (9, 10 aýatlar). Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip, Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk. Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda möhürlendiňiz (11‑13 aýatlar). Pawlus okyjylaryň hiç haýsynyň pikirinden bularyň sypyp gaçmazlygyny isledi, şonuň üçin hem ol biziň eýeçilik edýän zatlarymyzyň barysy – bu direlen Mesih hem Onuň Mukaddes Ruhy bilen biziň aramyzdaky gurnalan ýakyn şahsy gatnaşygymyzyň netijesidir diýip, birnäçe gezek belläp geçdi. Iman boýunça Mesihde biziň eýeleýän baýlygymyzy görkezmek bilen, resul mesihiler üçin çyn ýürekden dileg edýär: „Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan söýgüňizi eşidelim bäri, siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dogalarymda ýatlaýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly 50 Gandaly döwýänçi Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip doga edýärin. Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukad deslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin. Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir“ (Efesl. 1:15‑20). Näme üçin Pawlus biziň ýüregimiziň gözleriniň aýdyňlaşmagy üçin dileg edýär? Biziň betbagtlygymyz Mesihde bir zatdan mahrum bolmagymyz däl-de, iman boýunça Onda nämä eýedigimizi bilmezligimiz we düşünmezligimizdir. Eger biz görmeýän, düşünmeýän bolsak, onda Mesih arkaly hukukly bolan azatlygyny duýup, doly derejeli durmuşynda ýaşap bilmeýäris. Kynçylyk göklerde oturan Mesihiň „häkimiýet güýçlerinden“ ulanmaga hakymyzyň ýoklugynda däl-de, özümiziň şahsy ýalňyşlygymyzyň bolany üçin muny berjaý etmeýänligimizdedir. Biz Mesihiň garaňkylyk patyşalygynyň üstündäki ygtyýarlygyndan aktiw ulanýançak, ruhy ýesirlikde galarys. Mesihiň ygtyýarlygynyň çäksizligi Bu hatyň birinji babynyň 19‑23‑aýatlarynda Pawlus biziň Mesihdäki ygtyýarlygymyzyň gözbaşyny suratlandyrýar. Ol bu gözbaşdan akýan güýjüň Isanyň ölümden direldip, Ony Atanyň sag gapdalynda oturdandygyny görkezýär. Bu gözbaşyň üýtgeşik güýjüni beýan etmek üçin Pawlus dört grek sözüni ulanýar: gudratlylyk (dunamis), hereket (energeia), hökümdarlyk (kratos), güýç (ischuos). Isa Mesihiň direlmegi Hudaýyň Sözünde ýazylyşy ýaly Hudaýyň iň gudratly işi bolup durýar. Indi Isany direlden we şeýtany ýeňen şol güýç, erbetlik bilen göreşmäge her bir mesihi üçin elýeterlidir. Pawlus Mesihiň ygtyýarlygynyň çäksizdigini bilmegimizi isleýär: „Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir“ (Efesl. 1:21). Islendik ähmiýetli syýasatçyny, iň güýçli harby ýolbaşçyny, iň howply terroristi ýa-da mafiozy göz öňüne getirip görüň. Halkyň içinde howp salan taryhdaky beýik şahsyýetleri ýada salyň. Şeýtan hakynda we onuň baş bolmagynda ýygnanan ähli garaňkylyk ruhlary barada pikir ediň. Bularyň hemmesiniň üstünden olar üçin Günäli perişde bilen göreş 51 ýeňilmez Mesih otyr. Onuň hökümdarlygy olaryňka garanda soňsuzdyr. Garaňkylyk täsirinden halas bolmagymyz üçin, Ol ony bize berýär. Men özümize ähli keselleriň üstünden ygtyýarlyk berlendigini tassyk lamaýaryn. Bu ygtyýarlygy resullar edinipdiler. Biz ruhy keselleriň üstünden hökümdarlyk edýäris. Bakteriýalaryň we wiruslaryň üsti bilen dörän keselleriň üstünden hökümdarlyk etmek mümkinçiligi gaty jedellidir. Görşüňiz ýaly, biziň ygtyýarlygymyz ruhy sferalar bilen çäklendirilen. Ygtyýarlygy gowşurma Pawlus indi mesihileriň ygtyýarlygy Mesihden alýandygy baradaky möhüm hakykaty gürrüň berýär (1:19). Bu nähili bolup geçýär? Pawlus muny eýýäm görkezipdi, ýagny ygtyýarlygyň we güýjüň gelmekdäki esasy hadysasy haçanda Hudaý Mesihi ölümden direldip, Ony gökde ähli atlardan ýokarda oturdanda bolup geçdi (1:19‑21). Mundan soň ol adamyň halas bolmazyndan öňki günäli ýagdaýy barada atalyk belliklerini edýär (2:1‑3). Onsoň Pawlus gös-göni biziň Mesihden alýan ygtýarlygymyzyň mowzugyna ýüzlenýär: „Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin, ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz. … Mesih Isada bizi Onuň bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy“ (Efes 2:4‑5, 7). Pawlus Mesihiň ölümden direlmegi (1:20) mesihileriň ruhy ölümden direlmegini aňladýandygyny görkezmek isledi. Biz „Mesih bilen“ bilelikde direldik (2:5, 7). Mesihiň ölümden direlmegi we biziň ruhy Direlişimiz – ikisi bir wagtda bolan wakadyr. Çünki baş (Mesih) we beden (Onuň Ybadathanasy) bir wagtda direlendigi logika laýyk ahyryn. Mundan başga-da, Mesihe doly ygtyýarlylygyň gowşurylmagy we Onuň Atasynyň sagynda oturmagy (Efes 1:20, 21) bize hem munuň berlendigini aňladýar, çünki biz – „Mesih bilendiris“ (2:5). Bularyň bary anyk taryhy Direliş pursaty amala aşandan soň mümkin boldy (takm. b.e. 29-njy ý.). Biz „ýazyklarymyz sebäpli ölüdik“ (2:5), emma Mesihi kabul eden pursatymyzdan Hudaý bize hemme zady, 2000 ýyl bäri adamzada degişli peşgeşi berdi. Hudaýyň çagalary diýlip atlandyrylmak we ruhlaryň üstünden hökümdarlyk etmek hukuklaryna kem-kemden ýa-da soňra eýe bolmaýarsyňyz, çünki bularyň bary eýýäm size bu gün 52 Gandaly döwýänçi degişlidir. Häziriň özünde siz Hudaýyň diri ruhy çagalarysyňyz. Edil şu wagt siz Mesih bilen gökde oturýarsyňyz. Edil şu wagt siz garaňkylyk patyşalygynyň üstünden ähli ygtyýarlyga eýesiňiz. Pawlus bu hakda başga bir hatynda, Koloselilerde hem ýazdy: „Siz hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige gowşansyňyz“ (Kolos. 2:10). Mesihileriň kämillige gowuşmaklaryna üns beriň, bu amala aşan hakykat. Bu haçan bolup geçdi? Isa Mesihiň ölmeginiň, direlmeginiň we göge galmagynyň prosesinde bolup geçdi. Eger Mesih ähli ruhy hökümdarlygyň we häkimiýetleriň başy bolýan bolsa, biz hem Onuň bilen bile gökde oturýarys, onda biz hem bu ygtyýarlygy ulanmaga hukuk alýarys. Koloselilere hat kitabynda Pawlus Mesihiň ölüminiň, direlmeginiň we göge galmagynyň netijesinde ýene bir möhüm zady görkezýär: „Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi“ (15‑aýat). 2000 ýyl mundan öň Halasgär bizi diňe bir direltmän, eýsem şeýtanyň elinden ýaragyny hem aldy. Şeýtanyň ýeňilmegi gelejegiň işi däl-de, amala aşan hakykatdyr. Şeýle sorag ýüze çykýar: eger Mesih şeýtanyň elinden ýaragyny alan bolsa, onda näme üçin şeýtanyň üstünden gazanýan üstünligimiz doly ýeterlik däl? Ýene-de şu sözi ýatlamaly bolýarys: ýalan. Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ejizlere howp salýandyr. Hakykatda bolsa ol gyýakdan hem, dyrnakdan hem mahrum bolandyr. Şeýle bolsa-da eger oňa sizi yzyňyza öwürmäge yrmak başartsa, onda ol sizi dolandyryp biler, ýagny isleýän maksadyna ýeter. Ol sizi diňe aldaw ýoly bilen ýeňip biler. Mesihdäki mesihilere garaňkylyk güýçleriniň üstünden berilmeli ygtyýarlygyň hakyky maksady bu dünýäniň üstünden kimiň hökümdarlyk edýändigini görkezmekden ybaratdyr. Efeslilere hatda Pawlus indi şeýle ýazýar: „Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme, bar zatlary Isa Mesih arkaly ýaradan Hudaýdaky ezelden gizlin syryň nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrma merhemeti ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolan maňa berildi. Bu – Hudaýyň köp taraply akyldarlygy, Onuň başlangyçdan Rebbimiz Isa Mesihde edinen maksadyna görä, imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde bolan hökümdarlara, ygtyýarlara bildiriljek bolup edildi“ (3:8‑11). Mesihde gazanan ýeňşimizi „hökümdarlara we ygtyýarlara bildirmek“ bize başardýarmy? Köp gatnaşyklarda gaty bir beýle däldigi düşnüklidir. Biziň köpimiz öňkimiz ýaly arwah-jynlaryň we olaryň hökümdarynyň, ygtyýarynyň bardygyna ynanmaýarys. Eger biz garaňkylyk patyşalygynyň Günäli perişde bilen göreş 53 bardygyna ynanmasak, ýogsam Hudaýyň Sözi hem ol hakda aýdýar, onda bu dünýäde öz rolumyzy nädip ýerine ýetirip bileris? Köp kişi şeýtanyň öňünde gorkudan basylyp, kömek sorap, Hudaýy çagyrýarlar. Hudaý muňa jogap berýär, Ol bizi şeýtandan goramak üçin ähli zady etdi – garaňkylyk patyşalygynyň üstündäki ähli hökümdarlygy Mesihde mekan tutanlara geçirdi. Diňe gözüňi açyp seretmek we zatlaryň hakyky ýagdaýyny görmek galdy. Öz mümkinçilikleriňe ser salyp, alan ygtyýarlygyňy durmuşda ulanmaga başlamaly. Ygtyýarlyk etmäge sizde ähli zerur zatlar barmy? Ruhy ygtyýarlygy peýdaly ulanmak üçin näme etmeli? Mesihiniň garaňkylyk güýçleriniň üstündäki ygtyýarlygy onuň ruhy kämilligine baglymy? Eger ýok bolsa, onda näme üçin erbet güýçleriň üstünden garaýan ygtyýarlygymyz özümiziň isleýşimiz ýaly aýdyň däl? Ruhy dünýäniň hökümdarlarynyň we ygtyýarlarynyň üstünden garaýan biziň ygtyýarymyzyň peýdaly bolmagy azyndan dört şerte baglymyka diýýän. 1. Ynanmaklyk. Ömründe birinji gezek köçä çykyp, ýol hereketini dolandyrmaly ýaş awtoinspektory göz öňüne getiriň. Ol okaýan döwri gözegçiden diňe dogry yşarat etmek talap edilýändigi we sürüjiler hem oňa doly boýun egjekdigi hakynda köp gezek eşidipdi. Emma ýokary tizlikde barýan maşynlary görende, täze işgär aljyraýar – görkezýän yşaratlary ynamsyz bolýar, jürlewüginiň sesi zordan eşidilýär. Maşynlar golaýdan geçseler-de, ony görmeýän ýaly. Şeýle gözegçiniň ygtyýarlygy onuň ynamsyzlygy gowşadýar. Tejribeli professional adam işe başlanda, hemme zat başgaça görünýär. Ol ýagdaýa ünsli baha berýär we ynam bilen ýoluň ortasyna çykyp, jürlewügini çalýar, elini galdyrýar, sürüjiler şol pursatda onuň görkezmelerini ýerine ýetirýärler. Ol maşyn akymyndan baş alyp çykjakdygyna ýekeje-de şübhelenmeýär, sebäbi ol öz ygtyýarlygyna doly ynanýar. Ruhy dünýäde ýagdaý şunuň ýalydyr: eger siz öz ygtyýarlygyňyza ynanmasaňyz, onda size ony ulanmak başartmaz. Eger siziň ynamyňyz gowşak bolsa, onda oňa garaýşyňyz hem gowşak we ynamsyz bolar. Eger siz Mesihiň özüňize beren ygtyýarlygyny aýgytly ulansaňyz, onda bu zerur hereketiň netijesini berer. Bir ýaşlar ruhanysy bilen örän gyzykly waka bolup geçdi, ol garaňkylyk 54 Gandaly döwýänçi güýçleriniň üstünden berlen ygtyýarlygyna öz ynamyny barlap gördi. Ol öz ýaş hossarlyk edilýänleriniň biriniňkide myhmançylykda boldy we otagda erbet ruhuň bardygyny duýdy. Ene-atalar öýde ýokdy. Onuň gelen bu maşgalasy mesihidi, emma uly dogany günäde ýaşaýardy (ýalan sözleýärdi). Ruhany maňa jaň etmegi ýüregine düwdi. – D-r Anderson, men toparymyzdan bir oglan bilen otagda otyrdyk, onuň gyz jigisi hem bardy. Ine, birdenkä arwah-jynyň bardygyny duýduk. Biz gorkduk we beýleki otaglary hem barlamak kararyna geldik. Bir otagda gyzgynlyk beýlekilere garanda 20 gradus aşakdy. Men bu ýerde bir zadyň näsazdygyna derrew düşündim. – Onsoň sen näme etdiň? – diýip, men soradym. – Men gaty ses bilen: „Bolýar, men seniň bu ýerdedigiňi bilýärin. Bize görün“ diýdim. Birdenkä diwarda duran surat 90 gradus tersine öwrüldi. Mundan soň men gowusy size jaň etmegi ýüregime düwdüm. Näme üçin meniň ýaş dostumyň arwahlaryň üstünden berlen ygtyýar lygyna ynamy gowşadyka. Şunuň ýaly haçan hem bolsa siz erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz çaknyşmaly bolsaňyz, onda olaryň üstünden berlen ygtyýar lygyňyzy ulanmagy başarmalysyňyz. Siz ony Isanyň ady bilen ýeňmelisiňiz. Ertesi güni men bu maşgala bilen duşuşdym, şol sanda ýaş ýigit bilen hem, onuň ýalançylygy erbet ruhlara öýüň gapysyny açypdy. Biz dileg etdik, şondan soň maşgalanyň başy hökmünde öýde ruhy ygtyýarlygy kakasy öz eline aldy. Mundan iki gün soň, öýde erbet ruhlaryň hiç hili alamaty bolmady. Üçünji gün duşman mümkin maşgalanyň ruhy ygtyýarlygyna bolan ynamyny synap görmegi karar edendir. Kiçi gyzy ýarygije oýandy we gapynyň aşagyndan gelýän üýtgeşik yşygy gördi. Ol ene-atasynyň ýanyna gaçmak isledi, emma gapyny açmaga gorkdy. Soňra birnäçe gün mundan öň biziň eden dilegimiz ýadyna düşdi, ol öz ynamyndan peýdalandy we gapyny açdy. Ýagtylyk derrew ýok boldy we gaýdyp dolanmady. Mümkin siz özüňizi „täze başlan“ mesihi saýýan bolmagyňyz ahmal, garaňkylyk güýçlerine buýruk bermek agyrdyr. Şeýle ýagdaýda ýatda saklaň, Isa – bu erbetlik bilen söweşde iň tejribeli Urşujydyr we siz Onda ýaşaýarsyňyz. Erbet ruhlaryň üstünden berlen ygtyýarlygyňyza bolan ynamyňyzy berkidiň, Hoş Habarlarda bize berlişi ýaly olar bilen söweşmek endiklerini öwreniň. 2. Boýun egmeklik. Boýun egmeklik ähli gatnaşyklarda özüňi mynasyp däl hasaplamagy aňlatmaýar. Men boýun egmekligi hem diňe dogry Günäli perişde bilen göreş 55 düşünmek bilen ynamlylyk hasaplaýaryn. Meselem, garaňkylyk güýçleriniň üstünden öz ygtyýarlygyňy boýun egmeklik bilen ulanmak, onuň bize Mesihiň üsti bilen berlendigine düşünmekligi aňladýar, biziň özümiz ony eýeläp bilmeýäris. Isa Öz ygtyarlygyny ulanmakda utanmady, emma muny boýun egmek bilen etdi, hemişe Atanyň islegi boýunça hereket etdi. Tekepbir adam şeýle pikir edýär: „Meniň özüm şeýtana garşy durýaryn“. Ýalan boýun egmeklige eýe bolan adam başgaça oýlanýar: „Şeýtana garşy duran bu Hudaýdyr. Men hiç zat etmedim“. Hakyky boýun egýän adam şeýle pikir edýär: „Men şeýtana Hudaýyň merhemeti boýunça garşy durdym“. Mesihsiz biz hiç zat edip bilmeýäris (Ýahýa 15:5), emma bu bizden hiç zat talap edilmeýändigini aňlatmaýar. Biz öz ygtyýarlygymyzy boýun egmek bilen ulanýarys, biziň güýjümiziň gözbaşy – Mesihdigini boýun alýarys. 3. Batyrgaýlyk. Mukaddes Ruh bilen dolan mesihiler ruhy duşmanlar bilen söweşde hakyky edermenlik we batyrgaýlyk görkezýärler. Söz berlen ýurdy eýelemezden öň Reb dört gezek Nun ogly Ýeşuwany dözümli hem batyrgaý bolmaklyga çagyrýar (Ýeşuwa 1:6, 7, 9, 18). Irki ybadathananyň wekilleri Iýerusalimde ýalkanyş hakda dileg edenlerinde, „Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar“ (Resul. Işleri 4:31). Ruhy batyrgaýlyk – bu islendik ybadathana başlangyjynyň üstünliginiň girewidir. Batyrgaýlyga garşydaş häsiýetler – gorkaklyk, howp, ynamsyzlyk. Hudaýyň muňa nähili garaýandygyny okaň: „Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suw sana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin. Ýeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum bolar. Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zyna gäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur“ (Ylham 21:6‑8). Görnüşi ýaly gorkaklyga bolan gatnaşyk doly ters many berýär, eger ony ganhoryň, jadygöýüň, butparazyň günäsi bilen bir hatarda goýsaň, soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Bu bize öz ygtyýarlygyňy batyrgaýlyk bilen ulanmaklyga esas bolup gulluk etmelidir! (2 Timot. 1:7). 56 Gandaly döwýänçi Men köp mesihileriň garaňkylyk patyşalygyndan gorkýandyklaryny bilýärin. Hatda men Talbota mekdebiniň talyplaryndan şuny eşitmeli boldum: „Ruhy gapma-garşylyklar boýunça dersleriňize gatnaşmak iseleýäris, ýöne arwahlar hakyndaky gürrüňler gorkunç“. Hawa, çäkli bilim dogrudan hem gorkmaklyga getirer, emma çuň bilim halas bolmaklyga getirýär. Düzgün bolşy ýaly, okuw gutarandan soň, birnäçe talyplar ýanyma gelip: „Öň bu hakda gürrüň etmäge gorkýardym, indi bolsa Mesihdäki öz güýjümi bilenimde, meniň üçin hiç zat gorkuly däl“ diýýärler. Garaňkylyk patyşalygyna hut şunuň ýaly garamak gerek. 4. Hudaýyň Patyşalygyna gulluk etmek. Gürrüňini edýän ygtyýarlygy myz bize erbet ruhlary gözläp tapmak we olary ýok etmek üçin berilmeýär. Biziň esasy çagyrylyşymyz – Hudaýyň Patyşalygyna gulluk etmekdir, ýagny adamlary söýmek, olar hakda alada etmek, wagyz etmek, okatmak, dileg etmek we ş.m. Haçanda biziň ýolumyzda arwah güýçleri peýda bolsa, biz olary Mesihiň güýji bilen ýeňýäris. Onsoň özümiziň esasy işimize dolanýarys. Biziň eýeleýän ygtyýarlygymyz başga mesihilere bolan gatnaşygymyz esasynda üýtgäp bilmeýär. Tersine, biz „Mesihe bolan uly hormatymyz bilen birek-birege tabyn bolmaly“ (Efesl. 5:21). Hudaý ýerde häkimiýetleri döretdi, olar hökümet strukturalaryny dolandyrýarlar, jemgyýetçilik, maşgala we ybadathana durmuşyny guraýarlar (Riml. 13:1‑7). Hudaýa garşy ahlak jenaýatlaryny etmäge mejbur edýänçäler, biz bu ýerdäki häkimiýetlere tabyn bolmaga borçludyrys. Netijede — erkinlik Haçanda biz batyrgaýlyk bilen, ýöne boýun egijilikli Mesihiň özümize ruhy dünýä degişli beren ygtyýarlygyny ulananymyzda, Halasgäriň söz beren azatlygyny gazanýarys (Ýahýa 8:32). Düzgün bolşy ýaly, bu azatlygy diňe mesihi maslahatçysyndan alyp bilersiňiz. Muňa dünýewi psihologiýanyň ähli serişdelerini gözden geçiren, emma öz öňünde goýlan tabşyrygy çözüp bilmedik dostum göz ýetirdi. Barra (meniň dostumyň ady) Kristi atly bir gyz agyr nerw ýagdaýyndan şikaýat edip ýüz tutdy. Çagalygynda onuň agyr zorlanmakdan soň ejir çekendigi belli boldy. Barri oňa maşgala we sosial ugurdaky çäklerden çykman kömek etmek isledi, ýöne hiç zat başa barmady. Kristiniň oňa ýüz tutan pursatyndan bäri dört ýyla golaý wagt geçdi, ýöne onuň Günäli perişde bilen göreş 57 ýagdaýy gowulaşmady. Barri öz pasiýentine ýene näme kömek etjegini bilmän, ony meniň ýanyma getirdi. – Aýtsaňyzlaň, siziň çagalyk döwrüňiz dostlaryňyz barmydy? – diýip, men soradym. – Biziň köçämizde menden başga ýene ýekeje gyz ýaşaýardy, şonuň üçin hem biz boýdaş bolduk. – Onuň maşgalasy barada näme aýdyp bilersiňiz? Kristi nazaryny ýere dikdi. – Onuň ejesi täsin zatlar bilen meşgullanýardy – diýip, Kristi pyşyrdap diýen ýaly aýtdy – Ol şemleri ýakyp, haýwanlary gurbanlyk edýärmidi? – Hawa. Men Barra seretdim we geň galmakdan gözlerini giňden açandygyny gördüm. Dört ýylyň dowamynda Kristi bir gezek hem özüniň jadygöý goňşusy bilen ýaşandygyny aýtmandy. Bu hakda soramak onuň kellesinede gelmedi, gyz hem muny gürrüň bermegiň gerekdigini bilmedi. Köpler şunuň ýaly zatlary ýatlamaga utanýarlar hem psiholog muňa çynlakaý garamaz öýdüp gorkýarlar. – Bu däp-dessur ýerine ýetirilýärkä, sizden eşikleriňizi çykarmagyňyzy talap etdilermi? Kristi başyny atdy. – Ol ýere başga adamlar, aýallar we erkekler hem gatnaşdylarmy? Olar hem eşiklerini çykaryp, siziň bilen we biri-birisi bilen jyns gatnaşygyny etdilermi? Kristi ýene-de başyny atyp makullady. Kristiniň goňşusy soňra başga ýere göçüpdir, emma häzirki güne çenli jadygöý her gün gije oňa görnüpdir we olar gepleşipdirler. Bu hakda bilenimden soň, men proseduralaryň üsti bilen ony halas bolmaklyga getirdim, ol Mesihdäki öz ygtyýarlygyny görkezdi we bütin durmuşyny yzarlan erbet ruhlardan halas boldy. Olar käwagt dolanyp geldiler, ýöne diňe Kristi kalbynda gowşaklyk duýup, „men göreşmekden ýadadym“ diýende şeýle bolupdyr. Haçanda ol berk garşylyk görkezende, erbetlikden halas bolupdyr. Şeýtan siziň Mesihde gazananyňyzy eliňizden alyp bilmeýär. Ol diňe aldaw ýoly bilen sizi yzyňyza yryp biler, bu siziň ynamyňyzda nähili bolsa, ruhy garşylyk görkezmegiňiziň netijesinde hem şeýle ret ediji bolar. Şonuň üçin hem men resul Pawlusyň yzy bilen (Efes. 1) siziň üçin şeýle dileg etmekçi: iman boýunça Isa Mesihde haýsy ygtyýarlyga we güýje eýedigiňize gözüňiziň açylmagy üçin dileg edýän. Omyn. 5 Isa size kömek eder Meniň ýolbaşçylyk edýän konferensiýalarymyň birinde maňa Frensis atly bir aýal hat ýazdy. Onuň hatyny okanymda, onda köp mesihilerde orun tutan ruhy ýagdaýyň anyk şöhlelenýändigi görünýär. Ine, ol hat: Hormatly d-r Anderson! Men siziň dynç günündäki konferensiýaňyza gatnaşdym we agşamky ýygnakdan soň siziň bilen söhbet etmekçidim, emma duýdansyz özümi erbet ýarawsyz duýdum. Men şeýle bir erbet boldum, tas huşumdan gidipdim. Şonuň üçin hem men siziň bilen gürrüň etmäge garaşman, öýmüze gitdim. Men siziň kömegiňize mätäç. Men mesihiligi kabul edenimden soň, meniň durmuşym hakyky betbagtlyga öwrüldi. Men köp gezekler alkogol we narkotik serişdeler ulandym, olaryň eýýäm sanyny hem ýitirdim. Birnäçe gezek päki bilen özümi kesdim, käwagt özüme agyr şikes ýetirdim. Mende özüme kast etmek pikiri her hepdede bolýar, meselem men öz ýüregimiň üstünden pyçak sançmak hakda pikir edýärin. Men masturbasiýanyň guluna öwrüldim. Bir söz bilen aýdanyňda, özüme gözegçilik etmegimi doly ýitirdim we bu zatlaryň nädip soňuna çykjagymy bilemok. Meniň durmuşym daşyndan doly kadaly ýaly görünýär. Meniň gowy işim, ajaýyp maşgalam bar. Hatda men ybadathanamyzdada orta ýaşly çagalary okadýaryn. Eger siz menden Hudaý bilen gatnaşyklarym barada sorasaňyz welin, men size hiç hili gowy zat aýdyp biljek däl. Eýýäm iki ýyl bäri men psihiatrda bejergi alýaryn. Käwagt meniň betbagtlygymyň sebäbi – agyr 59 Isa size kömek eder çagalygym bolup durýan ýaly, käwagt bolsa özüm şeýle biderek adam bolup doglupdyryn öýdýärin. Men ýagdaýymyň sebäbiniň nämededigini nädip bilerin: aňymdamy, Hudaýa gulak asman eden günälerimdemi ýa-da arwah-jyn täsirindemi? Konferensiýanyň dowamynda men siziň bilen gepleşmek isleýärin. Ýöne men kömek bermeýän bejergi serişdelerini ulanmak bilen ylalaşmaýaryn. Frensis Özüniň betbagtlygynyň sebäbi babatda Frensisiň başdan geçiren şübhesi – bu arwah-jyn güýçleriniň täsiridigi mälimdir. Men onuň bilen hut şol hepdäniň dowamynda duşuşdym, dogrudan hem edil öz hatynda beýan edişi ýaly, betbagt, ruhdan düşen, durmuşdan ýadan aýaly gördüm. Ol tutuş ýüregi bilen Hudaýa gulluk etmek isleýär, ýöne gara güýçleriň elinde edil gulak asyjy gurjak ýaly oýnalýar, sebäbi ol şeýtana garşy durmak üçin Mesihiň özüne beren ygtyýarlygyna düşünmändir. Frensis ýeňiş üçin ähli zerur zatlara eýedigine, özüniň muny saýlap bilýändigine düşünip başlan badyna, onuň kalbyndaky görünmeýän gandallar döwüldi. Ol halas boldy. Frensisiň gazanan azatlygy diňe bir özüniň durmuşynyň özenini üýtgetmän, eýsem daş-töweregindäki köp adamlaryň bähbidine hem hyzmat etdi. Hudaýyň goragynda duruň Siz hatdaky: „Men mesihiligi kabul edenimden soň, meniň durmuşym hakyky betbagtlyga öwrüldi“ diýen sözleriň hakykylygyny duýmaga mejbur bolupmydyňyz? Siz Hudaýyň çagasy bolanyňyzdan soň, sizde öň bolmadyk duşmanyňyz bolar. Siziň halas bolmazyňyzdan öň ol size aýratyn bir üns bermeýärdi, sebäbi şeýle hem siz onuň patyşalygynyň bir bölegidiňiz. Onuň maksady Hudaýyň söz beren gutulyşyny almazlygyňyzdyr (2 Korin. 4:3, 4). Haçanda siz Mesihe iman edeniňizde, ol öz maksadyny goýbolsun etmeýär, gaýtam aldaw ýoly bilen siziň durmuşyňyzy betbagtlyga öwürmäge we Mesihe iman etmegiň hiç hili gowulyga getirmeýändigine, Hudaýyň Sözüniň bolsa – aldaw, ýokardan dogulmagyň hem hiç zat aňlatmaýandygyny „subut etmäge“ niýetlenýär. 60 Gandaly döwýänçi „Dogrudan hem ynanmakdan näme peýda bar? Kim öň sagdyn aňly bolup, indi bolsa başyny bela sokmak isleýär?“ – diýip, göwnemän şübhelenmegiňiz mümkin. Gep siziň durmuşyňyz betbagtlyga öwrülmeli däldigindedir, siz körlük edip, şeýtanyň we arwah-jynlaryň islegine boýun egmeli dälsiňiz. Ruhy dünýäden gelen islendik halas bolmadyk myhmany terk etmegiňiz üçin, Hudaý size ähli zerur zatlary etdi. Diňe size haýsy güýje eýedigiňizi bilmek we ony batyrgaý ulanmak galýar. Käbir mesihiler erbet güýçlerden gelýän howpy ulaldýarlar. Olar üçin arwah-jynlar her künjekde bukulyp, olaryň üstüne çozmaga amatly pursata garaşýan ýaly görünýär. Şeýle gorky esassyzdyr. Ruhy dünýädäki arwahlar bilen ýagdaý esasan fiziki dünýädäki mikroblary ýatladýar. Biz ähli ýerde mikroblaryň we bakteriýalaryň daş-töweregimizi gurşap alandygyny bilýäris: olar biziň dem alýan howamyzda, iýýän iýmitimizde, hatda özümizde hem bar. Emma biz ýokuşar öýdüp, hemişe howsalaly gorkyny başdan geçirýärismi? Ýok, elbetde, diňe bir şert bilen, ol hem biz was-was däl. Biz özümizi sagdyn duýmak üçin öz iýmeli we iýmeli däl zatlarymyzy doly bilmeli, gigiýena düzgünlerini berjaý etmeli we stressden gaça durmaly. Haçanda biz dümewlänimizde ýa-da grip bilen kesellänimizde, arkaýyn özümizi bejerýäris, soňra öz işlerimiz bilen meşgul bolýarys. Bu ruhy dünýä gatnaşygynda hem adyldyr. Arwahlar, bular edil mikroblar ýaly adamlara ýokuşdyrmaga ukyplydyr. Biz olardan gorkmaly diýip, Mukaddes Ýazgynyň hiç ýerinde aýdylmadyk. Diňe olaryň bardygyny bilmek gerek we olara garaman dogry ýaşaýyş obrazyny alyp barmaly. Eger siz çozuşa duçar bolsaňyz saplanyň we kadaly ýaşamagyňyzy dowam etdiriň. Ýatda saklaň: ol aýdyşlary ýaly beýle gorkunç däl. Arwahjynlar, bular patologiki ýalançylar, şonuň üçin hem olar sizi aldamaga synanyşýarlar, olar siziň özlerindäki ýok güýçlere ynanmagyňyzy isleýärler. Emma Mesihde siz olaryň hüjüminden berk goragdasyňyz, sebäbi arwahlaryň üstünden hökümdarlyk etmäge siziň ygtyýaryňyz bar. Mesihilik gorag serişdeleri Efeslilere hatda sanalyp geçilýär. Bu parçany okamak bilen siz, esasan, öz roluňyzyň passiw däldigine düşünmelisiňiz. Hudaý Özüniň bizi üpjün eden ruhy goragyna aktiw gatnaşmagymyzy isleýär. Resulyň bizi köplenç garaňkylyk güýçleriniň üstünden nähili aktiw hereket etmeklige çagyrýandygyna üns beriň (kursiw goşulan): „Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, Isa size kömek eder 61 hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr. Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň“ (10‑13‑aýatlar). Siziň şeýle pikir edýän bolmagyňyz mümkin: „Eger men Mesih tarapyndan berk goralýan bolsam we men howpsuzlykda bolsam, onda näme üçin men şeýtanyň hüjüminden aktiw goranmaly? Men diňe Hudaýa ynanyp, özümi goramaga Oňa rugsat bersem bolanokmy?“. Bu esgeriň pikirini ýatladýar, ol hem şeýle pikir edýär: „Biziň ýurdumyz – dünýäde iň güýçli döwlet. Biziň ýaraglarymyz iň soňky çykan tehnika, iň çalt uçýan uçarlar we iň güýçli gämiler bizde bar. Näme üçin şunuň ýaly ýagdaýda demir papak geýip, garawulçylyk çekmeli, ok atmany öwrenmeli? Bazalarda hormatly dynç alsaň ýeterlik, harby hereketleri bolsa gämiler we uçarlar alyp barsyn“. Eder-de duşmana baza aralaşmak başartsa, onuň ilkinji pidasy kim bolar? Biziň „baş serkerdämiz“ Hudaý bolup, Ol bizi garaňkylyk güýçleriniň üstünden ýeňiş gazanar ýaly ähli mümkinçilikler bilen üpjün etdi. Ýöne Ol şeýle duýdurýar: „Men size gurat ýarag bilen güýçli tälim berdim, eger siz ony jaýdar ulanyp bilmeseňiz, onda men siziň howp astynda galmajakdygyňyza kepil geçmeýärin“. Jessi Penn Lýuis özüniň „Mukaddesler bilen uruş“ atly, klassika öwrülen kitabynda şeýle tassyk laýar: „Günä etmekden başga-da, adamda erbet ruhuň ornaşmagyna şert döredýän zat bu gowşaklykdyr, ýagny bu Hudaýyň adamlarda Öz işini ýerine ýetirmek üçin zerur gerek bolan ýagdaýyň tersidir“.1 Eger siz bu göreşe özüňiz hem işeňňirlik bilen gatnaşmaýan bolsaňyz, garaňkylyk güýçleriniň üstünden berlen Hudaýlyk goragyna bil baglamaň. Ýeňijiniň lybaslary Esasy gorag serişdesi ruhy lybaslar (ýaraglar) bolup durýar, Hudaý bizi bulary ulanmaklyga çagyrýar. Pawlus şeýle ýazýar: „Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowu dyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň 62 Gandaly döwýänçi üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň“ (Efesl. 6:14‑17). Hudaýyň ýaragyny dakynanymyzda, hakykatda biz ony Mesihde dakynýarys (Riml. 13:12‑14). Haçanda biz Mesihde geýnenimizde, özümiziň şeýtanyň hüjümi üçin gowşak bolan dünýewi sferasyndan ruhy dünýä geçýäris, ol ýerde şeýtan bize degip bilmeýär. Şeýtanyň Mesihde hiç hili erk-ygtyýary ýokdur (Ýahýa 14:30), şonuň üçin hem biz Mesihde nähili ýaraglanan bolsak, şeýtandan hem şol derejede goraglydyrys (1 Ýahýa 5:18). Ol diňe öz derejesindäkilere el gatyp biler. Hut şonuň üçin hem bize teniň höweslerini kanagatlandyrmak meýillerine öwrülmezligimiz aýdylýar (Riml. 13:14), ýagny şeýtan bilen bir derejede ýaşamaly däldiris. Biziň dakynan ýaraglarymyz Biz „guşamak“, „dakynmak“, „geýmek“ ýaly işlikleriň hal işlik formasynda durandyklaryny görýäris („guşap“, „dakynyp“, „geýip“), şonuň üçin hem ýaragyň bölekleriniň eýýäm özümizde ýerleşýändigini aýdyp bileris. Biliňi hakykat bilen guşap, dogrulyk sowudyny geýip, Hoş habary dünýä wagyz etmek taýýarlygy haçanda biz Isa Mesihi kabul eden pursatymyzdan ýaragymyzyň bir bölegi boldy. „Hatara duruň!“ diýen buýruk biz geýnenimizden soň berilýär. Bu dolulygyna logikidir. Her bir esger öz borjuny ýerine ýetirmezden öň, iň azyndan kemer dakynar, göwresini bir zat bilen gorar we aýagyna aýakgap geýer. Hakykat guşagy („… biliňizi hakykat bilen guşap“). Isa: „Men hakykatdyryn“ diýdi (Ýahýa 14:6). Şoňa görä, eger Mesih sizde ýaşaýan bolsa, onda siz hem hakykata eýesiňiz. Emma dogry saýlaw etmek hemişe aňsat däl. Eger şeýtanyň baş ýaragy ýalan bolsa, onda „hakykat guşagy“ ýaragyň ähli böleklerini saklaýan ýerinde hemişe hüjüme sezewar bolýar. Eger şeýtana sizi hakykat ýolundan azaşdyrmak başartsa, onda siz „hakykat guşagyny“ ýitirýärsiňiz we şeýatnyň çozuşy üçin ýeňil nyşana bolarsyňyz. Hakykatda durmak – Hudaýyň Sözi bilen ähli pikiriňi we işiňi barlamaklygy aňladýar. Eger siziň kelläňize Mukaddes Sözde aýdylýan zat bilen ylalaşmazlyk pikiri gelse, ol hakda ýatdan çykaryň. Eger size hakykatyň garşysyna bir zat etmek ýa-da aýtmak mümkinçiligi berilse, Isa size kömek eder 63 siz muňa höwes bildirmekden gaça duruň. Ýönekeýje düzgünleri berjaý ediň: ähli hakykat zatlara gatnaşmaly, ýalan zatlardan gaçmaly. Siz her gün hakykatda ýaşamagy öwrenseňiz, onda hakykata bolan söýgüde ösersiňiz, size hiç zady gizlin saklamak gerek bolmaz. Indi size Hudaýdan we adamlardan gizlenmegiň geregi ýok, siziň ähli edýän zat laryňyz yşykda edilýär. Mundan başga-da, hakykatda ýaşamak bilen siz ýalanyň atasy şeýtanyň ýalançylygyny paş edip bilersiňiz (Ýahýa 8:44). Ýatda saklaň, eger şeýtan öz sözleriniň hakykatdygyna sizi yrmagy başarsa, onda siziň pikirleriňizi we hereketleriňizi kontrollyk etmek oňa aňsat bolar. Isa öz şägirtleri hakynda Ata şeýle dileg etdi: „Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin“ (Ýahýa 17:15). Nädip? „Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr“ (17‑aýat). Şeýtanyň ýalançydygyny diňe Hudaýyň ylhamynyň kömegi bilen açyp bolar; ynsanyň pikir ýöretmeleri muňa kömek etmez. Dogrulyk sowudy. Gutulyş pursatynda siz Hudaýyň öňünde aklandyňyz. Sizdäki dogrulyk özüňiziňki däl-de, Mesihiňkidir (1 Kor 1:30, Fil. 3:8, 9). Şonuň üçin hem şeýtan size şübhe okuny ýagdyranda („günäliligiň bilen özüňi mesihi atlandyryp bilmersiň“), oňa resul Pawlusyň sözleri bilen jogap beriň: „Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr“ (Riml. 8:33). Iman boýunça Mesihde gazanan dogrulygyňyz – ine, mesihilik mertebesini ýitirmekdäki aýyplamalara siziň goragyňyz. Biz iman boýunça dogrulyga şatlansak-da, pikirimizde, sözümizde we işimizde nädogry hereketler edýändigimizi ýatdan çykarmaýarys. Biz käwagt günä edýän mukaddeslerdiris. Dogrulykda berk durmak – ynanç düzgünleriňi bilmegi we ulanmagy aňladýar. Hudaý tarapyndan günäni seljermek serişdesi Ýahýanyň birinji hatynda beýan edilen: „Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar“ (1:9). Günäňi toba etmek diňe bir bagyşlanmagyňy soramagy aňlatmaýar. Toba etmek (grekçe „gomologeo“) – boýun almagy, ylalaşmagy aňladýar. Aýdalyň, atasy oglunyň maşyna daş zyňyp duranyny görüpdir. Ol hökman oňa: „Maşyna daş zyňmak gadagan. Bu nädogry“ diýer. Ogly hem diňe bagyşlamagyny sorap jogap berer, eýsem bu hakyky toba etmeklikmi? Ýok, ol: „Maşyna daş zyňmak erbetlik. Men nädogry edipdirin“ diýen sözleri aýdýança, toba etmez. Günä edeniňizde, siz muňa gynanýarsyňyz, ýöne bu Hudaýyň öňünde siziň toba etmegiňizi aňlatmaýar. Siz günäňize diňe ony Hudaýyň görşi 64 Gandaly döwýänçi ýaly göreniňizde toba edýärsiňiz. „Men azgynçylyk hakda pikir edipdirin – bu günä“. „Irden men aýalym bilen gödek gürleşdim, bu günä“. „Men bu wezipä gedemlik bilen çemeleşdim, gedemlige meniň durmuşymda orun bolmaly däldir“. Şeýtan siziň toba etmegiňize ähli güýji bilen päsgel berer; ol durmuş Kitabyndan siziň adyňyzyň öçürilendigini, eýýäm giçdigini aýdyp, sizi yrmaga synanyşar. Bu nobatdaky ýalandyr. Siz – Mesihde, şonuň üçin siz eýýäm bagyşlanan. Siz iman boýunça Mesihdäki Hudaýyň dogrulygyny edinensiňiz (2 Korintos. 5:21) we Ol sizi hiç wagt taşlamaz. Goýberilen günäler Hudaý bilen siziň aragatnaşygyňyza hiç hili täsir etmez, sizi gutulyşdan mahrum etmez, emma olar gündelik durmuşyňyzda ýeňiş gazanmagyňyza päsgel berer. Eden günäňize toba etmeklik – dogrulyk miweleriniň ýüze çykmak mümkinçiliklerini döredýär. Biz Pawlusyň özi hakdaky aýdan göreldesine eýermeli: „Şonuň üçin hem Hudaýyň, hem-de adamlaryň öňünde elmydam sap wyždanly bolmaga çalyşýaryn“ (Resul. Işleri 24:16). Aýaklaryňyza parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýiň. Mesihi kabul eden pursatyňyzda, siz Şöhrat Patyşasy bilen birleşýärsiňiz. Siz eýýäm Hudaý bilen ýaraşdyňyz (Riml. 5:1), indi siziň ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürmegi möhümdir, bu hem diňe şu ýagdaýda, ýagny Mesihiň Sözüniň özüňiz bilen bolmagyna rugsat bereniňizde mümkin bolar (Kolos. 3:15, 16). Parahatlyk aýakgaplary mesihileriň arasynda parahatlygy döretmäge gulluk edeniňizde, şeýtanyň hilelerinden goragyňyz bolup durýar (Riml 14:19). Parahatlygy döredijiler adamlary birleşdirmäge ukyplydyrlar, olary biri-biri bilen gatnaşmaklyga we öýke-kinelerini bagyşlamaklyga çagyrýarlar. Örän köp sanly mesihiler umumy taglymaty gatnaşygyň esasy hasaplaýarlar, bir tarapdan olaryňky dogry. Eger biziň ynamymyz dürli-dürli bolsa, islenilmeýän gapma-garşylyklar ýüze çykyp biler. Emma gatnaşygyň özeni umumy taglymatyň birligi däl-de, mirasyň umumylygydyr. Biziň hemmämiz Hudaýyň çagalarydyrys, bu bolsa ýaraşmak üçin hem, birleşmek üçin hem ýeterlik bolmalydyr. Eger siz gatnaşygy doly birmeňzeş garaýşa bagly edip goýsaňyz, onda bütinleý ýalňyz galarsyňyz. Akyl-paýhasyň birligine eýermegiň deregine, ýaraşyga aktiw gatnaşmak bilen Ruhda birligi gazanmaga çalşyň (Matta 5:9; Efes. 4:3). Bize: „Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar“ (Riml. 16:20). Isa size kömek eder 65 Galan lybaslar Pawlus şeýtan çozuşyndan goranmaga biziň üçin zerur bolan başga üç sany ýaragy ýatladýar: iman galkany, gutulyş tuwulgasy we Hudaýyň Sözi bolan Ruhuň gylyjy. Öňki düzülen lybaslar iman boýunça bize Mesihde berilipdi; beýleki üçüsi bolsa bize şeýtan bilen söweşde ýeňiş gazanmaga kömek eder. Iman galkany. Ýaýran pikire garamazdan imanda hiç hili gizlin syr ýok. Injil imany – bu diňe Hudaýa we Onuň Sözüne ynanmakdyr. Hudaýy we Hudaýyň Sözüni näçe çuň tanasaňyz, siziň imanyňyz şonçada uly bolar. Imanyňyz näçe az bolsa, iman galkanyňyz hem şonça kiçi bolar we şeýtanyň otly oklaryna maýyl bolmak hem aňsat bolar. Iman galkanymyzyň uly hem berk bolmagy üçin, biz hemişe Hudaýy we Onuň Sözüni tanamakda ösmegimiz gerek (Riml. 10:17). Şeýtanyň otly oklary – bu diňe bir aňyňy ýalançylyk, töhmet, günä bilen gabamakdyr. Bu oklardan Hudaý we Onuň Sözi hakyndaky hakykat bilen goranyň. Isa hem şeýtanyň synagyndan Hudaýyň Sözüni ulanmak bilen gorandy. Haçanda siz Injilden aýatlar ýat tutanyňyzda, wagyzlary diňläniňizde ýa-da Mukaddes Sözi öwrenmeklige gatnaşanyňyzda, öz iman galkanyňyzyň ölçegini ulaldýarsyňyz. Gutulyş tuwulgasy. Eger iman galkany sizi şeýtanyň oklaryndan goramaga ukyply bolmasa, ýeňşi her gün gazanyp bilmersiňiz, onda gutulyş tuwulgasynyň ebedilik ýeňşi kepil geçýändigine ynanyp bilersiňiz. Tuwulga kelläni, ýagny ruhy söweşiň bolup geçýän ýerini goraýar, siziň üçin çykyş dürli hili bolup biler: şowly hem şowsuz. Her gün dünýä, ten we şeýtan bilen söweşip, siziň gutulyşyňyzyň ruhy urşuň netijesine bagly däldigine ynamyňyzy saklaň. Siz ondan hiç bir ýagdaýda hem mahrum bolmarsyňyz. Siz – Hudaýyň çagalarysyňyz we Mesihiň söýgüsinden sizi hiç zat aýryp bilmez (Riml. 8:35). Ruhy söweşde bolýan adamlar, özleriniň gutulyşyna we mesihilik mertebesine şübhelenmäge ýakyndyrlar. Şeýtan siziň gündelik durmuşyňy zyň dowamynda ýeňiş gazanmagyňyza päsgel bermäge ukyply bolsa-da, Mesih bilen gatnaşygyňyzy hiç hili bozup bilmeýändigine düşünmegiňiz gerek. Muňa garamazdan, ol siziň Mesihde däldigiňize yryp biler, hakykatda siz gutulyşdan mahrum bolmasaňyz hem, muňa laýyklykda ýaşarsyňyz. Mesihi söweşiji Baş Isa Mesihiň ýeňiş güýji bilen özüniň halas bolandygyna, geýnen we ýaraglanandygyna göz ýetirmek bilen gutulyş 66 Gandaly döwýänçi tuwulgasyny geýýär. Dünýäde ýerleşmek bilen ol bu dünýäniň hökümdaryna degişli bolan ýat territoriýada ýerleşýär (Ýahýa 12:31; 1 Ýahýa 5:19). Biz entek fiziki bedende ýaşaýarkak, duşman düşelgesinde ýerleşýäris. Emma biz Mesih bilen birleşendigimiz sebäpli, şeýtan biziň üstümizden hökümdarlyk etmeýär, çünki Reb bizi „garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçürdi“ (Kolos 1:13). Gutulyş tuwulgasy bize şeýtanyň üstünden ahyrky ýeňşe ynam berýär. Ruhuň gylyjy. Hudaýyň Sözi – Hudaýyň bize beren ýeke-täk hüjüm ýaragydyr. Pawlus „Söz“ diýen sözi aňlatmak üçin grekçe „logos“ dälde, „rema“ sözüni ulanypdyr, bu ýerde Isa Mesihiň şahsyýetindäki şahsyýetlendirilen Mukaddes Söz däl-de, Hudaýyň Sözüni sesli aýtmak diýen görnüşli netijä gelmek mümkin. Biz Hudaýyň hakykatyny sesli aýtmak bilen özümizi goramalydyrys. Näme üçin Hudaýyň Sözüne diňe ynanmak ýa-da ol hakda pikir etmek ýeterlik däl-de, ony sesli aýtmak möhüm? Sebäbi şeýtan – ýaradylan zat – siziň näme hakda pikir edýäniňizi bilmeýär. Ol muny diňe size syn etmek bilen anyk kesgitläp bilmegi mümkin, emma siziň pikiriňizi okamaga ukyply däl. Şu sebäpli hem ol siziň näme etjek bolýanyňyzy, ony ýerine ýetirýänçäňiz, öňden anyk görüp bilmeýär. Ol sizi haýsam bolsa bir pikire ynandyrsa, siziň ony kabul etjegiňizi ýa-da ýüz öwürjegiňizi ynam bilen aýdyp bilmeýär. Men siziň aňyňyza bu kitabyň sözleri arkaly täsir etmäge çalyşýan. Emma men siziň pikirleriňizi okap bilmeýärin. Şeýtan hem şunuň ýaly: ol sizi kesgitli bir pikire ynandyryp biler, emma siziň näme hakda pikir edýäniňizi bilmez. Eger siz şeýtana garşy durmak isleseňiz, muny açyk etmelisiňiz, şonda ol düşünip, gaçmaga başlar. Şeýtana degişli iki sany giň ýaýran azaşmaklyk bolup, bu onuň adamyň pikirlerini okap bilmeginden we gelejegi öňden görmekden ybaratdyr. Telepatiýa we öňdengörüjilige bolan dalaşgärlik okkultizmiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmasyna mahsusdyr. Emma siziň pikirleriňiz we niýetleriňiz bir Hudaýa mälimdir, diňe Ol gelejegi bilýär. Diňe Hudaýda bolan häsiýetleri şeýtanyň adyna ýazmagyň geregi ýok. Siz Hudaý bilen aňyň we ruhuň derejesinde gatnaşyp bilýärsiňiz, sebäbi siziň pikirleriňiz we islegleriňiz olar döremezden öň Oňa mälimdir. Şonuň üçin hem „içiňden“ dileg etmek – bu doly manysynda Hudaý bilen pynhan gepleşikdir; şeýtan munuň mazmunyny bilmeýär we bilmegi-de başarmaýar. Emma bu sebäpden hem siz ony öz aňyňyzdan Isa size kömek eder 67 kowup çykaryp bilmeýärsiňiz, ol sizi eşitmeýär. Siz şeýtany Hudaýyň hakykatyny sesli aýtmak bilen ýeňip bilersiňiz. Bu ýerde položitel pursat çozuşlaryň köpüsiniň gije ýa-da siziň ýeke wagtyňyz bolup geçmegidir, şonuň üçin hem, siziň sözleriňiz töwerekdäkilerde geň galma döretmegi nägümanadyr. Muňa garamazdan, sizden köpçüligiň içinde duşmana garşy durmak talap edilse, muny, aýrtayn hem Isa Mesihi Reb hökmünde agzyň bilen ykrar etseň, bu ýagdaýy çözse bolar (Riml 10:9). Gorky maňa hiç wagt çynlakaý howp bolup görünmändi, emma bir gün gije men gaty gorkup oýandym, munuň bolmagyna hiç hili görünýän sebäp ýokdy. Gorky şeýle bir güýçlüdi welin, men onuň şeýtandan gelýändigini derrew düşündim. Men kellämi ýassykdan aýyrman, Ýakubyň hatynda beýan edilen gutulyşyň iki basgançakly prosedurasyny geçirdim: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Men şeýtanyň sözlerimi eşitmeýändigini bilip, içimden çyn ýüregimden Hudaýa dileg etdim: „Rebbim, men Seniň merhemetiňe doly boýun egýärin. Sen – meniň Hudaýym“. Soňra men „Isa“ diýip, gaty ses bilen gygyryp, şeýtana garşylyk görkezdim. Gorky şol pursatyň özünde menden gitdi. Men ertire çenli rahat ýatdym. Meniň bilen başga hem bir ýagdaý bolup geçdi. Men gutulyş we Hoş Habar barada wagyz bilen çykyş etmekçidim, bu oblastlarda şeýtanyň käbir mekirliklerini görkezmek isledim. Irden suwa düşüp çykanymda, bug bolan aýnanyň ýüzünde geň simwolyň şekili ünsümi özüne çekdi. Aýalym we çagalar entek ýatyrdylar, şonuň üçin hem bulary olaryň çekmegi mümkin däldi. Bulary özümiň hem çekmändigime ynanýardym. Muny eden şeýtanyň eliniň işidigini göz öňüne getirmek galýardy, ol otly oklarynyň kömegi bilen meniň etjek wagyzlaryma päsgel bermek isleýärdi. Men simwollary polotensa bilen süpürdim. Men naharhana bardym we ertirlik edinmäge başladym. Ine, birdenkä men elimde agyry duýdum: ol ýerde iki sany uly bolmadyk dişlenen ýara bardy. „Siziň bar oňarýan zadyňyzmy şu?“ diýip, men gatydan aýdyp, maňa çozuş eden garaňkylyk güýçlere ýüzlendim. – Aýnadaky belgiler, kiçijik dişlenmek meniň wagyz etmegime päsgel berer öýdüp pikir etdiňizmi? Meniň öýümden ýok boluň. Şondan soň hiç hili başagaýlyk bolmady we men wagyzlarymy hiç bir päsgelçiliksiz okadym. Fiziki güýç ruhy göreşde ýeňiş gazanmaga kömek edip bilmez (2 Korin. 10:4). Diňe Rebbiň güýji bilen erbet ruhlary gaçyryp bilersiňiz. Ygtyýarlyk – bu gaty ses bilen aýdylan Hudaýyň sözüdir. 68 Doganyň gorag güýji Gandaly döwýänçi Meniň bilen bile seminar geçirýänlerimiň biriniň ejesi psihiatr bolup işleýär. Bir gezek ol şeýle sorag bilen ýüz tutupdyr: – Jim, aýtsana, heý, sen men hakda dileg edýäňmi? – Hawa, elbetde, – diýip jogap berdi. – Haýyş edýän, mundan beýläk, muny beýtme. Bu meniň auramy bozýar – diýdi. Dileg etmek hökmandyr! Biz dilegiň täsirine doly düşünip bilmeýäris, emma biz Hudaýa ýüz tutmagymyzy Onuň Öz Patyşalygyny ýerde ornaşdyrmak üçin ulanýandygyna ynanyp bileris. Iň täsirli gutulyşyň birini, şeýtanyň ybadathanasynda beýik ruhany çylyk wezipesini ýerine ýetirýän adamda görmek miýesser etdi. Ol halas bolanyna alty aý geçeninden soň, biziň ybadathanamyzda öz şaýatlygy bilen çykyş etdi. Çykyşyndan soň men oňa şu soragy berdim: – „Beýleki tarapda“ alan tejribäňe esaslanyp, erbet ruhlardan mesihi likde goranmak usullarynyň haýsysyny iň möhüm diýip atlandyrardyňyz? – Dileg – diýip, ol pikir etmezden jogap berdi. – Dileg edeniňizde, her bir sözi duýuň. Çyn ýürekden dileg etmeklik şeýtana garşy durmaklyga ähli zatdan gowy kömek edýär. Dileg näme? Bu Hudaý bilen gatnaşyk bolup, munuň üsti bilen biz özümiziň Oňa baglydygymyzy görkezýäris. Hudaý şeýtana garşy durmagymyz üçin, biziň nämä mätäçdigimizi özümizden gowy bilýändir. Ol biz aýtmazdan öň ähli zat hakynda bilýär. Emma biz dileg bilen özümiziň Oňa garaşlydygymyzy ýüze çykarýançak, Hudaý hereket edip başlamaýar. Dilegimizde biz şeýle diýýäris: „Reb – Sen, men däl. Maňa näme gerekdigini Sen gowy bilýärsiň. Men Saňa näme etmelidigiňi aýtmaýaryn, men soraýaryn. Özümiziň Saňa doly baglydygymyzy boýun alýaryn“. Dileg biziň durmuşymyzda Hudaýyň täsirini mümkin edýär. Bize Hudaýyň ýaraglaryny dakynmagy görkezme bermek bilen, Pawlus ýene şuny ýazýar: „Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň“ (Efesl. 6:18). Men „ruhda dileg etmegiň“ näme aňladýandygyny anyk düşündirip bilemok, emma biz kyn ýagdaýdakak, näme hakda dileg etmelidigini bilmeýän wagtymyz Hudaýyň Ruhunyň kömek edýändigini bilýärin: „Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder“ (Riml. 8:26). Bu aýatdaky „kömek berer“ Isa size kömek eder 69 sözi (grekçe sunantilambano) Mukaddes Ruhuň dileg etmekde berýän kömegini çeperlik bilen beýan edýär. Ol bize durmuşdaky kyn döwürlere döz gelmekde söýgi bilen kömek edýär. Ruhy aň ýetiriş hakynda dileg Ruhy gapma-garşylykda ýeňiş gazanmak üçin dileg etmek babatda birnäçe ýörite zerurlyklar bar. Birinjiden, ruhy kör mesihi dälleriň halas bolmagy hakynda dileg etmeli, olary şeýtan baglap goýupdy (2 Korin. 4:3, 4). Teodor Epp bu hakynda şeýle ýazýar: „Eger şeýtan olaryň ýüregini kör edip, baglap goýan bolsa, olar nädip halas bolsunlar? Bu ýagdaýda olara siz we men kömek etmeli. Biz güýçlini daňmaly, şonda onuň ýesirlikde saklaýanlaryny halas ederis… muny dilegiň kömegi bilen edip bolar…“ 2 Dileg – ruhy körlük bilen söweşde esasy ýaragymyzdyr. Resul Ýahýa şeýle ýazýar: „… Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris“ (1 Ýahýa 5:14, 15). Soňra biziň mesihi däller üçin dileg etmegimizi sargaýar (16‑aýat). Biziň mesihi dälleriň halas bolmagy üçin dilegimiz ygtyýarly bolmalydyr we muňa olaryň ruhy körlükden hem gutulmaklary baradaky haýyş hem girmelidir. Resul Pawlusyň göreldesine eýerip, biz mesihileriň iman boýunça Mesihde gazanan ruhy güýçlere, ygtyýarlyklara we goraga degişlilikde mukaddes bolmaklary hakynda dileg etmelidiris. Entek şeýtana biziň Mesihdäki mirasymyza baglylykda azaşdyrmak başartsa, biziň ruhy ösüşimiz kyn bolar, gullugymyz we şaýatlygymyz bolsa täsirsiz bolar. Şeýtanyň ýalançylyk perdesiniň gözümizden syrylyp aýrylmagy we ruhy dünýäni bolşy ýaly görmegimiz üçin, biz biri-birimize üznüksiz dileg etmelidiris. Güýçlini daňmak Mattanyň Hoş Habarynda (12:29) ýatlanylyşy ýaly, ygtyýarly dilegiň başga bir maksady „güýçli“ bolmakdyr. Şeýtan we onuň arwah-jynlary hakynda pikir etmek bilen Isa şeýle sorady: „Biri bir güýçli adamyň öýüne girip, nähili onuň malyny talap biler? Öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar“. Reb ilki bilen ezijini ýeňmeseň, adamy ruhy körlükden we arwah-jyn täsirinden halas edip bolmaýandygyny aýtmak isleýär. Şeýtan 70 Gandaly döwýänçi eýýäm ýeňlen, emma biz Isa Mesihiň oňa degişlilikde özümize beren ygtyýarlygyny ulanmasak, ol öz ýesirleriniň birinden hem daşlaşmaz. Dilegimizde biz Hudaýyň öz gullugymyza goşulmaklyga yrmaga çalyşmaýarys-da, dilegde biz Onuň gullugyna goşulýarys. Biz wagtlaýyn şeýtana, kanun boýunça bolsa Hudaýa degişli bolan zady ynam bilen öz elimize alýarys we sabyrlylyk bilen şeýtanyň gapjamagynyň gowşan pursatyna garaşýarys. Biz boşatmagyny talap edýänçäk, ol adamlary ýesirlikde saklar. Talap etmek ygtyýarlygyny bize Mesih berdi. Fred Dikason „Arwah-jynyň eýelemegi we mesihilik“ kitabynda şeýtanyň çozuşyna sezewar bolan adam üçin nähili dileg etmelidigi hakynda birnäçe anyk maslahatlar berýär: 1.Arwah–jynlaryň beýleki arwah-jynlardan we şeýtandan hiç hili goldaw almazlygy üçin dileg ediň. 2.Arwah-jynlaryň adamyň üstünden edýän gözegçiliginiň gowşamagy üçin dileg ediň. 3.Adamyň ynamynyň berkemegi üçin, onuň iman boýunça Mesihde eýeleýän güýjüne göz ýetirip Hudaýyň Sözüne ynanyp we boýun egip bilmegi üçin dileg ediň. 4.Şeýtanyň ynandyrmalaryndan adamyň öz şahsy pikirlerini we duýgularyny tapawutlandyrmagy üçin dileg ediň. 5.Adamyň özünde arwah-jynyň bardygyna göz ýetirmegi we onda beýleki mesihileriň kömegi bilen halas bolmak islegi üçin dileg ediň. 6. Hudaýyň Öz çagalaryny goramagy we dogry ýola gönükdirmegi üçin, Öz perişdelerine şeýtanyň ähli hilelerini ýok etmegini buýurmagy üçin dileg ediň.3 Birnäçe ýyl mundan öň maňa güýçli bilen söweşde dilegiň täsiriniň bardygyna öz şahsy tejribämde göz ýetirmek başartdy. Şol wagty men uly ybadathanalaryň birinde işleýärdim. Nahardan soň ybadathananyň ofisine dolanyp gelenimde, ol ýerde düýbünden nätanyş bir adamy gördüm. Ol uzyn boýly, ýigrimi bäş ýaşlarynda, tagtanyň golaýynda durup, oňa bir Isa size kömek eder 71 zatlar ýazyp, soňam derrew öçürip durdy. Beýleki gullukçylar bu nätanyşa känbir üns hem bermän, kofe içýärdiler we özara gürleşýärdiler. – Bu kim? – diýip, men bir gullukçydan sorap gyzyklandym. – Bilemok. Ol ýöne girdi, bolany. Hiç kimiň myhman bilen gepleşmäge synanyşmaýandygyna geň galyp, onuň ýanyna özüm bardym: – Salam, meniň adym Nil. Meniň saňa kömegim degermikä? – Aý, bilemok-da – diýip, ol düşnüksiz jogap berdi we heki ýerinde goýdy. Nätanyşyň görnüşi we özüni alyp barşy onuň köp dozada neşe serişdesini ulanypdyr diýip pikir etmäge mejbur etdi. Şonuň üçin hem men ony biraz köçede gepleşmek üçin ilki bilen ybadathanadan daşary alyp çykmaly diýen karara geldim. Bir sagat töweregi gürrüňdeşlikden soňra men onuň adynyň Billdigini, maşyn ýuwulýan stansiýada işleýändigini bildim. Men ony ybadathanamyza gatnamaga çagyrdym. Şeýdip, biz hoşlaşdyk. Birnäçe günden soň, biz Bill bilen ýene-de duşuşdyk we gepleşdik. Takmynan iki hepdeden soň, men ýekşenbe güni ybadathanamyzdaky ofisde agşamky gulluga taýýarlanyp otyrdym. Içki baglanyşdaky telefon jyňňyrdady: – Sizi bir ýaş ýigit soraýar – diýip, kätip aýtdy. – Ony çagyrsaňyzlaň. Boş gürrüňler üçin mende wagt ýokdy, emma bir zatlar maňa Billiň ýöne bir gürrüňleşmäge gelmändigini duýdurdy. – Seniň geleniňe men şat – diýip, men ol gelip oturanda aýtdym. – Saňa bir şahsy sorag bermek bolarmy? – Bill makullap başyny atdy. – Sen haçan hem bolsa bir wagt Mesihi öz Rebbiň we Halasgäriň hökmünde kabul edipmidiň? – Ýok. – Sen muny isleýärmidiň? – Dogrusyny aýtsam, gaty ynamly däl, Nil – diýip, onuň sesinde gorky äheňi peýda boldy. Men halas bolmagyň düzgünleri ýazylan kagyzy alyp, ondakylary sesli okadym. Onsoň şeýle diýip soradym: – Sen bu ýerde näme aýdylanyna düşünýärsiňmi? – Hawa. – Sen bu ädimi häzir ätlemek isleýärsiňmi? – Hawa. – Onda men Rebbiň öňünde toba edip, dileg okaýan, sen bolsa diňe meniň yzymdan gaýtalaý. 72 Gandaly döwýänçi Gepleşdikmi? – Gepleşdik. – Reb Isa, Sen maňa gerek – diýip, men dilegiň ilkinji sözlerini aýtdym. – Rr-e-e-bb… – diýip, Bill gaýtalamaga başlady, ýöne sakyndy. Soňra bütinleý dymdy. Men Billiň kalbyndaky üstünde arwah-jynlaryň ygtyýarlyk edýän bölegine aralaşandygyma düşündim. Olar Billi erkinlige ibermek islemediler. – Bill, seniň aňyňda söweş gidýär – diýip, men oňa düşündirdim. – Häzir men Mukaddes Ýazgydan kesgitli ýerleri okap, daşymdan dileg etjek. Şeýdip, men şeýtany baglamakçy. Sen özüňi güýçde duýan badyňa, Isanyň öňünde öz imanyň bilen toba et – diýdim. Billiň gözlerine seredip, hakykatdan hem onuň kalbynda gazaply söweşiň gidýändigine ynandym. Men Mukaddes Ýazgyny okamaga başladym we Billiň iman etmeginde şeýtanyň böwet bolmazlygy üçin ähli güýjüm bilen dileg etdim. Ruhy taýdan garşy durmaklyk meniň üçin bir täze zat boldy, şonuň üçin hem meniň dilegim kän bir asuda çykmady. Dileg edýänime we okaýanyma 15 minut töweregi geçensoň, Bill duýdansyz: „Reb Isa, Sen maňa gerek“ diýip, iňňildäp aýtdy. Muny aýdyp, ol arkasyny kresla berdi we gözlerini ýaşdan dolduryp: „Men halas boldum“ diýdi. Men ol hakda dileg edenimde bir gezek hem „gutulyş“ sözüni ýatlamadym; muny onuň özi saýlady. Biziň dünýämiziň ruhy tebigatyna düşünmek Hoş Habary wagyz etmegiň taktikasyny (usulyny) ähmiýetli tarapa üýtgetmelidir. Biz köplenç mesihi dälleri Hudaýa boýun egmäge we mesihilik Hoş Habaryny kabul etmäge çagyranymyzda, bu dünýäniň daş-töweregindäki gymmatlyklary miras almaga bendi bolanlary çagyrýan adamlara meňzeýäris. Tussagdakylary erkinlige çykarmak üçin ilki bilen türmäniň gapysyny açmaly dälmi näme? Biz güýçlini baglap, onuň tussaglykda saklaýanlaryny halas etmekligi öwrenmeli. Hudaý bize diňe bir güýçlä garşy durmaga ähli zerur zatlary bermän, eýsem onuň ýesir edenlerini boşatmak ygtyýaryny hem berdi. Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň we Hudaýyň ady bilen güýçliniň öýüni dargatmak üçin Mesihiň ygtyýarlygyny batyrgaý ulanyň. 2 GANDALY DÖW ÝÄNÇI Göreşiň! 6 Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. „Haý, jyn urmuş, Garri bilen näme boldy?“ Meniň telefonda gepleşen zenanym öň şeýtan ruhanysynyň jorasy bolupdyr, men bu hakda geçen bapda gürrüň beripdim. Bu şeýtanyň yzyna eýeren adam Mesihe iman etdi we şeýtanyň agyr gulçulygyndan halas boldy. Ewilin (meniň gürrüňdeşimiň ady) hemişe Garriniň şeýtan bilen gatnaşygyny ýok etmegini islese-de, ol onuň durmuşynda şunuň ýaly özgermelere garaşmandy we muňa düşünip hem biljek däldi. Şonuň üçin hem ol maňa birnäçe soraglar bermegi ýüregine düwdi. – Duşuşanymyzda ähli zat hakynda gürrüňleşmäge şatdyryn – diýip, men aýtdym. Ewilin ofise giren badyna, men özümi ýaramaz duýdum. Bu aýal şeýtan ruhanysy bilen diňe bir jyns gatnaşygy arkaly baglanyşykly dälde, onuň tutuş keşbi azdyrmaklyga okgunlylyk hakynda gepleýärdi. Men hüşgär bolup, seresaplylyk bilen hereket etmek kararyna geldim. Özi hakynda gürrüň bermek bilen Ewilin özüni mesihi diýip atlandyrdy, emma meniň muňa ynanasym gelmedi. Men duýdansyz halas bolmak hakyndaky gürrüňi gozgadym, emma jogaby garaşyşym ýaly, diňe iş boýunça halas bolmak hakyndaky lenç bolan jümleleri eşitdim. Men özümiň ýoldan çykan adam bilen iş salyşýandygyma düşündim. – Biz Garri bilen duşuşanymyzda, ol zenanyň onuň bilen gepleşýän ýeri bolan katolik ybadathanasyna gidýärdik – diýip, ol gürrüňini dowam etdirdi. – Siz onuň ýanyna monah aýalyň gelendigini aýtmak isleýärsiňizmi? – Ýok, ol zenan onuň bilen meniň üstüm bilen gepleşdi. Birdenkä meniň kelläme bir pikir geldi: – Siz öz üstüňiz bilen kimdir biri Garri bilen gepleşendigini, muňa siziň bedeniňizi we sesiňizi ulanandygyny aýtmak isleýärsiňizmi? Ol aýal jynsyna degişlimi? Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 75 Ewilin ylalaşmak belgisi hökmünde başyny atdy. – Hawa, bu aýaldy, gelip çykyşy boýunça irlandiýalydy. – Ewilin, Injil ruhlary synagdan geçirmegiň zerurdygyny tassyklaýar. Siz öň haçanam bolsa bir wagt Garriniň siziň üstüňiz bilen gepleşýän ruhuny barlap görüpmidiňiz? – Ýok, nämä gerek? – Mümkin ony häzir barlap göreris? – Bolman durmaz? Meniň gullugymda şunuň ýaly ýagdaýlarda, men ruha adam arkaly özüm bilen gepleşmäge buýruk berýärdim, ýöne şeýle usul köplenç adamyň islegine ters bolup, garşy durmaklyga getirýärdi. Käbir adamlar ruh bilen gepleşýän wagtym huşuny ýitirip ýykylýardylar we özleri bilen näme bolup geçendigi doly ýatlaryna düşmeýärdi. Kem-kemden men adamyň bolup geçýän zatlara hökman göz ýetirmelidigine düşündim, ýogsam ol ondan peýda görüp bilmeýär. Adam şeýtana hut özi garşy durup, Mesihi kabul etmek ýagdaýynda bolmalydyr. – Isa Mesihiň adyndan, ruh, men saňa dymmagy we diňe meniň buýrugym boýunça geplemegi buýurýaryn. Indi Isa Mesihiň adyndan, Ewilina aýt, seniň adyň näme? Men Ewiliniň öz eşidýän zatlaryny özüniň aýtmagyny isledim. Onuň ýüzüniň görnüşi aljyraňňydy. – Ol özüniň adyna Meggi MakKendell diýýär. Men öz soragymy Ewilinde ýerleşän ruha berdim, öň men oňa Mesihiň beren ygtyýarlygy bilen dymmagy buýrupdym. Ruh meniň soraglaryma özi däl-de, Ewiliniň üsti bilen, ýagny onuň aňyna ýüzlenmek bilen jogap berdi. Ol aýal onuň sözlerini edil meniňki ýaly aýdyň eşidýärdi, ýöne gulaklary bilen däl-de, aňy bilen. Soňra özüne doly jogap bermek bilen, ol ruhuň sözlerini maňa aýdyp berdi. – Meggi MakKendell, sen näçe ýaşyňda? – Ruhda ýaş bolmaýar. – Sen näme üçin geldiň? – Ruhy söweşde mukaddeslere kömek bermek üçin. – Ýer planetasynda haçan hem bolsa bir wagt ýaşapmydyň? – Hawa. – Sen haçan öldüň? – Meggi MakKendell Irlandiýada 70-nji ýyllarda öldi – diýip, Ewilin ruhuň jogabyny ýetirdi. Eger siz Mukaddes Kitaby bilýän bolsaňyz, meniň mukaddeslere 76 Gandaly döwýänçi kömek bermek üçin dolanyp gelen Meggi MakKendelliň hakyky ruhy bilen gepleşmändigime düşünensiňiz. Baý we Lazar hakyndaky Isanyň gürrüňi (Luka 16:19‑31) ölüler bilen dirileriň arasynda äpet uçudyň goýlandygyna aýdyň düşünje berýär. Ýaşaýyş bilen ölümi bölýän çyzygy kesip, hiç kim yzyna gaýdyp bilmeýär. Şeýle hem Işaýa pygamberiň Hudaýyň halkyna ýüzlenip aýdan sözlerini ýatlamak bolar: „Size pyşyrdaşýan we hümürdeşýän jyn tutýanlara, jadygöýlere ýüz tutuň“ diýenlerinde, „Halk öz Hudaýyna ýüzlenmeli dälmi näme? Her bir ölülerden diriler barada soralarmy?“ diýiň. Kanuna we şaýatlyga ýüz tutuň! Eger olar bu sözlere laýyk geplemeseler, bu olar üçin ýagtylygyň ýoklugyndandyr!“ (Işaýa 8:19, 20). Şeýtan bilen söweşde kömek edýän ýeke-räk Ruh – bu Mukaddes Ruhdur. Şu pursata çenli men Ewilini öz toruna salan şeýtan bilen iş salyşýandygymy bilýärdim. Şonuň üçin hem men şeýtanyň aýbyny açmak üçin öz pikir edişim ýaly şu soragy bermek kararyna geldim. – Meggi MakKendell, Isa seniň Rebbiň bolup durýarmy? – Hawa – diýip, Ewilin ruha derek jogap berdi. Beýle jogap meni aljyratdy. Meniň öňümde Isa Mesihi öz Rebbi saýýan erbet ruh durdy! Bu soragy men köp ruhlara beripdim, olaryň käbirleri gazaplanyp, „ýok“ diýip jogap berýärdiler, başga birleri Isa Mesihi boýun alyp, Onuň bilen gatnaşygy ret edýärdiler. Arwah-jynlaryň hiç biri Mesihi öz Hudaýy hasaplap, kanagatlanarly jogap bermändi. Bu ýerden bir netije gelip çykýar: ýa Ewilin eşiden zadyny başgaça aýtdy, ýa-da men bir zada düşünmedim. – Isa Mesih bedende geldimi? – Hawa. Jogap meni ýene-de garaşylmadyk ýagdaýda goýdy. Men doly bulaşyk ýagdaýa düşdüm. Men duýgur ýaş aýal bilen ýekelikde bolup, ýene-de Isa Mesihi öz Rebbi hasaplaýan arwaha duşdum! Men duşuşygy diýseň bulaşyk ýagdaýda gutardym we Ewilin gitdi. Ýolda öýe barýarkam, birdenkä meniň kelläme şu pikir geldi: men hem aldanypdyryn! Hakykatda men arwah-jynyň hakyky „meni“ bilen däl-de, ýigrimi ýyl mundan öň ölüp giden Meggi MakKendelliň roluny oýnan arwah-jynyň özi bilen gepleşipdirin. Eger-de men Meggi MakKendelliň adyndan soraýan bolsam, arwah-jynyň onuň adyndan geplemäge hukugy bardy, şeýle hem ol Isa Mesihe uýup, toba edip bilýärdi. Indi men kesekiniň roluny oýnaýan arwah-jyn bilen duşuşanymda, şeýle diýýärin: „Seniň aýdýan zadyň – ýalan. Sen – erbet ruh“. Onsoň adam ylalaşsa, Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 77 proseduralaryň üsti bilen halas bolmaklyga getirýärin. Men arwah-jynlaryň her hili gürrüňlerinden gaçmagy we olaryň hiç bir sözüne ynanmazlygy öwrendim. Isa bize duýdurypdy ahyry: „… Ol ýalan sözlän mahaly özözünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy“ (Ýahýa 8:44). B u dünýäniň Hökümdary Meniň Garri, Ewilin we „Meggi MakKendell“ bilen gürrüňdeşligim ýaly, sansyz arwah-jyn uranlar biziň ýaşaýan dünýämizde şeýtanyň hökümdarlyk edýändigini doly tassyklaýar. Ilkibaşda Hudaý ýaradylyşy Adamyň eline berdi, emma günä edip, Adam bu peşgeşden mahrum boldy. Dünýäniň üstünden hökümdarlygy şeýtan aldy, şonuň üçin hem Isa ony „bu dünýäniň hökümdary“ diýip atlandyrdy (Ýahýa 12:31; 14:30; 16:11). Şeýtan Isany synaga salan wagty, Oňa „dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny“ hödür etdi (Matta 4:8), muňa derek dyza çöküp, özüne sežde etmegini talap etdi. „Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men olary islänime berip bilýärin“, diýip aýdany ýalan däldi (Luka 4:6). Şeýtan Adam günä edenden soň, ondan dünýäniň hökümdarlygyny aldy. Şeýtan dogrudan hem, Halasgäriň haçdaky ölümine çenli günäli adamyň dünýäsine hökümdarlyk etdi. Isa Mesihiň ölüminden, direlmeginden we göge galmagyndan soň, ähli hökümdarlyk dolulygyna Onda ýerleşýär (Matta 28:18). Mesihileri wagyz etmäge ýollamak bilen Reb olara bu ygtyýarlygy berdi, munuň kömegi bilen olar şeýtanyň işini ýok etmegi dowam etdirdiler. (1 Ýahýa 3:8). Biziň hemmämiz bu dünýäde, şeýtanyň öňünde ruhy öli, güýçsüz doguldyk, Pawlus ony howadaky erbet güýçleriň hökümdary diýip atlan dyrdy (Efesl. 2:2). Mesihi kabul etmek bilen biz garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Hudaýyň söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçdük (Kolos 1:13). Biziň ýerdäki raýatlygymyz gökdäki bilen çalyşdy (Filip. 3:20). Şeýtan öňküsi ýaly dünýäni dolandyrýar, emma biziň üstümizden hökümdarlygyny ýitirdi. Biziň üstümizden diňe Mesih hökümdarlyk edýär. Emma biz entek ýerde ýaşasak, şeýtana degişli territoriýada gezýäris. Ol hökman bizi öňküsi ýaly özüne boýun egmeklige çalyşýar. Onuň ýurdundaky biz kesekiler bu rehimsiz zalymyň yzarlamagyna garşy goraga gaty mätäç bolýarys. Mesih bizi şeýtandan diňe bir goraman, eýsem ony ýeňmek üçin ygtyýarlyk hem berdi. Ol bize „bütin hakykata 78 Gandaly döwýänçi tarap ýol görkezýän“ we şeýtanyň hilelerini tanamaklyga kömek edýän Mukaddes Ruhy peşgeş berdi (Ýahýa 16:13). Baky durmuş, şeýle hem Hudaýyň ýaraglary eýýäm bize degişli bolsada, biz şeýtanyň maýyl etmegine, aldamagyna we günäkärlemegine garşy gowşakdyrys. Eger biz maýyl bolmaklyga ýol bersek, onda şeýtanyň isleginiň ygtyýaryna düşmegimiz mümkin (Gal. 5:1). Eger biz bu isleg bilen ýeterlik uzak hereket etsek, onda öz üstümizden gözegçilik etmegimizi ýitirýäris we gara güýçlere doly bagly bolýarys. Hawa, eger şeýtan aldawyna garşy durmagy başarmasa, mesihi adam hem arwah-jyna ulaşyp biler. Bu arwah-jynly adamyň mesihi bolmaklygyny bes edýändigini aňlatmaýar: ol mesihi hem Hudaýa degişli. Emma ölümli bedende ýaşamak bilen, mesihi şeýtanyň otly oklary üçin oňaýly nyşana bolup biler. Garaňkylyk patyşalygynyň ýaşaýjylary Ähli Hoş Habar mesihileri we köp başga liberal pikir edýän mesihiler şeýtany – dünýäde ähli erbetligi döretmekde jogapkär şahsyýet hasap laýarlar. Köp dinler şeýtana hiç hili howaýy güýç hökmünde däl-de, üstünlik hereket edýän şahsyýet hökmünde ynanýarlar. Muňa garamazdan şeýtan we onuň arwahlary biziň dünýämizde aktiw hereket edýärler diýip gepläp başlasaň, köp mesihiler ynanmaýarlar. „Şeýtanyň ýok ýeri barmyka, emma arwah-jynlar – ýok, bu mümkin däl“ – diýýärler. Men şübhelenýänlere şunuň ýaly sorag berýärin: „Siziň pikiriňizçe, şeýtana şunça erbetligi döretmek we tutuş dünýäni aldawa salmak nädip başardýarka? Nädip ol ähli ýerde bar, ähli zady bilýän, gudratly bolmasada, ýeke özi muňa ukyplyka? Ol şol bir wagtyň özünde hem dünýä ýüzi boýunça millionlarça adamy ýeke özi aldamaga ukyply däl“. Ol bütin dünýä boýunça meýillerini amala aşyrmak üçin legion emissarlaryna (arwah-jynlaryna, erbet ruhlara, günä perişdelerine we ş.m) mätäçdir. Arwah-jynlaryň we erbet ruhlaryň bardygyna ynanmazlyk (olaryň öňlerindäki delilsiz gorky bilen deňdir) – şeýtanyň biziň hakykat hakyndaky pikirlerimizi ýoýmagynyň ýene bir mysalydyr. K. S. Lýuis özüniň „Hatlardaky habarlar“ atly klassiki kitabynda (Screwtape Letters) şeýle ýazdy: „Şeýtana adamzadyň iki sany gapma-garşylykly we birmeňzeş ýalňyşly garaýşy bar. Birinjisi, olaryň bardygyny inkär etmekden durýar. Ikinjisi, olary kabul etmek we olar bilen gyzyklanmakdyr. Şeýtan güýçleri iki ýagdaýda hem kanagatlanarly, olar materialiste hem, jadygöýe hem birmeňzeş şatlanýarlar“.1 Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 79 Görnüşi ýaly, Hudaýyň halkyny gorkuzýan ruhy güýçleriň iň gowy beýany Efeslilere ýazylan hatda ýerleşýär: „Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr“ (6:12). Käbir mesihiler bu aýatda ýatlanylýan hökümdarlylar we ygtyýarlylar – bu şeýtan iýerarhiýasynyň ýokary derejesi däl-de, Hudaýyň ýerdäki hökümdarlygynyň ýaramsyzlarydyr öýdýärler. Mukaddes Ýazgyda käbir ýagdaýlarda hökümdarlar we ygtyýarlylar diýip hakykatdan hem ýerdäki hökümdarlyk göz öňünde tutulýar (Lk. 12:11; Resul. Işl. 4:26), başgalarda – adatdan daşary güýçlerdir (Kol. 1:16; 2:15; Riml. 8:38, 39). Efesliler 6:12-niň tekstiniň mazmunyna görä hökümdarlar, güýçler we ygtyýarlyklar diýlip ruhy dünýäniň bize garşy duran düzümleri pikir edilýär. Men öňki ruhany-şeýtançy Garrini Mesihe getirenimden soň, ol şeýtançylaryň işiniň guramalary we ähmiýetleri hakynda maňa köp gürrüň berdi. Bir gezek ol elli adamdan ybarat şeýtançylaryň bütindünýä maslahatyna girendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şeýtançylaryň guramaçylyk düzümi – dört ugurly bolup, bu Efeslilere hatda beýan edilen bilen gabat gelýär. Efeslilerde ýatlanylýan „hökümdarlyk“, bu şeýtanyň köşgüniň şabaşlarydyr, şeýtanyň köşgünde ýedi sany belli şabaş bar. „Ygtyýarlyga“ ruhanylar, arwahlaryň „harby“ ýolbaşçysy, „dünýäni dolandyryjylar“ – arwah legionynyň başynda durýan ruhanylar girýärler. „Erbet ruhlara“ uly bolmadyk ýerli şabaşlaryň derejesi gabat gelýär. Şeýtançylar guramalary gaty köp sanly bolup, çuň gizlinlikde hereket edýärler. Şeýle-de bolsa şeýtançylaryň bitiren nobatdaky erbetlik täsiri hakynda adaty adamyň gulagyna baryp ýetse, onda bu waka şeýtançylaryň iýerarhiýasynyň ýerli derejesinde bolup geçendigi ahmal. Polisiýa mälim bolýan we metbugatda beýan edilýän jenaýatlaryň esasy bölegi – tejribesiz adamlaryň eliniň işidir. Şeýtançylaryň hakyky howply jenaýaty jemgyýet üçin duýdansyz amala aşyrylýar. Men öz işimde şeýtançylaryň gizlin gözleglerinden ejir çeken köp adamlara duşdum. Men olardan önüm öndürijiler hakynda bilýärin: öz çagalaryny ýörite olara gurbanlyk bermek üçin dogurýan ene-atalar ýa-da olary şeýtana gulluk etmekleri üçin terbiýelemek, mesihi guramalaryny düýp-teýkary bilen ýok etmek maksady bilen bu guramalara sümülýän diwersantlar. Adamlar bilen erbet güýçleriň özara täsiri barada has içgin bilmek üçin islendik mesihi toparyndan olaryň näçesiniň hiç bir sebäpsiz gije sagat üçde oýanýandyklaryny soraň. Men bu soragy öz konferensiýalarymda 80 Gandaly döwýänçi yzygider soraýaryn. Gatnaşýanlaryň takmynan üçden iki bölegi düzgün bolşy ýaly elini galdyrýarlar. Şabaşlar ýarygije üçe çenli işlerini dowam edýärler, esasan hem şeýtançylar arwah-jynlara „tabşyryk“ berýärler. Gije sagat üç – bu arwah-jynlaryň aktiwliginiň ýokary derejesidir, eger siz şol wagty turup, olaryň çozuşy üçin nyşana bolsaňyz, muňa geň galmaň. Meniň özüm olaryň çozuşyna köp gezek duçar boldum. Şeýle bolsa-da, olaryň hileleri meni gorkuzmaýar, sizi hem gorkuzmaly däldir. Resul Ýahýa bize şeýle diýýär: „… çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr“ (1 Ýahýa 4:4). Siz şeýtanyň we onuň wekilleriniň üstünden hökümdarlyk edip bilersiňiz, sizi Hudaýyň ýaragy goraýar. Eger şeýtan siziň garşyňyza öjükse, „Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň“ (Efesl. 6:10). Öz aladalaryňyzy Rebbe berýändigiňiz hakynda pikir ediň. Şeýtana Hudaýyň Sözüni daşyňyzdan sesli aýtmak bilen garşy duruň we arkaýyn uklaň. Siz iman bilen däl-de, tejribe bilen ýolbaşçylyk edeniňizde we Mukaddes Ruh boýunça däl-de, beden boýunça ýaşanyňyzda aldanarsyňyz. Şeýlelikde, biz dünýäniň şeýtany we arwahlaryň güýji bilen näme etmeli? Deň hasap bilen hiç zat! Biz olara kän bir uly ähmiýet berip durmarys. Biz ähli ünsümizi Hudaýa we Onuň gullugyna gönükdirmelidiris. Biz Hoş Habary wagyz edip, öz nazarymyzy Mesihe gönükdirmeli, biribirimizi söýmeli we günäli dünýämizde Hudaýyň wekilleri bolmaly. Arwah-jynlaryň häsiýetleri Mukaddes Kitabyň nukdaýnazaryndan arwah güýçleriniň bardygy Hudaýyň bardygy ýaly jedelsizdir. Hiç haçan bir zady subut etmeklige synanyşyk ýok: diňe arwah-jynlaryň döredýän işleri hakynda gürrüň berilýär. Irki ybadathanalardaky atalar-da hakykatdan hem arwahlaryň bardygyna ynanypdyrlar. Origen şeýle ýazdy: „Şeýtan, onuň perişdeleri we garşylyk güýçleri babatda ybadathana taglymaty olaryň bardygyny tassyklaýar, emma esasy haýsy görnüşdedigi açyk aýdyň däl. Muňa garamazdan köpler şunuň ýaly pikirde: şeýtan Hudaýdan aýrylan perişde bolup, beýleki ruhy barlyklaryň kesgitli sanyny öz yzyna eýermeklige yrypdyr. Bular soňkular häzirki güne çenli onuň perişdeleri diýlip atlandyrylýar“.2 Lukanyň Hoş Habarynda erbet ruhlar barada gyzykly şaýatlyk tapyp bolýar (Luka 11:24‑26). Isa bir laldan jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, emma kanunçylar muny: „Ol jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar“ diýip, Halasgäri ýazgardylar (Luka 11:15). Jedelde Isa Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 81 şu sözleri aýtdy: „Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: «Çykan öýüme öwrüleýin» diýýär. Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar“ (24‑26-njy aýatlar). Bu sözlerde arwah-jynlara degişli birnäçe möhüm faktlar bar: 1. Arwah-jynlar adamyň bedeniniň daşynda hem, içinde hem bolmaga ukyply. Görnüşi ýaly, arwah-jynlar diri bedende özlerini oňaýly duýýarlar, onuň daşynda bolmajak bolup hatda doňzuň bedeninde bolmaklygy oňlaýarlar (Markus 5:12). Bu ruhlar kesgitli şahsyýetleriň üstünden hukuk alyp bilýärler, soňra ony şeýtanyň maksady üçin ulanýarlar. 2. Arwah-jynlar öz şahsy islegleri boýunça ýerlerini üýtgetmäge ukyply. Ruhy barlyklar bolup, arwah-jynlar material dünýäde päsgelçilige duş gelmeýärler. Siziň gidýän ybadathanaňyzyň diwarlary ony erbet ruhlardan azat bina öwürmäge ukyply däl. Muny diňe doga-dileg we ruhy ygtyýarlyk üpjün edip biler. 3. Arwah-jynlar öz aralarynda gepleşmäge ukyplydyrlar. Bu Lukanyň Hoş Habarynyň 11-nji babynda beýan edilýär. Şeýle hem olar munuň üçin käbir adamy ulanmak bilen gepläp bilýärler. Muňa gadaralylaryň ýurdundaky jynly adam mysaldyr (Matta 8:28‑34). Bu jyn urmaklygyň çakdanaşa derejesidir, erbet ruhlaryň mundan pesräk derejesindäki täsiriniň astyna arwah-jynlaryň aldamagy we özüne çekmegi başaranlarynyň hemmesi düşýär. (1 Timot. 4:1). 4. Her bir arwah-jynyň aýratyn şahsyýeti bar. Lukanyň Hoş Habarynyň 11-nji babyndaky gürrüň boýunça esasyna üns beriň, jyn öz islegi we şahsyýetliligi boýunça hereket edýär. Biz näbelli güýç bilen däl-de, pikir edip bilýän şahsyýet bilen iş salyşýarys. Hut şonuň üçin hem dünýewi (ylmy) barlag usullary arwah-jynlaryň bardygyny tapmaga ukyply däl. Diňe Hudaýyň Sözi biziň üçin erbet ruhlar baradaky bilimiň abraýly çeşmesi bolup durýar. 5. Olaryň ýady bar we hereketlerini meýilleşdirmäge ukyply. Muňa bolsa arwah-jynyň bedeni taşlap gideninden soň hem, ol hakdaky ýatlamalary özünde saklaýandygy, soňra ol ýere beýleki arwah-jynlar 82 Gandaly döwýänçi bilen dolanyp gelmegi meýilleşdirýändigi görkezýär. Maýyl ediji ruhlaryň bardygy ybadathana taryhynda doly tassyklanandyr. 6. Olar adamlara baha bermäge we karar kabul etmäge ukyply. Bu erbet ruhuň içinden çykan adamyň nähili ýagdaýdadygyny bilýändigini tassyklaýar („öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär“ – 25‑aýat). Arwahjynlar gowşak ýerimizi tapyp, biziň durmuşymyzda ornaşýarlar. Muňa garamazdan şeýtan biz hakda oýlanýar diýip, alada etmeli däl, emma Hudaýyň pisindi oturjak adamlar bolup ýaşamaly (2 Korin. 5:9). 7. Arwah-jynlar birleşip bilýärler. Lukanyň Hoş Habaryndan alnan çykgytlarynda bir ruhuň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alyp gelip, ol pida bolanyň soňky ýagdaýyny ozalkysyndan hem erbet edendigi aýdylýar. Gadaralylaryň ýurdundaky arwahlynyň içindäki arwahlaryň legiona deň boldy (Mark. 5:9). Men telim gezek hem adamlardan olaryň aňlarynda eşidilýän sesleriň dürli barlyklara degişlidigini we mejlisi ýatladýandygyny eşitdim. 8. Arwah-jynlar gahar-gazaplary boýunça tapawutlanýarlar. Çykgyt alnan ýerde birinji ruha garanda, soňky ýedi ruhuň has erbetdigi aýdylýar. Isanyň bir arwah-jyn barada aýdan sözi („Bu hili ruhlary dogadan, orazadan başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir“ Mark. 9:29) erbetligi boýunça arwah-jynlaryň dürli-dürlüdigini tassyklaýar. Erbetlikleri we ygtyýarlyklary boýunça ruhlary tapawutlandyrmak pikiri Pawlusyň efeslilere ýazan hatyn daky iýerarhiýanyň ylalaşygyna doly gabat gelýär (6:12). Bir arwah-jynlyny halas etmek beýlekilere garanda has agyrdygyna hut özüm şaýatlyk edýärin. Emma siz Hudaýyň hakykatynda saklanýarsyňyz, size şeýtandan we onuň ýaranlaryndan gorkmak gerek däl. Olaryň ýeke-täk ýaragy – aldawçylyk. Irineý şeýle ýazdy: „Şeýtan… diňe ýalan sözläp, adamyň aňyna Hudaýyň parzlaryna gulak asmazlyk pikiri salyp biler we ýuwaşýuwaşdan onuň ýüregini zaýalar“.3 Eger siz ýagtylykda gezseňiz, garaňkylykdan gorkmagyň geregi ýok. Şeýtanyň dünýäsindäki durmuş Erbet ruhlar nädip biziň durmuşymyza goşulyp bilýärler? Muňa mysal edip, ýönekeýje deňeşdirme getirmäge rugsat ediň. Siz uzyn dar köçäniň Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 83 başynda dursuňyz diýeliň, onuň gyralarynda bolsa hatara düzülip berk öýler dur. Köçäniň beýleki ujunda Reb Isa Mesih dur. Siziň mesihi durmuşyňyz köçäniň boýy bilen gidip, Mesihde ösmekden ybaratdyr. Isa tarap barýan hereketiňize hiç zat päsgel berip bilmez. Şonuň üçin hem Mesihe bil baglap, öz pikirli nazaryňyzy Oňa dikýärsiňiz we hereket edip başlaýarsyňyz. Emma biziň ýaşaýan dünýämiz şeýtana degişlidir, şoňa görä köçäniň iki tarapynda ýerleşýän öýlerde göwün maksadyňyza ýetmegiňize ähli güýji bilen päsgel berjek barlyk ýaşaýar. Siziň hereketiňizi togtatmak üçin olarda güýç hem, ygtyýarlyk hem ýokdur. Olaryň ýeke-täk umydy sizi aldaw bilen ýoldan çykarmakdyr. Olar penjireden kellelerini çykaryp, ellerini bulaýarlar we gygyryp, özlerine üns berdirjek bolup jan edýärler. „Eý, seret, bizde näme bar! Içgysgynç işiňden el çek, biz saňa hakykatdan bähbitli zady görkezeris!“ diýip öwünýärler. Bu maýyl bolmak diýlip atlandyrylýar. Maýyl bolmak aňyňyzda Hudaýa däl-de, özüňize gulluk etmek pikiriniň döremeginden we oňa ýetmek üçin anyk görkezmelerden ybaratdyr. Maýyl bolmak barada biz kitabyň 8-nji babynda jikme-jik gürrüň ederis. Siz Mesihe tarap hereket etdigiňizçe, siziň Hudaý üçin aklyňyzyň we ýagşylygyňyzyň ýeterlik däldigi we Onuň sizi kabul etmezligi baradaky pikirler hökman ýüze çykar. Şeýtanyň emissarlary – esasan hem olara sizi maýyl etmek başartsa günäkärlemegiň ussadydyrlar. Ilkibaşda olar munda hiç hili erbetligiň ýokdugyny bahanalap, bir zatlary etdirjek bolýarlar, haçanda siz olaryň aldaw toruna düşeniňizde welin, olar siziň ýüzüňizi alýarlar: „Ine, görýäňmi, sen nähili aşak ýykyldyň! Mundan soň sen özüňi nädip mesihi diýip atlandyrjak?“ Töhmet (günäkärleme) – şeýtanyň esasy usullarynyň biridir, munuň kömegi bilen ol sizi hakykat ýolundan aýyrmaga çalyşýar. Biz onuň töhmetçilik usulyny 9-njy bapda has çuň gözden geçireris. Köçäniň beýleki ujuna tarap hereket etmek bilen siz şunuň ýaly sözleri eşidersiňiz: „Bu gün ybadathana gitmeseňiz hem bolar. Mukaddes Kitaby her gün okamasaň hem bolar – bu gaty bir wajyp däl. Her gün dileg etmek hem hökman däl. Mundan başga-da, «Täze asyryň» wekilleri bir zatda dogrudyrlar“. Bu aldaw şeýtanyň usullaryndan iň inçe hem howplusydyr. Şunuň ýaly pikirler köplenç birlik ýöňkemede ýaňlanýar: „Bu gün ybadathana gitjek däl, Mukaddes Kitaby okajak däl“ we ş.m. Eger siz şeýtanyň pikirlerini özüňiziňki ýaly kabul etseňiz, ol aldawda üstünlige köp mümkinçiligiň bardygyna düşünýär. Aldamagyň usullaryna biz 10-njy bapda has giňişleýin seredip geçeris. 84 Gandaly döwýänçi Öz arwah-jynlaryna sizi azdyrmagy we maýyl etmegi buýurmak bilen şeýtanyň maksady näme? Olary ýoluň gyrasyndaky penjireden asylyp, sizi bellenen ýoldan azaşdyrmaklyga näme mejbur edýärkä? Ol siziň saklanmagyňyzy, oturyp dynç almagyňyzy isleýär, belki-de siz Isa Mesihe tarap barýan syýahatyňyzdan bütinleý ýüz öwürmegiňiz mümkin. Ol siziň Hudaýa gulak asmak we gulluk etmek ukybyňyzda şübhe döretmek isleýär. Hemişe ýatda saklaň: Mesihe tarap ýuwaşlyk bilen barýan ýoluňyza päsgel berer ýaly onda güýç hem, ygtyýarlyk hem ýok. Ol hiç haçan sizi täzeden gazanyp bilmez, çünki siz Isa Mesih tarapyndan satyn alyndyňyz we ebedi Onuň bilen birleşensiňiz (1 Petrus 1:18, 19). Emma şeýtan ynandyryjy pikirleri bilen sizi özüne çekse, onda maýyl etmeklik bilen töhmeti we aldawy ulanyp, siziň durmuşyňyza täsir edip biler. Şeýlelik bilen ol size gözegçilik eder. Arwah-jynlaryň mesihileriň üstünden gözegçilik etmek derejeleri hakynda biz 11-nji bapda gürrüň ederis. Ruhy gulçulygyň derejeleri Ruhy erkin adamlar bilen şeýtan güýçleriniň doly guluna öwrülenleriň arasynda birnäçe aralyk derejeler bar. Ruhy erkin adamy mysal edip, resul Pawlusy görkezmek bolar, ol günä we şeýtan bilen göreş alyp barýandygyna garamazdan, onuň durmuşy gulluk göreldesi bolup durýar (Riml. 7:15‑25; 2 Korintos. 12:7‑9). Ruhy gulçulykdakylar garaňkylyk güýçlerine doly bagly bolup, gadaralylaryň ýurdundan çykan jynly adamlar ýalydyr (Matta 8:28‑34). Hiç kim hem göz açyp ýumasy salymda şeýtanyň guluna öwrülmeýär. Adam onuň eline ýuwaş-ýuwaşdan düşýär, uzak wagtyň dowamynda ol maýyl bolmaklyga yrylýar. Meniň syn edişim boýunça 15 % töweregi Hoş Habar mesihileri ruhy gulçulykdan doly azat. Bu hasabata durmuşy Mukaddes Ruhuň miwesi bilen amala aşan mesihiler girýär. Galan 85 % ruhy garaşlylygyň üç derejesiniň birinde ýerleşýärler. Mesihi daş görnüşden doly kadaly durmuşda ýalydyr, emma içki kalbynda hemişe şöwketparaz, göriplik, betnebislik, ýigrenç, parhsyz ýaly günäli pikirler bilen göreşýär. Şeýle adam gündelik içki mesihi durmuşynda ýaşamaýar: onuň üçin dileg – hemişe kyn synag, başgalar bilen gatnaşyk hem agyr zähmet bilen başardýar. Şunuň ýaly ýagdaýda bolýan mesihileriň köpüsi ruhy gapma-garşylygyň merkezinde ýerleşýändiklerini bilmeýärler. Olar özleriniň ses eşidýändiklerini boýun Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 85 almazlyklary ahmal, emma samsyk pikirleri bilen hemişe göreşýändiklerini welin tassyklaýarlar. Şeýtanyň otly oklarynyň olara atylýandygyna düşünmän, olar ähli günäni öz üstlerine alýarlar. „Eger men şunuň ýaly pikir edip bilýän bolsam, onda mundan soň men kimkäm?“ – diýip, olar gorkýarlar. Duşman bilniksizden hüjüm etmegini dowam etdirýär. Meniň pikirimçe, mesihileriň 65 %-i munda, ruhy gulçulygyň birinji derejesinde ýerleşýärler. Ikinji derejede özleriniň şahsy pikirlerinden başga-da düşnüksiz erbet „sesleri“ aýdyň eşidýän adamlar ýerleşýär. „Maňa näme boldy?“ diýip, olar aňk-taňk bolýarlar, aňlaryna günäli pikirleriň we fantaziýalaryň akymy girýän ýaly duýýarlar. Öz aňlaryny nähili tämizlemelidiklerini bilmänsoň, akylymyzdan azaşýarys öýdýärler. Aňyňy ýitirmek görnüşi olary gorkuzýar welin, olar bolup geçýän zatlar hakynda hiç kime aýtmazlygy karar edýärler. Emma şu derejede hem mesihileriň köpüsi öz ýagdaýlaryna ruhy gapma-garşylyk hökmünde seretmeýärler. Olar psihologlara ýüz tutýarlar we öz aňlaryny terbiýelemeklige synanyşýarlar, emma düzgün bolşy ýaly üstünlik gazanyp bilmeýärler. Meniň hasabym boýunça mesihileriň 15 %-i şu derejä laýyk bolýarlar. Şeýle adamlaryň köpüsi depressiýadan, rahatsyzlykdan, ruhy hassalykdan ejir çekýärler, olar aladaly we sabyrsyz bolýarlar. Köpüsi arakhorlugyň, neşäniň we ş.m. pidasy bolýarlar. Gulçulygyň üçünji derejesindäki adam özüne gözegçiligi doly ýitirýär. Ol özüne pikirleri, duýgulary, häsiýetleri buýurýan içki sese boýun egýär. Bu adamlar göze görünmeýän söhbetdeşler bilen gepleşip, gapyny gulplap oturýarlar ýa-da köçede gezýärler; olar psihiatrik keselhanalarynda ýatan adamlaryň sanyna girýärler. Gynansagam, mesihileriň 5 %-ne golaýy şunuň ýaly derejede erbet ruhlar bile gulçulyga öwrülen. Eger adam içki sese uzak wagtlap boýun egse, gadaralylaryň ýurdun daky adama meňzeş bolup, jynla öwrülmekligine töwekgellik edýär. Erbet ruhlar uzak wagtyň dowamynda öz islegi boýunça hereket etmegi üçin, arwahlynyň üstünden şeýle ygtyýarlygy alýarlar. Şeýtan bilen ylalaşmaň Hudaýyň öňünde gündelik ýörişiňizde päsgel bermek üçin niýetlenen arwah-jynlaryň duzagyna we hilelerine garşy durmagyň üç usuly bar bolup, olaryň ikisi bähbitsizdir. 86 Gandaly döwýänçi Şeýtan pikirine gulak asýan, mundan başga-da, olara ynanýan adam ruhy erkinlige az eýe bolar. Aýdalyň, size şunuň ýaly pikir ornaşypdyr: „Sen dileg etmeýärsiň, Injil okamaýarsyň, bolmalysy ýaly şaýatlyk etmeýärsiň. Sen näme Hudaý özüňi söýýändir öýdüp pikir edýärsiňmi?“ Munuň haýasyz aldawdygy aýdyňdyr. Hudaýyň söýgüsi şert goýmaýar. Muňa garamazdan siz bu hakda pikir edip başlaýarsyňyz we kem-kemden Hudaýyň özüňizi gaty bir güýçli söýmeýändigi bilen ylalaşýarsyňyz. Birnäçe wagtdan soň siz ruhy ýoluňyzy ýitirýärsiňiz we azaşmaklyga başlaýarsyňyz. Bu mesihiler ýeňlendirler, sebäbi olar Hudaýyň özlerini söýmeýändigine olaryň hiç haçan şeýtanyň penjesinden sypyp bilmejekdiklerine, öňki şahsyýetiniň pidasy bolmaklyga sezewar bolmalydyklaryna ynandylar. Olara täze durmuşa başlamaga hiç zat päsgel bermeýär, emma olar öz güýçlerine ynanmasalar, muny nädip etsinler? Garşy durmagyň ikinji usuly arwah-jynlar bilen jedelleşmekden ybaratdyr. Ol miwe getirmeýär. „Men samsyk däl we umytsyz däl. Men ýeňýärin“ diýip, siz düşünmän gedemlik bilen aýdýarsyňyz, hakykatda bolsa erbet ruhlaryň teklip eden düzgüni boýunça oýnaýarsyňyz. Hereketi dowam etmegiň deregine, siz peýdasyz jedellere wagtyňyzy ýitirýärsiňiz. Erbet ruhlara ynanmak hem, olar bilen gepleşik geçirmek hem gerek däl. Olary diňe ret etmeli. Siz Hudaýyň ýaragy bilen ýaraglanan, şonuň üçin hem siziň özüňiz muňa ýol bermeseňiz, olar size hiç zat edip bilmeýärler. Onuň maýyl ediji otly oklaryny, ýazgarmalaryny we aldawçylygyny diňe iman galkanyny galdyryp yza serpikdiriň (Kol. 2:6). Çozuşy ýok edip, hereketiňizi arkaýyn dowam etdiriň. Ähli pikirleri Mesihe boýun bolmaklyga maýyl ediň. Aldawçylygyň öňünde hakykaty saklaň. Şeýle hereket etseňiz, siz her ädimiňizde erkin we has kämil bolarsyňyz. 7 Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi Men öňki bölümlerde, özüniň mesihilige çagyrylyşy bilen, Ewelin atly öz oňat görüşýän gyzyny haýran eden, öňki ruhany-şeýtançy Garri barada ýatlap geçipdim. Indi ol baradaky bütin wakany aýdyp bermegiň we onuň mysalynda biziň umumy gowşak ýerlerimizi açyp görkezmekligiň wagty geldi. Eweliniň Mesihe ynanmaýandygyna seretmezden, Garri bilen onuň duşuşygy uly üýtgeşmelere getirdi. Ol öz 45 ýaşynyň dowamynda durmuşda heniz özüniň bilmeýän käbir zatlaryň bardygyna göz ýetirdi. Şeýle seredeniňde ol hiç bir zatda tapawutlanmaýan, adaty, Günorta Kaliforniýaly, öz boş wagtlaryny psihologiýa gyzyklanmak bilen geçirýän söwdagärdi. Ol bir wagtlar psihologiki barlaglaryň ýerli guramasynyň başlygy hem bolupdy. Hakykatda welin, Garri psihologiýany özüniň şeýtançylyk bilen gyzyklanmasynyň öňüni ýapmak üçin ulanýardy. Garriniň ejesi hem şeýtançy-gullukçy ruhanydy we öz ogluny hem şeýtana gulluk etmegi üçin terbiýeläpdi. Garri arwahlyk iýerarhiýada köp adamlaryň ýakyndan göz öňüne getirip bilmejek, derejesine ýetipdi. Meniň ýanyma ilkinji gezek gelmezinden ýarym ýyl öň Garri şeýtançylyk guramasyndan özbaşdak çykmaklyga synanyşdy, emma gara güýçleriň ony boşadasy gelmedi. Garride aň garjaşma tutgaýy başlandy. Öň mesihi bolan, Garrä ýakyn durýan hojaýyn aýal, şeýle tutgaýlaryň birinde tiz kömegi çagyrmaly boldy. Iblisiň täsiri şeýle bir güýçlüdi welin, Garrini köşeşdirmek üçin ýedi sany sanitar çagyrmaly boldy. Iblisiň täsiriniň diňe daşky fiziki güýçler däl-de, aňa, merkezi nerw sistemasyna täsir ediji güýçdügini belläp geçmek zerurdyr. Al-arwah uran adamyň fiziki güýji edil ekstremal ýagdaýa duçar bolup, ganyna adrenalin uran adamyň güýji ýalydyr. Şeýle güýç, eger çagasyny maşyn basan wagtynda enä maşyny eli bilen itekläp aýyrmaga mümkinçilik berýär. 88 Gandaly döwýänçi Hekimler barlagdan soň, Garride hiç hili adatdan çykmalaryň ýoklugyny anykladylar we ony goýberdiler. Garrini şeýtançylykdan boşatmaklyk üçin eden birnäçe şowsuz synanyşyklaryndan soň, Ewilin kömek sorap maňa ýüz tutdy. Garri meniň iş ýerime öz erki bilen gelen hem bolsa, ol özüni diýseň oňaýsyz duýýardy; gara güýç bilen boljak erbet çaknyşygy syzýardy. – Haýsy güýç bilen söweşjekdigiňizi siz göz öňüne hem getirip bilmeýärsiňiz – diýip, ol duýdurdy. – Men iblisiň güýjüni ýeterlik göz öňüne getirýärin diýip pikir edýärin – diýip, men arkaýyn jogap berdim, – emma siz Hudaýyň güýjüne ýeterlik düşünmeýän bolarly. Siz garaňkylyk güýçlerden saýlanmak isleýändigiňizi aýtdyňyz, emma muny özbaşdak başarmarsyňyz. Size azat bolmaklyk üçin Mesihi öz Rebbiňiz hökmünde tanamagyňyz gerek. Diňe Ol sizi azat edip biler. Siz şeýle karara gelmäge taýýarmy? Garri biraz sandyramaga başlady, men duşmanyň ýeňil boýun bolmajak dygyna göz ýetirdim. Men doga okamak bilen goldaw tapmagy oýlandym we Garrini iş otagymda galdyryp, birini gözlemek üçin çykdym. Maňa biziň ybadathanamyzda kethudalyk edýän Ueýni tapmaklyk başartdy. Ol men entek Garri bilen meşgul wagtymda meniň iş otagymda doga okap oturmaklyga razylaşdy. Ueýn ol wagty özüniň nämeleri görjekdigini göz öňüne getirip hem bilmeýärdi! Men Garriniň garşysynda oturdym we soradym: „Siz Mesihi kabul etmeklige taýýarmy, Garri?“ Ol oturgyjy dyrmalap otyrdy. Haçanda ol jogap bermeklige synanyşanda „oýun“ başlandy. Ol birden aýylganç gygyrdy, oturgyçdan böküp turdy we edil özüni görünmeýän güýç şol tarapa zyňýan ýaly otagyň ol künjüne atylyp düşdi. Ol uwlady we edil ýeldirgän adamy ýatladyp, iş otagymda urunmaga başlady. Ony eýeleýän gara güýçler şeýle uly gohly netijäni bermek üçin onuň aňyny, erkini, fiziki güýjüni we duýgularyny ulanýardy. Ueýn diwara dykylmak bilen şeýle bir doga okaýardy, bu öň hiç wagt beýle bolmandy. Men oturgyjymda arkaýyn oturmagymy dowam edýärdim, sebäbi güýjüňi görkezmekligiň – şeýtanyň ýene bir aldawly ýoludygyny men bir eýýäm bilýärdim. Ol eger bizi gorkuzmagy başarsa, biziň durmuşymyzda ynamyň däl-de gorkynyň ýolbaşçylyk etjekdigini bilýärdi. Şeýtan „arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir“ (1 Petrus 5:8). Ýolbars nämä arlaýar? Öz pidasyny gorky bilen ysgynsyzlandyrmak, soňra bolsa hiç hili päsgelçiliksiz ony öldürmek üçin. Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi 89 Emma biziň Mesihde eýeleýän ynamymyz we goragymyz arkaly iblis bize golaýlaşyp bilmeýär. Gorky – bu uly ýarag, biz diňe ondan (gorkudan) gorkmalydyrys. Iblise özüňize goranyşa geçirmeklige ýol bermäň. „Oňa garşy imanda berk duruň“ (1 Pet. 5:9). Iblis ýykylan. Şuňa ynanyň we ony basgylaň. Oňa irde-giçde yza çekilmekden başga ýol ýok. Garriniň „üsti bilen“ şeýtan maňa arlaýarka, men arkaýyn Mukaddes Ýazgyny okamagy dowam etdim we duşmanyň sem bolmagyny diledim. Düzgün bolşy ýaly, men şeýle ýagdaýlarda biziň Mesihdäki hökümdarlygymyzyň suratlandyrylýan ýeri bolan Efeslilere Ýüzlenmäniň birinji bölümini okaýaryn. Haçanda men birnäçe minutlap Mukaddes Kitap we doga okamaklyk arkaly iblisden üstün çykanymdan soň, Garri pola ýüzin ýazyldy we: „Reb Isa, men Sensiz ýaşap biljek däl!“ – diýip gygyrdy. Şondan soň ol meniň yzym bilen Mesihi kabul etmek dogasyny gaýtalady. Haçanda Garri ýerinden galanda ol azatdy. Ol mundan öň hiç wagt başyndan geçirmedik şatlygy bilen meni we Ueýni gujaklady. Iblisiň hökümdarlygyndan azat bolan hem bolsa Garrä muny duýmak agyrdy. Ol özüni Mesihi kabul eden arakhorlar ýaly alyp barýardy. Ynamy kabul eden arakhor ruhy taýdan tämizlenen hem bolsa, eger Hudaý onuň durmuşynda ýene bir täsinligi amala aşyrmasa, ol öz bedeninde agyrlygy duýýar. Içgili gezýän ýyllaryndaky endikler entek saklanýar, zaýa bolan bagry bolsa çalşyp bolmaýardy. Garri öz durmuşynda uzak ýyllaryň dowamynda iblis dessurlaryna gatnaşypdy we olar onda öz yzyny goýupdy. Mesihi kabul edenden soň hem ol öz geçmişindäki fiziki, ahlak we ruhy yzlar bilen göreşmeli bolýardy. Şeýtançylar birnäçe gezek Garrini öldürmeklige synanyşdylar we ony gije-gündizläp ruhy täsire duçar etdiler. Soňra olar oňa ylalaşyga gelmekligi teklip etdiler. Ol biziň ybadathanamyzdaky aýdan zatlary barada hiç ýerde indi şaýatlyk etmeli däl we olar şonda ony öz ugruna goýmakçydylar. Garri razylaşypdyr, haýsydyr bir gepleşik kagyzyna gol çekipdir we şondan soň men ony görmedim. D ünýä ýaly köne duzak Nahililik bilen Garri we oňa meňzeşler iblis toruna düşýärler? Has möhümi: öz gaçjak çukurymyzy nähili tanamaly? Okkultizmiň özüne çekijiligi hemişe diýen ýaly bilim we hökümdarlyk bermekligi söz bermekde jemlenýär. Biz adaty adamlara mahsus bolmadyk 90 Gandaly döwýänçi ezoteriki bilimlere ymtylýarys. Biz ruhy we adaty bolmadyk güýçleri isleýäris. Haýsydyr bir derejede bu islegler bize Hudaý tarapyndan berlen, emma şeýle bolanynda olar Hudaýdan gaýdýan güýje we bilime ugrukdyrylan bolmaly. Emma barybir arwah bize olary Hudaýyň güýji we bilimi diýip görkezmek bilen olary bize dakmaga çalyşýar. Eger bu oňa başartsa, onda ol kem-kemden biziň durmuşymyza aralaşmaga başlaýar. Arwahyň biliminiň we güýjüniň özüne çekijiligi täzelik däl. Hudaý bu barada öz halkyna gadymlardan duýdurypdyr. Äht edilen ýere gelmezinden öň Musa ysraýyllylara şeýle wagyz edipdir: „Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň. Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň. Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Hudaýyňyz Rebbe hakyky wepaly boluň“ (Kanun taglymaty 18:9‑13). Bu wagyz öz güýjüni şu günki güne çenli saklap gelýär. Häzirki dünýä dürli dinli bolan döwürdäki Kengany ýatladýar, sebäbi onda her kim ezoteriki güýji we ylmy almak üçin jadygöýe, palça, bilgije ýüz tutup bilýär. Munuň biziň jemgyýetimiz üçin näçeräk möhümdigini men doktorlyk dissertasiýamy goramaga taýýarlanýarkam göz ýetirdim. Aýratyn hem geljegi aýdyp bilmekligi öwrendim. Meniň toparymyň agzalarynyň biri, Los-Anjelesdäki mekdebiň müdiri, biziň geljegimizi nähili göz öňüne getirýändigi barada nutuk okady. Ol adamzat aňynyň öňünde boljak açyşlary dabaraly suratlandyrdy: Asman giňişligine çykmak, telepatiýanyň üsti bilen habarlaşmak, lewitasiýa we ş.m. Bu „Täze Asyr“ hereketiniň we okkult hereketiniň ähli öňe sürýän zatlary. Bellemeli zat: toparyň ähli beýleki agzalary hem pedagogikada doktorlyk derejesine kandidatlar – bary çykyş edýäni uly üns bilen diňlediler. Çykyşdan soň şowhun bilen öz pikirlerini alyşdylar. Şonda men elimi galdyryp çykyş edýänden soradym: – Aýtsaňyzlaň, haçanda şu soraga taýýarlanýan wagtyňyzda siz şu zatlar bilen gyzyklanmagyň adama peýdasy barada oýlandyňyzmy? Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi 91 – Munuň oňatlygy ýa-da däldigi meni düýpden gyzyklandyrmaýar – diýip, ol jogap berdi. – Esasy zat, munuň netijeliligi. – Men muňa şübhelenmeýärin, – diýip aýtdym. – Ruhy fenomenler we okkult praktikasy edil dünýä ýaly gadymy taryha eýedir. Bize onuň täsir edýändigi ýa-da däldigi barada däl-de, ony ulanmagyň oňatlygy ýada erbetligi barada oýlanmak zerur. Meniň sözlerim uly gýzyklanma döretdi we sapakdan soň olar okkultizmiň zyýany barada giňişleýin soradylar. Maňa-da biziň durmuşymyzda kanuny bolmasa-da, haýwanlary gurban bermegiň, jadylamaklygyň giňden ýaýrandygy mälim. Bularyň bary Musanyň üsti bilen Hudaý tarapyndan gadagan edilen. Amerikanyň polisiýa departamenti ata-eneleriň dykgatyna ýetirmeklige çalyşýar: „Oýlanyşyň, siziň çagalaryňyz diňe bir zyna etmek we neşe çekmek bilen däl-de, şeýtançylyk bilen gyzyklanýarlar! Muňa biziň duş gelýän köp sanly, zeper ýetirilen haýwan maslyklary şaýatlyk edýär“. Bir gezek biziň uniwersitetimiziň jaýynda Günorta Kaliforniýanyň talyplar şäherçeleriniň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy. Menden olaryň öňünde häzirki zaman Amerikasynyň medeniýetiniň ruhy fenomeni barada gürriň bermegi haýyş etdiler. „Olaryň arasynda mesihiler az – diýip, biziň talyplar şäherçämiziň goragynyň müdiri aýtdy – emma duşuşygyň bizde geçyänligi sebäpli seniň çykyş etmegiňi isleýäris“. Men ylalaşdym. Ýygnananlar uly yaşdaky adamlar bolup,olaryň köpüsi dynç alyşdaky harbylar we poliseýlerdi. Haçanda men okkultizmiň biziň durmuşymyza ýaýrandygy barada söz açanymda, olaryň hiç biri ýaňsyly gülmedi ýa-da meniň sözümi ýalana çykarjak zady aýtmady. Olaryň her biri talyplar şäherçesinden özüne berkidilen ýerinde iň bolmanda bir gezek şeýtançylaryň haýykdyryjy hereketleriň netijesine duçar bolupdyrlar. Häzirki wagtda, amerikan jemgyýetinde Musanyň sanap geçen gadagan edilmeleriniň her birine duş gelmek bolýar, – „ýönekeýje“ täleýnamalary düzmeklikden tä haýwanlary we adamlary gurban bermeklige çenli. Olaryň hersi öz başyny şeýtan tarapyndan ýaýradylýan ýalandan alyp gaýdýar. G araňkylyk patyşalygynda alnan bilimler „Goşmaça“ ezoteriki bilimlere teşnelik bu günki gün amerikan jemgyýetini eýeledi. Men muňa Kaliforniýa ştatynda Pasadena şäherinde 92 Gandaly döwýänçi geçen açyk iki konferensiýalarda aýdyň göz ýetirdim. Konferensiýanyň biri häzirki döwürde Hoş Habar hereketine bagyşlanypdy, beýlekisi „Täze Asyr“ hereketi tarapyndan geçirildi. Birinjisine 600, ikinjisine bolsa 40 000 adam gatnaşdy! Täze jemgyýetiň hakyky sypaty şeýle. Adamlar Hudaýy diňlemek islemeýärler, olara öňden görüjiniň, ölüleriň ruhuny çagyrýançynyň, bilgijiň ýa-da palçynyň aýdanlary gyzykly. Mukaddes Ýazgy, ol kimden bolanynda hem Hudaýdan başgadan alnan islendik geljek baradaky bilimi ýazgarýar: „Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi murdar etmäň… Eger kimdekim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkymdan çetleşdirerin… Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“ (Lewil. 19:31, 20:6, 27). Biz erbetligiň ruhundan maslahat gözlemekden gaýtmaýanlar babatda açyk geçirimlilik edýäris. Porhanlar teleýaýlymda we radioda çykyş edýärler we olar uly tanymallyga eýe. Men ýaňy-ýakynda LosAnjelesdäki aýallaryň hünärmenlere garanyňda ekstrasenslere has köp ýüzlenýändiklerini okadym. Islendik amerikan şäherinde size ruhy galkyndyrmalary berip biljek ekstrasensoriki merkezler bar. Halypa ýaha kezzap, ýa-da bihuşlygyň üsti bilen ruhlaryň dünýäsine girip, ol ýerden görkezme alýan adam. Hiç kim olary jemgyýete zyýan getirýän adam hasap etmeýär, tersine olary edil hekim ýa-da ruhany ýaly sylaýarlar. Gözbagçylar we hakyky ekstrasensler Ekstrasensler „öz aňk“ ediji bilimlerini nireden alýarlar? Olaryň köpüsi hakykatda hem iblis ruhlary bilen kontakta girip bilýärler, emma häzirki wagtda ekstrasensorikanyň tutusynyň aňyrsynda bolup geçýän zatlar çeýe aldaw. Siz şeýle atlandyrylýan „jadygöýüň“ ýa-da „gözbagçynyň“ ýanyna maslahat sorap geleniňizde, size birnäçe ýönekeý başlangyç soraglar berilýär. Siziň jogaplaryňyzyň netijesinde olar size umumy maslahatlary bererler, sebäbi olar siziň ýagdaýyňyzdaky köp sanly adamlara dogry gelýär. Siz bolsa garşyňyzda oturan gözbagçynyň bu bolşuna haýran galyp, öz ýagdaýyňyz barada giňişleýin gürrüň bermäge başlap, onuň mundan aňyrky „maslahaty“ üçin iýmit berýärsiňiz. Bu ýerde hiç hili jady ýok, bu ýöne bir gözbagçylyk. Emma Lewiler we Kanun Taglymaty kitaplarynda aýdylyp geçilýän „ölüleri çagyrýanlar we jadygöýleriň“ ekstrasensorikanyň çeýeleri bilen Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi 93 hiç bir baglanşygy ýokdur. Olaryň habar berýän bilimleri adaty däl ýol bilen alynýar. Oňa eýe bolmak üçin olar garaňkylyk dünýäsine girýärler. Olaryň alýan maglumatlary şeýtandan gaýdýar. Gözbagçylary diňe siziň gapjygyňyz gyzyklandyrýar, porhan size öz erki bilen ýa-da bilmezden sizi ruhy azatlykdan mahrum etjek iblis ylymlaryny aýdýar. Bir gezek men ekstrasensiň pidasy bolan adama maslahat bermeli boldum. Maňa 45–50 ýaşlaryndaky Rori atly gujurly adam ýüz tutdy. Şundan sähel wagt öň ol aýaly bilen aýrylyşypdy we onuň maňa gürrüň beren wakasy has tanyş göründi. Bar zadyň başy onuň täze tanşan gyzy Bernis ikisiniň Kaliforniýanyň uly söwda merkezine barmagy bilen başlanypdy. Ol ýerde olaryň ekstrasens aýalyň kabul edýän çaklaňja edarasyna gözi düşdi. Gapydaky mahabatda şeýle diýilýärdi: „Giriň we mundan beýläk nahili ýaşamalydygyny biliň!“ Rori we Bernis girdiler. Aýalyň olara aýdan ezoteriki habarlary olary aňk etdi. Onuň hakyky ekstrasens ýa-da oňat aktrisadygyny aýdyp biljek däl, emma onuň ýetiren täsiri uly boldy. „Eger siz şeýle uly güýje eýe bolsaňyz, onda meniň üçin ýene nämeleri edip bilersiňiz?“ – diýip, Rori gyzyklandy. Ekstrasens aýala ony özüniň kömegi bilen işde we durmuşda uly üstünliklere eýe boljakdygyna ynandyrmak başartdy. Rori ol aýala ynandy we olar onuň ýanyna yzygider gatnamaga başladylar. Ekstrasens ilki bilen olara öýlenmeklerini maslahat berdi we olar ony ýerine ýetirdiler. Şondan soň olar onuň görkezmelerine eýerdiler. Dört ýyldan soň Rori meniň iş ýerime geldi. Onuň Bernis bilen guran nikasy bozulypdyr we ol işden çykypdyr. Men ondan ekstrasensiň maslahatlary üçin näçe çykdajy edendigini soranymda, ol: „Ol aýal menden 15 000 dollar, Bernisden bolsa – 65 000-den hem gowrak“ – diýip jogap berdi. Ekstrasensorika – (hakyky bolanynda hem, ýalan bolanynda hem) bu uly girdeji we köpler ondan uly pul gazanýarlar. Sebäbi adamlar öz geljekleri barada bir azajyk hem bolsa-da bilmek üçin tölemäge razy. Erbetlik dünýäsi bilen iş salyşmaklygyň soňy „Ölüleri çagyrmak“ we „jadygöý“ ýaly mesihi terminleri barada köp belli däl. Ýewreý dilinde birinji söz aýallara degişli bolan sözler toplumyna, ikinji bolsa erkeklere degişli bolan sözler toplumyna degişli. Jadygöý (Ýewr. „ýidd oni“) „bilmek“ işliginden gelip çykýar. Köp sanly öwrenijiler bu sözleriň ikisi hem şol bir zady aňladýar diýip hasap edýärler. 94 Gandaly döwýänçi Köp sanly patyşalaryň, ýalan pygamberleriň we ölüleri çagyrýanlaryň ysraýyl halkyny nahililik bilen Hudaýdan daşlaşdyrýandygy barada Köne Ähtde köp sanly mysallar getirilýär. Şol mysallaryň iň bellisi, iň ilkinji ysraýyl patyşasy Şawul baradaky mysaldyr. Öz durmuş ýolunyň başynda Şawul Hudaýyň ýolbaşçylygyny gözledi, şol sebäpli hem Şamuwel tarapyndan patyşalyga mesh edildi (1 Şamuwel 9). Şawul Hudaýa sygynmagyny bes etmezden öň ähli zatlar oňat barýardy (1 Şamuwel 15). Has dogrusy, Hudaýyň jadygöýlüge deňeýän günäni etmänkä oňatdy (23‑aýat). Näme üçin Şawul Hudaýa boýun egmedi? Sebäbi halkyň pikirini Hudaýyň erkinden ýokarda goýdy. (bu häzirki döwürde hem öňde durýan mesele). Hudaýa sygynmazlyk häzirki döwrüň uly belasy. Şawulyň öz günäsine düşünip, toba gelmegine seretmezden, (iň bärkisi onuň tutulmagyna) toba gelmegiň hakyky miwelerini ol berip bilmedi. Köp sanly günä edenleriň edişi ýaly, ol öz ýalňyşyny düzetmeklige çalyşdy, emma oňa eýýäm giç bolupdy: „Rebbiň ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen ýaman ruh ony gorkuzýardy“ (1 Şamuwel 16:14). Bu jümläni iki sebäp boýunça düşündirmek kyn. Birinjiden, mundan adamyň boýun bolmazlykdan Mukaddes Ruhdan mahrum bolup biljekdigi gelip çykýar. Bu ýerde Köne Ähtde Ruhuň saýlanyp we wagtlaýyn berlendigini göz öňünde tutmak gerek. Görnüşi ýaly, Şawulyň eýeleýän Ruhy edil Dawut patyşanyňky ýaly bolmaly: bu patyşalyk etmeklige aýratyn mesh edilmeklik (13‑aýat). Bu mesh edilmeklik şu günki gün biziň Mukaddes Ruh bilen gatnaşyklarymyza düýbünden meňzeş däl. Isanyň haçda ýerine ýetirenlerinden soň, ybadathana Mukaddes Ruhuň hemişelik bolýan ýeri hasap edilýär we Ol Hudaýyň çagalaryny olaryň Gökdäki Atalary bilen baglanyşdyrýar (Efes. 1:13,14). Isa bize hiç kimiň bizi Onuň elinden kakyp alyp bilmejekdigini söz berdi (Ýahýa 10:28). Pawlus bolsa hiç zadyň, hatda boýun bolmazlygyň hem bizi Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigini mälim edýär (Rim. 8:35‑39). Biz Mesih bilen ymykly birleşen we Mukaddes Ruh biziň ynamymyzyň we Isanyň haçda ýerine ýetirenleriniň güýji bilen bizde ýaşaýar. Ikinjiden, jümleden erbet ruh Rebden gelip çykýar diýip düşünmek bolýar. Muňa düşünmeklik üçin Hudaýyň älem-jahanyň ýokary hökümdarydygyna aň ýetirmek gerek we Ol arwahyň çaparlaryny ýolundan azaşan çagalary ýola getirmeklik üçin ulanyp biler. Ol Şawul bilen hem edil şeýle etdi. Ol Öz şu matlabyna ýolbaşçylyk etmek bilen assiriýalylar ýaly hudaýsyz halky ysraýyllary jezalandyrmakda „öz Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi 95 gaharyňyň gürzüsi“ hökmünde ulandy (Işaýa 10:5;6). Öz niýetlerini amal etmek üçin Hudaý arwahlary ulanyp bilýär. Azan adamy iblise tabşyrmaklyga ybadathana rugsat berilýar, „teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň“ (1 Kor. 5:5). Bu dünýäniň ýolbaşçylarynyň we hökümdarlarynyň eline düşmek bilen günäli tizden toba gelýär. „Seniň iblisiň eline düşesiň gelýärmi?“ – diýip, biz ýolundan azaşandan soraýarys. Onsoň: „Baş üstüne. Belki, seniň azgynlygyň getirjek agyr netijesi saňa Hudaýa dolanyp gelmeklige kömek berer“. Gyzykly ýeri, haçanda erbet ruh Şawuly gynaýan wagtynda, Dawut (ysraýyl tagtynyň geljekki eýesi) surnaý çalýardy we ruh yza çekilýärdi (1 Şamuwel 16:23). Adamyň ruhy durmuşyna sazyň täsiri barada biz nähili seýrek ýatlaýarys! Haçanda Elýaşa Hudaýdan haýyş etmekçi bolanynda, ol sazanda getirmegi buýurdy. „Sazanda saz çalyp otyrka, Elýaşanyň kalbyna Rebbiň güýji geldi“ (2 Patyşalyklar 3:15). Dawudyň şalyk edýän döwründe ybadathanada 4000-den gowrak aýdymçylar we sazandalar aýdym-saz edýärdiler. (1 Ýyl Ýazgylary 9:33; 23:5). „Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň. Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň. Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür ediň“ (Efesl. 5:18‑20). Hakykatyň beýleki bir tarapynda häzirki dünýewi sazyň ýumrujy ägirtligi ýatyr; Garri iblisiň öňki ruhanysy, maňa şeýtançylyk bilen gatnaşygy aňladýan köp sanly şeýtan nyşanly suratly rok-albomlary görkezdi. Garriniň sözi boýunça „agyr rok“ we „pank“ stilinde çalýan sazandalaryň 85% – özlerini baýlyga we tanymallyga çalşyp iblise satdylar. Olaryň az sanysy iblisligi din hökmünde iş ýüzünde tanaýarlar, emma olaryň köpüsi özleri ýalňyşýarlar we öz diňleýjilerini hem öz hudaýsyz aýdymlary bilen ýalňyşdyrýarlar. Pygamber Şamuweliň ölüminden soň okkult bilimine bolan teşnelik Şawuly Endora şäherindäki bir jadygöý aýalyň ýanyna getirdi. „Ýurtdan jadygöýleri we palçylary kowmagy“ buýran patyşanyň özi haýsydyr bir ýol bilen Ysraýylda galmagy başaran porhan aýalyň ýanyna geldi. Eşiklerini üýtgedip gelen patyşa ol aýaldan Şamuweli çagyrmagy talap etdi (1 Şamuwel 28:8‑19). Hudaý Şamuweli goýbermek bilen tanyş ruha garaşýan aýaly haýran etdi. Şamuweliň getiren täzeligi köşeşdiriji däldi: ol piliştleriň Ysraýyly ýeňmegini we Şawulyň we onuň ogullarynyň ölümini habar berýärdi (19‑aýat). 96 Gandaly döwýänçi Hudaý ölüleri çagyrmagy gadagan edýär (Işaýa 8:19, 20). Baý we Lazar baradaky gürrüň ölüler bilen sözleşmegiň mümkin däldigini görkezýär (Luka 16:19‑31). Haçanda ekstrasens ölüler bilen sözleşýändigini aýdanyn da, siz oňa ynanmaň. Eger psiholog jadynyň kömegi bilen müşderiniň öňki durmuşyna aralaşdym diýse, oňa ynanmaň. Haçanda „Täze Asyryň“ wekili adamy geçmişden häzirki zamana geçirip bolýandygyny habar berse, bu hakykatda erbet ruh ýa-da ýönekeý aldawçylykdyr. Täze görnüşdäki köne pikir „Täze Asyr“ hereketi okkult pikirini adamçylygyň we ylmyň eşigine geýindirýär: „Size Hudaý gerek däl, sebäbi siziň özüňiz hudaýlar. Size günäleriňize ökünmek gerek däl, size halas bolmaklyga bil baglamaklyk gerek däl. Iş günäde däl-de, diňe aňyňy öçürmeli we beýik älem birligine birikmeli“. Hakykatda bu örän köne ýalan, onuň kömegi bilen iblise ata – babalarymyzy özüne çekmek başartdy: „… we siz hem edil hudaýlar ýaly bolarsyňyz“ (Gelip çykyş. 3:5). Ylmy we güýji edinmek islegi adamlary okkultizmden kömek gözlemeklige, has dogrusy, ruhlary çagyryjylara, jadygöýlere, palçylara we täleýçilere, bilgiçlere we astrologlara iterýär. „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diýip, perişde Ylýas pygamberden sorady (2 Patyşalyklar 1:3). Ähli ýerde adamlar özlerini hakyky ýola iterýän Hudaýdan ýüz öwürýärler; muňa derek olar garaňkylyk patyşalygyn dan ýagtyny we dünýäni gözleýärler. Biziň Ýehuwa ýüzlenmeklige ähli esaslarymyz bar: „Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýlügi bilen eýgilik nireden bolsun?» diýip jogap berdi“ (2 Patyşalyklar 9:22). Parahatlygy garaňkylyk hökümdarlygyndan däl-de, Dünýä Hökümdar lygyndan tapyp bolar. Goý, iblisiň ylmy we güýji sizi özüne çekmesin. Häzirki wagtda köpler okkultizme ymtylmak bilen Hudaýdan daşlaşýarlar. Resullaryň Işleri Kitabyndaky Simuna meňzeş adamlar (Resull. Işl. 8:9, 10) „Täze Asyryň“ jadylaryna haýran bolarlar, şeýle hem Resullaryň Işleri Kitapda ruh arkaly öz hojaýynlaryna az girdeji getirmedik gul aýal barada hem gürrüň edilýär (16:16‑18). Ol baradaky gürrüň okkult okuwlary üçin gazanç etmeklige teşnelige şaýatlyk edýär. Irki ybadathananyň taryhy garaňkylyk patyşalygyndan ylym almakdan çekinmeýän adamlaryň Hudaýyň berjaý etmekçi bolýan işlerine päsgel berýändigini görkezýär. Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi 97 Olara ýalan güýçleri görkezmek bilen köpleri aldamaklyk başardýar. Käbir adamlar ol ýerden gelýän güýçlere şeýle bir teşne welin, olar oňa hatda öz çagalaryny hem gurban bermeklige taýýar (Zebur 106:36‑38). Öz maslahatçylyk tejribämden men edil häzirki jemgyýetde hem şuňa meňzeşlilkeriň bolup geçýändigini anyk bilýärin. Men aşakda okkult ylmynyň mesihi üçin näçeräk howpludygyna anyk göz ýetirmeýänleri aňyna getirip biljek Mukaddes Ýazgydan birnäçe sözleri mysal getirmekçi. Şeýtanyň biziň Hudaýdan garaşsyz duýgularymyzy Ondan özümizi aýyrmagymyzy umyt etmek bilen güýçlendirmäge çalyşýandygyny ýatda saklamak gerek. „Ýöne Ysraýyl semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, Ret etdi Halasgär Gaýasyny. Bigäne hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, Nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler. Olar Hudaýa däl-de, jynlara, Tanamaýan hudaýlaryna, Ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, Ýaňy dörän hudaýlara gurban kesdiler. Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, Dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň“. (Kanun Taglymaty 32:15‑18). 8 Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi Meniň oglum Karl çaga bolany üçin günäli bolmagyň nämedigine hiç düşünip bilmedi. Emma muňa seretmezden ol hemişe bu barada geplemek isleýärdi we öýde biz Injil okaýan wagtymyzda şeýle hem edýärdik. Meniň göwnüme bolmasa, maňa bir wagtlar „galaýy“ sözüni aýtmagyň ýaraýşy ýaly, oňa hem bu sözi aýtmaklyk ýaraýan ýalydy. Oňa entek özüň günä etmeklikden günälenmegiň tapawudyna düşünýänçä ýene birnäçe hepdeler geçip gitdi. Öz gulluk wagtymda men köp sanly mesihileriň hem şeýle düşün mezlikleriniň bardygyna göz ýetiripdim. Günäli pikirlere maýyl bolmak bilen olar özlerini haýsydyr bir zatda günäli hasap edýärler. Başga söz bilen aýdanymyzda olar günälemek bilen günä etmegi deňleýärler. Bu ýerde Isanyň Özüniň hem „ähli zatda synalandygyny, emma günä etmändigini“ ýada salmak gerek (Ýewr. 4:15), has dogrusy, her zatda synalypdyr, emma günä etmändir. Entek dünýäde günä barka biz hem edil Isa ýaly her zatda synalarys. Emma Ol günä etmändir we biz hem günä etmeli däldiris (1 Kor. 10:13). Men bu bölümde gadagan edilen zatlara göwün bermekligi giňden seljermekçi we siz şonda ony wagtynda tanarsyňyz hem Hudaýyň erki boýunça däl-de, öz erkiňiz boýunça hereket etmeklik günäsinden saklanarsyňyz. Maýyl bolmaklygyň özeni Adam atanyň döwründen bäri her bir adam dünýä fiziki diri, ruhy taýdan bolsa öli gelýär (Efes. 2:1). Hudaýdan üzňe bolmak bilen biz öz isleglerimizi Ondan garaşsyz kanagatlandyrmaklygy öwrendik. Netijede, biz öz isleglerimizi we özümizi birinji ýerde goýmaklyga endik etdik. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 99 Ýokardan dogulmak bilen biz ruhy taýdan direldik, emma teniň bu ruhy öli wagtymyzda dörän tekepbir endikleriň we özüňi alyp barmaklygyň shemalar ýygyndysy, bizde galdy we bize Hudaýyň ruhunda wepaly gezmeklige päsgel berýär. Gadagan edilenlere göwün bermekligiň özi kanuny adamçylyk talaplaryňy Mesihiň üsti bilen däl-de, dünýäniň, teniň we arwahyň üsti bilen kanagatlandyrmaklygy islemekden durýar (Fil. 4:19). Islendik gadagan edilmelere göwün bermeklik – bu Hudaýsyz ýaşaýşa çakylykdyr. Gadagan edilmelere göwün bermekligiň güýji biziň aňymyzda biz entek Hudaýdan garaşsyz ýaşaýan wagtymyzda peýda bolan günäleriň berk durumlylygyna baglydyr. Mysal üçin, eger siz mesihi maşgalasynda terbiýelenip, zyna suratly žurnallary we telegepleşikleri görmedik bolsaňyz, onda siziň durmuşyňyzdaky jyns azgynlygy zyna habarlary bilen azanyňka garanda has gowşak bolar. Näme üçin? Sebäbi söýgüli bolmaklyga kanuny isleg ata-ene tarapyndan kanagatlandyrylýar, öz talaplaryňy kanagatlandyrmaga we kanuny bolmadyk serişdelere ymtylmaklyga dörän öz-özümi meýilleşdirmek we mertebe duýgusy päsgel berdi. Zyna etmek azgynlygynyň şertlerinde kemala gelen adam zyna etmeklige köp duçar bolýar, çünki ol özüniň Hudaýa ýüzlenmesinden öň eden günäleriniň berkliginiň güýjünde bolýar. Öz islegiňe baglylykda Biziň köpümiz ýaragly talaňçylyk, öldürmek ýa-da zorlamak ýaly görnetin günälere meýil etmeýäris. Iblis beýle gönümel usullar etmekden has akylly. Ol adamlaryň ýaşyryn bolmadyk erbetlige tizden göz ýetirjegine düşünýär. Şonuň üçin hem beýle seredeniňde günä hasaplanmaýan hereketlere adamlary ugrukdyrmaga çalyşýar. Biziň isleglerimizi kemkemden gyzdyrmak bilen ol biziň oňatlykdan erbetlige geçmegimizi isleýär. Pawlus şeýle ýazýar: „Maňa hemme zada rugsat berlendir; ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir“ (1 Kor. 6:12). Resul mesihi üçin ähli ýollar açyk hasap edýär, sebäbi ol günäden azat edilen we ol kanun boýunça ýazgarylmaýar. Şunuň bilen birlikde, eger adam öz isleglerine jogapkärçiliksiz eýerip gidip otursa, onuň gadagan edilen çyzykdan aňsatja geçip biljegini we Hudaýyň erkini bozjagyny resul Pawlus aýdyň bilýärdi. Bu bolsa günädi. 100 Gandaly döwýänçi Aşakda eger gadagan edilen çyzykdan we Hudaýyň erkinden çykylsa günäli netijelere getirjek oňat duýgular we niýetler sanalyp geçilýär: • • • • • • • • • • • • • • • • • • • • • dynç almak islegi ýaltalyga; asudalykda ýaşamak islegi ýekemenlige; durmuşdan lezzet almak islegi bikärlige; girdeji almak islegi açgözlüge; fiziki lezzet almak islegi duýgurlyga; zatly bolmak islegi bahyllyga getirýar; iýmitden lezzet almak islegi doýmaz-dolmazlyga getirýär; özüň baradaky alada ulumsylyga getirýär; özüňi sylamaklyk duýgusy men-menlige öwrülýär; sözlemek islegi gepçilige; ägälik ynanmazlyga; ynanmaklyk biparhlyga; gaharlanmak özüňe erk edip bilmezlige; kiçigöwünlilik ýol bermä; äşgär etmek ýazgarmaklyga; bir jynsdaky iki adamyň dostlugy gomoseksuallyga; jyns azatlygy bozuklyga; ynsaplylyk yzagalaklyga; sahylyk tygşytsyzlyga; özüňi goramak islegi adylsyzlyga; aladaçyllyk gorka öwrülýär. Günä ruhy ösüşiň ters häsiýeti hökmünde Özüniň birinji Ýollanmasynda Ýahýa mesihilik kämilliginiň üç derejesini suratlandyrýar. Birinji derejede durýanlary resul „çagalar“ diýip atlandyrýar (2:12). Olar Hudaýy bilýärler, Onuň adyna minnetdarlykda olaryň günäsi geçilýär, emma muňa seretmezden olar mesihi kämilligiň ilkinji derejesinde durýarlar. Ikinji derejä „ýetginjekler“ (13, 14‑aýatlar) – hilegäri ýeňen adamlar girýärler. Bular işjeň mesihiler, özlerindäki Hudaýyň Sözüniň güýjünde ösýärler. Olar hakykaty we öz aňy üçin nahili göreşmelidigini bilýärler.Günäli endikler indi olara hökmüni ýöretmeýär. Mundan hem başga olar öz ruhy gapma-garşylygyny ýeňdiler we şonuň üçin hem Isa Mesihde doly azatlykdan lezzet alyp bilýärler. Olar diňe bir azat bolman, eýsem olar öz azatlygyny nahili goramalydygyny hem bilýärler. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 101 Üçünji derejede „atalar“ (13‑14‑aýatlar) ýerleşýärler, olar Hudaýa çuň göz ýetirenler. Olaryň ynamy Ýaradan bilen ýakyn, söýgä dolan gatnaşyklara esaslanan we olary gazanmaklyk biziň ruhy ösüşimizde maksat bolup durýar. Ýahýa bizi ynamda ösüp, günä garşy durmaklyga çagyrmak bilen, mundan bu ýana maýyl ediji zatlaryň biziň durmuşymyza haýsy ýollar bilen geçýändigini suratlandyrýar. Maýyl bolmaklygyň görnüşleri Siz gadagan edilmelere has şowly garşy durup bilersiňiz. Muniň üçin iblisiň sizi hudaýsyzlyga (Hudaýdan garaşsyz bolmaklyga) çekmeginiň bary-ýogy üç usulynyň bardygyna düşünmegiňiz gerek. Olar resul Ýahýanyň şu sözlerinde getirilýär: „Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar“ (1 Ýahýa 2:15‑17). Maýyl bolmaklygyň üç görnüşi şulardyr: teniň aşa islegi; gözleriň aşa islegi we ýaşaýyş tekepbirligi. Teniň aşa islegi biziň fiziki isleglerimize gönükdirilen. Gözleriň aşa islegi biziň öz-özümize gönükdirilen. Oňa Hudaýyň sözüne şübhelenmek mahsus. Ýaşaýyş tekepbirligi – bu özözüňi ulaltmak we öz-özüňi öwmek. Şeýtan bu üç maýyl ediji zatda birinji we soňky Adamy hem synagdan geçirdi. Birinji Adam saklanmagy başarmady we biz onuň netijesinde ejir çekýäris. Emma soňky Adam-Isa Mesih – dabaraly ýeňşi gazandy we biz şonuň üçin Onda şeýtanyň bize garşy gönderýän azdyrmalaryna garşy durmak üçin ýeterlik güýje eýe bolýarys. (Surat. 8a seret). Teniň höwesleri Şeýtan Howy teniň höwesinde tanady. Ol ony Hudaýyň gadagan eden miwesinde şübhelenmäge mejbur etdi. Ol gadagan edilen miwä degişlilikde Howdan şeýle sorady: „Dogrudanam, Hudaý size jennetdäki agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?“ – diýip sorady. How: „Hudaý olary ellemäň we iýmäň“ – diýdi diýip, jogap berdi (3‑aýat). Emma şeýtan onuň „işdäsini“ oýnady we „aýal miwäni iýmegiň oňatdygyny gördi“ (6‑aýat). Adamyň we Howuň ten isleginiň öňünde 102 Gandaly döwýänçi durup bilmedikligi ilkinji adamlaryň günä etmekligine getirdi. Şeýle hem şeýtan ten islegini Isany paş etmekde ulandy. 40 günlük oraza tutmakdan soň Reb ajykdy. Şonda hilegär Rebbiň ýanyna geldi we „Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur“ – diýdi. (Matta 4:3). Şeýtan ähli ýere ýetişmese-de, ol örän akylly, şonuň üçin hem ol Isa Mesihiň fiziki taýdan gowşak wagtyny saýlap aldy. Siz onuň özüňiziň gowşak ýeriňizi peýleýändigine şübhelenmän bilersiňiz. Bular iýmite, dynç almaklyga, bol-elinlige, jyns gatnaşygyna aşa islegler bolup biler. Haçanda siz örän aç ýa-da örän ýadaw, ýa-da ýalňyzlykda bolanyňyzda saklanmak kyn. Ten höwesleri bizi Hudaýyň islegini berjaý etmekden aýyrmak maksadyny goýup, dünýewi zatlara gulluk etmeklige mejbur edýär (Gal. 5:16,17). Jennet bagyndaky gadagan edilen miwede hiç hili erbetligiň ýok bolşy ýaly, iýmitlenmekde hem hiç hili bir erbetlik ýok; iýmek – Hudaýyň döreden iýmitleriniň üsti bilen kanagatlandyrylýan fiziki talapdyr. Emma Hudaý bu jennet miwesini iýmegi gadagan etdi we düzgüni Adam bilen Howuň bozmagy olaryň Hudaýdan garaşsyz ýaşamak islegini aňlatdy. Adam we How Hudaýyň erkini bozdular. Şeýlelik bilen Isa üçin orazanyň soňunda çörekden iýmekligiň özi günä däldi. Munuň özi Hudaýyň erkine dogry gelmeýärdi. Isa şeýtana şeýle garşylyk görkezdi: „Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr“ – diýip jogap berdi (Matta 4:4). Orazanyň soňunda ol çörekden Isanyň näler iýesi gelse-de, Ol Öz Atasynyň islegine garşy gitmekden ýüz öwürdi. Öz durmuşy bilen Isa Ata Hudaýa gulluk etmekligiň aňrybaş nusgasyny görkezdi (Ýahýa 5:30; 6:57; 8:42; 14:10; 17:7). Haçanda şeýtan sizi ten höwesi bilen maýyl etmekçi bolanynda, onuň maksady – öz hususy fiziki talaplaryňyzy kanagatlandyrmak üçin sizi Hudaýyň isleginiň çäginden çykarmakdyr. Iýmegiň özünde hiç hili erbet zat ýokdur, emma açgözlenmek, iýmite bagly bolmak, ýaramaz iýmiti ulanmak dogry däl. Her jynsdan bolanlara jynsy gatnaşyk etmeklik Hudaý tarapyndan buýrulan, emma oňa nikalaşmazdan girişmek, şeýle hem öz hususy talap laryňy kanagatlandyrmak üçin öz jynsyňdakylar bilen gatnaşyk etmek – dogry däl. Bu ýol ruhy baglylyga eltýän ýol. Haçan hem bolsa siz öz ten höwesiňizi Hudaýyň rugsat beren usuly bilen amal etmedik wagtyňyzda, bu ten höwesiniň ters islegdigini biliň. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 103 Şeýle maýyl bolmaklyga garşy çykmak bilen siz Hudaýa makul bolmadyk usul bilen fiziki talaplaryňyzy kanagatlandyrmakdan ýüz öwür melisiňiz. Şonda siz Isa Mesihiň bolan „hoşasynda“ galarsyňyz we onuň ýalkanyşyndan peýdalanyp bilersiňiz (Ýahýa 15:5). Maýyl bolmaklyga göwün bermek bilen siz öz mesihi miweliligiňizi kemeldersiňiz, sebäbi biz Mesihsiz hiç zat edip bilmeýäris. Göz höwesleri Adamy we Howy azdyrmakda şeýtanyň ulanan ýene bir usuly, bu Hudaýyň islegini bozmagyň soňuna degişlilikdäki ýalandy. Hudaý adama düzgüni bozmaklygyň soňunyň ölüme gelýändigini duýdurdy, emma şeýtan Howa „Ýok, ölmersiňiz“ (Gelip şykyş 3:4) diýmek bilen ikirjiňlenmeklige getirdi. Şeýle etmek bilen ol onuň özüni saklap bilmek duýgusyny bozmak isledi. „Hudaýa gulak asmaň, özüňiziň dogry hasaplaýan ýoluňyzdan gidiň,“ – ine, onuň sözleriniň manysy. Gadagan edilen iýmit „göze ýakymlydy“ (6‑aýat), şonuň üçin hem Adam we How Hudaýyň emrinden ýüz öwürmegi we özlerine dogry hasaplanylýany etmegi karar etdiler. Göz höwesleri bizi kem-kemden Hudaýyň Sözünden daşlaşdyryp, Ýaradana ynamymyzy küteldýär. Öz töweregimizde hemişe dünýäniň eşretlerini görmek bilen, biz olary Hudaý bilen sözleşmekden köp islemeklige başlaýarys. Biz Hudaýyň wagyzlaryna we ähtlerine garanda durmuşda öz düşünjelerimize has köp ynanmaga başlaýarys. Göz islegi tutaşmak bilen biz ýalňyş düşünmeklige başlaýarys, Hudaý bize şeýle durmuşy isleýändir öýdüp çen edýäris. Ol bize hiç hili maddy ýalkanyşda ýok diýmez diýmek bilen, zat ýygnamak bilen bolýarys. Dolulygymyza Hudaýa ynanmaklyga derek, biz Ondan kepil isleýäris. Mesihiň ikinji gezek maýyl bolmagynyň sebäbi şunda jemlenýär: „Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla, sebäbi: «Ol perişdelerine Sen babatda emr eder, aýagyň daşa degmez ýaly, olar Seni ellerinde göterer»“ (Matta 4:6). Emma Isa Hudaýdan Özüniň Ogullygy baradaky subutnamany talap etmedi: „Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylandyr» diýdi (7-nji aýat). Birwagtlar meniň ruhany bolup işleýän ybadathanamyň agzalarynyň birnäçesi Hudaýy synap görmek islegine göwün berdiler. Meniň ýakyn dostlarymyň biri rak keseli bilen agyr ýatyrdy. Ine, şol wagtlary dört sany garaşsyz „şaýatlar“ ybadathanada Dikiň ölmejekdigi baradaky Surat 8a Hudaýa bolan ynam (Ýahýa 15:7) “Ýok, ölmersiňiz!“ Hudaýa wepalylyk (Ýahýa 15:5) «Dogrudanam, Hudaý size jennetdäki agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» Soňky Adam (Matta 4:1‑11) Birinji Adam (Gelip çykyş 3:1‑6) Ynsanyň diňe bir çörek “Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ bilen ýaşaman, eýsem, (Kanun Taglymaty 6:16) Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin (Kanun Taglymaty 8:3) Hudaýyň Sözünden (Matta 16:24) Hudaýyň isleginden (Gal. 5:16) Höwesiň maksady – bir zatdan aýyrmak: Ýok etmek: Gözüň höwesleri (tekepbirlik) “…göze ýakymlydygy..“ (Gel.çyk. 3:6b) Teniň höwesleri (haýwan höwesi, isleg, küýseg) “Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny gördi“ (Gel. Çyk. 3:6a) Höwesleriň görnüşleri: (1 Ýahýa 2:15‑17) Hudaýyňyz Rebden gorkuň. Oňa gulluk ediň, diňe Onuň adyndan ant içiň (Kanun Taglymaty 6:13). “Edil hudaýlar ýaly bolarsyňyz…“ Hudaýa gulak asmakdan (Ýahýa 15:8‑10) Hudaýa baş egmekden (1 Petrus 5:5‑11) Ýaşaýyş tekepbirligi (özüňe ýokary baha bermek, özüňi öwmek) “…onuň akylpaýhas berýändigini…“ (Gel. çykyş 3:6ç) 104 Gandaly döwýänçi Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 105 Hudaýyň Sözi bar diýen myş-myşy ýaýratdylar. Köpler muňa begen diler. Emma gynansakda, üç hepdeden soň ol aradan çykdy. Eger bu dört „şaýat“ Hudaýdan „sagalmak“ baradaky habary eşiden bolsalar, onda ölüm näme? Hudaý näme ýalançymy? Bu mümkin däl, sebäbi Hudaý – bu hakykat. Ýalan ýalanyň atasy – iblisden gaýdýar. Görnüşi ýaly, şaýatlar ýaman ruhlar tarapyndan aldanypdyr, ýaman ruhlar ybadathana gelýänleriň arasynda Hudaýa ynamsyzlygy döretmek isläpdirler. Hudaý bize hiç zat borçly däl: Ol diňe Öz-Özüne jogap berýär. Adam öz haýyşyny Hudaý oňa jogap bermäge borçly bolar ýaly derejede gurnap bilmeýär. Bu dilegiň düýp esasyny ýoýýar we adamy Hudaýyň ýagdaýynda goýýar. Dogruçyl adam ýazylan Hudaýyň Sözünde ynam bilen ýaşaýar we öz isleglerini olar näçe wajyp bolsalar-da, gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap etmez. Synagdan Hudaý däl-de, biz geçýäris. Ýaşaýyş tekepbirligi Ten höwesleriniň üçünji görnüşi „Täze Asyr“ hereketiniň esasynda tutulan, ol: öz ykbalyňa ýolbaşçylyk etmek, öz dünýäňe höküm sürmek, Hudaý bolmakdyr. Gadagan edilen miweleri görkezip, şeýtan şeýle diýdi: „Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär“ (Gelip çykyş 3:5). Şeýtan biziň ganymyzda bar bolan ýolbaşçylyk etmek höwesimize çagyrýardy. „Indi Hudaýyň gol astynda ýolbaşçylyk etmek bilen kanagat etmäň – siziň özüňiz hem Hudaý bolup bilersiňiz ahyry“ – diýýän ýalydy. Haçanda How agajyň „aýratyndygyna, sebäbi bilim berýändigine“ ynanandan soň miweden iýdi we Adama hem berdi. Şeýtanyň adamyň Hudaý bolup biljekdigi baradaky sözleri durşuna ýalan. Göwünlerini awlamak bilen Adam hem, How hem Hudaýa öwrülmedi, älem-jahan bolsa heläkçilige sezewar edildi. Adam özüniň ýere eýelik etmek hukugyndan mahrum boldy we ol şeýtana geçdi. Adam urugynyň duşmany öz arzuwyna ýetdi. Şeýtan Halasgäre degişlilikde hem şu usuly ulanmaga çalyşdy. „Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip, Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin»“ – diýdi. (Matta 4:8‑9). Isa şeýtanyň bu dünýäniň patyşalyklaryna we olaryň şöhratyna eýelik 106 Gandaly döwýänçi etmäge hakynyň bardygyna şübhelenmedi. Ol şeýtana ilkinji adamlaryň günä etmekleri sebäpli geçdi. Emma barybir eger oňat pikir edip görseň şeýtanyň teklibi geň görüner: näme üçin Isa bütin jahanyň Hökümdary, dünýä şalygyna eýe bolmaklyga göwün bermeli? Şonuň üçin hem, Isa garşy çykdy: „Ýanymdan aýryl, şeýtan! «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» – diýip ýazylgydyr“ diýdi“ (10‑aýat). Ýaşaýyş tekepbirliginiň maýyl etmek maksady biziň Hudaýa çokunmagymyzy bozmaklyga, öz hususy hudaýlylygyňa ynandyrmaklyga gönükdirilen. Haçanda siz özüňiziň Hudaýyň kömegine mätäç däldigiňizi duýan wagtyňyzda, özüňiziň hiç kime borçly däldigiňize we ähli zady özüňiziň edip biljekdigiňize göz ýetireniňizde, bilip goýuň: bu ýaşaýyş tekepbirliginiň anyk alamatlarydyr. Siz öz-özüňize gulluk edýändirin diýip pikir etmegiňiz mümkin, emma hakykatda adam Hudaýa gulluk etmekden boýun gaçyrsa, ol şeýtana gulluk edýändir. Muny bolsa şeýtan hemmeden beter isleýändir. Mundan gaça durmak üçin siz kaýyl bolmak bilen baş egip, Hudaýa uýmalysyňyz. (1 Petr. 5:5, 11; Ýahýa 15:8‑10). Islendik maýyl bolmaklyk üç ýagşylykly hereketleriň haýsydyr birine ýa-da birnäçesine garşy gönükdirilendir: Hudaýyň emrine boýun bolmak; Hudaýyň Sözünde aňladylýan Hudaýa ynamy: Hudaýa gulluk etmeklikde aňladylýan Hudaýa baş egmekligi. Bilip goýuň, şeýtan edil siziň gowşak ýeriňizi tapyp şoňa özüniň urgusyny gönükdirmek üçin sizi yzarlaýandyr. Adamyň esasy iki gowşaklyklary Geliň, biz näme üçin Hudaýa garşy bolup, Onuň Sözüni gadagan etmeklige özümize rugsat berýäris – diýen soraga jogap bermeklige çalşalyň. Dogry jogap bereliň: sebäbi biz şeýle isleýäris. Bizi tagamly iýmit ýa-da başga biriniň özüne çekiji daşky keşbi özüne çekmeýär, biz Hudaýdan üzňe, Onuň islegi däl bolsa-da, lezzet almaklyga çalyşýarys. Bu şeýtan tarapyndan biziň aňymyza guýulýan ýalan umyt. Oňa ynanmaň, sebäbi ten höwesini hiç wagt gandyryp bolmaýar. Tersine: „Dogrulyga ajygyp – suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar“ (Mat. 5:6). Diňe Hudaý bilen we adamlar bilen dogry gatnaşyklar, diňe Mukaddes Ruhuň miweleri size hakyky lezzeti berip biler. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 107 Iýmek üçin ýaşamalymy ýa-da ýaşamak üçin iýmeli? Adamyň esasy fiziki talaby iýmite baglylyk we ol durmuş üçin möhüm zatdyr. Biz ýaşamak üçin iýýäris. Eger başgaça bolanynda iýmit doýurmaklygy bes edýär. Mundan hem başga adam ondan bagly bolup galýar. Şonuň üçin hem ýer ýüzündäki millionlarça adamlar aşa köp iýmeklikden ejir çekýärler. Açlyk tebigy ýol bilen adamyň organizminiň iýmitlendiriji serişdelere zerurlygynyň ýüze çykmagy esasynda peýda bolýar we iýmit saglygy saklamaklyga we güýjüňi diklemeklige kömek edýär. Şu hili ýagdaýlarda adam iýmite bagly bolmaýar. Eger iýmit aladaňy ýatyrmak, süýji we duzly zatlardan islegiňi kanagatlandyrmak we ş.m. – gulluk etse bu saglyga ters täsir eder. Resul Pawlusyň iýmit meselesini: „Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner“ (1 Tim. 4:1) duýdurmagy ýöne ýerden däldir. Soňky günleriň gelmeginiň ýene bir alamaty: „Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar“ (1 Tim. 4:3). Meniň duş gelen ýagdaýlarymda iýmit kadalarynyň bozulmagy azda-kände ruhy sebäbe eýedi, emma anoreksiýany ýa-da bulimiýany bejerýän hekimler näsaga ruhy kömegi örän seýrek berýärler. Bir konferensiýadan soň ruhanynyň aýalyndan men şeýle haty aldym. Ine, men ony okaýaryn: Mähriban Nil, Biz siziň konferensiýaňyzdan alan hakykatymyzyň kömegi bilen Hudaýyň biziň üçin beren ähli zatlaryny sanap geçmeklige meniň mümkinçiligim ýok. Men indi iblisiň aldawyna has oňat düşünýärin we bu mende biziň mähirli we ägirt Halasgärimize aýratyn minnetdarlyk duýgusyny döredýär. Men öň bir ýyllap bulimiýa bilen keselledim, emma häzir men güni bilen aşhanada bolsam-da öňkülerim ýaly dyngysyz iýmeklige bolan islegi duýmaýaryn. Haçanda şeýtan meni haýsydyr bir ýol bilen öz alyna saljak bolsa, men hakykatyň kömegi bilen ondan halas bolýaryn. Meniň iýmitiň öňünde gorky duýgusy bilen birnäçe sagatlarymy garaňkylygyň hökümdarlygynda geçirýän pursatlarym hem bolýardy. Indi maňa diňe hakykaty bilmegimiň getirýän azatlygyna guwanmak galýar. 108 Gandaly döwýänçi Jynsy azgynlyk Iň soňky günlere degişlilikde öz aýdanlarynda resul Pawlus jynsy islegiňi kanagatlandyrmagyň ýeke-täk esasy nika diýip düşündirýär (1 Tim. 4:3). Mukaddes Ýazgynyň nukdaýnazaryndan jyns azgynlygy uly günä topbagy bolup biler. Bu barada Pawlus şeýle ýazýar: „Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir“ (1 Kor. 6:18). Maňa kömek sorap ýüz tutýanlaryň jynsy häsiýetiniň haýsy hem bolsa bir ýerinde düzgün bozulma bolup geçipdir. Käbirleri hetdenaşa şöwketparazlygyň ýesirligindedi, käbirleri jyns taýdan jynly tutmalardan ejir çekýärdiler. Mundan hem başga jynsy zorlanmalara duçar bolanlar-da ýa-da ýürek bulanjy iblis dessurlaryna gatnaşanlar-da haýsydyr bir jyns gatnaşygyna bagly günä bolup geçipdir. Eger-de azgynlyk bilen „kesellenende“, bu meniň pikirimçe, esasanda nikadan daşary jyns gatnaşyklaryň netijesinde ýüze çykýar. Adama är-aýal gatnaşyklaryny etmek Hudaý tarapyndan berlendir. Jyns gatnaşygy bilen meşgullanmak – adamyň ýaşamagynyň tebigy bölegidir. Emma jyns gatnaşyklary, onuň üçin Hudaý tarapyndan berlen çäklerde bolup geçmelidir. Isa şu zatlary göz öňünde tutup, şeýle diýýärdi: „Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir“ (Mat. 5:28). Ten höwesi (ýa-da maýyl bolmak) grek dilinde „epitumos“ diýmekdir. „Epi“ goşulmasy grek dilinde „goşmaça, artykmaç“ diýmegi aňladýar. Şeýlelik bilen, Isa biziň öz jyns duýgularymyzy hapa ten höwesi we emeli ýol bilen güýçlendirmezligimizi isleýär. Öz jyns islegleriňi gerekli derejesinde saklamaklygyň ýeke-täk ýoly – bu öz pikirleriňe ünsli gözegçilik etmek. Ten höwesi fiziki kanagatlandyrmalary talap edýär we bize Rimlilere hatyň 6-njy bölümine ýüzlenmäge wagt geldi: „Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň“ (Rim. 6:12, 13). Haçanda siz ten höwesine göwün bereniňizde, şeýtana peýlemäge rugsat berýärsiňiz. Fiziki kynçylyklar ruhy kynçylyklara öwrülýär. Maňa özüniň 20 ýyllap öz-özüne erk edip bilmändigi barada bir Hoş Habarçy açyk aýtdy. Hoş Habarçylyga taýýarlanýan wagtynda ol günälerinden saplanmak üçin Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi 109 ähli serişdeleri ulandy, emma bu oňa haçanda meseläniň özenine göz ýetireninden soň başartdy. Ony fiziki däl-de, ruhy sebäp eýeläpdir. E ýgertmeýän isleglerden üstün çykmak Korintoslylara birinji hatda biz özümize eýgertmeýän isleglerimizden gorkymyzy ýok edip biljek sözleri okaýarys. „Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar“ (1 Kor. 10:13). Pawlusyň aýdan „ýeňilligi“ haýsy ýol bilen berler? Ol her bir mesihiniň aňynda. Eýgertmeýän höwesler çeşmesi seniň teniň ýa-da şeýtandan bolan pikirlerden gelip çykýar. Ony alternatiw hökmünde seredip, ol barada oýlanmaga başlanymyzda ol günä getirmäge degişli herekete gelýär. „Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris“ (2 Kor. 10:5). Maýyl bolmaklygy ýeňip geçmeklikde ilkinji ädim – öz aňyňyzda peýda bolýan her pikire baha bermekdir. Ol pikirleri resul Pawlusyň aýdyp geçen sekiz kriteriýasy boýunça bahalandyrmak gerek: „Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň“ (Fil. 4:8). Özüňizden soraň: „Bu hyýalym Hudaýyň Sözüne garşy gelmezmi? Bu hakykymy? Mynasypmy? Eger meniň bu hyýalym iş ýüzüne geçeninde, onuň üçin maňa utanç bolmazmy? Ol meniň ruhy ösmegime kömek edermi? Men onuň üçin Hudaýa alkyş okap bilerinmi?“ Eger siz öz aňyňyzda peýda bolan pikiriň synaga döz gelip bilmeýändigine göz ýetirseňiz, haýal etmän, ondan dynyň. Ol gaýtadan ýene aňyňyza gelse, ol barada oýlanmakdan ýüz öwrüň. Eger-de siz özüňizde peýda bolýan pikirleri dogry bahalandyrmagy we olaryň synagdan geçip bilmeýänlerinden dynmagy öwrenen bolsaňyz, onda siz maýyl bolmaklygy ýeňip bilmegiň usulyny tapdyňyz. Başga bir tarapdan, eger siziň aňyňyza gelen pikir, Filipililere Ýüzlenmedäki 4:8 ähli kriteriýalara dogry gelýän bolsa, onda ol hakda oýlanyň (8‑aýat), ony ýerine ýetiriň (9‑aýat) we „parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar“. Bu maýyl bolmak bilen günä edip ejir we agyry çekýänlere garanyňda gaty uly baýrak. 110 Gandaly döwýänçi Toba ediň we ähli güýjüňiz bilen günä garşy duruň „Günä – toba – günä – toba“ diýlen ýapyk aýlawda aýlanyp ýören adamlar kem-kemden azat bolmaklyga umytlaryny ýitirýärler. Ýönekeý erkiňe agram salmaklyk olary günä etmeklikden saklap bilmeýär we iblisden gelýän günäňi duýmaklyk duýgusy uly göwrüme baryp ýetýär. Öz-özüňe erk edip bilmeklik ýetilmejek arzuwa, mesihi durmuşy bolsa ýokary galmaklygyň we ýykylmaklygyň gezekleşmegi diýip göz öňüne getirilýär. Günäni siziň aýagyňyza ýapyşyp hiç goýbermeýän ite meňzetmek bolar. Siz öz gursagyňyza urup öz eden günäleriňiz barada Hudaýdan bagyşlamagyny soraýarsyňyz we ol sizi halas edýär, emma it siziň aýagyňyzy goýbermeýär. Belki, öz-özüňi urman iti urmalysyňyz? Ýakubyň Ýüzlenmesinde şeýle okaýarys: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar“ (4:7). Biz öz günälerimizi açýan wagtymyzda dogry hereket edýäris, emma bu „günä-ony açmak“ siklinden garşy durmaklygy aýyrsak dogry etmeris. Bize öz günälerimizden saplanmak üçin iblise „garşy durmagymyz“ we oňa bizi öz günümize goýmaklygy buýurmaklygymyz gerek. Biz edil diňe Hudaý we günä bilen kesellän adam jemgyýeti bardygyny duýýan ýaly ýaşaýarys. Emma resul Ýahýa näme ýazýar: „Eý, balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr“ (1 Ýahýa 2:1). Adyl Halasgärimize ýüzleneliň we adamzadyň duşmanyna garşy duralyň. Biziň günälerden üstün çykmagymyzyň girewi şudur. 9 Ýalan pikirlere ynanmaň Mesihi köpçüliginde, hatda ruhanylaryň we ybadathana ýolbaşçylarynyň, hatda olaryň maşgalalarynyň arasynda hem iň bir köp ýaýran öz-özüňe baha bermeklik, öz ýaramazlygyňy, ukypsyzlygyňy, zaýalanandygyňy boýun almaklyk bolup durýar. Öz-özüňi kiçeltmegiň mesihilige ýetirýän örän uly zyýanyna men haýran galýan. Bu şaýat bolmaklygyň güýjüni ýitirýär we her günki işdäki mümkinçilikleri peseldýär. Güýji boýunça maýyl bolmaklykdan soň iblisiň indiki ýaragy töhmet (mesihileri günälemek) diýip atlandyrmak bolar. Biz ynamda Isa Mesih bilen baky garyndaşlyga girdik, diýmek adyllyk üçin direldik we günä üçin öldük. Biz eýýäm Mesihde gökde ýer tutýarys. Mesihde biziň barymyz ýarawly, ähli zada ukyply we hiç wagt zaýalanan bolup bilmeris. Iblis hiç hili ýol bilen biziň Mesih bilen gatnaşyklarymyza täsir edip bilmez we hiç zatda bizi Hudaýyň gözünde kemsidip bilmez. Emma ol bizi Hudaýa we başga adamlara gerek däldigimizi ynandyryp bilse, biziň mesihi netijeliligimizden mahrum edip biler. Iblis töhmeti we eýgertmeýän islegleri deňine ulanýar. Ol ilki bilen bizi günä etmeklige çagyrýar, göýä ahli adamlaryň şeýle edýändigini ynandyrýar, soňra bolsa haçanda biz onuň ugruna gidenimizde günälemäge başlaýar: „Indi sen şu zatlardan soň nahili mesihi bolup bilýäň? Ynamy unut, barybir Hudaý seni bireýýäm unutdy“. Iblis Ylham kitabynda doganlaryň töhmetçisi diýlip atlandyrylan: „… Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy“ (Ylham 12:10). Biz onuň biri-biriniň yzyndan töhmeti suňşurýan ýalançy, gaharly sesini tanaýarys. Köp sanly mesihileri ol öz ýalany bilen aljyraňňylyga salmagy başardy.Olar onuň töhmetine 112 Gandaly döwýänçi ynandylar we Hudaýyň Öz halkyna wada beren azatlygyndan mahrum boldular. Şeýle güne düşen mesihileriň biri maňa şeýle hat ýazdy: Durmuş ýaşanyňa degmeýär diýen meniň köne pikirlerim gaýtadan ýene gaýdyp gelýär. Men hemişe gorkuda, ýekelikde we şübhede ýaşaýaryn. Men hiç hili çykalgasyz galdym. Men öz ýüregimiň töründe Hudaýyň bularyň baryny düzedip biljekdigine ynanýaryn, emma meniň özümde muny eýgermeklige güýç ýok. Haçanda men özümi oňat duýup, Hudaýa ýaramly zat etmeklige synanyşsam, sesler we haýsydyr bir nämälim güýç meni saklap galýar. Men ol sesler bilen söweşmeklige güýç tapmaýaryn. Men biraz rahatlygy isleýärin. Töhmetçini öz ýerinde oturdyň Begenmeli zat, biz iblisiň ýalanyna we aljyraňňylyga düşmeklige borçly däl. Zakarýa pygamberiň kitabynda (3:1‑10) ynamda töhmete garşy durmak we Reb üçin ýalkanyşly durmuşda ýaşamaklyk üçin ahli gereklerimizi tapýarys. Reb iblisiň Hudaýyň halkyna eden töhmetine nähili garamalydygyny Zakarýa açyp görkezipdir: „Perişde maňa Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany görkezdi. Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?». Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki geýimi kirlidi“ (3:1‑3). Reb iblisi dymmaga mejbur edýär Bu gökdäki sahnanyň kazyýetiň zalyndaky bolup geçýäni ýada salşyny göz öňüne getiriň. Kazy – Hudaý Ata. Günäleýän – iblis. Goragçy aklawçy – Isa Mesih. Işi seredilýän – baş ruhany, bütin Hudayýň halkyny meni we sizi janlandyrýan. Köne Äht döwründe baş ruhany Hudaýyň bar ýerine ýylda bir gezek gelerdi. Iň mukaddes ýere gelmeklik köp sanly dessurlardan soň, baş ruhanynyň tämizlenmek dessuryny berk berjaý edeninden soň ýerine ýetirilýärdi. Eger ol haýsydyr bir zatda Hudaýyň öňünde nädogrulyk goýberse, onda oňa şol wagt ölmek Ýalan pikirlere ynanmaň 113 garaşýardy. Mukaddes ýere gireninde baş ruhany birnäçe jaňjagazlary özüne mukaddes ýere girip bilmedikleriň onuň öli ýa-da diridigini bilmekleri üçin dakynýardy. Onuň Hudaýyň ýanynda birden ölse diýip aýaklaryna ýüp dakýardylar. Ony ýüpden çekip, mukaddes ýere girmän, daşary çykaryp bilýärdiler. Ine, biziň öňümizde baş ruhany (tötänleýin onuň hem ady Isa – terj. belligi), ol Ysraýylyň günälerini aňladýan tegmilli eşikde. Ýagdaý gözüň giderlikli däl! Iblis töhmete başlaýar: „Reb, oňa serediň, ol nahili kirli. Eýsem bu adam ölüme mynasyp dälmi?“ Emma Hudaý şeýtanyň delillerini inkär edýär: „Sen adamlary sud etmeýärsiň we Meniň halkymyň ykbalyny çözmek saňa galmandyr. Men mundan seniň ýöňkeýän günäleriňi aýyrýan we ony hökümden halas edýän“. Suduň şeýle ýagdaýy her bir Mesihe ynanýanlar üçin gije-gündiz gaýtalanýar. Iblis biziň kämillikden daşdygymyzy subut edip, biziň ölüme mynasypdygymyzy subut etmäge çalyşýar, emma Isa Mesihiň Özi biziň üçin Hudaýdan ömür soraýar we hemişe bu bäsleşikde ýeňiji bolup çykýar, iblis kazyny öz tarapyna geçirip bilmez, sebäbi Mesihe ynamymyz bilen biz aklanan we hemişe Onuň goragynda ýerleşýäris. „Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr. Kim iş keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň sagynda oturan Mesih Isadyr“ (Rim. 8:33‑34). Hudaýyň öňünde iblisiň bize töhmet etmekligi bilen bir hatarda onuň emissarlary bize özümiziň nädogrulygymyz we mynasyp däldigimiz baradaky pikiri ornaşdyrmaga dyrjaşýarlar: „Şeýle edeniňden soň nahili edip özüňi mesihi hasaplamak bolar? Sen Hudaýyň çagasy däl“. Iblisiň kazy däldigini ýatda saklaň. Ol töhmetçi. Eger siz oňa ynansaňyz, edil onuň töhmeti siziň hökümiňiz ýaly ýaşarsyňyz. Haçanda iblis sizi aljyraňňylyga salmakçy bolsa, oňa şeýle jogap beriň: „Şeýtan, men Mesihe ynanýaryn. Men Onda Hudaýyň çagasy. Baş ruhana meňzeşlikde men höküm edilmek gazabyndan azat bolan. Ol meni ýalkanyş alan hasap edýär. Seniň maňa höküm çykarmaga hukugyň ýok. Sen maňa töhmet atyp bilersiň, emma men saňa ynanmaýaryn“. Hudaý hapalanan eşikleri arassasyna çalyşýar. Iblisiň töhmetleri ýalan, sebäbi Hudaý mesihiniň hapalanan eşiklerini arassa çalyşdy. Muny Zakarýa pygamber ine, şeýle suratlandyrýar: 114 Gandaly döwýänçi „Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdiýärin» diýdi. Onsoň: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdi. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy“ (3:4‑5). Hudaý bizi diňe bir ýalkanyş alanlar diýip yglan etmän, eýsem bizi kirli eşiklerden sogrup alyp, ýalkanyşyň arassa eşigine dolady. Özümiziň däl-de, Hudaýyň biziň eşigimizi çalyşýandygyna üns beriň. Biz öz bolşumyzda Hudaýy kanagatlandyryp biljek zady edip bilmeris. Haçanda biz Oňa boýun bolmak bilen baş egenimizde biz arassalanýarys. Hudaý bizi boýun bolmaklyga çagyrýar Iblisiň töhmetinden ýüz öwürdip, bize ýalkanyşy bermek bilen Hudaý bizi gulak asmaklyga çagyrýar: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin“ (Zak. 3:7). Bu aýatlarda Hudaýyň goýýan şertleri biziň Onuň bilen gatnaşyklarymyza, ynamda alan ýalkanyşymyza degişli däl – ol hiç zada bagly däl. Ol iblise hem degişli däl, sebäbi ol ýeňlen. Gürrüň siziň günäniň üstünden her günki edýän ýeňşiňiz barada barýar. Reb bize Öz ýoly bilen gitmegi we öz ynamymyzy anyk hereketlerde jemläp görkezmeklige çagyrýar. Ol bizi gorkuda däl-de, ynamda ýaşamaklyga– Ruh boýunça hereket edip, gün-günden teni depgilemeklige çagyrýar. Biz özümizi günä üçin öli, Hudaý üçin bolsa diri hasaplamaly we özümiziň ölümli tenimizde günäniň hökümdarlyk etmegine ýol bermeli däl. Biz özümiziň her pikirimizi Mesihe boýun bolmaklyga dolamaly we şonuň bilen öz aňymyzy täzelemeli. Eger biz Hudaýa gulluk etsek, onda Ol bize Özüniň öýüne we howlusyna syn etmekligimize söz berýär. Bu bolsa biziň ahli babatda iblisden üstün çykyp dabaralanjakdygymyzy habar berýär. Şeýle hem Hudaý bize arşa barmaklygy sowgat berýär. Biz islendik wagtda Atamyz bilen sözleşip bileris. Onuň hökümdarlygynda hereket edip we Onuň bilen ylalaşykda bolup, biz iblisden hemişe üstün çykjakdygymyza we Mukaddes Ruhuň miweleri bilen doljakdygymyza ynamly bolup bileris. Ýalan pikirlere ynanmaň G örnetin tapawutlar 115 Sizde şeýle sorag döräp biler: „Iblisiň töhmetiniň we Mukaddes Ruhuň aýdyňlaşdyrmasynyň tapawudyny nähili bilmeli?“ Resul Pawlus bize tapawudyň aýdyň ölçegini berýär: „Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz. Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir“ (2 Kor. 7:9‑10). Dünýä hem, Mukaddes Ruh hem adamda eden günäleri üçin gaýgyny döredýärler. Emma iblisiň töhmeti sebäpli gelen gaýgy ölüme, Mukaddes Ruhuň açmagy bolsa, toba etmeklige we durmuşa eltýändir. Pawlus korintoslylaryň gaýgylananyna begenmedi; ol olaryň gaýgysynyň günälerine toba etmeklige, hakykaty bilmeklige we ruhy azatlyga eltjekdigine begendi. Mesihi her gün Ruh boýunça hereket etmelimi ýa-da ten? – diýen soragyň üstünde oýlanmaly bolýar. Eger-de siz diňe teniň isleginiň yzyna eýerseňiz, onda Mukaddes Ruh sizi açar, sebäbi özüňi şeýle alyp barmaklyk biziň Mesihdäki derejämize dogry gelmeýär. Ten boýunça hereket etmegi dowam etmek bilen siz hemişe „gaýgyny“ – wyždanyň gynamagyny başdan geçirersiňiz. „Özümiň nahili gaýgy başdan geçirýänime nädip düşünmeli? – diýip siz sorarsyňyz. – Olar şeýle meňzeş!“ Onuň yzynda näme durýandygyny kesgitläň – hakykatmy ýa-da ýalan – we siz onuň çeşmesine düşünersiňiz. Siz özüňizde ýekeligi, aljyraňňylygy we göwünçökgünligi duýýarsyňyzmy? Onda gaýgy töhmetden gelip çykan, sebäbi onda hakykat görünmeýär. Hukuk taýdan aýdanymyzda size eýýäm Mesihe ynamda aklaýjy höküm çykarylan. Kim Mesihe ynamda bolsa oňa ýazgarylmaklyga ýol berilmez. Siz Hudaý üçin gymmat bahaly, bolmasa Isa siziň üçin janyny gurban edermidi? Siz ejiz däl, sebäbi siz Mesihde ähli zada ukyply. Haçanda siz gaýgynyň aňyrsynda göwnüçökgünligiň we umytsyzlygyň gizlenip ýatanyny görseňiz, bilip goýuň, size iblis töhmet atýar. Hatda siz gowulyga özgereniňizde hem, iblis sizi günälemek üçin bir zatlar tapar we siziň ýagdaýyňyz üýtgewsiz galar. Töhmet bilen gelen gaýgydan halas bolmak üçin Hudaýa boýun boluň we ýalana garşy duruň. Eger-de siz özüňizi alyp barşyňyz mesihi derejesini aňlatmaýar diýip hasap edýän bolsaňyz, onda bu sizi toba getirmek üçin Hudaýyň erki bilen edilýändir. Mukaddes Ruh bizi edil Ýahýanyň Birinji ýüzlenmesindäki ýaly (1:9) öz günälerimizi açmaklyga çagyrýar. Öz 116 Gandaly döwýänçi günäleriňizi boýnuňyza alyp, toba gelen wagtyňyzdan Hudaý size olary geçer we siziň günäleriňizi ýuwar. „Bar, mundan beýläk günä etme“ diýip, Ol aýdar. Siz şolbada özüňizde ýeňillik duýarsyňyz we indi şol edilen ýalňyşlyklary gaýtalamazlyga bolan güýçlerden dolarsyňyz. Iblis günälemelerinden Mukaddes Ruhuň aýdyňlaşdyrmasynyň tapawudyny siz Iuda Iskariotyň we Simun Petrusyň ykballarynyň mysalynda görüp bilersiňiz. Iblise haýsydyr bir ýol bilen Iuda Iskarioty Isany satmaklyga mejbur etmek başardypdyr (Luk. 22:3‑5). Haçanda Iuda otuz kümüş şaýlyklar üçin näme edendigine düşüneninde, eden işiniň agyrysy ony ölüme getirdi. Töhmet ölüme getirýär, anyklanmak – günäleriňe ökünmeklige we durmuşa getirýär. Şeýle hem Petrus Isa dönüklik etmek bilen, Ony satdy. Görnüşi ýaly bar zadyň başy, şägirtleriň olaryň haýsysynyň uly saýylmalydygy baradaky jedeliň ýüze çykmagy bilen başlady (Luk. 22:24‑30). Şol wagty Simunyň göwnüne ulumsylyk aralaşyp bilerdi. Isa Petrusa şeýle diýdi: „Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi“ (31‑aýat). Isa Petrusda peýda bolan ulumsylyk üçin, iblise ony „elemeklige“ hukuk berdi. Emma ol şu ýerde şeýle goşdy: „Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber“ (32‑aýat). Petrus Isa bilen bile ölmeklige ant içdi, emma iş ýüzünde edil Rebbiň öňünden aýdyşy ýaly, ondan üç sapar ýüz öwürdi (33, 34‑aýat). Edil Iudany wyždanynyň heläkleýşi ýaly, Petrus hem aýylganç azap çekdi, emma olar Mukaddes Ruhdan gelip çykýardy, olar günälerine toba etmeklige we Mesih bilen birleşmeklige getirdi (Ýahýa 21:15‑17). Haçanda wyždan heläklemesi sizi Hudaýdan daşlaşdyrýar, şol wagty iblis size töhmet atýar. Oňa garşy duruň. Haçanda gaýgy sizi Mesihe getirip, sizden günäleriňizi açmaklygy talap edende, Mukaddes Ruh sizi açýar. Oňa boýun boluň. Ylham kitabynda iblisiň hemişe „doganlara töhmet edýändigi“ aýdylýar (Ylham 12:10). Başga bir tarapdan, Mesih hemişe biziň üçin, edil bir wagtlar Petrus üçin doga okaýşy ýaly, Atanyň öňünde töwella edýär. Ýewreýlere Ýüzlenmäniň awtory şeýle belleýär: „Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki, olara töwella etmek üçin hemişe diri“ (7:25). Bizde uly gaýtawulçy garşydaşymyz bar, emma ondan hem berk gaýtawulçy Goragçymyz bar we Ol biziň üçin özümiziň Onda bolan ynamymyzda Atanyň öňünde töwella edýär (1 Ýahýa 2:1). Ýalan pikirlere ynanmaň Töhmet: duýduryşly howp 117 Iblisiň hemişelik töhmetine garşy durmaklygy öwrenmeklik näçeräk möhüm? Bu biziň Mesihde ondan her gün üstün çykmagymyz üçin gerek. Biziň ählimiz käwagt özümizi Hudaýa-da, adamlara-da gerekmeýän ýaly duýýarys. Edil şol wagty hem edýän işlerimiz biziň duýgulary myzy aňladýar. Diňe biz şeýtana garşy dursak, şonda ýeňişli durmuşa gaýdyp gelýäris. Emma şeýtanyň aňsatlyga ýan bermejegini, çemini tapsa onuň bize töhmet etjekdigini ýatdan çykarmaly däl. Eger biz garşy durmagy öwrenmesek, onda has beter töhmete duçar bolarys. Janel bilen bolup geçen waka, örän seýrek ýagdaý hem bolsa, ol töhmete garşy durup bilmedik mesihä name boljakdygyny aýdyň görkezýär. Janeli meniň ýanyma onuň ýaşy durugşan ruhanysy getirdi. Janel şol wagt ýaş zenan bolup, ol Kurta durmuşa çykmakçydy we ol onuň bilen bile gelipdi. Meni Janel we Kurt bilen tanyşdyryp ruhany gitmekçi boldy, emma men oňa galmagy haýyş etdim. – Siz meniň ýanymda galyp bilmersiňizmi? – diýip, men soradym. – Meniň ýüregim agyrýar – diýip, ol jogap berdi. Belki, ol duşuşygyň biraz başgarak öwrüm aljagyndan çekinendir. – Meniň pikirimçe, bu ýerde siziň ýüregiňize täsir etjek üýtgeşik zat bolmaz – diýip, men köşeşdirmäge çalyşdym. (Emma men hakykatdan daş düşdüm!) – Mundan hem başga, siz onuň ruhanysy we men siziň dogalaryma goldaw bolmaklygyňyzy isleýärin. Ruhany göwünsiz ylalaşdy. Janeliň gürrüňlerini diňlemek bilen men ony hilegäriň hakykatdan hem zaýalandygyna göz ýetirdim. Ol çagalygynda we ýaşlygynda zorluga sezewar edilipdir. Şeýle hem, onuň taryhynda ýaş ýigit bilen gaty adaty bolmadyk ýagdaý bolup geçipdir. Öz durmuşynyň soňky ýyllarynda ol iblisiň ähli kynçylyklaryň başynyň özüdigi baradaky aýdýan ýalanlaryna doly ynanypdy we özüni Hudaýa hem, adamlara hem gerekmejek adam hasap edýärdi. Onuň özi baradaky pikirlerini erbet diýip hasaplamak kyndy: olar birhili aýdyň däldi, garaňkydy. Tanyş täre göz ýetirip, men şeýle diýdim: – Janel, seni aňyňa aýlamaklyk üçin söweş gidýär, biz saňa ýeňmäge kömek bereris, sebäbi bize Hudaýdan şeýle hukuk berlen. Men şu sözleri aýdanymdan Janel derrew üýtgedi: göwresi we garaýşy doňdy. 118 Gandaly döwýänçi – Siz ony haçandyr bir wagt şeýle ýagdaýda görüpmidiňiz? – diýip, men ruhanydan we Kurtdan gyzyklanyp soradym. – Ý-ýok – diýip, olar ýaýdanyp jogap berdiler. Olar özlerini görnetin başgaça duýýardylar. – Onda näme, bu ýerde gorkar ýaly zat ýok. Men beýle ýagdaýa birnäçe gezek duş geldim – diýip, men aýtdym. Häzir biz muny azat ederis, emma ondan öňürti size Hudaýa öz ýüregiňizi açmagyňyz gerek. Bolmasa şeýtan ruhunyň size hem ýokuşmagy mümkin. Men ruhany bilen birlikde 12-nji bölümde getirilýän doga meňzeş dogany okamaga başladym. Haçan-da men Kurt bilen hem şeýle etmek üçin oňa öwrülenimde, ol sandyramaga başlady. – Kurt, seniň Hudaý bilen gatnaşyklaryň bolmalysy ýaly däl gerek? Eger meniň aýdýanlarym dogry bolsa, saňa tizden günäňi geçmegini soramagyňy maslahat berýärin. Bu ýagdaýda Kurty köp yrmak gerek bolmady. Ol tizden öz günälerini we Janel bilen öz arasyndaky söýgi gatnaşyklaryny boýnuna aldy. Meniň maslahatym bilen ol bu gatnaşyklara nokat goýmaga söz berdi. Kurt gürleýän wagty Janel edil öli ýaly doňup otyrdy. Onuň bolup geçýän zatlara aňynyň ýetmeýändigi bellidi. Kurt ikimiz doga okap bolanymyzdan soň, men oňa kagyzda çap edilen dogany berdim. Ol okap başlan badyna Janel özüne geldi: haýbat atyjy arlady we Kurtyň elindäki kagyzy goparyp aldy. Arwah bu duýdansyz hereketi bilen gorkuzmaklyga synanyşdy we bizi özüniň aldawyna gider diýip oýlady. Ilkibada bize hakykatdan hem gorkunç boldy, emma men Janeldäki arwaha şeýle sözler bilen ýüzlendim: – Mesihiň ady bilen we Onuň beren hökümdarlygy bilen saňa şu oturgyçda gymyldamazdan oturmagy höküm edýärin. Meniň Janel bilen bolan bu wakany wideoýazga almadygym meni gaty ökündirdi, ýogsam men müňkür adamlara Hudaýyň emrine arwahyň nähili boýun bolýandygyny görkezip bilerdim. Edil Janele köşeşdiriji köýnek geýdirilip, oturgyja baglanan ýaly ýagdaý boldy. Ol bar güýji bilen oturgyçda towlanmak bilen Hudaýyň güýjüni ýeňmek isleýärdi, emma bu oňa başartmady. Onuň gözleri Kurta uly ýigrenç bilen seredýärdi, emma ol görgüli gyzyň üstünden öz hökümdarlygyny ýitirýän şeýtanyň gözleridi. Hakyky Janel Kurty söýýärdi we oňa durmuşa çykmakçydy. Entek Kurt doga okaýarka, Janel oturgyçda urunmagyny dowam etdi. Şondan soň men diýdim: Ýalan pikirlere ynanmaň 119 – Reb, biz Saňa baglydygymyzy tassyk edýäris, sebäbi biz Sensiz hiç zat edip bilmeris. Isa Mesihiň ady bilen we Onuň beren hökümdarlygynda biz arwaha Janeli boşatmagyny we oňa Gökdäki Atasyna boýun bolmaklyga ýol bermegini buýurýarys. Şu sözlerden soň Janel tizden özüne geldi. – Sen häzir özüňe näme bolandygyny bilýärmiň? – diýip, men ondan soradym. – Ýok, name, bir zat boldumy? – diýip, ol haýran galmaklyk bilen sorady. – Aladalanar ýaly zat ýok. Biz seniň Mesihde azat bolmak prosedurasyny geçmegiňi isleýäris. Bir sagatlardan soň Janel doly azat boldy. Janele hökümdarlyk etmeklige şeýtanyň nahili hukugy bardy? Eger onuň aldawyna gitmek bilen Janeliň özüniň ýol bermekligini hasaba almasaň, hiç hili. Iblise Janeli onuň durmuşynyň manysynyň ýitendigini ynandyrmak we oňa okkultizmi ornaşdyryp, ony ters ýola gönükdirmek başardypdyr. Şeýlelik bilen, iblise ony özüne bakna edip goýmaklyk başardypdyr. Janel edil aňsyz ýalydy. Emma Janel günälerini boýnuna alyp, iblisden ýüz öwreninden soň, onuň üstünden iblisiň agalygy gutardy. Janel indi azat boldy. Biziň köpümiz üçin iblisiň töhmeti edil Janeliňki ýaly bolup gutarmaýar. Emma iblise siziň durmuşyňyzyň Hudaý üçin gymmatynyň ýokdugyna ynandyrmak başartsa, ol siziň mesihi netijeliligiňizi peselder. Öz duýgularyňyzy synap görüň. Pikirleriňizi barlap görüň. Şeýtanyň siz baradaky diýýänlerine ynanmaň: ol aldaýar. Hudaýyň aýdýanlaryna ynanyň: ol sizi azat etjek hakykatdyr. 10 Daşky sypat ýalançy bolýar Men San-Diýegonyň ybadathanalarynyň birinde Hudaýa agşamky gullu gymy tamamlan badyma, bir tanşymdan bolan haty getirdiler. Onda: „Nil, seniň bir maşgala bilen gullukdan soň söhbetdeş bolmagyňy haýyş edýän. Sen şuny edip bilermiň?“ Dyngysyz iki günlük çykyşlar meni halys edipdi we öňde ýene ybadathana gelýänler bilen bir sagatlyk gürrüň deşlik meýilleşdirilipdi, emma men ol „maşgala“ biraz garaşsa söhbetdeş bolmaklyga razylyk berdim. Haçanda biz duşuşanymyzda, meniň garşymda Elis atly 26 ýaşly gyz we onuň ata-enesi peýda boldular. Anyklanyp görülse, meniň tanşym olary maňa sataşdyrmak üçin gulluga zorluk bilen diýen ýaly getiripdir. Maşgaladakylaryň bary mesihidi, emma bir seredeniňden olaryň ähli zadynyň ýerbe-ýer däldigini görmek bolýardy. Elis edil konslageriň adamy ýaly gaty hordy. Anyklanyp görülse üç gün mundan öň ol işini ýitiripdir we indi onuň gözlerinde doly göwnüçökgünligi görmek bolýardy. Elisiň atasy maňa, gyzynyň çagalygynda aýbaşydan öňki sindromdan ejir çekendigini, onuň diňe agyry aýyrýan zerdejiklerden peýdalanandygyny aýtdy. Netijede gyz zerdejiklere öwrendekli bolup galypdyr. Emma muňa seretmezden gyz köp gatnaşyklarda wepaly mesihi bolmaklygyna galypdyr. Ol oňat okaýardy we ondan bir zatlara umyt bardy. Emma barybir ol hemişe zerdejikleri iýýärdi we bir gezek gadagan edilen derman lary bikanun saklaýandygy sebäpli tussag edilipdi. Atasynyň gürrüňlerini diňleýän wagtynda Elis atasy bilen ylalaşýandygyny bildirip: „Hawa, bu dogry, men öz durmuşymy zaýaladym“ diýýän ýaly baş atýardy. Men Elise tarap öwrülip, onuň elinden tutup soradym: – Sen maňa aýt, sen özüňi kim hasap edýärsiň? – Men şowsuz adam, menden hiç wagt oňly zat çykmaz – diýip, ol zordan gözýaşlaryny saklamak bilen aýtdy. Daşky sypat ýalançy bolýar 121 – Siz şowsuz adam däl – diýip, men garşy çykdym. Siz Hudaýyň çagasy. Duşuşyk mundan beýläk şeýleräk gitdi: Elis öz-özüni kemsitmek bilen boldy, men bolsa onuň sözlerinde bar bolan iblisden gelýän töhmete garşy durdum. Wagt giç boldy, men gaty ýadadym, emma men näçe köp gepledigimçe, Elisi halas edip bilýän Mesihiň bardygyny duýýardym. Biz Elisiň göwnünde özüne nädogry gatnaşygy ornadan ruhy synaýardyk we ol özüniň şeýtanyň pidasy bolandygyna ynandy. – Siz, meniň öz-özüme erbet ruhlaryň täsirinde şeýle gatnaşykda bolandygymy aýtmakçymy? – diýip, ol ahyrsoňy sorady. – Edil şeýle, Elis – diýip, men jogap berdim. – Eger siz Mesihe ynamda kimdigiňize göz ýetirseňiz, onda siz ýalanyň gandalyndan sypyp bilersiňiz. Ýene iki hepdeden Elis ruhy taýdan ösmegiň üç aýlyk kursuna ýazyldy. Kursuň ahyrynda ol iblisiň töhmetiniň gowşak pidasy bolup galmazlyk üçin teklipleri öňe sürmäge başlady. Oňa iş tapmak we tutuş 12 kilogram semremek başartdy. Şu günki gün ol doly azat. Täze Ähtiň esasy temasy – biziň Mesihe ynamda eýe bolýan ýalkanyş almagymyzdyr. Ine, hoş habar: Mesih – sizde, siz bolsa – Mesihde. Eger Täze Ähtde esasy „erbet“ tema bar bolsa, onda ol tema – iblisiň ýalany. Men size Täze Ähtde „ýalan“, „töhmet“, „aldawçylyk“ ýaly sözleriň näçe ýygylykda gaýtalanýandygyna doly ynanmagyňyz üçin, giň simfoniýada işlemekligi maslahat berýärin. Siz bu dünýäde iblisiň bar hereketiniň ýalana we töhmete syrygýandygyna göz ýetirersiňiz. Sizi Hudaýyň hakykatyndan daşlaşdyrmaga synanyşmak üçin iblisiň azyndan üç usuly bar: öz-özüňi aldamak, ýalan pygamberler ýa-da ýalan mugallymlar we ýalan ruh. Özüňize ten höweslerini salmazlygyňyz üçin, her gün ruhy ýaraglanmak bilen goranmagyňyz gerek. Ö züňizi aldatmaň Mesihiler öz-özüňi aldamaklyga düşüp bilermi? Hawa, bu bolup bilýän zat. Biz Mukaddes Ýazgyda mesihileriň ýolugyp biljek özüňi aldatmalaryň birnäçe görnüşine göz ýetirýäris. Ýöne diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, Sözi ýerine ýetiriji boluň (Ýakup 1:22; 1 Pet. 1:13). Häzirki döwürde köp sanly amerikaly wagyzçy laryň günä etmezligi wagyz edip, özleriniň bolsa günä 122 Gandaly döwýänçi edýändikleri belli boldy. Bütin ýurda belli bolan mesihi işgärleri, ahlaksyzlygy hyjuwly ýazgarsalar hem, özleri ters durmuş ýörelgesini alyp barýarlar. Kim Hudaýyň Sözüni wagyz edýän bolsa, şonuň hem ony durmuşa geçirmegi gerek. Wagyz etmeklige taýýarlanýan wagtymyzda, biziň Rebbiň öňünde baş egip soramagymyz gerek: men Seniň Sözüň buýruşy ýaly ýaşaýanmy? Eger ters jogap bolsa, onda bize köpçüligiň öňünde boýun almagymyz gerek: „Men özümi mysal etmeli, emma entek maňa biraz üýtgemeklik gerek“.Özüň aýdyň durmuş ýörelgesinden ýöremän, emma welin, oňa ynandyrmakçy bolmaklyk, bu ýalana gatnaşmakdyr. Sözi diňläp, oňa eýermeýänler hem aldanýarlar. Oňat wagzy diňläp ýa-da oňat sapaga gatnaşyp, biz öwrenenlerimizi özümizde ornaşdyrjak bolman, eýsem ony başgalara öwretmeklige alňasaýarys. Resul Ýakup Sözi diňläp, oňa eýermeýänler öz-özüni aldaýarlar diýýär. (1:22). Näme üçin öz durmuşyňyň mesihi talaplaryna dogry gelmeýändigini boýnuňa almak şeýle kyn? Meniň pikirimçe bu käbir derejede, biziň köpümiziň kämillige çakdan aşa okgunlydygymyz üçindir öýdýärin. Biz özümiziň aňrybaş nusga bolmaklygymyza ymtylmak bilen, bize entek diňe ösmegiň gerekdigini unudýarys. Daş-töweregimizdäkileriň biziň kämillik ýolundaky adaty adamlardygymyzy görmekleri gerek. Olaryň biziň ýeňşi hem, şowsuzlygy hem kabul edip bilýändigimizi görmekleri gerek. Hudaýa we mesihilere gatnaşyklarda aýdyňlygy görkezmek bilen, biz öz-özüňi aldamaklyga sezewar bolmak howpuny peseldýäris. Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur (1 Ýahýa 1:8). Mukaddes Ýazgyda biz günäli diýip görkezilmeýär; ol ýerde höweslere boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin diýilýär (Rim. 6:12). Biz günäsiz mukaddesler däl; biz käwagt günä edýän mukaddesler. Öz haçyňy her gün göterip, şowsuzlygyňy boýnuňa almak örän wajypdyr. Eger biz özümizde bolmalysyndan tapawut görsek, onda ony tizden ýok etmek bilen bolmaly. Günäni bar diýip hasap etmeýän adam, öz-özüni aldaýar. Oňa öňde uly betbagtçylyk garaşýar. Seýsmiki taýdan durnuksyz etraplarda ýaşaýan adamlar, gowşak ýer titremeleriniň (Rihteriň ölçeginde 4 bala deň bolanynda) gorkuly däldigini bilýärler; güýçli ýer titremäniň bolýan ýerine düşmek howply. Daşky sypat ýalançy bolýar 123 Ýeňiljek ýer titremeler ýeriň ýokarky gatlagyndan „buglaryň çykyp“, güýçli ýer titremä ýol bermejekdigi bilen rahatlandyryjydyr. Güýçli ýer titremäniň bolmak howpy, haçanda birnäçe aýlarda ýa hatda ýyllarda hiç hili tektoniki işjeňlik bolmadyk ýagdaýynda güýçlüdir. Öz-özüňiň we Hudaýyň öňünde açyklyk, günäleriňi bilmek we olara garşy göreşmeklik – ine, şular bize ruhy heläkçilikden gaça durmakda kömek edýär. Eger biz özümizi günäsiz diýýän bolsak ýa-da adamlaryň öňünde günämizi boýnumyza almasak, onda güýçli ýer titremäniň başlandygydyr. Şol sebäpli hem biz saglygymyzy, maşgalamyzy, işimizi we dostlarymyzy ýitirip bileris… Toba edilmedik günä edil göwrede dörän howply çişiň bütin göwräni zaýalap bilşi ýalydyr. Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: özüňiz hakynda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň (Rim. 12:3; Gal. 6:3). Hudaýyň Sözi bize özümiz barada ýokary pikirde bolmaklygy gadagan edýär. „Emma men Hudaýyň çagasydyryn – diýersiňiz. – Men gökde Mesih bilen bile ýerleşýärin. Mundan başga-da men Onuň bilen ähli zady başararyn. Bu eýýäm nämedir bir zady aňladýar ahyry!“ Ýöne ýatdan çykarmaň, bulary özüňiz däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen gazanandygyňyz gürrüňsizdir (1 Kor. 15:10). Siziň eýe bolan durmuşynyz hem, bar zadyňyz hem – siziň gazananlaryňyz däl-de, Hudaýyň merhemeti. Hiç wagt Hudaýa degişli bolan zady öz eýeçiligiňize geçirjek bolmaň. Gowusy Hudaýy şöhratlandyrýan işleri ýerine ýetirmekden lezzet alyň. „Hiç kim özüni aldamasyn. Siziň araňyzdan biri şu dünýäde özüni akyldar saýýan bolsa, onda ol akyldar bolmak üçin akmak bolsun. Çünki bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr, sebäbi: «Ol akyldarlary öz hilelerinde tutýandyr» diýip ýazylgydyr.“ (1 Kor. 3:18, 19). Gödekligiň iň depesi – özüňi akylly saýyp, Hudaýa boýun bolmazlykdyr (Rim 1:22). Biz köplenç öz güýjümiz bilen arwahy ýeňeris diýen ters düşünjä eýerýäris. Emma biz onuň hilegärligini Hudaýsyz ýeňip bilmeris; has beteri şol synaglar bizi hakykatdan daş düşürer. Dogrusy iblis Hudaýa garşy durup bilmez. Biz özbaşdak bolmagy öwrenmeli, emma munda biz Mesihe meňzejek bolmaly we ähli zatda Hudaýa gulluk etmeli (Süleý. pähimleri 3:5, 6; 1 Kor. 2:16). 124 Gandaly döwýänçi Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir (Ýakup 1:26). Biziň adamlaryň göwnüne nähak degýän sözlerimiz ýaly hiç zat Hudaýy öýkeletmeýär. Ugrukdyrmakda bizi diňleýän adam merhemete golaýlaşýandyr. Eger siz öz diliňizi ýygnap bilmeýän bolsaňyz, onda aldanmaň; siz entek kämillikden daşdasyňyz. Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar (Gal. 6:7). Käwagt bize özümiziň mesihidigimiz üçin bu düzgün degişli däl ýaly görünýär. Bu beýle däl. Bize öz sözümiziň, pikirlerimiziň we işimiziň soňy bilen çaknyşyk garaşýar. Eger biz Hudaýyň Patyşalygyny adalatsyzlar miras alar öýtsek ýalňyşýarys (1 Kor. 6:9, 10). Biziň ybadathanamyza gatnaýan Keýt atly ýaş zenan, ýüzi aladaly görnüşde meniň ýanyma, iş otagyma geldi. Ol edil şu wagt özüniň uly aýal doganynyň öz jynsyndan bolanlar bilen jyns gatnaşygynda bolýandygyny bilipdir. – Meniň nahili ýaşaýandygymyň hiç hili ähmiýeti ýok. Hudaý meni söýýär we men ömürlik bagyşlanan – diýip, aýal dogany aýdypdyr. Bu sözler Keýti utanmaga we meniň ýanyma gelmäge mejbur edipdir. Men Korintoslylara haty açyp, 6-njy baby okadym: „… Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar“ (1 Kor. 6:9, 10). Edil Keýtiň aýal doganyna meňzäp, köp adamlar ýönekeý bir hakykata düşünmeýärler; erjel günä Hudaýyň öňünde ýalkanyşsyzlygy aňladýar. Men halas bolmaklyk iş boýunça berilýär diýmekçi däl, emma hakyky mesihi öz berýän miwesi boýunça tanalýar. Eger hereketleriňiz mesihi derejesine dogry gelmese hem bolar diýip çaklaýan bolsaňyz, onda düýbünden ýalňyşýarsynyz. Eger biz ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozmaýar öýdüp pikir etsek ýalňyşýarys (1 Kor. 15:33). Ýaş, ýaňy mesihilige başlan wagtymda maňa Täze Orleandan bolan wagyzçyny diňlemek diýseň ýaraýardy. Onuň „Burbon-stritden bolan wagyzçy“ diýen lakamy bardy we ol bu lakamy azgyn aýallaryň ýaşaýan etrabynda gulluk edýändigi üçin alypdy. Korintoslylara hatda bolsa, bolgusyzlaryň jemgyýetinde köp ýaşalsa, bu azmaklyga getirýär diýilýärdi (15:33). Täze Orleanly mesihiňki hem edil şeýle boldy, ol ahyr soňunda öz gullugyndan dändi. Daşky sypat ýalançy bolýar 125 Bu azgynlara wagyz etmek gerek däldigini aňladýarmy? Ýok, biz olara Mesih barada gürrüň bermeli. Emma biz diňe olar bilen gatnaşykda bolsak, onda öz gullugymyza hem, ahlagymyza hem zyýan ederis. Ýalan pygamberlerden we ýalan mugallymlardan gaça duruň Ýaňy-ýakynda maňa 35–40 ýaşlaryndaky Elwin atly bir adam ýüz tutdy. Ol birnäçe ýylyň dowamynda özünde pygamberlik ukyby bar diýip hasap edipdir. Ol köp ybadathanalara çagyryldy we ol ýerlerde „Hudaýyň adyndan“ çykyş etdi. Emma Elwine duýdansyz bir zatlar boldy we birnäçe aýyň dowamynda ol düýpden üýtgedi. Onuň adamlar bilen sözleşmegi kynlaşdy. Onuň maňa ýüz tutan wagtynda ol eýýäm iki ýyl bäri işsiz bolup, öz atasynyň garamagyndady we däri-derman içip gün görýärdi. Men Elwine Selaniklilere birinji hatdan bölek okap berdim: „Ruhy söndürmäň. Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň. Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň“ (5:19‑21). Şondan soň men oňa şeýle sözler bilen ýüzlendim: – Elwin, men pygamberlige garşy däl. Ol ruhy zehin. Emma iblis zehini „ýöntemleşdirmeklige“ ukyply. Edil şonuň üçin hem Mukaddes Ýazgy ähli edýän işlerimizi synamaklygy buýurýar. Ýalan pygamberler we ýalan halypalar baradaky uzak dowam eden gürrüňlerden soň Elwin boýun almaly boldy: Meniň ähli betbagtçylyklarym haçanda men özümiň pygamberleriň dilinde gepläp bilmek „zehinimi“ synap bilmedigim bilen başlandy öýdýän. Men özüm hem ýalňyşypdyryn, başgalary hem ýalňyşdyrypdyryn. Belki, seniň dillerde sözläp bilmek ukybyňy synarys – diýip Elwine teklip etdim we ony onuň synaga özüniň däl-de, ruhunyň gatnaşjakdygyna ynandyrdym. Elwiniň tüýs ýürekden ýalançylykdan azat bolasy gelýärdi we ol muňa razylaşdy. Men ondan „ruhy dilde“ sesli doga okamaklyga başlamaklygy teklip etdim. Haçanda ol düşnüksiz harplary aýtmaga başlanda men: – Mesihiň ady bilen we Hudaýyň Sözüne laýyklykda, ruh, men seniň özüňi tanatmagyňy buýurýaryn – diýdim. Elwin doga okamagyny bes etdi we şeýle diýdi: – Men şol. 126 Gandaly döwýänçi Ruhlar bilen täzeräk işleýänleriň biri belki, Mukaddes Ruhuň Özi bilen gürleşýärin diýip pikir ederdi. Men bolsa synagy dowam etdim: – Sen şol Ponti Pilatyň döwründe çüýlenen, jaýlanan we üçülenji güni direlen we Gökdäki Atanyň sag elinde oturanmy? Elwin tas gygyryp diýen ýaly jogap berdi: – Ýok! Ol däl! Şondan soň biz iblisden ýüz öwürmegiň dogasyny okadyk we şol günden soň Elwin özüne ejir berýän ýalandan halas boldy. Men ruhy zehine, hatda pygamberlige hem garşy däl, sebäbi Mukaddes Ýazgyda aýdylýar: „… pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga dillerde geplemegi-de gadagan etmäň“ (1 Kor. 14:39). Emma Ýazgyda ähli ruhy zatlar hökmany barlanylmaly diýip aýdylýar. Biziň günlerimizde ýalan pygamberleriň we ýalan mugallymlaryň gülläp ösmeginiň ýene bir sebäbi, bu ýönekeý hakykata ynanmazlyk etmekden başlanýar. Hakyky we ýasama Köne Ähtiň hakyky pygamberleri belli bir derejede hoş habarçydylar: olar halky Hudaýa we Onuň Sözüne gaýtaryp getirmeklige çalyşýardylar. Ýalkanyşa çagyryş ine, ýalan pygamberlerden hakykyny tapawutlandyrýan ugurdyr. Ine, Ýermiýa şeýle ýazýar: „Goşunlar Rebbi şeýle diýýär: size pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredip, Rebbiň agzyndan çykany däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny aýdýarlar… Bu pygamberleri Men ýollamadym, özleri ylgadylar, olar bilen gepleşmedim, özleri pygamberlik etdiler. Eger Meniň maslahatymda durup, halkyma sözümi eşitdiren bolsalardy, onda olary ýaman ýollaryndan we işlerinden döndererdiler“ (Ýer. 23:16, 21, 22). Eger size adamlary ýalkanyşa çagyrmaýan pygamber duş gelse, onda onuň hakyky däl-de, „ýasamadygy“ anykdyr. Ýermiýanyň üsti bilen Reb hakykydan ýalan pygamberi tapawutlan dyrmagyň ýene bir ugruny berýär: „Meniň adym bilen ýalandan pygamberlik edýän pygamberleriň: «düýş gördüm, düýş gördüm» diýişlerini eşitdim. Düýş gören pygamber düýşüni aýtsyn: Kimde Meniň sözüm bar bolsa, sözümi dogruçyllyk bilen beýan etsin. Samanyň bugdaý bilen näme işi bar?“ (25, 28 aýatlar). Hudaý adamlara öz düýşüni Hudaýyň Sözünden ýokarda goýýan pygamberlerden habardar bolmagy ündeýär. Hudaý düýşleriň ähmiýetini ret etmeýär; Onuň Özi adamlar bilen birnäçe gezek düýşde gürrüňdeş boldy. Emma Ol Öz Sözüni arassa Daşky sypat ýalançy bolýar 127 däne bilen, düýşleri bolsa samana deňeýär. Biz Hudaýyň Sözünde ýazylan zatlara ilki bilen eýermelidiris we düýşlere düşündiriş hökmünde ulanmalydyrys. Düýşleri Mukaddes Ýazgydaka tersine däl-de, oňa laýyklykda bahalandyrmalydyrys. Ýeremiýa sözüni dowam edýär: „Meniň sözüm ot kimin, Reb diýýär, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmi?“ (23:29). Eger mesihi ýygnagynda pygamberlik perdesi bilen şeýle sözler aýdylsa: „Çagalar, Men sizi söýýän“ ýa-da „Men basym gelerin“, onda bu sözler gumansyz şübhelidir. Bu sözler hakykat. Emma bu sözler Injilde çap edilen ýagdaýda Hudaý olary näme üçin aýtsyn? Maňa şeýle sözleri köpleriň günäde ýaşaýan ybadathanasynda eşitmeklik miýesser boldy. Bu diňe günälileriň ynsabyny köşeşdirýär. Pygamberiň sözi oda we tokmaga meňzeş bolmaly: pygamberiň sözi günäliniň üstüni örtmän, adamlary dogrulyk ýoluna salmalydyr (1 Pet. 4:17). Hudaýa ybadathananyň köp bolanyndan arassa bolmagy wajyp. Hakyky asudalyk kim öz dogruçyllygy, takwalygy üçin yzarlanýan bolsa, kim Sözüň kömegi bilen günälerden we ulumsylykdan gutulýan bolsa, şoňa gelýär. Ine, öz sözüni Hudaýyň Sözi edip görkezjek bolýanlar barada Ýermiýa näme diýýär: „Munuň üçin, Reb diýýär, Men sözümi biribirilerinden ogurlaýan pygamberlere garşydyryn. Reb diýýär: ine, Men öz dillerini gepledip-de: «Ol diýdi» diýýän pygamberlere garşydyryn“ (23:30;31). Şahsy sözüňi Hudaýyň Sözi diýip görkezmek – Hudaýy gaty öýkeletmekdir. Size haçandyr bir wagt: „Hudaý maňa size aýtmagy buýurdy…?“ diýýänler duşdumy? Men şeýle adamlara: „Ýok, size muny Hudaý aýtmady. Eger Ol bir zatlar aýtmakçy bolsa, ol muny siziň üstüňiz bilen däl-de, ýüzüme aýdardy“ diýýärin. Men mesihileriň mukaddesligine ynanýaryn. Elbetde, Hudaý bizi başga adamlaryň üsti bilen ruhlandyrýar we gönükdirýär, emma durmuşa we ynama degişlilikdäki soraglara gezek gelende Timoteosa birinji hatdaky sözlere ýüzlenmegi halaýaryn: „Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan… Mesih Isadyr“ (2:5). Eger kimdir biri size: „Hudaý maňa size aýtmagy buýurdy…“ diýen sözler bilen ýüzlense, onda ol adam ýalan pygamber hökmünde hereket edýär. 128 Gandaly döwýänçi A lamatlar we täsinlikler: nobatdaky synagmy? Siz, belki, ýalan pygamberi onuň aýdýanlarynyň köpüsiniň ýalandygy bilen subut edip bolýandygy barada eşidensiňiz. Kanun Taglymaty kitabynda aýdanlary hasyl bolmaýan pygambere ynanmak bolmaýandygy aýdylýar (18:22). Emma edil şol Kanun Taglymaty 13:1‑3-de aýdýan alamatlary we täsinlikleri hasyl bolýan pygamberler barada hem aýdylýar: „Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler, ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: «Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň» diýseler, siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär“ (Şeýle hem Markus 24:4‑11; 23‑25; Ylham 13:11‑14 seret). Köp sanly mesihiler ýerine ýetirilen täsinlikler Hudaýyň ony ýerine ýetireniň tarapyndadygynyň subutnamasy diýip oýlanmagy halaýarlar. Hudaý hakykatdan hem Öz Sözüni tassyklamak bilen täsinlikleri ýerine ýetirýär, emma Injil duýdurýar: „Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer“ (Markus 13:22). Şeýtan hem alamat berip we täsinlikler edip biler: onuň maksady – bizi Hudaýa däl-de, özüne boýun etmek. Kanun Taglymaty 13:5-6-11-de iblisiň işini Hudaýa ýöntemekligiň nähili çynlakaý soňunyň bolýandygy aýdylýar. Muny ýerine ýetiren adamlary, olaryň maşgala agzasydygyna seretmezden ýok edýärler. Biz Hudaýy söýmeli; Onuň Sözüne boýun bolmaly, ähli alamatlary, täsinlikleri we düýşleri synap görmeli. Ybadathana aralaşan ýalan „Ýalan pygamber“ we „ýalan mugallym“ sözleri eşidenimizde biz kim barada pikir edýäris? Köpler gürrüň ilki bilen gündogar mistikasy we gurular, din we okkult praktikasy barada gidýär diýip hasaplaýarlar. Bir söz bilen aýdanymyzda, mesihi ybadathanasyndan daşardakylar diýip hasaplanylýar. Emma muňa garamazdan resul Petrus öz hatlarynyň birinde tutuş bölümi ybadathananyň öz içindäki ýalan mygallymlara we pygamberlere bagyşlaýar: „Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk Daşky sypat ýalançy bolýar 129 taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip, öz başlaryna tiz bela getirerler“ (2 Pet. 2:1). Şeýle adamlar häzirki wagtda biziň ybadathanamyzda ýalkanyşyň tarapdary hökmünde çykyş edýärler. Ilki bilen ýalan mugallymlaryň aldawynyň olaryň ylmynda jemlenmeýändigine üns beriň: „Köp adamlar olaryň azgynçylygyna eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler“ (2‑aýat). Ýalan mugallymlaryň „azgynlygy“ barada aýdanynda, resul nämäni göz öňünde tutýar? Meniň göwnüme bolmasa, ol gulluk etmegiň gullukçynyň daşky keşbi we ýakymlylygy boýunça bahalandyrylýan ýagdaýyny göz öňünde tutýar. Biz: „Ol şeýle mylaýym ýigit“, „Ol şeýle harizmatik şahs“, „Ol ajaýyp, dilewar“, „Ol şeýle aýdyň aýal“ diýýäris, emma fiziki ýakymlylyk Mesihiň gullukçysynyň bahasymy? Elbetde, ýok. Baha bermek üçin diňe iki ölçeg bar: hakykaty bilmeklik we dogruçyl (takwa) bolmaklyk. Daşky keşbe üns berýänler „hakykatyň ýoluny hapalaýandyrlar“. Petrus şondan soň ybadathananyň ýalan pygamberlerini we ýalan mugallymlaryny ýüze çykarmagyň iki usulyny suratlandyrýar. Birinjiden, ol adamlar „ten höwesiniň ýaramazlyklarynyň yzy“ bilen gidip, ahlaksyzlyga ýykgyn ederler (10‑aýat). Aýratyn hem bu jynsy azgynlygy we baýlyga kowalaşmagy aňladýar. Şeýle adamlar, kanuna dogry gelmek hökman däl diýen pikire uýmak bilen, Hudaýyň çäksiz söýgüsine dalaş ederler. Olaryň ahlaksyzlygy gizlindir, emma ol irde-giçde äşgär bolar (2 Kor. 11:15). Ikinjiden, ýalan pygamberler we ýalan mugallymlar „ýolbaşçylary ýigrenýärler, olar gödek, öz erklidirler“ (2 Pet. 2:10). Olar garaşsyz ruha eýedirler. Olar öz işlerini edýärler we hiç kime hasabat bermek islemeýärler. Şeýle adamlar ybadathana ýolbaşçylaryna boýun bolmak islemeýärler ýa-da näme etseler hem, özlerini goldajak adamlary tapýarlar. Biz Mukaddes Ýazgydan ýolbaşçylaryň birnäçe taryhy görnüşlerini bilýäris: pygamberler (wagyzçylar we mugallymlar), ruhanylar (ruhy çopanlar) we patyşalar (administratiw ýolbaşçylar). Diňe günäsiz we kämil Mesih bu rollaryň hemmesini Özünde jemläp bildi. Men ybadathana ýolbaşçylarynyň işi ýaşulularyň garaşsyz maslahaty tarapyndan gözegçilige alynmaly diýip hasap edýärin, sebäbi hiç bir adam çäksiz häkimligiň özüne çekijiliginiň öňünde durup bilmeýär. Ybadathanada görnükli orun tutýan hakyky mesihi, maslahatyň kararyna boýun bolmaklyga hemişe taýýar bolmaly, sebäbi maslahat başga ruhy taýdan kämil mesihilerden düzülýär. Eger siziň barýan ybadathanaňyzdaky ruhanynyň öz üstünden gözegçiligi ýok bolsa we onuň ruhy çopançylyk bilen işi bolman, oňa gulluk etmeýän bolsa, gowusy ol ybadathanany taşlaň. 130 Gandaly döwýänçi Azaşdyryjy ruhlardan ägä boluň Mukaddes Ýazgy bize diňe bir öz-özüňi aldamaklyga we ýalan mugallymlara we ýalan pygamberlere garşy durmaga däl, eýsem azaşdyryjy ruhlara hem garşy durmaga çagyrýar. Bu ruhlar şeýtanyň täsiri bilen özlerine çekýärler. Pawlus Timoteosa şeýle ýazýar: „Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. … aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar“ (1 Tim. 4:1). Resul Ýahýa bize öz wagtynda iblisi paş etmek üçin, ruhlary synap görmekligi (1 Ýahýa 2:18), şeýle hem hakyky Ruhy ýalan ruhdan tapawutlandyrmaklygy duýdurýar (4:1‑6). Iblisiň güýçleri siziň aňyňyzy, size hakykat boýunça hereket etmäge päsgel berjek ruhlardan doldurmaga çalyşýar. Hanna Uaýtholl Smit şeýle ýazýar: Gaharyň sesi we azaşdyryjy ruhlar her bir ruhy durmuşyň ýokary derejesine düşeni öz toruna salmaga dalaşýarlar. Biziň Mesihde Gökde ýer tutýandygymyz aýdylan hatda biziň ruhy duşmanlarymyz bilen söweşiň hem garaşylýandygy aýdylýar. Biziň ruhy duşmanlarymyz, olar kim ýa näme bolanynda hem, biziň bilen edil Hudaýyň edişi ýaly, ruhlar arkaly sözleşýärler. Şeýlelikde, biziň edil Hudaýyň merhemetini Mukaddes Ruhuň üsti bilen bilşimiz ýaly, erbet ruhlar hem bize öz atlaryny ýatlatmazdan, öz erkini aňladyp biler.1 Iblisiň ýalan hasiýeti sebäpli onuň sesini Mukaddes Ruhuň sesinden ýönekeý usullar bilen tapawutlandyrmak aňsat däl. Men aşakda azaşdyryjy-ruhlardan goranmagyň okamaly dogasyny bermekçi: „Gökdäki Atamyz, men özümi tutuşlygyma Seniň erkiňe berýärin. Eger-de men haýsydyr bir zatda ýalňyşsam, Saňa ýalbarýaryn, meniň gözlerimi aç we maňa öz ýalňyşlyklarymy görmäge mümkinçilik ber. Reb Isa Mesihiň ady bilen men ähli azaşdyryjy-ruhlara yza çekilmekligi buýurýaryn. Men ähli ýalan ruhy eçilmelerden ýüz öwürýärin. Eger ol eçilenler Senden bolsa olary we olaryň üsti bilen ybadathanany berkit. Omyn“. Daşky sypat ýalançy bolýar Ýalany nädip bilmeli 131 Mesihi ybadathanalarynda ruhlary tapawutlandyrmak düýbünden unudylan. Emma hakykatda welin, şeýle ýarag töhmete garşy ilkinji bolup ulanylmaly. Ruhlary tapawutlandyrmagy ähli zadyň ýerbe-ýer däldigini duýdurýan öz içki sesiň bilen deňemek bolar. Özüňiziň kimdir biriniň öýüne gelşiňizi, ol ýerde daşyndan göräýmäge onçakly bildirip hem barmaýan, emma agyr, basyp alyp barýan atmosferany göz öňüne getiriň. Şol hem ruhy tapawutdyr. Ruhlaryň tapawutlanmasy näme? Muňa düşünmek üçin bu ukybyň haýsy maksat bilen berilýändigine düşünmeli. Birinji patyşalyklar kitabynyň 3-nji bölüminden biz Süleýman patyşanyň Hudaýa haýyş bilen ýüzlenişini bilýäris. Haçanda Hudaý Süleýman patyşanyň düýşüne girip, onuň islegini soranynda, ol şeýle diýdi: „Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähimpaýhas ber, çünki kim Seniň san-sajaksyz halkyňy dolandyryp biler?“ (9‑aýat). Hudaý oňa şeýle diýdi: „Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin“ (11, 12‑aýatlar). Ruhlary tapawutlandyrmak başarnygy, onuň kömegi bilen öz-özüňi beýgeltmek, baýamak, duşmanyň hem bolsa, biriniň üstünde agalyk etmekde däl. „Tapawutlandyrmak“ sözüniň grek dilindäki esasynda (grek „diakrino“) ýöne seljermekligi we baha bermekligi aňladýar. Tapawutlandyrmak başarnygy diňe bir maksat: adamyň erbetlikden oňatlygy tapawutlandyryp bilmekligi üçin berilýär. Şonda ýagşylygy köpeldip bolýar, erbetligi bolsa köki damary bilen ýok edip bolýar. Korintoslylara Birinji hata laýyklykda ruhlary tapawutlandyrmaklyk bu ýagşylyk ruhuny erbetlik ruhundan tapawutlandyrmak üçin Hudaý tarapyndan berilýän başarnykdyr. Bu Mukaddes Ruhuň ybadathanany ösdürmek üçin beren peşgeşleriniň biridir. Ruhlary tapawutlandyrmak – bu biziň aňymyzyň başarnygy däldir, bu Mukaddes Ruhdan biziň ruhumyza geçýän başarnyk. Haçanda Ruh galagoplulyk ýagdaýyny berende, siziň obýektiw duýduryşlara endik eden aňyňyzyň, onuň sebäplerine göz ýetirip bilmezligi mümkin. Ondan hem başga, eger-de berlen duýduryşy obýektiw bahalandyrmaga çalşylanda, onda onuň sebäbiniň ýanyndan sowlup geçmek bolar. Eger 132 Gandaly döwýänçi siz nämäniňdir bir zadyň göwnejaý däldigini duýan badyňyza oturanlara göni aýdyň: „Meniň göwnüme bolmasa, ähli zat bolmalysy ýaly däl. Geliň, Hudaýdan ýagdaýy anyklaşdyrmagyny soralyň“. Şondan soň Hudaý siziň düşünişmezligiňizi çözsün. Adamlara maslahat berýän wagtlarymda, men birnäçe gezek düşnüksiz aladalary başdan geçirdim we meniň göwnüme çözülýän meseläniň esasy açyk däl bolup göründi. Emma men bu barada şol wagtyň özünde aýtman, öz duýgularymy barlap görýärin. Eger men öz maslahat berýän adamymyň gomoseksuallygyň torundadygyny aňsam, şeýle soramaýaryn: „Siz gomoseksualist, şeýle gerek?“ Muňa derek, men oňaýly ýagdaýda öz duýgularymy barlaýaryn we giriş soragyny şeýleräk berýärin: „Siziň hiç wagt öz jynsyňyzdan bolan adamlara jyns höwesiňiziň garşysyna göreşesiňiz gelmeýärmi?“ Eger meniň ruhumyň duýgulary müşderiniňki bilen gabat gelse, onda mesele ýüze çykýar we şondan soň onuň bilen işlemek bolar. Azat bolmaklyk başdan geçýär. Ruhlary ýalňyş tapawutlandyrmaklyk iblisden gelip çykýar, ol ybadathanany galkyndyrmakdan däl-de, öz-özüňi galdyrmakdan gelip çykýar. Oňa eýe bolan adam ony öz umumy maksatlarynda peýdalanýar. Menden kömek sorap ýüz tutan Leýna atly talyp gyz edil şeýle ýalan tapawutlandyrmadan ejir çekýärdi. Köp meselede kynçylyk çekýändigi sebäpli ol öň başga bir maslahatça ýüz tutupdy. Maňa ýüzlenip geleninde ol biziň talyplar şäherçämizde kimiň neşe çekýändigini ýa-da azgyn zyna gatnaşyklaryny edýändigini ýalňyşmazdan aýdyp biljekdigini aýtdy. Onuň bu bilimleri „duýgulara“ esaslanandy we men onuň köp ýagdaýlarda dogrudygyny aýdyp biljek. Leýna özünde Hudaýdan berlen başarnyk bar diýip pikir edýärdi; emma ol maňa özüniň öňki maslahatçysyny özüniň onuň etjek hereketlerini öňünden aýdyp bilmegi bilen aljyraňňylyga salandygyny aýtdy. – Size adamlaryň üstünden ygtyýarlyk etmek ýaraýar gerek, Leýna? – diýip, men soradym. Men onuň ýalan ruhunyň üstüni açanymda, ol meniň iş otagymda şeýle bir ýigrenji oýny görkezdi. Biz ony Leýnadan özümize berlen ygtyýarlyk arkaly kowup çykardyk. Onuň kowulmagy bilen, Leýna adamlardaky günäni tapawutlandyrmak ukybyny ýitirdi. Oňa birnäçe wagtlap öz azat edilen aňy bilen öwrenişmäge wagt gerek boldy: öň onuň „ýoldaşlary“ hemişe gürrüňdeş bolýardylar. Erbet ruhlar edil mesihidäki Mukaddes Ruh ýaly ölçegde hereket edýärler. Size bir adamy gören badyňyza onuň mesihidigini aýtmazyndan Daşky sypat ýalançy bolýar 133 öň bilmeklik dogry geldimi? Sizde başga imanlylar bilen umumylyk duýulýarmy? Bu ýerde hiç hili jady ýok; bu ýerde Mukaddes Ruh siziň ruhuňyza şaýatlyk edýär. Başga bir gezekde Mukaddes Ruh siziň başga ruhlar bilen duşuşygyňyzy duýduryp biler. Eger biz ybadathanada hem, öýde hem duýgur bolmaklygy öwrensek, onda biz köp sanly ruhy betbagtçylykdan daşda durmaklygy başaryp bileris. Gyradeň pikir etmeklige endigimiz bize ruhlary tapawutlandyrmaklygy ulanmaklyga päsgel berýär, emma şu ýerde Ýewreýlere Hatyň awtorynyň, ruhlary tapawutlandyrmaklygy hakyky Hudaýy ylmyň esaslary diýip hasaplaýandygyny ýatlamak gerek: «Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir» (5:14). Iblisiň jezalarynyň iň bir heläkleýjisi bu ýalandyr. Näme üçin? Sebäbi ten höwesini we töhmeti biz şol wagt duýýarys, ýalan bolsa köplenç ýüze çykman galýar. Iblis siziň garaňkylykda galmagyňyzy isleýär. Ol ybadathana, öýe ýa-da adam aňyna bilniksiz aralaşsa, özüniň ol ýerde hojaýyn boljakdygyna ynanýar. Gynansakda, häzirki wagtda oňa şol zatlary etmeklik ýygy-ýygydan başardýar. Siz iblisiň ýalanyny adamçylyk nukdaýnazardan seljerip bilmersiňiz. Munuň üçin Hudaý tarapyndan açylyş gerek. Isa şeýle aýtdy: „Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder“ (Ýahýa 8:31, 32). Ol şägirtleri barada şeýle dileg etdi: „Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr“ (Ýahýa 17:17). Hudaýyň ýaraglaryny dakynyp başlanyňyzda, ilki bilen biliňizi hakykat bilen guşamak örän möhümdir (Efes. 6:14). Hakykatyň ýagtylygy, ýalanyň garaňkylygyny böwsüp biljek ýeke-täk ýaragdyr. Men bu bölümi bir ýaş aýalyň haty bilen jemlemekçi. Iblis ony aldaw toruna salypdyr, emma Gandaly Döwýänçi bilen duşuşyk onuň patyşalygyna nokat goýupdyr. Men ony ädimme-ädim azat bolmaklygyň türgenleşiginden geçirdim. Mähriban d-r Anderson! Men özümiň hiç wagt siziň ýanyňyza maslahat we doga okamaklygyňyzy sorap gelen wagtymy unutmaryn. Şondan bäri men özümi azat duýýaryn. Maňa indi sesler eşidilenok we men öz kellämde agyrlyk duýmaýaryn. Meniň fiziki ýagdaýym 134 Gandaly döwýänçi has gowulaşdy. Iblis maňa gaýtadan öz pikirlerini ornaşdyrmak isledi, emma men öz üstümden onuň agalygynyň soňuna çykylandygyny bilýärin. Hiç wagt siziň Hudaý we özüň baradaky ýaramaz pikirleriň ýalan dygy baradaky sözleriňizi unutmaryn. Onuň iblis tarapyndan maňa ornaşdyrylan pikirdigine göz ýetirdim. Siz meniň Isa Mesihde iblisi ýeňmek ygtyýarlygyna we erbet pikirlerden dynmak erkine eýe bolýandygymy aýtdyňyz. Men muňa doly göz ýetirýänçäm esli wagt geçdi, emma men ahyrsoňunda öz bilimlerimi ulanmakçy bolanymda, ähli zat oňuna boldy. Öz aladalaryňdan baş alyp çykmak – bu nahili ajaýyp! Maňa we başga adamlara rahatlygy almaga, söýmegi we ynanmagy öwrenmäge kömek edeniňiz üçin sag boluň. Mesihde söýgi bilen. 11 Gözegçiligi ýitirmek Aşakda berilýän haty özüme gaty tanyş bolmadyk bir zenan maşgaladan aldym. Şeýla ruhy gapma-garşylyklaryň altynjy günki konferensiýasyna gatnaşdy, dynç güni bolsa ruhany onuň hatyny maňa berdi: Gadyrly jenap Anderson! Hudaýa şükür, men azat! Düýn men ömrümde ilkinji gezek „sesleri“ eşitmegimi bes etdim. Men rahatlandym. Haçanda biz aýdym aýdanymyzda, men öz sesimi eşitdim. Men öz on dört ýaşyma çenli hiç wagt ýyly söz aýtmadyk, gödek ejem bilen ýaşaşdym. Ol meni urýardy we kemsidýärdi. Men 15 ýaşymda Erhardyn Seminaryna geldim we bu ýerde meniň „aňymy düýpli ýuwdular“. Indiki ýyl meniň üçin hakyky dowzah boldy. Ejem meni köçä kowdy we men tanyşlarymda ýaşamaga başladym. Tizden meni ol ýerden hem kowdular. Ýene üç ýyldan men Isa Mesihe uýmaga başladym. Isa Mesihi kabul etmek karary belli bir derejede iblisiň we erbetligiň güýjüniň öňünde gorky bilen baglanyşyklydy we men olar bilen öz durmuşymda köp gezek çaknyşdym. Men özümi iblisden halas bolan diýip hasaplamak bilen, özümiň iblisiň ýaýlary üçin entek hem oňaýly nyşanadygymy bilmedim. Mesihi durmuşymyň ilkinji iki ýylynda, men özüm bilmezden günäde ýaşadym. Oňa aň ýetirip, toba etdim, bagyşlandym we maňa gözegçilik etmek isleýän iblisiň özüne çekijiliginden ahyrsoňy azat boldum diýip hasap etdim. Men göreşiň indi başlanýandygy barada göwnüme hem getirmedim. Meniň tutuş göwräm düwürtiklere basyryldy. Men özümiň Hudaýa ynam we ýakynlyk baradaky duýgularymy ýitirdim. Reb üçin aýdym aýtmak ýa-da Mukaddes Ýazgyny okamaklyk 136 Gandaly döwýänçi meniň üçin mümkin bolmady. Öz-özümi köşeşdirmek üçin men iýmeklige ýüz urdum. Iblisler meniň oňatlyga ýa-da erbetlige bolan duýgularymy şeýle bir ýoýdular welin, söýgä we öz-özüňe göz ýetirmeklige derek, ahlaksyzlyga ýüz urdum. Bularyň bary düýn men iblise özüme gözegçilik etmekligini bes etmekligi buýran wagtymda gitdi. Özümiň söýgülidigime düşünmegim meni halas etdi we durmuşa goltgy berdi. Men şu wagt eýforiýanyň ýagdaýynda däl: men öz ähli ýazan zatlarymy açyk aýdyň aklym bilen ýazýaryn. Hatda iýmeklige bolan höwes hem indi maňa düşnüksiz, ýabany bolup görünýär. Men mesihileriň şeýtanyň çozuşyna şeýle durumsyzlygy barada oýlanmandym. Men azaşdym, emma men indi azat. Sag bol, Isa! Şeýla Şeýlanyň ýüregini açmagy – özüňe gözegçiligi ýitirmek fenomeniň barlygy huşa getiriji şaýatlyk we bu barada köp sanly mesihiler aýtmagy halamaýarlar. Mesihi bolmak bilen Şeýla barybir iýmekde, zyna we ruhy gatnaşykda özüne gözegçiligi ýitirdi. Onuň ruhy ösüşi kemeldi; has beteri ol pese düşdi. Ol aýdym aýtmaýardy we Mukaddes Ýazgyny okamaýardy. Ol muny islemeýändigi üçin däl-de, ýerine ýetirip bilmeýändigi üçin şeýle etdi. Şeýla ruhy ýesirlige düşdi. Adatça biz mesihileriň ten höwesinden, töhmetden we aldawdan zyýan çekýändigi bilen ylalaşýarys. Emma haýsydyr bir düşnüksiz sebäplere görä, mesihileriň azatlygyny ýitirip, şeýtana boýun bolmaklygynyň mümkinçiligini göwünsiz boýnumyza alýarys. Emma muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgyda ten höwesiniň, töhmetiň we ýalanyň üsti bilen mesihileriň şeýtanyň ygtyýarlygyna düşüşi barada köp sanly mysallar getirilýär. Şu ýerde men aýratyn bellemekçi: mesihileriň üstünden şeýtanyň gözegçiligi, olaryň şeýtana degişlidigini aňlatmaýar. Siz hem Şeýla meňzeşlikde Guzynyň gany bilen ýuwulan we dowzahyň ähli güýçleri hem sizi halas bolmakdan mahrum edip bilmez (1 Petr. 1:17‑19; Rim. 8:35‑39). „Iblisiň mukaddeslere ýetirip biljek erbetligi“ kitabynda (What Demons can Do to Saints) d-r Merrill Anger şeýle ýazýar: „Iblisler hojaýyn ýa-da muňa haky bolan myhman ýaly däl-de, edil ogrular ýaly girýärler. Iblisler – olar basybalyjy, garakçy we duşman. Emma olar özlerine agyr we uzak günä gapy açan bolsa girýärler“.1 Şeýtan indi hiç wagt size hökümdarlyk edip bilmejekdigini bilýär. Emma eger oňa siziň üstüňizden, iň bolmanda, Gözegçiligi ýitirmek 137 otnositel gözegçiligi ýola goýmak hem başartsa, ol siziň Mesihde ösüşiňizi peselder we siziň ýalkanyşly işiňizde netijeliligiňizi peselder. Paýhas üçin söweş Stiw Russo we men, bilelikde özlerini mesihi diýip atlandyrýan 1291 sany mekdep okuwçysyny öwrendik. Olaryň 47 % otagda haýsydyr bir zadyň barlygyny duýmak ýa-da eşitmeklige duçar bolupdyr we olar gorkupdyrlar; 54% Hudaý baradaky ýaramaz pikirler bilen göreşýärler; 37 % doga we Injili okamak kyn düşýänler; 70 % aňda gizlenip ýatan „meniň“ sesini eşidýärler we hakykatda hem ýaramaz pikirler bilen göreşýärler; 20 % öz janyna kast etmek barada tiz-tizden oýlanýarlar; 24 % aňyna zorluk etmek gelýänler (mysal üçin pyçak alyp ýanyňdakyny öldürmek); 71 % özlerini daş-töweregindäkilere düýpden meňzemeýän hasaplaýarlar. (Olara dogry gelýän zat maňa dogry gelmeýär). Öwrenmegiň beýleki netijeleri, şeýle hem ata-enäniň we ruhanynyň çagalara nähili kömek edip biljekdigi barada „Biziň çagalarymyzyň höwesleri“ kitabyndan okaň. Men biziň ýokary synpdaky mesihi mekdep okuwçylarymyzyň 70%iniň şisofreniýa we paronoýa kesellidigine ynanmaýaryn. Men muny Timoteosa Birinji hatdan alnan sözler bilen düşündirýärin: „Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner… aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar“ (1 Timot. 4:1,2). Bu häzir bütin dünýäde şeýle bolup geçýär. Men soňky on ýyllykda sesleri eşitmekden ýa-da ýaramaz pikirlerden ejir çekýän ýüzlerçe adama maslahat berdim. Köpler Injili okamakda we dogry düşünmekde, tas hemmeler diýen ýaly özleriniň halas boljakdygyna ynanmazlykdan ejir çekýärler. Olaryň hiç birinde öz içki dünýäňi duýmak ýok. Bu ýagdaýlaryň her birinde paýhas üçin söweş ruhy derejede barýar. Ol adamlara Mesihde azatlygy gaýtaryp bermek üçin, ortaça üç sagat gerek bolar. Psihiki kesel barada haçanda näsag özünde şahsyň bölünmegini duýýan halatynda (näsag sesleri eşidýär) aýdyp bolar. Emma bu ýagdaýda hem iblisiň haýsydyr bir täsiri bolup geçýär. Onuň bilen söweşmek möhümdir. „Ýesirlikden azat bolmak“ (Released from Bondage) atly öz kitabymda, men pida bolanlaryň özleriniň gürrüň beren birnäçe „keselleriniň taryhyny“ gürrüň berýärin. Suratlandyrylan ýagdaýlar patologiki artyk iýmekden we jynsy durumsyzlykdan başlap, depressiýanyň agyr görnüşine çenli 138 Gandaly döwýänçi öz içine alýardy. Tas ähli müşderiler diýen ýaly ýaramaz pikirlerden we jynsy durumsyzlykdan ejir çekýärdiler we barybir özlerini mesihi diýip atlandyrýardylar. Iki sanysy şol wagt hem, häzir hem gullukdadylar. Olaryň meselesi bilen ýakyndan tanyşmak size öz meseleleriňizi çözmekde uly kömek berer. Esasy zat siziň Mesihde azatlyga eýe bolup, başgalara kömek berip bilmegiňiz. Munuň üçin bolsa size paýhas üçin ruhy söweşiň oýlanylyp tapylan zat däldigini boýnuňyza almagyňyz möhüm. Mukaddesleriň üstünden şeýtanyň gözegçiligi Mesihileriň özleriniň şeýtan üçin elýeterligine düşünmekleri wajypdyr. Başgaça diýip pikir edýänler özleriniň barlygyna diňe Hudaýyň we adamyň erkini görýärler. Eger-de biz şeýtanyň täsirinde diňe özümizi günälesek, onda aljyraňňylyga düşeris we bizde başgaça hereket etmäge güýç bolmaz. Eger-de biz onda Hudaýy günälesek, Onuň Atalyk ýalkanyşyna bolan öz ynamymyzy ýitireris. Iki ýagdaýda-da bize barybir ýeňilmek garaşýar, Injil bolsa bize ýeňşi söz berýär. Biz ýeňlen garaňkylyk patyşalygynyň ýolbaşçylygyna we hökümdarlygyna garşy göreşýäris. Ýeňiş bizdendir, emma biz iblis ýalanyna ynansak, onda belli bir derejede gara güýçleriň täsirinde bolarys. Aşakda Mukaddes Ýazgydan, imanlylaryň öz-özüne gözegçiligi ýitirip, ruhy ýesirlige düşmekleri barada birnäçe mysallar getirilýär. Lukanyň Hoş Habary 13:10‑18. „Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi“ (11‑aýat). 16-njy aýatda onuň keseliniň sebäbi, iblis täsiri barada aýdylýar. Ol aýal imanlydy („Ybraýymyň gyzy – 16-njy aýat“). Isa ony ruhy taýdan bejeren badyna, ol fiziki taýdan hem sagaldy. Sinagoganyň diwarlarynyň ol aýaly iblis yzarlamasyndan halas edip bilmändigine üns beriň. Ony ybadathananyň haýady hem halas edip bilmez. Eger beton diwarlar iblisi saklap bilmeýän bolsa, biziň tenimiz ony saklamagy başararmyka? Ruhy zatlar dünýäniň material kanunlaryna boýun bolmaýarlar. Bu ýagdaýyň Isanyň haçdaky ejirlerinden öň bolup geçendigine ynanýaryn. Emma barybir ol mesihileriň iblis gözegçiligine düşüp biljekdigini görkezýär. Gözegçiligi ýitirmek 139 Lukanyň Hoş Habary 22:31‑34. Resul Petrus bize wagtlaýyn şeýtan gözegçiligine düşen imanlynyň mysalyny görkezýär. Isa oňa şeýle diýdi: „Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi“ (31‑aýat). Şeýtanyň beýle haýyşy öňe sürmäge näme hukugy bardy? Görnüşi ýaly, Petrus haýsydyr bir wagt muňa ýol berdi. Belki, beýleki şägirtler bilen jedel edeninde gedemlik etmek bilendir (22:24). Resulyň öz Rebbi bilen tä ölüme çenli bile bolmakda hakyky islegine seretmezden (33‑aýat), Isa Petrus üç gezek ýüz öwürjekdigini öňünden aýtdy (34‑aýat). Şeýle hem boldy. Isanyň öňünden Petrusyň ýüz öwürmeginden soň ýene Özüne ýüzlenjekdigi barada doga okandygyny belläp geçmek möhüm (32‑aýat). Efeslilere hat 6:10‑17. Bu eýýäm bize tanyş bolan, resul Pawlusyň mesihileri dogry ýola gönükdirmesi: „Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň“ (11‑aýat). Tutuş ýaraglanmak urşujyny duşman okundan goraýar. Eger-de duşman oky urşuja zeper ýetirmeýän bolsa, onda resula bizi Hudaýyň ähli ýaraglary bilen ýaraglanmagy ündemegi nämä gerekdi? Ýok, duşman biziň üstümizden belli bir gözegçiligi edinmäge ukyply. Ýakubyň haty 3:14‑16. Resul şeýle aýdýar; eger biziň içimizde „içigaralyk we igenjeňlik“ bar bolsa, onda biziň akylymyz „dünýä, tebigata, iblise“ degişli akyldarlyk bolýandyr (15‑aýat). Meniň ilkibaşda Mukaddes Ýazga oňat düşünýän bir talybym bardy, emma ol azgyn aýal bilen tanyş bolanyndan soň ynamdan daşlaşdy. Ol ähli beýleki okuwçylara näçe „açyklyk“ bilen ýüzlense-de, hiç kim bilen düşünişip bilmedi. Bu ýerde geň zat ýok, onuň pikir ýöredişi Mariýa Beýker Eddiniň kitabyndaky seljermeleri ýadyňa salýardy. Maňa mälim bolşy ýaly, ol iblis pelsepesi bilen çaknyşykdan soň, oňly özüne gelmändir. Pawlusyň Timoteosa Birinji haty 4:1‑3. Resul Pawlus şeýle ýazýar: «Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner… aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar» (1 Timot. 4:1). Sözümi tassyklamak üçin köp sanly mysallary getirip biljek. Meniň talyplarymyň biri örän golaýda ýaşaýandygyna garamazdan, uniwersitetiň jaýyna tutuş bir sagatda gelip ýetdi. Ol özüne manysyz öwrümleri etmegi ündeýän, haýsydyr bir sesi eşidipdir. Ol Hudaýy diňleýändirin diýip pikir etmek bilen, sesiň aýdanlaryny boýun egijilik 140 Gandaly döwýänçi bilen ýerine ýetiripdir. Ybadathana maslahatynyň agzasy ruhanyny çalyşmak isläpdir, sebäbi oňa „ses“ şeýle etmegi ündäpdir. Millionlarça adamlar öz paýhasy üçin söweşde ýeňilmek bilen akylsyz, tötänleýin hereketleri edýärler. Biz özümizde peýda bolan her bir pikiri Mesihe boýun bolmaklyga sowmalydyrys (2 Kor. 10:5). Öz iş tejribämiň döwründe men ýalanyň atasynyň ýesirliginde bolýan ýüzlerçe adamlar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Şol wagt maňa azdyryjy ruhlary çagyrýanlar, ýalan pygamberler we ýalan mugallymlar tarapyndan aldanan adamlar üçin kitap ýazmak tebigy bolup göründi. Men ol kitaby „Ýagtyda geziň“ diýip atlandyrdym. Biz Mukaddes Ruhuň alyp barmagy we adamyň ähli ýerde duş gelýän, şol alyp baryjylyga ýasamalygyň ara tapawudyny bilmeli. Birinji Korintoslylar 5:1‑13. Bu bölek resul Pawlusyň, öz atasynyň aýaly bilen bikanun gatnaşykda bolan adama degişli görkezmäni özünde jemleýär (1‑aýat). Bu adam şeýtan tarapyndan şeýle bir aldanypdy welin, ol görnüşi ýaly özüni alyp barşy bilen ybadathananyň öňünde öwündi. Pawlus tarapyndan çykarylan höküm gazaplydy: „Ruhum araňyzda bolup, Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz, teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň“. (4, 5‑aýatlar). Pawlus günäni şeýtanyň eline bermek barada höküm çykardy we ol muny günäliniň toba etmegine getirer diýip pikir etdi. Köp adamlar şeýle günäni eden adamyň mesihi bolup galyp biljekdigine ynam etmeýärler. Emma eger Pawlus ony jezalandyran bolsa, diýmek ol onuň bilen ybadathana agzasy hökmünde çemeleşýär, sebäbi ybadathanada jeza diňe mesihilere degişli bolýar. Şeýlelik bilen bu adam mesihidi (iň bolmanda Pawlus ony şeýle hasaplaýardy); emma ol özüni ahlaksyzlyk toruna salmaklyga ýol berdi. Pawlus jezalandyrmagyň günä edene onuň soňuny duýmaklygy, toba etmekligi we şeýtanyň torundan boşamaklygy berjekdigini umyt edipdir. Efeslilere hat 4:26, 27. Bu ýerde Pawlus şeýle ýazýar: „Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň“. Resul bu ýerde, eger biz öz sözümiziň hakykylygyny alada we söýgi bilen berkitmesek, onda biz şeýtana özümize tarap „otly oklaryny“ atmaklyga mümkinçilik berýändigimizi görkezýär. Aladalanmakda we bagyşlamazlykda baş bolýan gahar-gazap şeýtana boýun bolmaklyga barýan göni ýoldur (2 Korintos. 2:10, 11). Gözegçiligi ýitirmek 141 Petrusyň Birinji haty 5:6‑9. Resul Pawlus mesihilere şuny duýdurýar: „… Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir“ (8‑aýat). Bu ýerde „ýuwutjak“ sözi boýun etmek manysyny berýändir. Eger-de mesihiler özlerini iblisiň toruna düşürmeseler, onda resul Petrus bu zatlary duýduryp durmazdy. Mazmunyndan mesihiniň iblis toruna düşmegine nämäniň sebäp bolýandygy barada netije çykarmak bolýar. Ilki bilen ulumsylyk. 6-njy aýatda resul Petrus öz-özüni arşa galdyrmaklygyň soňuny unutmazdan, mesihilere özlerini Rebbe tabşyrmaklaryny ündeýär. Öz gedemligimizi basyp ýatyrmak bilen biz şeýtana garşy durýarys. 7-nji we 8-nji aýatlardan görnüşi ýaly, eger biz özümiziň aladalarymyzy Rebbe tabşyrmagy öwrenmesek, onda biz iblis üçin aňsatja olja öwrülýäris. Resullaryň Işleri 5:1‑11. Bu belki mesihileriň şeýtana boýun bolan ýerleri barada gürrüň berýän Mukaddes Ýazgydaky iň tassyklaýjy ýerleriň biridir. 4-nji babyň soňunda biz täze dörän Iýerusalim ybadathanasynyň agzalarynyň öz hususy emlägini satyp, puluny öz islegleri bilen gullukda ulanmaklyga resullara getirip berendikleri aýdylýar. „Hananýa atly bir adam aýaly Safira bilen bir mülki satyp, onuň bahasyndan bir bölegini özüne aldy we onuň diňe bir bölegini getirip, resullaryň öňünde goýdy. Onuň bu hilesinden aýalynyň-da habary bardy. Petrus oňa şeýle diýdi: «Hananýa, şeýtanyň Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al» diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň? Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň“ (1‑4 aýatlar). Hananýanyň we Safiranyň günäsi, olaryň galan puly özlerinde galdyrmagynda däl-de, olaryň ählisini berendiklerini aýdyp, muny gizlemegindedir. Ýalanyň soňy özüni garaşdyrmady: äre we aýala tarpataýyn ajal geldi (5, 10‑aýatlar). Mesihileriň şeýtana boýun bolmaklygyny inkär edýänleriň käbirleri, Hananýa we Safira mesihi bolan däldirler diýip çak edýärler. Men bu çaklamany ynamly hasaplamaýaryn. Birinjiden, wakalaryň bary ybadathanada bolup geçdi, bu bolsa Hananýanyň we Safiranyň oňa degişli bolandygyny aňladýar. Ikinjiden, 5-nji babyň 11-nji aýadynda şeýle aýdylýar: „Bütin ýygnak we bulary eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy“. Eger Hudaý ybadathana degişli bolmadyk adamlary ýazgarýan bolsa, onda imanly adamlara gorkmak nämä gerek? Olar 142 Gandaly döwýänçi Hudaýyň mesihi bolup ýalan hereket eden adamlary ýazgarandygy sebäpli gorkdular. Üçünjiden, jezanyň gazaply bolmagy Hudaý üçin hakykatyň nähili möhüm bolandygyny görkezýär. Mesihi däller hemişe ýalan sözleýärler, düzgün bolşy ýaly, Hananýanyňky we Safiranyňky ýaly çalt jeza sezewar bolmaýarlar. Men Hudaýyň entek irki ybadathana döwründe biziň esasy duşmanymyzyň kommunizm, neşekeşlik ýada okkultizm däldigini subut etdi diýip pikir edýärin. Biziň esasy duşmanymyz – şeýtanyň aldawy. Hananýanyň günäsi onuň şeýtana öz ýüreginde Mukaddes Ruhy aldamaklyk pikirini ornaşdyrmaga ýol berendigindedir. Hananýa şeýtan gözegçiligine düşdi. Grekçe tekstde „goýmak“ sözi däl-de „doldurmak“ (pleroo) sözi dur. Efesliler 5:18-de bolşy ýaly berilýär. „Ruhdan doly boluň“. Mesihi şeýlelik bilen, ruhdan hem, şeýtanyň ýalanyndan hem dolup biler. Eger-de siz özüňizi şeýtana haýsydyr bir soragda aldatsaňyz, onda siz onuň üçin oňaýly maýyl bolmaklyga öwrülersiňiz. Hananýany we Safirany gazaply jezalandyrmak bilen Hudaý indiki söweşiň esasy ugruny görkezdi. Haçanda şeýtana bilniksizden ybadathana, öýe ýa-da adamyň kalbyna aralaşmak başartsa, – onda ol olara täsirini ýetirip bilmezmi? Mesihiniň jogapkärçiligi Tutuş wakadaky jogapkärçiligiň baryny Hananýa bilen Safiranyň üstüne ýüklemezlik üçin bir zady aýdyp geçmeli, olar özleriniň ölümine sebäp bolan ýalanyň azat ýaranlary boldular. Petrus är-aýaldan: „Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň?… Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synamak üçin dilleşdiňiz?“ (Resul Iş. 5:4‑9). Hawa, şeýtan olaryň ýüregini ýalan bilen doldurdy we olaryň üstünden gözegçilige eýe boldy, emma ol muňa Hananýa we Safira belli bir derejede ýol bereni üçin etdi. Haçanda adamlar maňa: „Şeýtan meni şeýle etmeklige mejbur etdi“ diýseler, men halamaýaryn. Ýok, ol sizi mejbur etmedi, siziň özüňiz ol günäni etdiňiz. Siz onuň yzyna eýerdiňiz we ol siziň beren mümkinçiligiňizden peýdalandy. Siziň Mesihde doly derejeli, ýeňişli durmuşda ýaşamagyňyz üçin ähli mümkinçilikler bar we eger siziň durmuşyňyz başgaça bolsa, onda oňa siziň özüňiz günäkär. Eger siz höwese, töhmete we ýalana garşy durmasaňyz, iblis hökman siziň durmuşyňyzda aralaşar. Hiç hereket etmän dursaňyz, onda ol siziň Gözegçiligi ýitirmek 143 üstüňizden gözegçilige eýe bolar. Siz halas bolmakdan mahrum bolmasaňyz hem, her günki ýeňişden mahrum bolarsyňyz. Köp mesihiler köp zatlarda özlerine erk edip bilmeýärler, dörän ýagdaýdan çykalga gözlemän, gaýtam özlerini ýigrenmek bilen bolýarlar. Özlerini gaýratyň ýoklugy üçin jezalamak bilen olar iblise garşy durup, onuň öz üstünden täsirini aýryp zyňmaklyga çalyşmaýarlar. Ondan dynyp bilmeýän islendik erbet endigiňiz we oňatlygy berjaý etmek üçin güýjüňiziň ýoklugy deň derejede siziň iblis torunda bolmaklygyňyzyň alamaty bolup biler. Garşy durmaklygyň ýoklugy öz üstüňden gözegçiligi ýitirmeklige getirýär 5-nji bölümde biz mesihileriň şeýtan güýçleriniň çozuşlaryndan goran magyň meselelerine seredip geçdik. Bu goragyň netijeliligi özüňizi alyp barşyňyza bagly. Siz iblise garşy çykmagy islemeli – şonda Hudaýyň goragy güýje girer. Rimlilere Hatda şeýle ýazylan: „… Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň“ (13:14). Eger-de biz Pawlusyň aýdanlary bilen bolman, günä etsek, nämeler bolup geçýär? Iblisiň bizi öz erkine bagly etmejekdigine kepilimiz barmy? Ýok, sebäbi Hudayň goragy diňe düşünjeli hereket etmegiň şertlerinde güýje girýär. D-r Anger şeýle ýazýar: „Eger Hudaýyň Ruhy mesihde günä zerarly gamgyn edilmedik bolsa (Efes. 4:30) we boýun egmezlik zerarly söndürilmedik (1 Selanikl. 5:19) bolsa, onda Ol iblis ruhundan ynamly goragy özünde jemleýär. Emma kim şeýtanyň, öz uzak günäleri we açyk boýun bolmazlygy bilen Mukaddes Ruhuň göwnüne degen adamda ornaşyp bilmez diýip aýgytly aýdyp biler?“.2 Resul Ýakup bize şeýle öwredýär: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Eger biz oňa garşy durmasak näme? Ol bizden gaçarmy? Ýok. Hudaý bizi şeýtanyň islendik ýörişinden gorar, emma munuň üçin öz erkiňize gaýrat edip, arwaha garşy durmaklyga gatnaşmagyňyz gerek. Efeslilere Hatda Pawlus (6:10‑17) mesihileri „Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly“ (6:11) Hudaýyň ýaraglary bilen doly ýaraglanmagy ynandyrýar. Eger biz uruş meýdanyna öz ýaraglarymyzyň bir bölegi bilen çyksak näme bolar? Biz ýaralanarysmy? Elbetde, öz goragsyz ýerlerimizde ýaralanarys. D-r Anger sözüni şeýle dowam edýär: 144 Gandaly döwýänçi Eger-de mesihi öz ähli ýaragyny ulanmasa, onda iblis öz garşydaşynyň galasynyň açyk derwezesinden girmäge haýalýagallyk edermikä? Gutulgysyz girmeklik mesihiniň arwaha gul bolmaklygynyň sebäbi bolýar. „Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular“ (2 Tim. 2:26). Duşmanyň ýeňlen mesihilere ýaragyň aýratyn görnüşlerini gadagan etmegi, edil adamzat taryhyndaky uruşlarda bolşy ýaly höküm etmeklige başlaýar. Netijede mesihiniň garşylyk görkezmegi çym-pytrak bolýar, ol boýun egmeklige mejbur bolýar.3 Biz Ýakubyň Hatyndan duşmançylygyň we gapma-garşylygyň çeşmesiniň „agzalaryňyzda uruşýan höweslerden“ gelip çykýandygyna göz ýetirýäris (4:1). Pawlus öz Rimlilere Hatynda mesihilere şeýle ündeýär: „… Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin“ (6:12). Dünýä, ten we arwah hemişe bizde bar bolan Ruhuň durmuşy bilen söweş edýärler. Eger biz olara garşy gitmesek nämeler bolup geçer? Biz özümize garşy çykýan „höwesleri“ ýeňip bilerismi? Ýok, eger biz iblise garşy çykmakdaky borçlarymyzy äsgermesek, onda olar bizi özüne bakna eder. Her bir mesihiniň borjy hakykata ynanmakdan, ýalkanyşly durmuşy alyp barmakdan we Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanmakdan jemlenýär. Men siz üçin jogapkär bolup biljek däl, siz hem meniň üçin şeýle bolup bilmersiňiz. Men size dogalar bilen kömek edip bilerin. Emma siz Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanmasaňyz söweşde ýaralanmajakdygyňyza kepil nirede? Men näçe islesemde siz üçin özüňiziň etmelileriňizi edip bilmerin. Belki, siz şu wagt resul Pawlus bilen gaýtalamaga taýynsyňyz: „Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin“ (Rim. 7:15). Siz, belki, höwes, töhmet we aldaw üçin ýeňil nyşanadygyňyza düşünýänsiňiz. Size gözegçilik etmek ýeňil. Siz iblise ýeterlik derejede garşy durmaýarsyňyz. Şu ýerden hem düşünişmezlik gelip çykýar: „Eýsem bu hemişelikmi? Meniň ruhy işjeňsizligimden peýdalanyp, iblis meniň öýüme girdi. Men, indi ony kowup bilerinmi?“ Bilersiňiz! Gandaly Döwýänçi – Isa Mesihiň kömegi bilen. Emma Onda azatlygy edinmek üçin, şeýtanyň haýsy deşiklerden bize aralaşanyny bilmek gerek. Mesihe ýürekden dogalar bilen ýüzlenmek bolar: „Reb, bu dörän ýagdaýa men jogapkär. Iblisiň işlerine gatyşmagym meni ruhy ýesirlige getirdi. Men ýürekden we dolulygyma ol işlerden el çekýärin“. Kitabyň indiki bölüminde suratlandyrylýan azat bolmak prosessi, dolulygyna Injile esaslanan. Onuň kömegi bilen siz köp garaşylan azatlygy edinersiňiz. 3 GANDALY DÖW ÝÄNÇI Erkin boluň! 12 Mesihde erkinlige tarap ýol Ýalançylykdan we şeýtanyň ýörişinden azat bolmak – ine, her bir mesihiniň Mesihdäki mirasy. Ybadathana atalary, ruhy dünýäniň hakykylygyny tassyklamak bilen, iblisden üstün çykmaklygy Isa Mesihden mesihä sowgat hasapladylar. Tertullian şeýle ýazýar: „Gülesiňiz gelse, gülüberiň, emma şonuň bilen şeýtanlary hem güldürmäge çalşyň; olaryň Mesihiň her bir ruhy seljermek üçin geljekdigini inkär etmäge bogunlary ysarmyka… Olar özleriniň döredýän erbetlikleri, üçin ahyrýet gününde özlerine baş egýänler bilen bilelikde ýazgaryljakdygyny inkär etmeklige aýgyt edip bilerlermi? Biziň olaryň üstünden ygtyýarlygymyz Mesihiň adyny aýtmakda we olar üçin Hudaýyň jezalaryny ýatlatmakdadyr… Olar Hudaýda Mesihden, Mesihde Hudaýdan gorkmak bilen, Mesihdäki Hudaýyň hyzmatkärlerine garaşly bolup galýarlar. Şonuň üçin biziň galtaşmagymyzda ýa-da üflemegimizde olary geljekki oduň gorkusy gurşap alýar we olar öz erkleriniň garşysyna gidip, eýelän tenlerinden çykyp gidýärler“.1 Origen şeýle ýazdy: „Ýeke-täk Hudaýa we Onuň Sözüne boýun egýän dogruçyl mesihi iblislerden hiç hili ejir çekmeýär, çünki Hudaý iblislerden güýçlüdir… Çünki biz iblisleri ýigrenýäris we olar ýigrenilip, Onuň kömegine mynasyplara kömek edip biljek ýeke-täk Biriniň goragy astynda bolanlara hiç hili erbetlik edip bilmeýärler“.2 Mesihde erkinlige tarap ýol 147 Mesih haçda günäni ýeňip, bize azatlygy berdi. Emma siz ynamda durman ýa-da boýun bolmazlygy ýüze çykaryp, haýsydyr bir derejede azatlykdan mahrum bolsaňyz, onda Hudaý bilen aradaky bozulan gatnaşyklary ýola goýmagyň jogapkärçilikleri siziň üstüňizdedir. Siziň müdimilik azat bolmaklygyňyz howp astynda däl – Mesihde siz eýýäm baky durmuşa eýe, emma siz doly azatlyga ýetmek üçin özüňize bagly bolan zatlary edip bilmeseňiz, onda siz gündelik durmuşda ýeňişden mahrum bolarsyňyz. Ýatda saklaň: siz iş ýüzünde deň durýan garşydaşlaryň, Hudaýyň we iblisiň garşy durmaklarynyň pidasy däl. Hudaý iblisden çäksiz üstün gelýär: Ol ähli zady başarýan, bilýän we ýetişýän. Siz hem Onuň tarapynda. Elbetde, erbetligiň we günäniň köp bolmagy kä halatda Hudaýyň barlygyndan üstün gelýän ýaly, emma bu ýalan täsir. Bu arwahyň nobatdaky ýalany. Iblis Mesih tarapyndan ömürlik ýeňlen. Edil şonuň üçin hem biz Hudaýa baş egýäris; iblisiň ýalanyna garşy durmak üçin biz öz öňümizde Onuň Hudaýlyk şahsyny görmek isleýäris. Hudaý barada hakykaty we biziň Mesihdäki mirasymyzy bilmek – psihiki saglygyň girewidir. Tersine, Hudaýa ters düşünmeklik we iblisiň güýjünden gorky – psihiki gaýralaşmagynyň sebäpleriniň esasydyr. Bu bölümde men özümiz üçin Mesihiň haçda gazanan azatlygyny almak üçin geçmeli boljak ýedi basgançagy sanap geçmekçi. Bu basgançaklary siziň özüňiz geçmeli – muny size derek kimdir biri ýerine ýetirer diýip, siz pikir etmäň. Siz nädogry pikir we hereket edendigiňiz sebäpli azatlygyňyzy ýitirdiňiz. Görşüňiz ýaly diňe ýalňyşlary düzetmek arkaly ýitirilenleri gaýtaryp getirmek bolar; ynanmak, toba etmek, bagyşlamak, günäden el çekmek we Hudaýa bil baglamak gerek. Paýhas ugrundaky söweşde ýalandan çyny, ynamsyzlykdan ynamy saýlap alan wagtyňyzda, ýeňip bilersiňiz. Azat bolmagyň basgançaklaryny geçmek bilen, ýatda saklaň, iblis siziň pikirleriňize boýun bolmaklyga borçly däldir. Şonuň üçin hem oňa garşy durup, azat bolmak prosessinde dogany sesli okaň. (Ýak. 4:7). Azat bolmak prosedurasy mesihi ynam taglymatynyň we ahlagynyň we ahlagyň ýörelgesini özleşdirmekden hem gaýtalamakdan durýar. Hatda siziň meseleleriňiz haýsydyr bir başga sebäp boýunça ýüze çykanynda hem siz hiç zat ýitirmeýärsiňiz. Şeýle hem bu proseduradan bütin dünýädäki mesihi gullugynda üstünlikli peýdalanylýar. Bu basgan çaklarda sizden talap ediljek iň bärki zat, mesihilik hakykatyny ýönekeý gaýtalamak. 148 Gandaly döwýänçi Azat bolmaklyga girişmezden öň (has dogrusy, başlamazdan öň) aşakdaky berilýän dogany we deklarasiýany sesli okaň. Doga Gadyrly Gökdäki Atam! Men Seniň bütin ömrümdäki ýaly bu ýerde we häzir barlygyňa ynanýaryn. Sen Ýeke-täk ähli zady bilýäň, ähli zada hökmürowan we ähli ýere ýetişýän Hudaý. Men özümiň Senden garaşlydygymy boýun alýaryn, sebäbi men Mesihsiz hiç zat edip bilmerin. Men ähli ýerdäki we Gökdäki ygtyýarlygyň ölümden direlen Mesihe berlendigine ynanýaryn. Men Mesihdedigim sebäpli, okuwçylary terbiýe lemek we ýesirleri azat etmek üçin şol ygtyýarlyga eýe bolýaryn. Saňa ýalbarýaryn, meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen doldur we muny her bir hakykata ugrukdyr. Meni gora we dogry ýola sal. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn Deklarasiýa Hudaýyň perzendi bolmak we Mesih bilen Gökde ýerleşmek bilen Isa Mesihiň hökümi hem ady bilen men iblise we onuň erbet ruhlaryna meni boşatmagyny buýurýaryn, sebäbi men Hudaýyň erkini bilmek we döretmek isleýärin. Men bedenimi diriligine Hudaýa ýalkanyş işleri üçin gurban berýärin. Özümiň iblis ýalanyndan we fiziki gorkuz malardan gorkmaýandygymy mälim edýärin. Men – Hudaýyň perzendi we adamzat urugynyň duşmany maňa galtaşyp bilmez. 1-nji basgançak. Hakyky we ýasama Mesihde azat bolmaklyga ilkinji ädim bu öňden gelýän, bar bolan iblisiň ruhy taktikasyndan, okkultizmden ýa-da ýalan dinden ýüz öwürmekdir. Isa Mesihiň ynamyna esaslanmadyk Hudaýyň Sözüniň aňrybaş abraýy bilen berkidilmedik islendik hereketde işjeň çykyş etmekden ýüz öwürmelidir. Mesihiler öz hereketini açyk görnüşde alyp barmakdan ýüz öwren toparlarda ýa-da birleşmede durmaly däldirler. „Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur. Biz Onuň bilen Mesihde erkinlige tarap ýol 149 şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir“ (1 Ýahýa 1:5‑7). Eger-de şol guramalaryň ýolbaşçylary agzalaryň geregine kömek etmegiň deregine olaryň bütinleý boýun bolmagyny sorasa, onda olardan ýüz öwrüň. Irki ybadathanalarda ynamyň nyşany hökmünde şu aşakdaky sözleri girizmeklik kabul edildi: „Iblis, men seniň özüňden we işleriňden el çekýärin“. Katolik, prawoslaw we beýleki liturgiki ybadathanalar şu günki günlerde hem konfirmasiýada we çokundyrmakda şol sözleri ulanýarlar. Geň ýagdaý bolup, ol sözler Hoş Habar ybadathanalarynda ulanyşdan galdy. Siz diňe bir hakykaty saýlaman, eýsem iblisden we onuň ýalanyndan ýüz öwürmeli. Hakykat bilen ýalanyň arasynda hiç hili barlyşyk bolup bilmez. Isa aýtdy: „Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar“ (Luka 11:23); „Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez“ (Ýahýa 14:6). Bu ýeke-täk ynamly ýolda pikirlenmegiň darlygy ýok-da, ynamyň berkliginiň bardygyna düşünmek gerek. Mesihiligiň ýerini tutmaga çalyşýan medeniýete we dinlere baha bermekde, ilki bilen olaryň Isa Mesihiň şahsyna düşünişlerine üns bermek gerek. Pawlus şeýle ýazýar: „Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn. Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz“ (2 Korintoslylar 11:3, 4). Başga dinler Mesih barada aýdýarlar, emma Ony Hoş Habardaky suratlandyrylyşy ýaly göz öňüne getirmeýärler. Olaryň bary Ony Messia, Alfa ýa-da Omega, beýik Men Biribar däl-de, taryhy şahs hökmünde atlandyrýarlar. Emma Isa bize şeýle duýdurýar: „Munuň üçin Men size «günäli ölersiňiz» diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz“ (Ýahýa 8:24). Siz Hudaýyň Sözünde suratlandyrylana däl-de, başga Isa ynansaňyz, onda siz Mukaddesi däl-de, başga ruhy edinersiňiz. Şeýle hem size öwredilen Hoş Habar ýalkanyşly Hoş Habar bolmaz. Öz geçen tejribäňize baha bermeklik size ýeňil düşer ýaly, „Goşmaça kömek“ bölüminden „Okkult praktikasynyň, sektalaryň we mesihi däl 150 Gandaly döwýänçi dinleriň görnüşleri“ atly anketany dolduryň. Ol ýerde berilýän sanaw gutarnykly däl, emma ol size „mesihi däl ruhy döredijilik“ barada doly düşünje berer. Bu basgançagy geçeniňizde şu dogany okaň: Mähriban Gökdäki Atam! Saňa ýalbarýaryn, meniň ýüregimi we aňymy gora. Maňa öz erkime ýa-da bilmezden okkultizm bilen, ýalan din ýa-da ýalan mukaddeslik bilen bagly bolan ýerimi görkez. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Rebbiň siziň ýadyňyza salanlaryny ýazyp alyň. Sanawyň doludygyna göz ýetirip, her ýagdaý üçin aýratyn doga okaň. Reb, men bilýärin, men goşuldym. Meni bagyşla, sebäbi men bilýärin, hakyky mesihilige hiç hili dahyly ýok. Eger siz köp sanly Mesihe garşy guramalarda bolanyňyzy boýnuňyza almaly bolsaňyz, utanmaň. Bu ýerde geň zat ýok, sebäbi häzirki wagtda ýer ýüzi okkultizmden, ýalan dinlerden we ýalan dindarlardan püre-pür boldy. Maňa sanawda görkezilen guramalaryň deň ýaryna gatnaşan adamlar bilen duşuşmak miýesser boldy. Köp sanly adamlarda şol guramalarda bolandygyna ýa-da bolman dygyna şübhe döreýär. Men şol guramalarda haýsydyr bir ýakyn adamyň bolandygyny hem boýnuňa almak gerek diýip hasap edýärin. Siz özüňiz bilmezden şeýle adamyň täsiri bilen şeýtanyň alnyna giden bolmagyňyz mümkin. Bir ýaş aýal maşgala maňa „ýöne ýoldaş bolmakdan“ ejesi bilen ekstrasense barandygyny we halypa — ruhy edinendigini habar berdi. Öň Hytaýda Hoş Habarçy bolan adam özüniň bu ýerde adam jaýlamak dessuryna gatnaşyp, aýakgabyny çykarandygy barada aýdyp berdi. Bu köp sanly gündogar dinlerinde baş egmekligi aňladýar. Edil şol gije iblisler oňa doga okamakda päsgel berdiler. Meniň çykyşlarymyň ýazgysyny diňläp, başga dini dessura gatnaşanyna ökündi we şeýtanlara özüni ýeke galdyrmaklaryny buýurdy. Olar muňa boýun bolmaly boldular. Bu basgançagy geçmekde aýgytly iblis garşylyklary, goý, sizi geň galdyrmasyn. Meniň leksiýalarymyň birine gelen mormon aýal içki sesiniň bu ýygnakdan gitmegini dyngysyz talap edýändigini aýtdy. „Bu edil şol meniň diýýän adamym“ – diýip, içki ses tutanýerli gaýtalaýardy. Mesihde erkinlige tarap ýol 151 Ol ony diňlemedi we galdy. Mesihde halas bolup, ol bütin maşgalasyny meniň ýanyma getirdi. Iblis sizi goýbermek islemeýär we ol siziň halas bolmagyňyza päsgel berer. 2 -nji basgançak. Ýalan we çyn Hakykata ilki bilen açyklykdan, has dogrusy Hudaýyň Sözünde göz ýetirilýär, emma ol adamyň wyždanynda-da bolýar. „Ine, Sen ýürekde hakykat isleýärsiň we içimde maňa akyldarlyk öwredýärsiň“ (Zebur 51:6). Günäde ýaşamak bilen Dawut güýçli ejir çekdi. Ol haçanda özünde hakykata göz ýetirmäge güýç toplanynda halas boldy we şeýle sözleri ýazdy: „Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam we ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!“ (Zebur 32:2); Biz özümizden ýalany aýryp, söýgüde hakykaty sözlemelidiris (Efesl. 4:15, 25). Dünýä hakykat gözi bilen seredýän we öz arkaýynlygyny saklap bilýän adam psihiki sag adamdyr. Ýalandan ýüz öwüren we özüne hakykaty açan mesihiler üçin bu iki häsiýet hemişe ýoldaş bolmalydyr. Bu basgançagy geçmekligi şeýle dogany sesli okamak bilen başlalyň: Gadyrly Gökdäki Atam! Men özümiň hakykata göz ýetirmegimiň Seniň üçin oňatdygyny bilýärin. Hakykata göz ýetirmek, bu azatlyga barýan ýoldur (Ýahýa 8:32). Men özümiň ýalanyň atasy tarapyndan aldanandygymy (Ýahýa 8:44) we azaşandygymy boýun alýaryn. Men Reb Isa Mesihiň ady bilen Saňa sygynýaryn we Seniň Isa Mesihiň gany we Direlmegi bilen menden ýoldan sowýan azdyryjy ruhlary kowmagyňy soraýaryn. Men iman bilen Seni kabul edenim üçin (Efesliler 2:6) we indi Mesih bilen bile Gökde mekan tutanym üçin, men ähli azdyryjy ruhlaryň menden gitmegini talap edýärin. Men Mukaddes Ruhuň meni her bir hakykata gönükdirmegini dileýärin (Ýahýa 6:13). Saňa ýalbarýan, „Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal“ (Zebur 139:23, 24). Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Eger siz köp ýyllap ýalançylykda ýaşan bolsaňyz, hakykatyň hatyrasyna saýlaw etmek ýönekeý zat däl. Şol döwürde özüňizde peýda bolan psihologiki 152 Gandaly döwýänçi goraýjy mehanizmlerden dynmak üçin size mümkin, professional maslahat gerek bolar. Mesihilere ýeke-täk „goraýjy mehanizm“ – Isa Mesih gerek. Özüňiziň bagyşlanandygyňyza we Hudaýyň perzendidigiňize ynam size durmuşyň ýüzüne göni garamaga güýç berýär. Ýalan – iblisiň iň ýaýran we howply ýaragydyr. Haýsydyr bir zada agyryly endikden ejir çekýän adamyň özüne we başgalara hemişe ýalan sözleýändigini siz görüpmidiňiz? Arakhorlar içgä degişlilikde, neşekeşler neşä, zyna azgynlary özüniň garşydaş jynsdan bolanlara gatnaşykda ýalan sözleýärler. Ýalan – bu awtory ýalanyň atasy bolup durýanyň goraýjy mehanizmidir (Ýahýa 8:44). Bir ruhany maňa özüniň ybadathanadaky öňki serhoşlar toparynyň özleri üçin şeýle şygary saýlap alandyklaryny aýtdy: „Sizi bu sesleri eşitmeklik bizar etmedimi?“ (Iblis sesleri göz öňünde tutulýar). Serhoşlaryň anonim ýygnagyna gatnaşsaňyz, öz aňyňyzda „sesleriň sazlaşygyna“ diň salmagyň näçe howpludygyna göz ýetirersiňiz. Iblisiň ýalany islendik erbet endigiň esasyny düzýär. Gynansakda, şeýle imrinmegiň ruhy tarapyny köplenç bahalandyrmaýarlar. Ynam – hakykata bolan Injil jogabydyr. Hakykata ynanmak üçin aňly-düşünjeli çykalga tapmaly. Haçanda kimdir biri „Meniň ynanasym gelýär, ýöne başarmaýaryn“ diýse, ol aldanýar. Hudaýa islendik adam ynanyp biler. Ynam üçin erkiň gaýraty gerek. Hakykat biziň oňa ynanýandygymyz üçin hakykat bolmaýar, biz oňa ol hakykat bolany üçin ynanýarys. „Täze Asyr“ hereketiniň tarapdarlary we material ýalkanyşy almagy maksat edinen mesihiler ynam hakykaty döredýär diýip hasap edýärler. „Özüňe näme gerekdigini karar et we şony hem ynam bilen talap et“ diýip, olar aýdýarlar. Emma ynam hakykaty döretmeýär; ol eýýäm bar bolan hakykata jogapdyr. Kimdir birine ýa-da nämedir bir zada ynanmak ýönekeý zat däl. Siziň ynanan zadyňyzyň hakyky bolmagy möhümdir. Bolmasa siziň ynamyňyz ýalan bolar we hökman siziň durmuşyňyzda öz ornuny tapar. Siziň ynamyňyz öz ynanýan zadyňyzy näçeräk bilýän bolsaňyz, şonçarak berkdir. Eger siz Hudaý we Onuň Sözi barada näçe az bilýän bolsaňyz, şonça-da ynamyňyz azdyr. Öz bilmeýän zadyňa ynanmaga çalyşmaklyk – bu öz çaklamalaryňa ynanmakdyr. Eger diňe öz duýýan zatlaryňa ynansaň, onda seniň durmuşyňy duýgularyň alyp gider. Emma hakykatyň ýoluna syýahat Hudaýyň Sözüniň hakykatyndan başlanýar. Hakykata ynanyň we oňa ynamda ýaşaň – şonda siziň duýgularyňyz we pikirleriňiz deň geler. Mesihde erkinlige tarap ýol 153 Taryhy tarapdan ybadathanalara öz ynamlaryny, ynamyny ile ýaýmaklyk örän gerek bolupdyr. Resullyk we Nikeý nyşanlary ybadathana tarapyndan asyrlar boýy jar edilip gelnipdir. Aşakda şu kitapdaky taglymata degişlilikde, ynamyň häzirki zaman nyşany berilýär. Ony sesli okaň. Ony her gezek hakyky ynam taglymatynyň esasy düzgünlerini ýadyňyzda täzeden gaýtalamaly bolanyňyzda şeýle ediň. Men ony her gün aýratyn hem şahsy ruhy gapma-garşylyklary çözmeli wagtyňyz okamagy maslahat berýärin. Ynamyň nyşany Men diňe ýeke-täk hakyky we janly Hudaýyň barlygyny boýun alýaryn (Çykyş 20:2, 3), üç Şahsyýetde hereket edýär: Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Ol her bir hormata, şöhrata we sežde etmeklige mynasyp, sebäbi Onuň üsti bilen ähli zat ýaradylan we Ol arkaly biz ýaşaýarys (Ylham 4:11; 5:9, 10; Çykyş 43:1, 7, 21). Ol ähli bar zadyň başlangyjy we soňy. Men Isanyň Mesihdigine Messiýadygyna ynanýaryn. Ol – Söz, biziň aramyzda ten bolup ýaşady (Ýahýa 1:1, 14). Men Onuň iblisiň işlerini dargatmak üçin gelendigine ynanýaryn (1 Ýahýa 3:8). Ol ýolbaşçylaryň we häkimleriň elinden güýçlerini alyp, olaryň üstünden höküm sürdi we olary masgaralady (Kolos. 2:15). Men Mesihiň günäli wagtymda meniň günälerim üçin gurban bolup, maňa Hudaýyň söýgüsini subut edendigine ynanýaryn (Riml. 5:8). Men Onuň özümi garaňkylykdan çykaryp, Özüniň patyşalygyna getirendigine ynanýaryn (Kolos 1:13, 14). Men özümiň indi Hudaýyň perzendidigime (1 Ýahýa 3:1‑3) we Mesih bilen bile Gökde mesgen tutandygyma ynanýaryn (Efesl. 2:6). Men ynam boýunça Hudaýyň merhemeti bilen halas boldum. Bu meniň hyzmatlarymyň netijesi däl-de, sowgat (Efesl. 2:8). Men Rebde Onuň güýjüniň kuwwatynda güýçli bolmagy karar edýärin (Efesl. 6:10). Men tene bil baglamaýaryn (Filip. 3:3), 154 Gandaly döwýänçi sebäbi meniň ýaragym ten ýaragy däl (2 Korintos. 10:4). Men Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanýaryn (Efesl. 6:10‑17), ynamda berk durmak islegi bar we iblisiň çozuşyna garşylyk görkezmekçi. Men Isanyň ýerde we gökde ähli ygtyýarlyklarynyň bardygyna (Matta 28:18) we Onuň ähli häkimiýetleriň we hökümdarlygyň Başydygyna ynanýaryn (Kolos. 2:10). Men şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň maňa boýun bolýandyklaryna ynanýaryn, sebäbi men Mesihiň Bedeninde ýaşaýaryn (Efesl. 1:19‑23). Şonuň üçin hem iblise garşy durmak wesýetini berjaý edýärin (Ýakup 4:7) we Mesihiň ady bilen onuň menden çekilmegini buýurýaryn. Men Mesihsiz hiç zat edip bilmejekdigime ynanýaryn (Ýahýa 15:5). Men ruhuň miweleri bilen dolmak we Rebbi şöhratlandyrmak üçin Mesihde bolmakçy (Ýahýa 15:8). Men iblise öz Rebbimiň – Isa Mesihdigini aýdýaryn (1 Korintos. 12:3), şonuň üçin hem men çeşmesi iblis bolan islendik sowgatlardan we işlerden ýüz öwürýärin. Men özümi hakykatyň halas etjekdigine ynanýaryn (Ýahýa 8:32). Aragatnaşygyň ýeke-täk ýoly ýagtylykda gezmekdigine göz ýetirdim (1 Ýahýa 1:7); men her bir pikiri Mesihe gönükdirmegi maksat edinýärin (2 Korintos. 10:5) we şonuň bilen hem iblisiň ýalanyna garşy durmakçy. Men Mukaddes Kitabyň durmuşda salgylanmak üçin ýeke-täk abraýly ýol görkezijidigine ynanýaryn (2 Timoteos 3:15‑17). Söýgüde hakykaty sözlemegi ýüregime düwýärin (Efesl. 4:15). Men öz tenimi dogrulyk guraly edip, diri we mukaddes gurbany hökmünde Hudaýa hödürlemekçi, şeýle hem Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, öz pikirimi diri Hudaýyň Sözi bilen täzelemekçi (Riml. 6:13; 12:1, 2). Men Gökdäki Atadan özümi Mukaddes Ruhdan doldurmagyny haýyş edýärin (Efesl. 5:18), meni hakykata gönükdirmegini Mesihde erkinlige tarap ýol 155 (Ýahýa 16:13) we maňa ten höwesiniň ugruna gitmän, günäsiz ýaşamaga güýç bermegini dileýärin (Galat. 5:16). Men Mukaddes Ruha görä ýaşamak üçin (Galat. 5:24) ten höwesini depýärin. Men esasy maksat hökmünde söýgi bildirmegi saýlap, ähli ulumsy maksatlardan ýüz öwürýärin (1 Timot. 1:5). Men iň esasy wesýete – bütin ýüregim we aňym bilen Reb Hudaýy söýmeklige we ikinji wesýet bolan ýakynyňy özüň ýaly söýmeklige boýun bolýaryn (Matta 22:37‑39). 3-nji basgançak. Gazaplanmak ýa-da bagyşlamak Mesihiler tarapdan iblise iň köp ýol bermeklik gazaplanmak (bagyşlamak islemezlik) sebäpli bolup geçýär. Hudaýyň Sözi biziň iblisden köp zyýan çekmezligimiz üçin biri-birimizi bagyşlamaklygy duýdurýar (2 Korintos. 2:10). Hudaý bize biri-birimizi ýürekden bagyşlamaklygymyzy talap edýär, ýogsam Ol bizi gynaýanlaryň eline berer (Matta 18:34, 35). Näme üçin bagyşlamaklyk Hudaý üçin şeýle wajyp? Sebäbi Ol haçda bize mynasyp bolmadyk zadymyzy berdi, Ol biziň mätäç, emma özümiziň gazanmadyk zadymyzy berdi. Şonuň üçin hem biz Gökdäki Ata meňzeşlikde rehimdarlyk etmeli (Ýahýa 6:36). Biz edil Mesihde bagyşlanyşymyz ýaly bagyşlamaly (Efesl. 4:31, 32). Bagyşlamak – bu unutmaklyk däl. Haýsydyr bir zady unutmak isleýän adamlar unudyp bilmejekdiklerine göz ýetirýärler. Hudaý bize „günäleriňizi ýada salmaryn“ diýýär (Ýewreýl. 10:17), emma Ol ähli zady bilýändigi üçin olary unudyp bilmez. „Ýada salmaryn“ diýmeklik geljekde geçmişdäki günäleri „ýatlamaryn“ diýmekdir (Zebur 103:12). Unutmak bagyşlamagyň soňy bolup biler, emma tersine bolup bilmez. Eger biz kimdir birini geçen günälerinde günäkärlesek, onda biz ony bagyşlamadyk. Bagyşlamak bu aňly-başly çykalga, ygtybarly karar. Eger Hudaý bizden bagyşlamagymyzy soraýan bolsa, onda biz şony berjaý etmeli, sebäbi Ol bizden bolmajak zady talap etmeýär. Emma munuň biziň adyllyk baradaky düşünjämize ters gelýändigi sebäpli bagyşlamak kyn. Biz göwnümize deglendigi üçin, şol wagt ar almagy isleýäris. Hudaýyň Sözi bolsa bize ar almagy Hudaýa tabşyrmagy buýurýar (Riml. 12:19). 156 Gandaly döwýänçi „Emma näme üçin kine çekmeli?“ diýip, biz düşünmezlikden soraýarys. Ýok, siziň göwnüňize degen jezasyz galdyrylmaz, emma ony siz däl-de, Hudaý berjaý eder. Eger-de siz göwnüňize degeni bagyşlamasaňyz, onuň ýetiren öýkesini her gezek ynjyly ýatlamaly bolarsyňyz. Emma bagyşlamazlygyň ýapyk töweregini açmak bilen ynjydan dynmak bolar. Siz diňe göwne degen adamyň hatyrasyna bagyşlamaýarsyňyz. Siz muny özüňiz üçin hem edýärsiňiz. Bagyşlamaklygyň zerurlygy siziň bilen göwnüňize degen adamyň gatnaşyklaryndan gelip çykman, eýsem ol siziň Hudaý bilen gatnaşyklaryňyzdan gelip çykýar. Bagyşlamaklyk – başga bir adamyň eden günäsiniň soňundan gelip çykjaga siziň taýýarlygyňyzdyr. Şeýlelik bilen bagyşlamaklyk ýeňil iş däl: biz başganyň eden erbetligi üçin töleýäris. Emma başganyň eden günäleri sebäpli gelip çykan näsazlyklar bilen isleseňiz-islemeseňiz ýaşamaly bolarsyňyz. Size diňe saýlamak galýar: gazapda ýaşamalymy ýa-da bagyşlamak bilen azatlykda. Edil şeýle edip, Isa biziň günälerimizi Öz üstüne alyp, bizi bagyşlady. Islendik hakyky geçirimlilik ejir çekdirýär, sebäbi özgäniň günäsiniň iň bolmanda azajyk bölegini özüňde synap görmezden bagyşlamak bolmaz. Biz näme üçin bagyşlaýarys? Sebäbi Isa bizi bagyşlady. Hudaý Ata „Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi“ (2 Korintos. 5:21). Şeýle bagyşlamaklyk dogrumy? Hawa, ol haç bilen aklanan: „Çünki Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr“ (Riml. 6:10). Tüýs ýürekden bagyşlamak üçin näme etmeli? Ilki bilen özüňize agyryly bolandygyny boýnuňyza almaly. Geçmişde özüňize agyr duýulan zady ýatlamazdan doly bagyşlamaklyk bolup bilmez. Gynansakda, Hoş Habarçy mesihiler özleriniň öýkelerini ýürekleriniň töründe gizlemek bilen Hudaýa olary ýok etmäge ýol bermeýärler. Bagyşlamaklyk açyk bolmaly. Özüňiziň kimleri bagyşlamalydygyňyzy ýatlatmagyny Hudaýdan diläň. Soňra şu dogany sesli okaň: Gadyrly Gökdäki Atam! Seniň ýagşylygyň, kaýyllygyň we uzak çydamlylygyň üsti bilen men günälerimi toba etmäge geldim we munuň üçin Saňa minnetdar (Riml. 2:4). Meniň garşyma günä eden adamlara degişlilikde şeýle etmedigimi boýun alýaryn. Muňa derek men öz ýüregimde gahary Mesihde erkinlige tarap ýol 157 we öýke-kinämi sakladym. Meniň entek bagyşlamadyk adamlarymy bagyşlamagym üçin olary ýadyma salmagyňy dileýärin (Matta 18:35). Şeýle hem maňa özümiň kimleriň öňünde günälidigimi görkez we eden etmişlerimi görkez (Matta 5:23, 24). Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Eger doga okaýan wagtyňyzda bir wagt ýadyňyzdan çykan adamlar ýadyňyza düşse, geň galmaň. Meniň bilen işleşen adamlaryň 95 %-i ene-atasyny ýatlaýar. Günäsi geçilmeklige mätäç ýene bir şahs, bu „men“. Näme üçin? Sebäbi siz öz günäleriňizde Hudaýy günäkärläp bilmejekdigiňize göz ýetireniňizde, siz özüňizi günäkärläp başlaýarsyňyz. Öz göwnüňize degen adamlaryň sanawyny düzüň. Haç barada oýlanyň. Şondan soň islendik bagyşlamak esaslydyr. Sebäbi Hudaý sizi bagyşlady, siz hem bagyşlap bilersiňiz. Öz göwnüňize degenlere olaryň günäsi barada indi hiç wagt ýatlamazlygy özüňize karar ediň, goý, ol siziň haçyňyz bolsun. Bu günä ýol bermegi aňlatmaýar. Günä ýol bermek ýa-da oňa göwnübir seretmek – bagyşlamak baradaky pikiriň üstünden gülmek bolýar. Siz günä garşy durmaklyga çagyryldyňyz. Özüňiziň bagyşlamagy islemegiňize garaşmaň, bu ýagdaýda siz hiç wagt bagyşlamarsyňyz. Bagyşlamak duýgusy siz günä geçmegi we iblisi kowmagy karar edeniňizden soň öz-özünden geler (Efesl. 4:26, 27). Öz sanawyňyzy eliňize alyp, her bir adam barada aýratyn şeýle doga okaň: „Reb, men (ady) (maňa ýetiren günäsi) üçin bagyşlaýaryn“. Siz „Reb, maňa bagyşlamaga kömek et“ diýmäň, sebäbi siz Ondan eýýäm gerek kömegiňizi alýarsyňyz. „Reb men ony we muny bagyşlamakçy“ diýmäň, sebäbi siz anyk karardan sowlup geçýärsiňiz, ol siziň ygtyýaryňyzda durýar. Tä özüňize ýetirilen agyry gidýänçä doga okamagyňyzy dowam ediň. Doga okaýan wagtyňyzda Hudaý sizi bir wagtlar ynjydan we siziň ýadyňyzdan çykyp giden adamlar we ýagdaýlar barada hem ýatlatmagy mümkin. Oňa garşy gitmäň, sebäbi siz diňe agyryny aňmak we duýmak bilen ondan azat bolup bilersiňiz. Maňa örän elhenç günäleri bagyşlan adamlary görmek miýesser etdi we bagyşlamak olara örän kyn düşen hem bolsa, gazanylan azatlyk yzgytsyzlykdan köp esse gowudy. Siziň göwnüňize degen adamyň hereketlerine pikir ýöredip düşünjek hem bolmaň. Bagyşlamak — siziň keseliňiziň dermany, ol başganyň eden hereketiniň seljermesi däl. Şeýle hem şuny ýatda saklaň: oňat duýgular hökman geler; iň esasy zat yza çekýän geçmişden dynmak. 158 Gandaly döwýänçi 4-nji basgançak. Ýanbermezlik we boýun bolmak Biz ýanbermez ulumsy düşünjeli, öz üstünde ygtyýarly adamlary seljermeklige hukuklary bar diýip ynanýan adamlaryň nesline degişli. Mesihiler hem bu kadadan çykmaýarlar. Ybadathana gelýänler özlerini toparlaýyn aýdymçylary we ruhanyny tankyt etmäge doly hakly adam hasap edýärler. Eger bu bolmadyk bolsa, biziň durmuşymyz has oňat bolardy, bize aýdymy seljermek däl-de, oňa baş egmek gerek. Ruhanyny tankyt etmän, özümize üns bermegimiz gerek. Hudaýa boýun bolmazlyk diňe betbagtçylyga getirýär. Reb, biziň Goşun serkerdämiz, buýurýar: „Yzyma düzüliň we ýöräň. Men sizi ten höweslerine alyp gitmerin we hilegärden sowaryn“. Emma biz boýun bolmagy başarmaýarys we hatardan çykýarys. Haçanda iblis bize zyýan ýetireninde, biz Hudaýy goramandygy üçin günäleýäris. Şeýle hem biz ynsan häkimiýetlerine boýun bolmazlyk höweslerini hem başdan geçirýäris. Emma Injil bilen baglylykda biz birinjiden, häkimiýet başyndakylar üçin doga okamaklyga, ikinjiden olara boýun bolmaklyga borçly. Hudaý biziň olara diňe haçanda olar Hudaý tarapyndan berlen düzgünleri bozmagy talap edýän halatynda boýun bolmazlygymyza rugsat berýär. Mukaddes Ýazgydan indiki ýagdaýlara serediň, olar siziň üstüňizden häkimlik edýän adamlaryň öňündäki jogapkärçiliklieriňizi anykladar: raýatlyk häkimiýetleriniň öňündäki (Riml. 13:1‑5; 1 Timot. 2:1‑4; 1 Petrus 2:13‑16); ata-enäniň öňündäki (Efesl. 6:1‑3); äriň öňündäki (1 Petrus 3:1, 2); iş berijileriň öňündäki (1 Petr. 2:18, 21); ybadathana ýolbaşçylarynyň öňündäki (Ýewr. 13:17). Ynsan häkimiýetlerine boýun bolmak ynamyň ýüze çykmagydyr. Hudaý tarapyndan düzgün bolan zatlara boýun bolmak bilen siz Hudaýyň özüňiz baradaky aladalaryna jogap edýärsiňiz. Görnetin boýun bolmadyk halatlaryňyz üçin Hudaýdan geçirim soraň we Onuň düzgünine boýun bolýandygyňyzy jar ediň. Soňra şu dogany okaň: Gadyrly Gökdäki Atam! Sen boýun bolmazlyk, jadygöýlük ýaly, garşy gitmek bolsa bolgusyz zatlara çokunmak bilen deň derejedäki günädigini aýtdyň (1 Şamuwel 15:23). Men öz işim we sözüm bilen günä edendigimi boýun alýaryn. Meniň boýun egmezligimi bagyşla we Mesihiň ganynyň güýji bilen şeýtanyň ruhlaryndan meniň günämiň üsti bilen olaryň Mesihde erkinlige tarap ýol 159 eýe bolan her bir ygtyýarlygyny al. Meniň ähli ýollarymy Öz şöhläň bilen ýagtylt. Men öz boýun bolmazlygymyň möçberine düşüneýin we kaýyl bolan ruhy hem hyzmatkäriň ýüregini edineýin. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. 5 -nji basgançak. Gedemlik we kaýyl bolmak Gedemlik - bu ölüm. Gedem adam şeýle oýlanýar: „Men ähli zady özüm edip bilýärin. Men islendik ýagdaýdan Hudaýyň kömegi bolmasa hem baş alyp çykyp bilýärin“. Bu ýalan. Biz tutuşlygymyza Hudaýa bagly we biri-birimize mätäç. Pawlus şeýle ýazýar: «Çünki çyn sünnetliler, Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam etmeýän bizdiris» (Filip. 3:3). Kaýyl bolmak – ýerlikli ynam. Ýakup 4:6‑10-da we 1 Petrus 5:1‑10-da gedemlik we kaýyl bolmak barada ýazylanlary okaň. Bu böleklerden görnüşi ýaly, ruhy gapma-garşylyk gedemligiň netijesidir. Lýusiferiň gökden gaçmagyna hut gedemlik sebäp boldy. Kaýyl bolup ýaşamaklygy isleýändigiňizi aňladyp, şu dogany okaň: Gadyrly Gökdäki Atam! Sen „Heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir we ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir“ diýdiň (Süleýmanyň pähimleri 16:18). Men özümden ýüz öwürmän digime we öz haçymy her gün göterip, Seniň yzyňa eýer mändigime göz ýetirdim (Matta 16:24). Edil şonuň üçin hem meniň durmuşyma şeýtan aralaşdy. Men Sensiz özümi bagtly hem eşretli durmuşda ýaşap bilerin diýip hasapladym. Men Seniň öňüňde günä etdim, sebäbi öz islegimi Seniňkiden ilerde goýdum we öz islegim boýunça ýaşadym. Men häzir durmuşa bolan gedem gatnaşykdan ýüz öwürýärin we şeýlelik bilen iblise öz bedenime aralaşmagyna ýol bermeýärin. Olar meniň üstümden edýän islendik agalygyndan mahrum bolýarlar. Maňa öz gedemligimde we şöhratparazlygymda hiç zat etmezim ýaly we özgeleri kaýyllyk bilen özümden ýokary tutar ýaly kömek et (Filip. 2:3). Maňa başgalara gulluk etmegim üçin söýgi ber (Riml. 12:10). Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. 160 Gandaly döwýänçi Öz dogalaryňyzda meýilleriňizi aýdyp, Hudaýa gulak asyň. Goý, Ol size durmuşyňyzdaky aýratyn gedemlik eden ýerleriňizi görkezsin. Ine, birnäçe bolup biläýjek meýiller: Hudaýyň islegine garanda, öz islegim boýunça has köp hereket edýärin. Hudaýyň kömegine garanda, öz güýjüme has köp daýanýaryn. Käwagt meniň pikirlerim we hyýallarym öz göwnüme beýlekileriňkiden oňat duýulýar. Özüme gözegçilik etmegime derek, başgalara gözegçilik edýärin. Käwagt özümi başgalardan has wajyp hasaplaýaryn. Özümiň hiç hili talaplarym ýok diýip pikir etmeklige ýykgyn edýärin. Öz ýalňyşyňy boýnuňa almagy kyn görmek. Hudaýa derek adamlara has köp ýaranmak. Öz gazanan baýragyňy almaklyga diýseň uly isleg. Jemgyýetde öz ýagdaýyňa dereje almak islegi. Başgalara garanda öz-özüňe has kaýyl hökmündäki düşünje. Öz-özüňi götergilemegiň başga görnüşleri. Ulumsylygyň her bir görkezilen ýagdaýy üçin aýratyn doga okaň: Reb, men özümiň görkezen gedemligime ökünýä rin. Haýyş edýän, munuň üçin meni bagyşla. Men Seniň öňüňde kaýyl bolup gezmekçi we diňe Saňa bil baglamakçy. Omyn. 6-njy basgançak. Ruhy ýesirlik ýa-da ruhy azatlyk Indiki basgançakda biz endik edilen günälere garşy göreşmekçi. Endik edilen günäleriň topbagyndan çykmaklary zerur bolan adamlara (günä – toba etmek; günä – toba etmek we ş.m) resul Ýakubyň görkezmelerinden peýdalanmak gerek: „Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir“ (Ýakup 5:16). Özüňize doga bilen goldaw berjek ýalkanyş alan adamy tapyň we oňa öz eden günäleriňiziň üstüni açyň. Başgalara belki Ýahýanyň birinji hatyndaky sözleri ýatlamak gerek bolar: „Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar“ (1:9). Günäňiň üstüni açmak bu „bagyşla“ diýmekligi aňlatmaýar, ol öz eden hereketiňi boýnuňa almagy aňladýar. Siziň başga birinden Mesihde erkinlige tarap ýol 161 kömege garaşýandygyňyza ýa-da Hudaýyň öňünde jogapkärçiligiňize garamazdan şeýle dogany okaň: Gadyrly Gökdäki Atam! Sen bize ten höwesiniň yzyna düşmän, Isa Mesihe bil baglamagy tabşyrypdyň (Riml. 13:14). Men öz kalbymyň garşysyna uruş alyp barýan ten höwesine ýol berendigimi bilýärin (1 Petrus 2:11). Men Saňa Isa Mesihde ähli günälerimiň geçilendigi üçin minnetdar, emma meniň agzalarymdaky söweş edýän ten höweslerine maýyl bolup, men Seniň mukaddes kanunyňy bozdum (Riml. 6:12, 13; Ýakup 4:1; 1 Petrus 5:8). Men Seniň huzuryňa özümi tämizlemegiň üçin gelýärin (1 Ýahýa 1:9) we meni günä gulçulygyndan azat etmegiňi isleýärin. Saňa ýalbarýaryn, meniň Mukaddes Ruhy gynandyryp, Seniň garşyňa eden günälerimi görkez. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Ten höwesiniň işleri köp. Galatýalylara ýazylan haty açmagy we olar size degişli bolsa, onda görkezilen aýratyn ten höwesleri barada doga okamaklygy maslahat berýärin (5:19‑21). Siz öz ölümli teniňizde günäniň şalyk sürmegine ýol bermeli dälsiňiz we öz synalaryňyzy ýalkanyşsyz işlere baş goşdurmaly dälsiňiz (Riml. 12:13). Eger siz jynsy häsiýetdäki günälere garşy söweşýän bolsaňyz (zyna suratly şekillere höwes, masturbasiýa, tötänleýin gatnaşyklar we ş.m) ýa-da nikada jyns gatnaşyklarynda kynçylyklar bar bolsa, onda şeýle doga okaň: Reb, haýyş edýän, maňa jyns gatnaşyklarymyň nädogrulyk ýaragyna öwrülen ýerleriniň ählisini görkez. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Rebbiň siziň garşyňyza edilen ýa-da siziň görnetin eden jyns gatnaşyklaryndaky günäleriňizi (zorlamak, gan düşerleriň bilen gatnaşykda bolmak we ş.m) ýatlatmagy boýunça olaryň sanyna görä hersi üçin aýratyn toba ediň: Reb, toba edýärin (jenaýaty we onuň kim bilen bolandygyny atlandyryň) we ony menden azat et. 162 Gandaly döwýänçi Indi öz teniňizi Rebbe bagyşlaň: Reb, men öz tenimiň ýalkanyşsyz işlerde ýarag bolmagyndan ýüz öwürýärin. Meniň boýun bolmazlygym sebäpli we munuň netijesinde iblisiň meniň üstümden edinen ygtyýarlygyny al. Men öz tenimi Saňa diri, mukaddes we müýnsiz gurbanlyk hökmünde berýärin. Men jyns gatnaşyklaryny diňe maşgala çäginde alyp barmagy niýet edinýärin. Iblisiň meniň tenimde hapa we geçmişde eden günälerim sebäpli Seniň işleriňde ýaramsyzdygy baradaky ýalanyny inkär edýärin. Reb, men Seniň özümi doly bagyşlandygyň, tämizländigiň, söýýändigiň we kabul edýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Şonuň üçin hem men özümi bagyşlaýaryn: men Seniň tämizlän tenimi we özümi kabul edýärin. A ýratyn günäler baradaky dogalar Gomoseksuallyk (lesbiýanlary hem goşmak bilen) Reb, men Seniň özümi ýa-da başga birini gomoseksual işler üçin ýaradandygyň baradaky ýalany paş edýärin. Men Seniň Öz Sözüňde adamlaryň arasyndaky gomoseksual gatnaşyklary ýazgarýandygyňy bilýärin. Men Seniň özümi aýal (erkek) edip ýaradandygyňy boýun alýaryn. Meni başga adamlar bilen gatnaşyklarda azdyran iblisden ýüz öwürýärin. Özümiň mundan bu ýana öz garşydaş jynsymdan bolan adamlar bilen Saňa ýarajak gatnaşyk larda boljakdygymy mälim edýärin. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Çaga düşürtmek Reb, men özüme ynanylan durmuş üçin jogapkärçiligi alyp bilmändigimi boýun alýaryn we günämi geçmegiňi soraýaryn. Seniň bagyşlamagyňy kabul edýärin we özümi bagyşlaýaryn. Senden meniň çagamyň bakylykdaky durmuşy barada alada etmegiňi soraýaryn. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Mesihde erkinlige tarap ýol 163 Özüňe kast etmeklige ýykgyn Özüňe kast etmek bilen rahatlygy we azatlygy edinip boljak dygy baradaky ýalany bilýärin. Iblis – bogmak we öldürmek üçin gelýän ogrudyr. Men Mesihdäki özümize artykmaçlygy bilen berlen durmuşy saýlaýaryn. Iýmitlenmekde düzgün bozmalar (horanlyk) we bilkastlaýyn beden agzasyna zeper ýetirmeklik Meniň özümi alyp barşym ýa-da nähilidigim Hudaýyň nazarynda gymmatymy kesgitleýändigini ýalan hasaplaýaryn. Öz bedenime özüm kast etmek bilen (özüňe bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) ýa-da başga usullar bilen erbetliklerden saýlanmaga synanyşyklardan ýüz öwürýärin. Diňe Isa Mesihiň ganynyň menden günäni ýuwup biljekdigine ynanýaryn. Günäniň mende iblisiň ýalanynyň we meniň özümiň öz tenime nädogry garaýşymyň netijesi hökmünde ýaşandygyny hakykat hökmünde kabul edýärin, emma meniň özümiň ýa-da bedenimiň bir böleginiň erbetlige degişlidigini inkär edýärin. Mesihiň meni şu bar bolşumda kabul edýändigine ynanýaryn. Zyýanly endikler Reb, özümiň (içgide, çilim çekmekde, iýmekde, neşede we ş.m – görkezmeli) öte geçendigimi boýun alýaryn. Munuň maksady lezzet almak, şeýle hem durmuşdan gitmekdi; sebäpleri – meniň günälerimden, aňymyň meýilleşdirilmeginden we Ruhy öçürmekden gelip çykan agyr ýagdaýlardy. Men Senden bagyşlamagyňy soraýaryn we erbet endiklerden gelip çykan öz durmuşymdaky iblisiň bolmagyndan el çekýärin. Men tutuş durkum bilen özümi söýýän Mesihe bagyş edýärin we şundan soň öz erbet endiklerime däl-de, Mukaddes Ruha bil baglajakdygymy mälim edýärin. Gökdäki Ata, haýyş edýän, meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen doldur. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. 164 Gandaly döwýänçi Ähli günäleriňiň üstüni açmak bilen şeýle doga okaň: Ähli günälerimi açmak bilen men bagyşlanmagy we arassalanmagy kabul edýärin, olar maňa Isa Mesihiň gany bilen berildi. Men özümiň günälerde aňly-başly hereket etmegimiň netijesinde erbet ruhlaryň maňa edýän ähli täsirini aýryp zyňýaryn. Men muny öz Rebbim we Halasgärim Isa Mesihiň ady bilen haýyş edýärin. Omyn. 7-nji basgançak. Öz ata-babalaryňyň günälerini bilmek we olardan dynmak Azat bolmaklygyň soňky basgançagynda öz ata-babalaryňyň eden günälerinden ýuwulmak we size edilen islendik gargyşlary özüňden aýyrmak gerek. On tabşyrykda şeýle aýdylan: „Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin“ (Çykyş 20:4, 5). Iblis galyndysynyň bir nesilden indiki nesle geçmäge ukyplydygyny ruhy gapma-garşylyklary çözmäge kömek berýänler gowy bilýändirler. Mundan başga-da günäler gen taýdan hem geçip ýa-da bozuk köpçüligiň täsirinden hem döräp biler. Öz maşgala toparyňyzda iblisiň mäkämligini ýykmak bilen garşylyga garaşyň. Meniň okuwçylarymyň biri şu basgançagy geçeninde haýran galmak duýgulary bilen: „Akyla sygmajak zat“ – diýip, ol boýun aldy. – Soňky doga okalýan wagtynda men özümiň gaçyp gitmezligim üçin, oturgyjymdan gaýym ýapyşyp oturmaly boldum. – Siziň öýüňizde ýagdaýlar nähili? – diýip, men soradym. – Ejem psihikanyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar. Ol bütinleý „Täze Asyr“ guramasyna girişip gitdi. Iblis uruşsyz öz ýerini bermek islemeýär we öz üstünden biziň häkimlik etmegimize ýol bermejek bolýar. Öň mormon ybadathanasyna gatnaýan aýal ýedinji basgançagy geçýän wagtynda ony birden elhençlik gaplap aldy. Mesihde erkinlige tarap ýol 165 – Näme boldy? – diýip, men aladaly soradym. – Eýsem siz ony görmeýärsiňizmi? – Kimi? – Meniň merhum kakamy. Ol siziň arkaňyzda dur. Men elbetde, gaňrylyp seretmedim, sebäbi ol öz göz öňüne getirýän zadyny görýärdi. – Siz ol barada bir zatlar aýdyp bermekçimi? – Men onuň öňünde uly jogapkärçilik çekýärin. Mormonlar özlerini maşgala agzalary üçin jogapkärçilikde diýip hasaplaýarlar. Olar hatda öz ölen garyndaşlary üçin nikalaşýarlar we çokunýarlar. Haçanda bu aýal erbet ruhlardan arany üzensoň we öz mormon ynanjyny taşlanyndan soň, ol iblis täsirinden azat boldy. Mormonlarda ata-babaňa sežde etmegiň aýratyn görnüşi bar. Meniň talyplarymyň biri özüniň oňat görüşýän mormon gyzy barada gürrüň berdi. Onuň ata-enesi öz maşgala şejeresini öwrenmek üçin SoltleýkSita gitdiler. Gitmezlerinden öň olar öz gyzlaryna olaryň ýoklugynda seretmekleri üçin „ata-babasynyň ruhlaryna“ ýüz tutdular. Iblisler bu çakylykdan uly şatlyk bilen peýdalandylar we gyza dumly-duşdan ruhy taýdan çozuş etdiler. Ol gyz olardan meniň talybymyň kömegi bilen Mesihi kabul edeninden soň dyndy. Ogullyga alnan çagalar özleriniň hakyky ene-atasy sebäpli iblis täsirine has köp duçar bolýarlar. Emma ogullyga alnan çaga hem Isa Mesihde täze mahluk bolup biler. Ol öz köne galyndylaryndan berk ýüz öwürmeli we öz mirasyny Hudaýyň perzendi hökmünde kabul etmeli. Eger-de siz haçan hem bolsa bir wagt iblis dessurlarynda çykyş eden bolsaňyz, onda size „goraýjy ruhuň“ ýa-da „ruh ata-enäniň“ goşmaça berlendiginiň mümkinçiligi uludyr. Bu gatnaşyklar edil beýleki gan bilen baglanyşylan gepleşikler ýaly, Hudaýdan başga zat bilen baglanyşdyrylanlary aýryp taşlamalydyr. Maňa iblis dessurynyň pidasy bolan biri bilen düşünişmeklik tä men oňa „ruh-enäniň“ goşmaça berlendigini anyklaýançam başa barmady. Diňe şol gatnaşyklary gyryp taşlanymyzdan soň, biz beýleki meseleleri çözmäge girişdik. Eger siz iblis dessurlarynyň pidasy bolan bolsaňyz, onda adamyň durmuşynda iblisiň galyndylarynyň roly hakynda oňat düşünýän tejribeli maslahatça ýüz tutuň. Geçmişiň ters täsirlerinden azat bolmak üçin deklarasiýany we dogany sesli okaň. 166 Gandaly döwýänçi Deklarasiýa Men hut şu ýerde we häziriň özünde ata-babalarymyň eden günälerinden el çekýärin. Garaňkylyk patyşalygyndan gutulmak we Hudaýyň patyşalygyna geçmek bilen men atababamdan geçip biljek iblis täsirini ýok diýip hasaplaýaryn. Mesih bilen haça çüýlenmek we Onuň bilen Gökde ýerleşmek bilen birlikde men özüme we gullugyma goşulýan şeýtan täsirinden ýüz öwürýärin. Şeýle hem iblis we onuň gullukçylary tarapyndan maňa berlen gargyşlary inkär edýärin. Şeýtana men Mesihiň özüm üçin jezalandyrylandygyny aýdýaryn (Galat. 3:13), Ol meniň günälerim üçin haçda gurban boldy. Men iblis bilen islendik gatnaşykdan ýüz öwürýärin. Öz mukaddes gany bilen meni gazanan Reb Isa Mesihe özümi tutuşlygyma bagyş edýärin. Men özümi Isa Mesihe baky berlen diýip yglan edýärin. Isa Mesihde bolan ygtyýarym bilen men ähli erbet ruhlara, Reb Isa Mesihiň duşmanlaryna menden yza çekilmegini buýurýaryn. Mundan bu ýana diňe Onuň islegini berjaý etmek maksady bilen özümi Gökdäki Atamyň eline berýärin. Doga-dileg Gadyrly Gökdäki Atam! Men seniň Isa Mesihiň gany bilen gazanylan perzendiň. Sen älem-jahanyň Hudaýy we meniň Hudaýym. Men öz bedenimi diri gurbanlyk hökmünde seniň ýalkanyşly işleriň üçin berýärin. Sen meniň bedenimde şöhratlan. Meni Mukaddes Ruhdan doldurmagyňy haýyş edýärin. Men Seniň oňat hem kämil erkiňiň nämeden durýandygyna aň ýetirmek üçin täzelenmegi maksat edinýärin. Men bularyň baryny Mesih Isanyň erki we ady bilen edýärin. Omyn. Ýedi basgançagy geçmek we halas bolmagy gazanmak bilen hem siz gara güýçleriň çozuşyna sezewar bolup bilersiňiz. Sebäbi olar öňki bolan täsirleri gaýtaryp getirmek islärler. Bu halas bolanyňyzda bir günden soň hem, hatda birnäçe aýdan soň hem bolup biler. Bir aýal özüniň iblis seslerini iki günden soň eşidendigini aýtdy: „Men geldim“ – diýip, ol gygyrýardy. „Ýok, dolanyp gelmersiň“ diýip, aýal sesli jogap berdi. Şol wagtyň özünde çozuş gutardy. Mesihde erkinlige tarap ýol 167 Emma uruşda bir ýeňiş ýeňşi aňlatmaýar. Emma köp sanly ýeňişler oňat urşujyny orta çykarýar. Halas bolmagy goldamak gerek. Halas bolmak ýagdaýyndan geçen bir aýal özüni diýseň oňat duýmak bilen özüni hemişe şeýle bolup galyp biljekdigi barada sorady. „Eger siz Hudaý bilen dogry gatnaşyklary saklap bilseňiz, galarsyňyz“ – diýip, men jogap berdim. „Emma yza çekilseňiz welin, onda nähili ýokary galmalydygyny bilýänsiňiz“. Başga bir aýal elhenç bir gazaplylygyň pidasy bolupdy, özüniň Mesihde halas bolmagyny edil çagyrylmadyk myhmandan gutulmaklyga deňeýär. Ilki bilen siziň öýüňize çagyrylmadyk myhman gelýär we sizi ýürek bulaýjy oýunlarda oýnamaklyga mejbur edýär. Siz oýunda hemişe utulýarsyňyz we oýundan çykmak isleýärsiňiz, emma ol başa barmaýar. Siz ahyrsoňy hukuk goraýjy guramalara (häkimiýete) jaň edýärsiňiz we nätanyşy güýç bilen çykarýarlar. Soňra ol ýene siziň öýüňize dolanyp girmekçi bolýar, emma indi siz onuň sesini tanap, ony içeri goýbermeýärsiňiz. Bu Mesihde halas bolmaklyga örän jaýdar meňzetme. Biz Onuň adyny tutup çagyrýarys we Ol hilegäri biziň durmuşymyzdan çykarýar. Emma biziň ýadymyzda saklamaly zadymyz: duşmana gaýdyp gelmegine ýol bermeli däl (Galat. 5:1). Arwaha garşy duruň. Ýeňiş siziňki bolar! Ýeňşi nähili edip saklamaly Azatlygy goramaly. Siz örän möhüm ýeňşi gazandyňyz, emma göreş entek gutarmady. Eger-de siz hakykatyň hatyrasyna Rebbiň güýji bilen iblise garşy dursaňyz, öz ýeňşiňizde has ynamly bolup bilersiňiz. Eger-de siz haýsydyr bir geçen günäleri ýatlasaňyz ýa-da azaşanyňyzy duýsaňyz, bu günäleriňiziň bagyşlanmagyny soraň we hakykatda ýaşaň. Köp adamlar bu ýagdaýlarda azat bolmak ýagdaýyny gaýtalamaklyk uly kömek edýär diýip hasaplaýarlar. Size şu aşakdaky kitaplary okamaklygy maslahat berýärin: „Garaňkylygy ýeňmek“ (Victory over darkness), „Ýesirlikden azat bolmak“ (Released from Bondage), „Mesihiň diri gurbanlygy“ (Living Sacrifice of Christ). Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda „Biziň çagalarymyzy azdyrýanlar“ (Seduction of our Children) kitabyny okaň. „Ýagtylykda ýöremek“ (Walking in the Light) Hudaýyň baştutanlygyna düşünmäge we Ony ýalan seslerden seljermegi öwrenmäge kömek eder. „Her gün Mesihde“ (Daily in Christ) – bu kitap gündelik okamak üçin. Ol kitapda men we aýalym Jowanna ondan öňki ähli kitaplarda aýdylanlary jemlemäge çalyşdyk. Ol 168 Gandaly döwýänçi size möhüm hakykatlary hemişe ýatda saklamaklyga kömek eder. Azatlygy saklap galmak üçin men ýene şu aşakdakylary maslahat berýärin: 1 Siz hakykatyň ýagtysynda gezmäge kömek edip we dogan lyk söýgüsini berip biljek mesihiler bilen sözleşmäge çalşyň. 2 Injili her gün öwreniň. Esasy aýatlary ýatdan öwreniň. Meniň teklip eden ynam nyşanymy her gün aýdyp biler siňiz we onuň esaslanan ýerlerini Mukaddes Ýazgydan bölekleri ýatlaň. 3 Her bir pikiriňizi Mesihe boýun bolmaklyga öwrüň. Öz pikirleriňiz barada jogapkärçiligi alyň we ýalançylykdan ýüz öwrüň hem-de hakykat bilen ylalaşyň. Mesihe ynamda edinen wada berk ýapyşyň. 4 Özüňize gowşamaga ýol bermäň. Öňki endikleriňe dolanyp gelmek örän aňsat, öz pikirleriňize ünsi peseltdigiňiz bu geler. Öz edýän göreşiň barada ýakynlaryňyza batyrgaý gürrüň beriň. Size iň bolmanda kyn pursatda goldaw berjek bir ýakyn dost gerek. 5 Size derek kimdir biriniň göreşerine garaşmaň, öz islegleriňizi başga biriniň üstüne atmaň. Adamlar size kömek edip bilerler, emma size derek oýlanyp, pikirlenip we Mukaddes Ýazgyny okap, hakykata ynanyp bilmezler. Her gün doga okaň. Aşakdaky berilýän dogany tiz-tizden we doly ynam bilen gaýtalaň. Her günki dileg Gadyrly Gökdäki Atam! Sen meniň Rebbim. Sen ähli zatdan beýik. Sen hemişe meniň bilen. Seniň güýjüňiň we paýhaslylygyňyň çägi ýok. Seniň ähli işleriň bileleşen söýgi we rehimdarlyk. Men Seni söýýärin we Mesihde birleşenim üçin minnetdarlyk bildirýärin, sebäbi şonuň üçin hem meniň ruhum diri. Dünýäni söýmezlik barada we ten höweslerini ondan gelip çykýan ähli erbetlikler bilen birlikde zyňjakdygymy berk maksat edinýärin. Maňa Mesihde beren durmuşyň üçin minnetdarlyk bildirýärin we Senden haýyş edýärin, meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen doldur, meni günäsiz durmuşda ýaşat. Meniň ähli güýjüm Senden. Men şeýtanyň maýyl etmegine we ýalana berk garşy durmakçy. Men Mesihde erkinlige tarap ýol 169 hakykata ynanmakçy we ýüregime aljyraňňylyk aralaşdyrmakçy däl. Sen ynam Hudaýy we men Seniň özüm barada entek Seniň Sözüňe laýyklykda ýaşaýarkam alada etjekdigiňe ynanýaryn. Pikirlerim we hereketlerim üçin jogapkärçilikde bolmaga Mesihiň güýç berýändigine ynanýaryn. Iblise we onuň ruhlaryna menden el çekmeklerini buýurýaryn. Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanýaryn we özümi diri gurbanlyk hökmünde Hudaýa berýärin, Hudaýyň merhemetiniň oňat, kämil we ýagşylyga gönükdirilendigine göz ýetirerim ýaly, öz aňymy Hudaýyň Sözi bilen täzeleýärin. Bular barada Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ady bilen haýyş edýärin. Omyn. Ukynyň öň ýanyndaky okalmaly doga Reb, meni Öz maşgalaňa alyp, ähli ruhy patalaryň bilen Mesihde ýalkandygyň üçin minnetdar. Adamyň güýjüni dikeldýän ukyň üçin sag bol. Ony Seniň Öz çagalaryň üçin täsin sowgadyň hökmünde kabul edýärin. Haýyş edýän, uklaýan wagtym aňymy we bedenimi iblis çozuşlaryndan gora. Sen – meniň gaýam, meniň galam, meniň dynç alýan ýerim. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Öýüňi (otagyňy) arassalamak Ýalan ynamlara degişli bolan zatlardan dynyp, şu dogany sesli okaň (eger gerek bolsa her bir otagda): Gökdäki Atam! Sen ýeriň we gögüň Rebbi, Öz ägirtligiňde we söýgüňde bize ähli zady artykmaçlygy bilen berdiň. Biz Saňa bu öý/otag üçin minnetdar. Biz Senden haýyş edýäris, ony ruhy taýdan howpsuz et, bizi onuň içinde adamzat urugynyň duşmanynyň çozuşyndan gora. Gökde Mesih bilen ornaşan Hudaýyň çagalary hökmünde biz öňki hojaýynlaryň ýol bermeginde ýa-da başga bir sebäp bilen ýer tutan erbet ruhlara öýi/otagy taşlap gitmegi we gaýdyp dolanmazlygy buýurýarys. Biz şu ýaşalýan ýere goýlan ähli gargyşlary aýyrýarys. Gökdäki Atam, Saňa ýalbaryp, biziň öýümiziň töwereginde goraýjy perişdeleri goýmagyňy, öýümize hilegäriň girmegine ýol bermezligiňi, oňa Seniň merhemetiňiň ýerine ýetirilmegine päsgel döretmegini ýok etmegiňi soraýarys. Şu edýänleriňe sag bol, Reb. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. 170 Gandaly döwýänçi Eger siz Mesihe ynanmaýanlar bilen bile ýaşaýan bolsaňyz Ýalan ynanmalara degişli bolan ähli zatdan dynyp, öz otagyňyzda ýerleşip, şeýle dogany sesli okaň: Minnetdar Saňa Gökdäki Atam, durmuşda ýaşamaga beren şu ýeriň üçin minnetdar. Haýyş edýän, meniň otagymy (ýada otagymyň bir bölegini) aýry et we ony ruhy howpsuz ýer et. Men haýsy hem bolsa goňşularymyň baş egýän ýalan hudaýlary bilen gatnaşykdan el çekýärin. Iblisiň bu jaýa bolan islendik gatnaşygyndan, öňki ýaşaýjylaryň eden zatlarynyň güýji bilen ýa-da meniň boýun bolmazlygymdan gelip çykan islendik gatnaşykdan ýüz öwürýärin. Hudaýyň perzendi, ýerde we gökde ähli ygtyýarlygy bolan Mesihiň mirasdüşeri bolmak bilen, men ruhlara bu ýerlerini taşlamaklaryny we gaýdyp dolanmazlyklaryny buýurýaryn. Gökdäki Atam, bu ýerde ýaşaýarkam, maňa kömek berjek goraýjy-perişdeleriňi bellemegiňi haýyş edýärin. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn. Imanda düşünjede berkemegiňizi dowam ediň. Özüňiziň Hudaý üçin gymmatlydygyňyzy ýatda saklaň. Öz aňyňyzy esasy ýagdaýlary aşakda görkezilen hakykat bilen täzeläň. Indiki birnäçe hepdeleriň dowamynda şu sanawy irden we giçde okaň. Mesihde Men Hudaý tarapyndan kabul edilen Ýahýa 1:12: Men Hudaýyň perzendi. Ýahýa 15:15: Men Hudaýyň dosty. Riml. 5:1: Men aklanan. 1 Korintos. 6:17: Men Reb bilen birleşen we Onuň bilen bir ruhdyrys. 1 Korintos. 6:19, 20: Men Hudaý tarapyndan gymmatbaha satyn alyndym. Men Oňa degişli. 1 Korintos. 12:27: Men Mesihiň bedeniniň agzasydyryn. Efesl. 1:1: Men mukaddes. Efesl. 1:5: Men Hudaýyň çagasy. Efesl. 2:18: Mende Hudaýyň ýanyna ýetmäge Mukaddes Ruhuň üsti bilen açyk ýol bar. Mesihde erkinlige tarap ýol Kolos. 1:14: Mende gutulyş bar we ähli günälerim ötülendir. Kolos. 2:10: Mesihde men kämillige gowşandyryn. Men howpsuz Riml. 8:1, 2: Men iş kesilmeden ebedilik azatdyryn. Riml. 8:28: Ähli zadyň meniň bähbidim üçin hereket edýän digine ynanýaryn. Riml. 8:31: Men Hudaý tarapyndan aklanan. Riml. 8:35: Meni Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýryp bilmez. 1 Korintos. 1:21, 22: Men Hudaý tarapyndan tassyklanan, mesh edilen hem möhürlenen. Kolos. 3:3: Men Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendirin. Filip. 1:6: Mende oňat işe başlan Hudaýyň muny soňuna çenli bitirjekdigine ynamym bar. Filip 3:20: Meniň watanym Gökdedir. 2 Timot. 1:7: Hudaý maňa gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir. Ýewreýl. 4:16: Men mätäçlikde Hudaýyň merhemetine we alkyşyna bil baglaýaryn. 1 Ýahýa 5:18: Men Hudaýdan doguldym, iblis maňa el gatmaz. Men Hudaý üçin gymmatlydyryn Matta 5:13, 14: Men ýeriň duzy hem yşygydyryn. Ýahýa 15:1, 5: Men Onuň durmuşynyň öňbaşçysy bolan hakyky üzüm agajydyryn. Ýahýa 15:16: Men miwe bermek üçin saýlanan we mesh edilen. Resul. Işl. 1:8: Men Mesihiň şaýady. 1 Korintos. 3:16: Men Hudaýyň ybadathanasy. 2 Korintos. 5:17: Men Hudaý bilen ýaraşdyryjy gullukçy. 2 Korintos. 6:1: Men Hudaýyň işdeşi (1 Korin. 3:9). Efesl. 2:7: Men Mesih bilen Gökde mesgen tutýaryn. Efesl. 2:10: Men Hudaýyň ýaradanydyryn. Efesl. 3:12: Mende Hudaýa ýetmäge erkinlik hem umyt bar. Filip. 4:13: Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn. 171 13 Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli – Siz ruhlary ýok edýänçimi? – diýip, bir aýal meniň iblis täsirinden çykmaga adamlara kömek edýändigimi bileninden soň sorady. – Ýok, men ruhlary ýok edýänçileriň bardygyna düýbünden ynanamok – diýip, men jogap berdim. – Şeýle ukybyň: ýok etmekligiň bardygyna hem ynanmaýaryn. Öz işlän döwrümde meniň gullugyma minnetdarlykda ruhy gandalyny döwmek bagtyna eýe bolan müňlerçe adamlary görmek miýesser etdi. Görşüňiz ýaly, olaryň köpüsinde edil şu aýaldaky ýaly meniň aýratyn ukyba eýedigim baradaky düşünje peýda bolupdyr. Mende beýle ukyp ýok. Men her bir wepaly mesihiniň, aýratyn hem ruhy çopanlaryň we ruhanylaryň meniň başaranlarymy başarjakdyklaryny bilýärin. Adama ruhy azatlyga eýe bolmagynda kömek etmek üçin aýratyn ukyp gerek däl. Munuň üçin hakykaty bilmek we ulanmak gerek. Ukybyňy we başarnygyňy bölüşip bolmaýar, hakykaty bolar. Öz gulluk döwrümde men müňlerçe mesihi-talyplary, öý hojalykçy aýal lary, ruhy çopanlary, Hoş Habarçylary, ybadathana gelýänleri, ynamda bet bagtçylyga uçranlara kömek edip okatdym. Men bu bölümde öňkülerde aýdylanlary, olaryň her bir mesihiniň azat etmek prosedurasyny geçirip bilmegi üçin, hatda ruhy soraglarda onçabir başy çykmaýanlar üçin jemleýärin. R uhy kömegi bermek bilen bagly ýalan düşünjeler Iblisiň esasy ýaragy – ýalan. Islendik ruhy çopanyň ýa-da maslahatçynyň iň bolmanda bir gezek iblisiň alyna gidendigini ynanç bilen aýtmak bolar. Bu mende hem şeýle bolup geçipdi we geljekde hem şeýle bolup biler. Iblisiň ýalany doly ýüze çykarylýança, ol bilniksizden hüjüm etmegi mümkindir. Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 173 Haçanda siz onuň ýalanynyň garşysyna hakykatyň kömegi bilen garşy çykanyňyzda, onuň özüni alyp barşy üýtgeýär. Bu indi ogurlyk däl-de, gorkuzmaklyk. Ol indi Petrusyň bize duýdurýan (1 Petrus 5:8) „ar alyjy arslanyna“ öwrülýär. Köp sanly maslahatçylaryň alyp barýan usuly iblisi özüni ýüze çykarmaklyga mejbur etmek we soň bolsa ony kowmakda jemlenýär. Käwagt ruha özüni atlandyrmagyny talap etmek gerek. Haýsy bolanynda hem, ruh bilen güýji çaknyşdyrmaklyk gutulgysyzdyr. Şu pursatda ruhuň eýeleýän adamy „bihuş“ hala düşmegi, özüni ýitirmegi, otagdan ylgap çykmagy we ş.m mümkin. Käwagt haýsydyr bir gatnaşyja fiziki zyýan ýetmegi mümkin. Bu prosedura eger ony ýerine ýetirýän maslahatçynyň tejribesi az bolsa, onuň peýdasyndan zyýanynyň köp bolmagy ahmal. Men azat bolmaklyga degişli öz dört sany düşünjämi siz bilen paýlaşmakçy. Öz duşmanyňyzy begendirip, artykmaç ýalňyşlyklary etmezligiňiz üçin, men olar bilen siziň tanyşmagyňyzy örän isleýärin. 1.Biz iblisler bilen göreşmek usullarymyzy Hatlarda däl-de, Hoş Habarlardadyr öýdüp ýalňyş esaslandyrdyk. Bu ýalňyşlyk bolup biläýjek zat, sebäbi iblisi kowmagyň ähli görkeziji mysallary Resullaryň işleri we Hoş Habarlarda berlen. Emma Hoş Habarlarda iblis bilen işlemegiň Halasgäriň entek Oňa ol wagtlar „ýerde we gökde ygtyýarlyk“ (Matta 28:18) berilmänkä, haçdaky ölüminden öňki göreşiň usullary suratlandyrylýar. Entek şeýtanyň elinden erki alnyp, paş edilmändi, ondan üstün çykylmandy (Kolos. 2:15). Şol wagtlar şeýtanyň üstünden ygtyýarlyga diňe Gökden Ýollanan Mesih eýedi. Käbir mesihiler Hoş Habar bilen Hatlaryň arasyndaky şeýle çürt-kesik araçäge garşy bolýarlar. Emma muňa garamazdan däp bolan we häzirki zaman mekdebiniň din ýolbaşçylary kanundan ýalkanyşa, Köne Ähtden Täze Ähte geçişiniň amala aşandygy bilen ylalaşýarlar: eger şu günki gün bir baý adam ybadathana gelip, halas bolmaklyk üçin näme etmelidigini sorasa, onda siz oňa Isanyň ýetginjek ýigit bilen bolan gürrüňdeşligindäki ýaly, ähte wepaly bolmagy maslahat bererdiňizmi? (Matta 19:16, 17) Halasgäriň haçdaky ölümine çenli siz ony ahlak kanuny berjaý etmeklige çagyrmalysyňyz; elbetde, Hoş Habary wagyz etmeklik Mukaddes Ruhuň inmegi bilen üýtgedi. Biziň iş alyp barşymyz hem ruhy azat bolmadyklar bilen iş salşanyňda üýtgemeli dälmi? Resullaryň Işleri kitaby Halasgäriň haçdaky ölümi bilen Mukaddes Ýazgylaryň kanunlarynyň döremeginiň arasyndaky wagt baradaky taryhy hekaýatlary öz içine alýar. Mesihilerde bu kitapda bar bolan 174 Gandaly döwýänçi dini ylymlardan we usullardan edil näçe derejede ýolbaşçylyk etmelidigi barada kesgitli pikir ýok. Şonuň üçin men hem iblisleri kowmakda kitapda ýazylanlary jikme-jik berjaý etmeli düzgünden sizi sowmak isleýärin. Meniň düşünişimçe olary ýörite bir galyba öwürmeklik mümkin däl. Daşky görnüş içki mazmuna gabat gelmelidir, başga bolanynda biz üýtgewsiz agyr kynçylyklara duçar bolarys. Resullaryň Işleri kitaby iblis güýçleriniň Mesihiň haçdaky ölüminden öň hem, soň hem hereket edendigini görkezýär, emma onda gara güýçler bilen göreşmekdäki görkezilýän usullar ýeke-täk bolup biljek ýagdaý hökmünde kabul edilmeli däldir. 2.Käbirleri resullaryň Hatlarynda ýesirleri azat etmek barada hiç zat aýdylmansoň, şeýle gulluk ybadathanada bolup bilmez diýip ýalňyş çak edýärler. Bu pikir Hatlardaky her bir mesihiniň öz ynamy üçin jogapkärdigi barada aýdylýandygyny ýatlasak, onda ýalňyş görner. Ahyrky netijede, ruhy azatlygy maslahat berýäniň edýän işlerinden däl-de, maslahat alýanyň nämä ynanyp, nämäni bolsa inkär etjegine bagly bolýar. Halas bolmaklyk adamyň özüne bagly bolup, siz diňe onuň pikirlerini we duýgularyny gerekli tarapa gönükdirersiňiz. Başga bolan ýagdaýynda, has dogrusy şeýtany kowmaklyga adamyň özüniň gatnaşmadyk ýagdaýynda, şeýtanyň ýene-de dolanyp gelmejekdigine kepil barmy? Öz ruhy azatlygyny saklamakda jogapkärçilikden saklanan adam Mattanyň Hoş Habarynyň 12-nji babyndaky adamyň gaýgyly tejribesini gaýtalar: kowlan iblisiň ýerini başga ýedi sany iblisiň eýelemegi mümkin (Matta 12:43‑45). Meniň işdeşlerimiň köpüsi edil öňküler ýaly arwaha gönümel garşy durmagyň tarapdarlary. Käwagt olara ýeňmek başardýar, şowsuz bolan ýagdaýynda bolsa, onuň sebäbini arwah eýelän adamyň düzelmek isleginiň ýokdugyny höwes bilen bahana edýärler. Eger size arwah bilen açyk göreşmek ýaraýan we siz ondan oňat netije gazanýan bolsaňyz, Hudaýa şükür. Emma men hilegäriň gullukçylary bilen başa-baş söweşe girjeklere hemişe duýdurýaryn: olaryň diýýänlerine ynanmaň. Olaryň bary ýalançy (Ýahýa 8:44). Käbirleri arwahdan şeýle soramagy maslahat berýärler: „Seniň Hudaýyň tagtynyň öňündäki şaýatlygyň hakyky bolarmy?“ Bu käwagt kömek edýär, emma şeýle çemeleşileninde üstünlige kepil ýok. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda men bir gezek hem „arwahy kowmadym“, emma adamlaryň ruhy azatlygy edinişiniň we özlerine ejir çekdirýän kemçiliklerinden dynyşynyň ýüzlerçe gezek şaýady boldum. Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 175 Men indi arwahlar bilen „gönümel“ işlemeýärin. Mundan hem başga men olara hiç bir ýol bilen görkezmeklerine ýol bermeýärin. Men olaryň pidasy bolanlar bilen işlemekligi saýlaýaryn. Diňe kömekçi bolmak bilen, biziň işimizde üstünligiň diňe ejir çekýän tarapyň hyzmatdaşlyk görkezmegine baglydygyna düşünmelidiris. Şonuň üçin hem biz doly esasda Isanyň sözlerini gaýtalap bileris: „Onsoň Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi“ (Matta 9:29). Gullugyň özeni adamlara hakykata ýetmäge we onuň durmuşa ornaşdyrylyşynda şahsy jogapkär bolmaga kömek etmekdir. 3.Azatlyk garaňkylyk patyşalygynyň garşysyna güýjüň netijesi diýip, biz ýalňyş hasaplaýarys. Azatlyk güýç bilen däl-de, hakykaty bilmek bilen gelýändir (Ýahýa 8:32). Mesihiň güýji hakykaty bilmekde, arwahyň güýji ýalanda. Arwahçylar üçin güýç ähli zady çözýär, emma olar onuň diňe garaňkylykda täsir edýändigini unudýarlar. Mesihi imanda ösmeli, sebäbi güýç we ygtyýarlyk Mesihiň bitiren işi arkaly eýýäm onda bar. Diňe iman oňa arwahy ýeňmekligi berip biler. Şeýtanyň islendik „güýji“ beýan etmegi (hakykatda onuň güýji haçda ýykyldy) bu ýönekeý gorkuzmak bolup, gorkuly jogaba esaslanandyr. Eger mesihi gorksa, onda şeýtan ýeňýär, sebäbi indi ol adamy Mukaddes Ruh däl-de, gorky eýeleýär. Iblisiň öňündäki gorky we Hudaýa ynam – bularyň ikisi bir ýere sygýan däldir. Şeýtan imandan gorkuşy ýaly hiç zatdan gorkmaýar. Diňe ýagtylygyň golaýlaýandygyny aňmak bilen ol we onuň arwahlary edil tarakanlar toparyna meňzäp, garaňky burçlara tarap dargarlar. Maňa arwahlaryň menden gorkýandyklaryny aýtdylar, emma men ol sözlere ynanmaýaryn. Eger size degişlilikde şeýle zatlary aýtsalar, muňa ynanmaň. Arwahlar adamlardan däl-de, iman ýagtylygyndan gorkýarlar. Şeýle hem maňa arwahlaryň meniň üstümden gülýändiklerini aýtdylar. Men muny maslahatçyny gorkuzmak üçin edilen ýene bir usul diýip hasaplaýaryn. Şeýtanyň bu hüjümini äşgär eden badyňa, bu gülmekler kesilýär. Men arwah eýelän adam bilen işleýän wagtymda, iblisiň peýda bolmagynyň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikleri edýärin. Olar diňe onuň peýdasynadyr. Biziň maksadymyz – Hudaýy Onuň adamlar bilen alnyp barylýan işlerde peýda bolmagynyň üsti bilen şöhratlandyrmakdyr. 4.Biz adamy şeýtan täsirinden azat etmek üçin esasy häsiýet – bu adaty bolmadyk başarnyk ýa-da ukyp diýmek bilen nädogry çak 176 Gandaly döwýänçi etdik. Emma bu bolsa mugallymyň aýratyn häsiýeti we zehinidir. Adama Mesihde azat bolmaklyga kömek etmeklige degişli resullyk görkezmeleri 2 Timoteosda has aýdyň görkezilen: „Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr. Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýoluny açar. Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular“ (2 Tim. 2:24‑26). Bu ýerde gürrüň güýç barada däl-de, hakykat barada gidýär. Hudaýa gulluk ediji imanda ýetişen bolmaly, bu bolsa ondan Ruhuň miwelerini görkezmek talabyndan belli bolýar. Hakykaty diňleýjä ýetirmek şeýle möhüm, sebäbi ol ony azat etmegi başarmaly. Öz ähli erjelligiňi mesihi häsiýetiňi terbiýelemeklige we mugallymçylyk ukyplaryňy ösdürmeklige gönükdirmeklik maslahatçyny iki sany oňaýsyzlykdan goraýar: bir tarapdan – ruhy dünýäniň barlygyny inkär edýän psihoterapiýa bilen meşgullanmakdan, başga bir tarapdan – adamyň erkin islegine biperwaý garaýan gutaryş gullugyndan. Erkinligi paýlaşmak bolar, sebäbi ol ynamdan, umytdan we söýgüden başga hiç zada bagly däldir. Mundan hem başga özüňiň Hudaýa baglydygyňy hemişe ýatlamak gerek, sebäbi diňe Ol toba etmekligi we ýesiri azat etmekligi berýär. Adamlar bilen işleşmegi hut şundan, Ata Hudaýa doly garaşlydygymy boýun almakdan başlaýaryn. A damlara ruhy erkinligi gazanmaga nähili kömek etmeli Azat etmegiň prinsipial usuly barada siziň bilen pikirlerimi paýlaşmaga rugsat ediň. Meniň işläp düzen usulym – ýeke-täk mümkin görnüş däl, emma meniň taýýarlan ýüzlerçe maslahatçylarymyň tejribesiniň görkezişi ýaly, ol örän netijeli. Azat etmek prosedurasyny üstünlikli geçirmek üçin islendik maslahatça şu häsiýetlere eýe bolmagy zerurdyr: duýgudaşlyk, ýazgarmazlyk we düşünmeklik. Siz köp geplemeklige däl-de, diňlemeklige taýýar bolmaly. Süleýman pygamber şeýle ýatladýar: „Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr“ (Süleýmanyň pähimleri 18:13). Maslahatçydan edilýän ýene bir talap – kömege mätäje ynanmak. Köp sanly kömege mätäç adamlar maňa ynanmazlar diýip gorkýany üçin Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 177 kömek sorap ýüz tutmaýarlar. Meniň ýanyma kömek sorap gelýänleriň tas ählisi diýen ýaly öň başga maslahatça birnäçe aýlap ýa-da ýyllap gatnanlar. Emma olar öňki maslahatçylara aýtmagy karar edip bilmedik zatlaryny maňa aýdýarlar. Bu ýerde iş meniň aýratyn ukybymda däl-de, olaryň sözlerine ynanmaklyga bolan taýýarlykdadyr. 1.Maslahata gelen adam baradaky habarlary ýygnaň Men özümden kömek sorap gelýänler barada has köp bilmeklige çalyşýaryn. Eger bu başa barsa, ilkinji gürrüňdeşlikden öň iki anketany doldurmagy haýyş edýärin: „Okkult praktikasynyň görnüşleri, sektalar we mesihi däl dinler“ hem „Şahsyýet anketa“ („Goşmaça kömek“ bölüme serediň). Size şu anketalardan (ýa-da şuňa meňzeşinden) peýdalanmagy maslahat berýärin. Meniň adam barada has köp bilmeli diýen netijä gelmegimiň bir sebäbi – bu maňa onuň kynçylyklarynyň häsiýetine (ruhy ýa-da tebigy) düşünmeklige kömek edýär. Mysal üçin, käwagt gormonal bozulmalary bar adamlar hem özlerini edil arwah eýelän ýaly alyp barýarlar. Köplenç fiziki bozulmalar (mysal üçin, ganda şekeriň derejesiniň azalmagy) duýgy tarapdan deňagramsyzlygyň, onuň bolsa öz gezeginde arwahdan garaşlylyga getirýär. Maslahatçy we Mesihe ynanýan lukman – oňat topardyr. Şeýtan ejizlere we kömege mätäçlere topulyp, adyl oýny oýnamaýar. Ilki bilen meni maslahat alýanyň maşgala taryhy gyzyklandyrýar: onuň ata-enesi, babasy, garry enesi okkultizm bilen meşgullanmadykmy? Maşgalasy agzybir ýaşaýarmy? Aýrylyşmak ýa-da biwepalyk etmek ýagdaýlary bolupmy? Ýalan düşünjeleriň köpüsi işjeň ösüşiň dowamynda peýda bolýar: çagalykda we ýetginjeklikde. Mysal üçin köp çagalar özlerini ata-enesiniň aýrylyşmagynda günäkärleýärler. Köpüsi öz ata-enesinden köp ýyllar mundan öň bolup geçen zatlar üçin öýke saklaýarlar. Şeýle ýalanlaryň jemlerini bilmek – adamy halas etmekde wajyp meseledir. Gandüşer garyndaşlar bilen gatnaşyk ýa-da azgynçylykly jyns gatna şyklary bolupmy? Maşgala agzasyndan kimdir biri arakhorlukdan ýa-da neşekeşlikden ejir çekipmi? Tohumynda psihiki taýdan keselli bolupmy? Maşgalada sport we sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri saklanýarmy? Maşgaladaky ahlak düzgünler nähili? Düzgün bolşy ýaly, kynçylyklar artykmaç düzgün saklamakdan hem, ähli zada rugsat bermekden hem gelip çykýar. 178 Gandaly döwýänçi Soňra men maslahat alýanyň öz häsiýetine düşünmeklige çalyşýaryn. Ýatda saklaň: adamdaky ruhy akyldan we duýgudan aýyrmak gerek däl. Ony şahs hökmünde tutuşlygyna kabul ediň. Size adamyň daşky hem içki durmuşy barada has köp zatlary bilmeklik zerurdyr. Fiziki derejede meni adamyň şulary gyzyklandyrýar: iýmite endikleri, haýsydyr bir zada güýçli üns bermegi (alkogol, neşe), uky ýagdaýy. Men adamyň hemişe haýsydyr bir dermany iýýändigi barada gyzyklanýaryn. Onuň ogullyga alnan çagadygy we onuň çaga wagtynda ulular tarapyndan azar görendigi ýa-da däldigi bilen gyzyklanýaryn. Akyl derejesinde men maslahat alýanyň haýsydyr bir dyngysyz hüjüm edýän pikirleri barmy, oňa „sesleriň“eşidilýändigi bilen gyzyklanýaryn. Köplenç ondan Hudaý baradaky hapa pikirleriň aňyna gelýändigi ýada gelmeýändigi, has hem gulluk we doga okaýan wagty bilen gyzyklanýaryn. Öz janyňa kast etmek baradaky pikir kömek sorap ýüz tutýanlaryň ählisine diýen ýaly mahsus. Şeýle hem men maslahat alýanyň näme okaýany, telewizorda ýa-da wideoda näme görýäni, şeýlede Injil ýa-da doga okamaklyk arkaly Hudaý bilen gatnaşygy barada gyzyklanýaryn. Duýgy tarapdan bolsa meni gorky gyzyklandyrýar: adam nämeden we näçeräk gorkýar. Iblis tutgaýyndan ejir çekýän ähli adamlarda gorky bar. Ahyrsoňunda, men maslahat alýanyň ruhy durmuşy bilen gyzyklanýaryn. Ol özüniň halas boljagyna ynamlymy? Maňa ýüz tutanlaryň köpüsi özlerini bagyşlap bolmajak günä eden hasaplaýarlar. Eger şeýtan adamda halas bolmaklyga azajyk hem bolsa şübhäni döretse, onda ýagdaý üýtgeýär, adam berkligini ýitirýär; Hudaýa çynlakaý bil baglap bilmeýär. Şeýtanyň täsirinde bolýan adam üçin başga bir mesihiniň: „Hakyky mesihiler şeýle zatlary etmeýärler, sen, elbetde, öz halas bolmaklygyňy ýitirensiň“ diýen sözlerini eşitmekden erbet zat ýok. Bu şeýtanyň ýalany, ol adamy bogmaklygy maksat edinýär. 2.Ýalan ylalaşyklara garşy göreşiň Men maslahat alýanyň Hudaýa we özüne nähili düşünýändigini anyklamagy özüme borç edinýärin. Mende özüm üçin ýörite wideo we audio kassetalaryň ýygyndysy bar, olarda mesihi ylalaşygynyň esasy özeni görkezilýär: mesihilere Hudaýyň merhemeti; imanda gezmek, mesihiniň aňy üçin ruhy söweş, bagyşlamagyň zerurlygy we ş.m. Şeýle hem bu kassetalarda mesihiniň ygtyýarlygynyň nämedigi baradaky we Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 179 nähili edip ruhy uruşda özüňi goramalydygy baradaky ylym berilýär. Kassetalarda berilýän Injil taglymaty ýalan düşünjeleri ýumurmak üçin berilýär. Maňa kömek sorap ýüz tutan adamlara men birinji seansa çenli ol kassetalara seretmegi tabşyrýaryn, şeýdip, men öz wagtymy tygşytlaýaryn. Mundan hem başga adam öý şertlerinde kassetalary näçe islese, şonça hem görüp bilýär. Men size hem ol kassetalary edinmegi ýa-da özbaşyňyza şeýle ýazgyny taýýarlamagy maslahat berýärin. Ruhy kesellerden ejir çekýänleriň köpüsinde Hudaý barada ýalňyş düşünje jemlenýär. Akyl derejesinde belki, olar Hudaýa dogry akyl ýetirýändirler, emma ruhy taýdan olar Hudaýy başgaça suratlandyrýarlar. 13 a surata serediň. Hudaý baradaky hakyky düşünjeleriň erbet tejribäniň eleginden geçip, ýalana öwrülýändigine üns beriň. Olary gaýtadan hakyky etmeklik hökman, bolmasa azatlyga ýetip bolmaz. Bir gezek maňa ruhy çopanyň aýaly ýüz tutdy. Ol öz ata-enesiniň öýünde ejesi tarapyndan berk düzgüniň şalyk sürendigini, ejesiniň bolsa hemişe nämedir bir zatdan närazy bolýandygyny aýdyp berdi. Kakasy şeýle bir gowşak adamdy we ol hiç wagt gyzyny aýalynyň gazabyndan gorap bilmeýärdi. – Siz Isany söýýärsiňiz ahyry, şeýle gerek? – diýip, men ondan soradym. – Hawa, elbetde. – Mukaddes Ruhy hem hakykatdan söýýärsiňizmi? – Örän. – Emma size Hudaý-Atany söýmek kyndyr? Jogap bermegiň deregine ol aglady. Gökdäki Atanyň keşbiniň üstüne hakyky söýgüni bildirmäge päsgel berýän ýerdäki atanyň keşbi goşuldy. Onuň göwnüne Isa we Mukaddes Ruh onuň ykbalynda işjeň gatnaşýardylar, Hudaý-Ata bolsa onuň hatyrasyna hiç bir zady edip bilmeýärdi. Men köplenç şeýle soraýaryn: „Eger siz özüňizi has oňat alyp baran bolsaňyz, Hudaý sizi has hem söýermidi?“ Köpler dogry jogap berýärler: Ýok. Emma men olardan Hudaýyň söýgüsini duýýandyklary barada sorasam, olar Onuň özleriniň çagalaryna seredişinden hem erbet alada edýändigini aýdýarlar (Luka 11:9‑13-e serediň). Bu Hudaýa aň ýetirmeklige päsgel berýän şeýtanyň meýliniň bir bölegi (2 Korintos. 10:5). Eger şeýtan adamlary Hudaýyň hakyky tebigaty barada düşünmezlikde saklap bilse, onda ol olaryň umytlaryny ýumurýar. 180 Gandaly döwýänçi Özüňe ýalany kabul edip almaklyk arwah tutgaýlygyndan ejir çekýänleriň ählisine mahsus. Köpler özlerini „adaty“ adamlardan prinsipial taýdan aýratyn saýýarlar, sebäbi olar mesihi durmuşyny alyp barmaklyga we Hudaýyň merhemetini almaklyga ymtylmaýarlar. Köpler özleriniň psihiki ýagdaýy üçin howsalada gezýärler. Hemmesi hem özlerini ýüz öwrülen, söýülmedik we gerekmejek hasaplaýarlar. Olar öz boluşlaryny üýtgetmek üçin ähli zady ulanyp gördüler, emma hiç zat kömek etmedi. Köpler öz häsiýetleriniň meselesini ruhydygyna düşünýärler we kömek sorap ýüz tutmak isleýärler, emma ýüz tutara adam ýok. Olaryň gatnaýan ybadathanalarynda şeýtan hakynda gürlemek bolmaýar, her bir gara güýç eýelän adama bolsa, edil gazaply adama seredýän ýaly seredýärler. Hatda kömek alanlaryndan soň hem, olar öz alan azatlygyna şaýat durmakdan gaça durmaklygy halaýarlar. Baýola uniwersitetiniň talyby Stefanide şeýtanyň täsiri bilen birnäçe özüňe ters baha bermeklik peýda boldy we ol anoreksiýa (işdäniň ýitmegi) bilen keselledi. Keseli lukmanlar anykladylar. Stefani iýmit kadalarynyň bozulmagynyň öňüni alýan klinika ýüz tutdy, emma ol ýerde oňa kömek edip bilmediler. Şonda talyplaryň biri bu keseliň ruhy sebäbini güman etdi we Stefaniniň maňa ýüz tutmagyny maslahat berdi. Eýýäm iki seansdan soň ol keselinden gutuldy. Klinika dolanyp baryp, Stefan bolup geçen zatlar barada gürrüň berdi, emma olar onuň sözüni müňkürlik bilen kabul etdiler, gowulaşmagyny bolsa wagtlaýyn hasapladylar. Onda näme üçin ol „wagtlaýyn remissiýa“ şu günki gün hem dowam edýär, sebäbi Stefani şondan bäri Mesihde erkinligini ýitirmeýär we Hoş Habarçy hökmünde Rebbe üstünlikli gulluk edýär. 3.Şeýtan bilen däl-de, adam bilen meşgullanyň Şeýtanyň täsirini başdan geçirýän adamlar adatça biri-birine laýyk däl duýgulary başdan geçirýärler. Olaryň göwnüne şeýtan adatdan daşary güýçli we gorkuly. Şeýle adamlar hemişe dogry pikiri inkär ediji „sesleri“ eşidýärler. Sesler ýalan görkezmeleri berýärler (mysal üçin maslahata barmazlyk), gorkuzýarlar, şübhe döredýärler. Onuň bilen işlemeklige başlamazdan öňürti ol adamyň öň näme bilen meşgullanandygy barada köpräk bilmeklige çalşyň. Ýatda saklaň, arwahlar siz olaryň garşysyna açyk hereket edip başlaýançaňyz, özleriniň bardygyny bildirerler. Tapylanyndan soň olar güýçlerini görkezmäge Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 181 başlarlar. Şonuň üçin hem azat bolmak prosesini gaty çeýe we az-azdan geçirmeli, bolmasa adam gorkar we seansy keser. Bir aýal edil şol pursat ýerinden turdy we gapa ýöneldi. – Siz näme eşidýärsiňiz? – diýip, men soradym. – Siz maňa agyry berýärsiňiz – diýip, ol jogap berdi. – Bu ýalan. Men ony köşeşdirdim. Diňe şondan soň ol kesilen gürrüňi dowam etmäge razy boldy. Käbir adamlarda seans wagtynda fiziki gaýra üzülmeler, ýürek bulanma, baş aýlanma, doňup galmaklyk başlanýar. Eger muňa üns berilmese, onda maslahat berilýän adam ruhy taýdan pes bolmagy mümkin. Azat etmek prosedurasy wagtynda arwahlaryň peýda bolmagyna ýol bermezlik örän möhümdir, ýogsam onda adamyň aňly-başly gatnaşyp bilmezlik howpy peýda bolar. Şulary göz öňünde tutmak bilen azatlyga tarap hereketi şeýleräk dogadan başlamaly: Gadyrly Gökdäki Atam! Isa Mesihiň ady bilen we Onuň haçda döken ganynyň üsti bilen Saňa gelýärin we Seniň şu otagda bardygyňa baş egýärin, Saňa garaşlydygymy jar edýärin. Mesihsiz men hiç zat edip bilmerin. Gökde Mesihiň gapdalyndaky öz ýerimi eýeleýärin. Sebäbi ýerde we gökde ähli ygtyýarlyk Oňa berlen we men ol ygtyýarlygy bu otagda ýerleşýän Reb Isa Mesihiň duşmanlarynyň, aýratyn hem (ady) garşysyna peýdalanýaryn. Sen Öz adyň tutulyp ýygnanyşan iki ýa-da üç adamyň arasynda boljakdygyňy we ýer ýüzünde baglanan her zadyň gökde hem baglanjakdygyny aýtdyň. Biz (ady)-da ornaşan ýa-da ýanynda ýerleşen ähli erbet ruhlaryň dymmaklary bilen razylaşýarys. Olar (ady)ňa diňlemäge, görmäge we aýtmaga päsgel berip bilmezler, şeýle hem ony ynjydyp bilmezler. Reb Isa Mesihiň ady bilen men şeýtana we onuň arwahlaryna (ady)-ňa Hudaýa boýun egmegine päsgel bermezliklerini buýurýaryn. Isanyň ady bilen. Omyn. Ähli maslahat alýanlardan men üýtgewsiz bir zady haýyş edýärin, olaryň prosedura wagtynda içinde peýda bolýan islendik ylalaşmazlyk barada maňa gürrüň bermekleri gerek. Eger olarda biziň edýänlerimize ters gelýän pikir peýda bolsa, onda olar şol wagtyň özünde ony meniň 13 a surat Dogruçyl we ynamdar Adyl we ýüz görmeýän Kabul edýär Goldaýar we ruhlandyrýar Merhemet sylaglary berýän Hemişe kömege gelýär 1. Sowatsyzlyk sebäpli 2. Ýalan pygamberler tarapyndan 3. Hudaýa dil ýetirmeklik bilen 4. Çagalykda we irki ýetginjeklik ýaşynda ters şahsyýetara gatnaşyklary bolany üçin 5. Ata-eneleriň özlerini nädogry alyp barmaklary Öňünden aýdyp bolmaýan we üýtgeýän Adalatsyz hem iki ýüzli Ýüz öwürýär Ýazgarýar Şatlykdan mahrum edýär Kyn pursatyňda kömege gelmeýär Oňat häsiýetler üçin hoşamaýlyk bildirýär Bagyşlamagy başarmaýar Mähirli we rehimdar Şertsiz merhemet berýän Gazaply we rehimsiz Söýýän we alada edýän Ýoýulan hakykat: Hudaýyň ýoýulan häsiýetleri: Hudaýyň hakyky häsiýetleri: 182 Gandaly döwýänçi Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 183 bilen paýlaşmaly. Käwagt şol pikirler açyk duşmançylykly häsiýete eýe bolýarlar, käwagt bolsa bu ýalany özünde saklaýarlar („bu adam saňa kömek edip bilmez“). Şeýtanyň güýji ýalanda. Ýalan pikir daşary ýagtylyga çykan badyna öz güýjüni ýitirýär. Maslahat berýäniňize şeýle pikirleriň adamdan däl-de, şeýtandan gelip çykýandygyny hökman düşündiriň. Şeýle edilmese ony oňa paýlaşmak kyn düşer. Hudaýyň kanunyna ters gelýän ahli pikirleriň hilegärden gelip çykýandygyny hökman düşündiriň. Iblisiň ýürek bulaýjy tebigatyny göz öňünde tutmak bilen bu pikirleri aýtmakda hiç hili utanjyň ýokdugyny düşündirmegiň peýdalydygyny ýatdan çykarmaň. Men seans wagtynda hiç wagt maslahat berýänime elimi degirmeýärin, şuny size hem maslahat berýärin. Bu maňa ýeňil düşmeýär, sebäbi tebigatym boýunça men açyk adam we adamlary gujaklamagy gowy görýärin. Emma adam şeýtan galyndylaryndan gutarnykly azat bolýança sizde bar bolan Mukaddes Ruh iblis güýçleri tarapyndan gaýtawul almagy mümkin. Azat bolýan adamdan biraz daşrak durmak oňat bolar. Bir gezek men azat bolýan aýalyň ünsüni çekmek maksady bilen elimi onuň eline degirdim. Soň görlüp oturylsa, men oňa azar berýän ýaly görnüpdir. Men özümden kömek sorap ýüz tutýan adamlaryň fiziki azatlygyny çäklendirmegi halamaýaryn, sebäbi biziň uruş ýaragymyz teniňki däl (2 Korintos. 10:3, 4). Eger adam meniň ofisimden gaçyp gitmekçi bolsa, men ony saklamaýaryn. Men doga okaýaryn we garaşýaryn. Birnäçe wagtdan ol adam utanyp yzyna dolanýar we dowam etdirýär. Haçanda halas bolýanyň içinde içki garşy gitmeler peýda bolup, kyn pursatlar dörese, men seansy kesip, ýene şeýtanyň üstünden ygtyýarlygy alýaryn. Men adamdan hiç zady gizlemezlige çalyşýaryn. Sebäbi her bir adama aýratyn çemeleşmek gerek, men mundan aňry hereket etmekde kyn ýagdaýdadygymy boýnuma almaga utanmaýaryn. Men köplenç Hudaýdan akyl-paýhas diläp doga okaýaryn. Men ähli güýjüm bilen halas bolýanyň ünsüni saklamaga çalyşýaryn we şonuň üçin hem oňa seans wagtynda öz içki ýagdaýy barada aýtmagy haýyş edýärin. Eger men adamyň ünsüniň sowulýandygyny görsem, onda men onuň haýsydyr bir sesleri eşidýändigi barada soraýaryn ýa-da ony prosedura gaýtaryp getirmek üçin barmaklarymy şarkyldadýaryn. Käwagt seansy togtadýaryn we adama ofisiň içinde gezmelemegi haýyş edýärin, sebäbi onuň öz-özüne erk edip bilýändigine meniň göz ýetirmegim zerur. Eger men halas bolýanyň diýseň köp garşylyk görkezýänini görsem, men prosedurany saklamaga mejbur bolýaryn. Şeýle ýagdaýda ilkibaşdaky 184 Gandaly döwýänçi ýagdaýa dolanyp gelýärin we adam bilen mesihilik esaslary barada söhbetdeş bolýaryn. Men adamyň azat bolmagyndan öň hakykata ynanmaklygyny zerur hasaplaýaryn. Eger siz haçan hem bolsa bir wagt jyns gatnaşygynda ýa-da iblis dessurynda zorlanmagyň pidasy bolan adam bilen işleşmeli bolsaňyz, onda aýgytly garşylyga taýýar boluň. Edil şeýle adamlar hem meniň köp sanly müşderilerimdi. Gönümden gelsem, şeýtan täsirine özleri ynanmaýan maslahatçylar nähili edip, adamlary şu kynçylyklardan gutarjagyna ynanmak kyn. Şeýle adamlar bilen köp gezeklik seans bilen işlemeli, sebäbi olarda Hudaý baradaky düşünje we öz-özlerine akyl ýetirmeleri diýseň ýoýulan. Olaryň köpüsi bolsa zorlukda psihiki goranmakdan dörän newrologiki şahsyň iki bölünmeginden ejir çekýärler. Öňler men zorluk baradaky ýatlamalary gabap goýmak – şeýtanyň işi diýip hasaplaýardym, emma indi men Hudaý bu adamlary olar şeýle ýatlamalardan baş alyp çykyp biljek ýagdaýa ýetýänçäler şu hili usul bilen goraýar diýip hasaplaýaryn. Emma köplenç jyns hem dessur zorlugyndan ejir çekenlere ondan dynmak gaty kyn bolýar. Olara zorlugyň pidasy bolmak bilen Hudaýyň perzendi bolmakdan mahrum bolman, gaýtam Isa Mesihiň satyn alyp, eden hereketinde täze ýaradylanlar bolýandyklaryny düşündirmek gerek. Arwahlardan dynmak şeýle adamlara azatlygy edinmek üçin bar gerekli zat däl. Hudaý we öz „meniň“ baradaky ýoýulan pikirleri dikeltmek üçin hysyrdyly iş talap edilýär. Olara başga mesihileriň goldawy we söýgüsi gerek. Eger siz adamlara şeýtan täsirinden dynmaklyga kömek bermegi maksat edinen bolsaňyz, onda men öz „Ýesirlikden azat bolmak“ (Released from Bondage) atly kitabymy okamagyňyzy ýürekden maslahat berýärin. Onda zorlukdan gelip çykan birnäçe agyr meseleleri meniň gündelik durmuşymda çözüşimiň giňişleýin suratlandyrmalary bar. 4.Olary azat etmegiň ähli tapgyrlaryndan geçiriň Haçanda maslahat alýany azat bolmak prosedurasyndan geçirmek pursaty gelende, (12-bölüme seret) men doga okamakdan goldaw almak maksady bilen kömekçimi çagyrýaryn. Käwagt bir özüm hem işlemeli bolýaryn, emma bu meniň iblis güýçleriniň garşysyna durmakda sowa geçýändigim üçin gorkuly däl. Haçanda menden kömek sorap, aýal Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 185 maşgala ýüz tutsa, men hökman üçünji biriniň hem seansa gatnaşmagyny gazanýaryn. Men her bir gatnaşyja ynamyň çap edilen nyşanyny (12-bölüm) berýärin. Şondan soň halas bolýany azat bolmagyň ýedi basgançagyndan geçirýärin. Düzgün bolşy ýaly, meniň ýanyma gelýäniň nämä mätäçdigi belli, emma men duýdansyz bir elementiň duçar bolmazlygy üçin ýedi basgançakdan hem geçirýärin. Adamyň indi Hudaýa boýun bolmak niýetiniň bardygyny şeýtanyň bilmegi üçin ynam nyşanyny we dogany sesli okamaklygy tabşyrýaryn. Adatça mesihi däl ruhy taglymatdan ýüz öwürmeklik endigan geçýär. Bu basgançakda oňatlyga tarap üýtgeşme onçakly bir belli däl, emma adamyň şeýtandan ýüz öwrüp, Mesihe iman etmegi bu proses üçin diýseň wajyp. Garşy durmaklyk düzgün bolşy ýaly, ikinji basgançakdan başlanýar, şol wagtda maslahata gelen doga we ynam nyşanyny okaýar. Şol wagt şeýle sözleri eşitmek bolýar: „Bu maňa kömek etmez“, „Meniň muňa ynanasym gelýär, emma başaramok“, „Men okaýaryn, emma bu ýürege ýetenok“. Bu şeýtanyň adamy Hudaýyň hakykatyna göz ýetirmekden alyp galmak üçin edýän aljyraňňy synaglarynyň üstüni açýan ýalan. Haçandyr bir wagtlar meniň hem ol ýalana ynanasym gelýärdi we men özümçe şeýle oýlanýardym: „Belki, bu adam hakykatdan hem ynanyp bilýän däldir? Belki, men oňa kömek edip bilmerin?“. Indi men başgaça pikir edýärin: „Siz muňa ynanyp bilersiňiz“ – diýip, men muňa garşy çykýaryn. „Eger muňa men ynanýan bolsam, onda siz hem ynanyp bilersiňiz. Ynanmaly ýa-da däl bu biziň ygtyýarymyzda“. Ýa-da: „Elbetde, siziň okaýan ähli zadyňyz ýüregiňize barýar. Bu tassyklamalaryň her biri Injile esaslanan, men bolsa siziň Mukaddes Ýazga ynanýandygyňyzy bilýärin“. Gaharlanmak we bagyşlamazlyk – şeýtanyň berkliginiň iň ýaýran iki zadydyr. „Bagyşlamaklygyň ýürekden“ gaýdýandygy sebäpli N3 basgançak iň bir duýguly bolmaly. Eger duýgy az bolsa, onda adam özözüne ýa-da size degişlilikde aýdyňlygy ýüze çykarmaýar. Haçanda üçünji basgançaga ýeten adam bagyşlamaklygy soranyndan soň, Hudaýyň onuň aňyna salan atlaryny ýazmak gerek. Eger adam sanawyna özüni ýa-da Hudaýy goşmasa, oňa bu barada ýatlatmak gerek. Düzgün bolşy ýaly adamlar muňa razy bolýarlar. Köplenç maslahat alýan adam bir wagtlar unudylan adamlary ýadyna salmagy mümkin. Meniň iş tejribämde üçünji basgançakda bir wagtlar ýatdan çykan zorlanmak faktlaryny ýada saldylar. 186 Gandaly döwýänçi Proseduranyň şu basgançagyna has uly üns bermek gerek we maslahata gelen adama bagyşlanmagyň nämedigini, onuň üçin ýüregiňi nähili açmalydygyny düşündirmek gerek (3 basgançak, 12-bölüme seret). Goý, maslahat alýan öz dogasynda sanawdakylary atma-at bagyşlasyn. Eger oňa aýratyn agyr günäleri bölekleýin bagyşlamak kyn düşse, onda oňa bu ýatlamalaryň ejir çekmesinden dynmak üçin gerekdigini aýdyň. Bagyşlamak – azat bolmagyň iň kyn tapgyry we şondan soň maslahat alýan köplenç diýseň uly ýadawlygy duýýar. 4-njiden 6-njy basgançak aralygynda garşylyk uly däl. Ten günäleri barada aýdanymyzda, men Ýakup 5:16-dan çykgyt almagy halaýaryn. Maslahat alýan öz günälerini açmaklyga siziň düşünmeklik bilen garaýandygyňyzy ol bilmeli we aýdylanlaryň diňe ikiňiziň araňyzda galjakdygyna ynandyrmaly. Doly azat bolmaklyk adatça 7-nji basgançagyň ýerine ýetiriji dogasyndan soň gelýär. Şondan soň men adama oňaýly oturyp, gözlerini ýummagy tabşyrýaryn. „Sen bir zatlar eşidýärsiňmi?“ – diýip, men soraýaryn. Düzgün bolşy ýaly maslahat alýan ýeňil ýylgyrmak bilen şeýleräk jogap berýär: „Ýok, hiç zat. Ahyrsoňy kelläm ýeňledi. Men azat“. Eger adam 2-nji basgançakda ynam nyşanyny okamakda kösense, men oňa nyşany gaýtalap okap berýärin. Gaýtadan okamaklyk diýseň ýeňil berilýär we muňa maslahat alýan haýran galýar. Proseduranyň soňunda olaryň ýüzüniň alamatlary şeýle bir üýtgeýär welin, men olara aýna seretmegi teklip edýärin. Mesihde azat bolmak şatlygy, hatda daşky durkuňy hem üýtgedýär! Maslahat alýana edinen azatlygyny goramagyň hökmandygyny düşündiriň. Bolgusyz pikirlere we hereketlere biperwaý garaýanlar ony ýitirmekleri mümkin. Azat bolmagyň soňundaky ýakyn günlerde we aýlarda şeýtanyň adamyň üstünden ýitiren ygtyýarlygyny yzyna almaga synanyşyk etmeginiň mümkindigini düşündirmek gerek. Emma siz maslahat alýana gara güýçleriň üstünden gazanan ygtyýarlygyny dogry ulanmagy öwreden bolsaňyz, ol berk durar. Eger ýene günäli durmuşa baş goşsa, onda ol öňküsinden hem beter bela duçar bolar. Şeýtan täsiriniň aýratyn ýagdaýlary Menden köplenç çagalaryň gara güýçleriň täsirine düşüp biljekdikleri barada soraýarlar. Men bu soraga tassyklaýjy jogaby berýärin. Meniň Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli 187 talyplarymyň üçüsi öz çagalarynyň hiç bir sebäpsiz özlerini erbet alyp barýandyklaryny aýdýarlar. Jezalandyrmak hiç hili täsir etmeýär. Men ol talyplara öz çagalaryndan boýun bolmazlyk hakyndaky aýratyn pikirleriň olaryň kellesine nireden gelýändigi barada soramaklaryny teklip etdim. Ähli üç ýagdaýda hem bu şeýle bolup çykdy. Ata-enäniň ähli yhlasy bu ýalan pikirleri ýok etmeklige gönükdirilen badyna, olara hiç hili temmi berilmezden boýun bolmaklygy gazanmak başartdy. Bir oglanjygy ata-enesi ogurlykda we ýalançylykda tutanda, ol oglan şeýle diýdi: „Kaka, men muny etmäge borçly boldum. Bolmasa iblis seni öldürjekdigini aýtdy“. Eger-de onuň kakasy menden şeýtanyň adamyň aňyna edýän täsiri barada eşitmedik bolsa, onda ol ähli zady şeýtanyň üstüne ýüklän ogluna temmi bererdi. Oňa derek ol öz ogluny torunda saklaýan şeýtanyň duzagyny gyrdy. Ýalan we ogurlyk şondan soň gaýtalanmady. Çagany şeýtanyň çozuşyndan goramagyň iň oňat usuly, bu ýönekeý we ýürekden ynam. Çagalar biziň pikir edýänimizden has köp zatlara düşünýärler. Mundan başga hem olar biziň, ata-enäniň goragynda ýerleşýärler. Eger siz özüňiziň Mesihde azatlygyňyzy işiňiz we dogaňyz bilen goldasaňyz, onda siziň çagalaryňyzyň şeýtanyň alyna gitmek howpy az bolar. Men Stiw Russo bilen bilelikde „Biziň çagalarymyzyň imrinmeleri“ atly kitaby ýazdym. Ol ata-enäniň we ruhy çopanyň çagalary şeýtan täsirinden nähili goramalydygyny bilmekleri üçin niýetlenen. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ulular bilen işlemek arkaly men olaryň meseleleriniň entek olar çaga we ýetginjek döwründe dörändigine göz ýetirdim. Eger çagalara wagtynda kömek edilse, onda olary köp ýyllyk ruhy ýesirligiň ejirinden gorap bolar. Bu kitabyň („Gandaly döwýänçi“) we „Garaňkylygy ýeňmek“ kitabynyň ýörite ýaşlar üçin neşirleri bar. („Garaňkylygy ýeňmek“ ýörite ýaşlar üçin „Garaňkylygy kowmak“ diýip atlandyrylýar). Menden şeýtanyň otaga edýän täsiri barada köp soraýarlar. Mysal üçin birnäçe adamlar özleriniň öýlerini erbet ruhlaryň yzarlaýandygy barada meni ynandyrdylar. Köplenç ruhy kynçylyklar adamyň özüne gelýär, emma otagyň hem „gargyş siňýän“ wagtlary hakykatda bar (has dogrusy onda erbet ruhlar hereket edýärler). Bu öň şol ýerde berjaý edilen şeýtan dessurlarynyň, jenaýat işleriniň we ş.m. täsirinden ýüze çykýar. Köp sanly mesihiler „territorial ruhlaryň“ aýratyn geografik zonalara; şäherlere, ýurtlara we tutuş kontinentlere jogap berýän ruhlaryň bardygyna ynanýarlar. 188 Gandaly döwýänçi Bu barada mende gutarnykly pikir ýok. Eger kimdir birini öz öýüniň „ruhy ýagdaýy“ aladalandyrýan bolsa, onda oňa her otagdan geçip, sesli doga okamak bilen ony Hudaýa bagyş edýändigini aýtmaklygy maslahat berýärin. Eger adam ol öýi kireýine alsa we ol oňa şübheli görünse, onda ol ýerden göçmeli. Emma onuň hojaýyny mesihi bolup, bu öýi Hudaýa bagyşlamaklyga garşylyk görkezmese, onda ýokarda aýdylan zatlary etmeli. Gadyrly doganlar we uýalar! Biz özümize ýeňiş berip biljek urşy alyp barýarys. Düzgün boýunça ýeňiş eýýäm biziňki, sebäbi Mesih arkaly siziň adyňyz Durmuş kitabyna ýazylan. Siziň we siziň ýakynlaryňyz üçin ýeňiş eýýäm gazanylan, size ondan peýdalanmak we onuň sizi taşlap gitmezligini gazanmak galýar. Jemleýjide men size ýene bir ýeňşiň taryhyny aýdyp bermek isleýärin. Sindi, mesihi mekdebiniň uçurymy özi bilen bir ynamda bolan ajaýyp adama durmuşa çykdy. Emma birnäçe sebäplere görä ýaş çatynjalara doly derejeli nikaly durmuşy alyp barmak başartmady. Ilki bilen Sindide weneriki ýokanç kesel ýüze çykdy, soňra ony entek çaga wagtynda kakasynyň zorlandygy baradaky ýatlamalar azar berdi. Ol kömek sorap, psihoterapewte ýüz tutdy, emma netije bolmady. Şondan soň şeýtan dessurlarynda özüniň pida bolandygy onuň aňyna geldi we bu onuň duýgularyna ters täsir etdi. Aljyraňňylyga düşen Sindi uçara münüp, göni Los-Anželosa, meniň huzuryma geldi. Öz wagtymyň diýseň çäklidigine garamazdan, maňa onuň bilen alty sagatlyk seans geçirmek başartdy. Soňra ol yzyna dolandy. Biziň duşuşygymyzdan bir ýarym aý geçenden soň, men ondan şu haty aldym: Gadyrly Nil! Men ýene bir gezek siziň maňa mundan birnäçe hepde öň beren kömegiňiz üçin minnetdarlyk bildirmekçi. Men özümi Hudaýyň täsinlik bilen sagaldandygyny doly ynam bilen aýdyp biljek. Bu çaka çenli meniň durmuşym içki gapma-garşylyklaryň sebäp bolmagy bilen fiziki hem ruhy agyrydan doludy. Meni her hili gorkular yzarlaýardy, meni öz içki sesim gorkuzýardy, gijelerine maňa arwahlar görünýärdi. Ölümden gorkmak meni hiç ýana goýbermeýärdi. Wepaly we diýenediji mesihidigime garamazdan, soňky höküm güni Mesihiň meni taşlap gitjekdigi baradaky pikir menden gitmeýärdi. Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli Çak bilen bir ýarym ýyl mundan ozal men özümiň indiden beýläk bu ýagdaýda ýaşap bilmejekdigime göz ýetirdim we kömek sorap ýüz tutdum. Hudaý maňa gulluk edip, dogry ýola saljak oňat adamlary duşurdy. Mesihe ynamda edilen ähtlere bil baglamagy öwrenmek bilen, men özümi içki kalbymda berk duýdum. Ruhy garşy durmaklyk meniň üçin gizlin syr bolmagyny bes etdi. Geçen tomusda Hudaý maňa özümiň pidasy bolan elhenç zorlanmak dessuryny ýatlatdy. Şondan soň ruhy garşy durmaklyk ýiti häsiýete eýe boldy. Hilegäre garşy durmak üçin men öz köp wagtymy Mukaddes Sözi okamaga, doga okamaga we pikirlenmäge sarp edýärdim. Şeýle hem men duşmana açyk garşy durýardym. Ukusyzlyk, alada we göreş bilen iki aýdan soň, men özümi bu dowzahdan diňe Mesihiň gutaryp biljekdigine düşündim. Siziň ýanyňyza Los-Anželosa kömek sorap ugramazymdan öň, Hudaýyň görkezmesi bilen Injilden birnäçe ýerleri okadym: Zebur 12:7; Mika 7:7, 8; Eýýup 23:10. Biziň duşuşygymyz meniň gutulyşymyň esasy ýaragy boldy. Men öz geçmişimiň elhençliklerini ýene bir gezek duýup geçen birnäçe sagadymda, men özümi zorlan ýigrimi adamy bagyşladym, men azatlygy gazandym. Menden öňde barýan we şeýtany haçdaky ölümde ýeňen Hudaýa şükür (Ýewreýl. 2:14, 15). Şeýtandan dynyp, ýene sagdyn pikirleri almak nähili uly bagt! Mundan bu ýana ýüregiňde dowzahy saklap, mesihilik şatlygyny daşky görnüşden görkezmeklige çalyşmagyň geregi ýok. Meniň bilen bolup geçýän zatlara düşünmegim üçin, Reb maňa Işaýa pygamberiň bir aýadyny berdi: «Çünki Reb oňa göwünlik berýär, onuň ähli harabalaryna göwünlik berýär, hawa, çölüni Erem we sährasyny Rebbiň bagy ýaly edýär; ondan şatlyk we begenç, şükür we nagma sesi eşidiler» (Işaýa 51:3). Söýgi bilen Sindi 189 190 BEL L IKL ER 1-nji bap – Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl 1. Göni ýazyjynyň sözi. Çykgyt d-r Haýbert bilen söhbetdeşlikden alyndy. 2-nji bap – Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş. 1.Ç. Fred Dikason, Demon Possesion and the Christian (Chicago: Moody Press, 1987), pp 226‑27). 5-nji bap – Isa size kömek eder 1. Jessie Pen Lewis, War on the Saints, 9th ed. (New York: Thomas E. Lowe, Ltd., 1973) 2. Theodor H. Erp, Praying with Authority (Lincoln, NE: Back To to Bible Broadcast, 1965), p. 98 3. C. Fred Dickason, Demon Possesion and the Christian (Chicago: Moody Press, 1987), p 255. 6-njy bap – Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak. 1. C. S. Lewis, The Screwtape letters (Old Tappan, NJ: Fleming H. Revell, 1978). 2.Michael Scanlan, T.O.R, and Randall J. Cirner, Deliverance from Evil Spirits (Ann Arbor, MI: Servant Books, 1980), p.16. 3. Everett Ferguson, Demonology of the Early Christian World, Symposium Series, Vol. 12 (New York. Edwin Mellen Press, 1984), p. 118 10-nji bap – Daşky sypat ýalançy bolýar 1. Martin Wells Knapp, Impressions Wheaton, IL: Tyndale House Publishing, Inc., 1984), neşirinden 14, 15 sahypalar alnan 11-nji bap – Gözegçiligi ýitirmek 1. Merrill F. Unger, What Demons can Do to Saints (Chicago: Moody Press, 1977), 51 sah 2. (Ibid) 3. Merrill F. Unger, What Demons can Do to Saints (Chicago: Moody Press, 1977), 51 sah 12-njy bap – Mesihde erkinlige tarap ýol 1. Ferguson, Demonology, 130 sah 2. Ferguson, Demonology, 127 sah Mazmuny Uzak garaşylan erkinlik. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 3 Umytdan düşmäň! 1. Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl. . . . . . . . . . . . . . . 2. Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.. . . . . . . . . . . . . . . . 3. Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar. . . . . . . . . . . . . . . . . 4. Günäli perişde bilen göreş . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 5. Isa size kömek eder. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 10 19 30 44 58 Göreşiň! 6. Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.. . . . . . . . . . . . . . . . 74 7. Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi. . . . . . . . . . . . . . . . . . . 87 8. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi. . . . . . . . . . . . . . 98 9. Ýalan pikirlere ynanmaň. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 111 10. Daşky sypat ýalançy bolýar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 120 11. Gözegçiligi ýitirmek . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 135 Erkin boluň! 12. Mesihde erkinlige tarap ýol . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 146 13. Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli. . . 172 Islendik ugurdan söýgüli elektron kitaplaryňyzy okamaga alyň. http://kitabi-knigi.com